19:14 Russiýa aýdylyşy ýalam güýçli däl eken-ä! | |
RUSSIÝA AÝDYLYŞY ÝALAM GÜÝÇLI DÄL EKEN-Ä!
Publisistika
Söýgüli okyjylarym, biziñ öz ýakyn taryhymyzdan we günümizden tanaýan ýa-da tanalýandyr öýdülýän Russiýamyz bardy. Aýratynam Patyşa Russiýasy döwründe bize nä ejirleri çekdirmediler, enemizi dula bakdyrypdylar-a! Uruşlarda rus goşuny osmanlyny çym-pytrak edip, ýurdumyzyñ birgiden ýerini basyp alypdy. Aradan nijeme ýyllar geçdi, Russiýa geçen ýyl Ukraina bilen dikleşdi. Hemmeleriñ we bütin dünýäniñ pikiri birmeñzeşdi. "Russiýa güýçli, ol bu uruşda uzaga çekmän ýeñer!" Ýöne görseñizläñ, Ukraina ýeñ berenok. Uruş bir ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýär, emma Russiýa oñyn netije gazanyp gidiberenok. * * * Bulam az bolýan ýaly indem "Wagner" hakynatutma harby topary orta çykdy. Olar gozgalañ turzup, Rostow ýaly käbir möhüm ähmiýetli şäherleri eýelemegi başardy... Bu boýunça berlen hemme habarlary diñledim, okadym, ýöne bularyñ kimdigine, näme maksatlarynyñ bardygyna hiç düşünip bilmedim. Gojaman Russiýa şolar ýaly bialaçmyka? Ýa bolmasa bu babatda bütin dünýä ýalñyşdymy? Sen birtopar kimdigi näbelli hakynatutma harbylary iýdir-içir, sakla, ýetişdir, olaram bir gün Putini agdarmak üçin gozgalañ turzup ellerine ýarag almaly we senem bialaç näme etjegiñi bilmän galmaly. Hernä, gozgalañ uzaga çekmändir, haýdan-haý ylalaşyga gelnipdir! * * * Hakykatda men biziñ hemme zatdan habarly hormatly köpbilmiş mediatik hünärmenler ýalam däl, şoñ üçinmi nämemi, gojalşyp çamalagy çaşan akyl-huşum bu bolup geçen zatlardan onçakly baş çykarybam bilenok! Ilki netijesiz ukrain urşy, yzyndanam hakynatutma harbylaryñ gozgalañy... Öz ýanymdan şeýle netijä gelýärin: Otüki Russiýany bütin dünýä gözünde gereginden artyk ulaldýarmyş. Megerem ol pöwhe döw ýaly bir zatmyş! Aýdylyşy ýal-a hiçem däl eken. Emin ÇÖLAŞAN. "SÖZCÜ" gazeti, 27.06.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |