12:40 Siriýada iñ uly omaçany kim gaparka? | |
SIRIÝADA IÑ ULY OMAÇANY KIM GAPARKA?
Publisistika
Söýgüli okyjylarym, biziñ mediýa serişdelerimize ynansañ-a, Siriýada täze režim gan akmazdan gurulanmyş! Beýle zat elbetde mümkin däl. Siriýada bir diktator agdaryldy. Dünýä Orta Gündogardyr Latyn Amerika ýurtlarynda häzirki güne çenli nijeme döwlet agdarylyşyklaryna we rewolýusion wakalara şaýatlyk etdi. Emma olaryñ biri-de gansyz, gan dökülmän, ölüm jezalarsyz gutarmady. Agdarylan diktatorlaryñ köpüsi ogurlap-talap alan pullary bilen birlimde daşary ýurda gaçdy gitdi... Edil Esad wakasynda bolşy ýaly! * * * Şu boýunça biziñ bir zady gowy bilmegimiz gerek. Siriýanyñ diktatory şerigatçy ýa yzagalak pikirli dinçi biri däldi. Gaýtam tersine, şu nukdaýnazardan seredilende, ýeterlik däl-de bolsa, dünýewi syýasy ugurlary bilen ünsi çekip bilýärdi. Onuñ beýleki diýdimzorluklarynyñ, eden basyşlarynyñ gürrüñi başga, ýöne ol hernäme-de bolsa siriýa halkynyñ üstünde dinçi basyşlary etmändi. Aslynda ol adamyñ işi beter kyndy... Çünki ortada oña arka durjak halk hiç mahalam bolmandy. Sebäp ortada halk diýen zat ýokdy. Ýöne şerigat düzgünini girizmek welin hemişe bardygyny bildirip durýardy. Şu nukdaýnazardan seredilende, Esad barha awtoritarlaşdy we ýeke-täk adam häkimiýetini gurmaga mejbur boldy. * * * Şu bolan wakalar bilen baglanyşyklylykda ýene bir zada üns bermek gerek... Edil Esad ýaly agdarylan ýene iki sany diktator bardy... Muammar Kaddafi we Saddam Hüseýin. Olaram öz derejelerinde we ýurtlarynyñ şertleriniñ mümkinçilik berýän derejesinde ýarym-ýarpy-da bolsa, dünýewi syýasaty ýöreden liderlerdi. Hernäme-de bolsa, Liwiýada we Yrakda şerigat döwletini gurmadylar. Gözlük üçin edilenem bolsa, aýal-gyzlaryñ hak-hukuklaryna degmediler. Adamlaryñ wyždan azatlygyna, taýpa-tirelere, tarykatlara, şeýhlere, metjitlere el urmadylar. Eger el degren bolsadylar, olary ýeke günem ýaşatmazdylar. * * * Siriýanyñ iñ uly metjidi - Şamdaky "Emewi" metjidi. Ol diñe Siriýanyñ däl, Orta Gündogaryñam iñ uly metjitleriniñ biri. Rejep Taýýip Siriýa bilen jet bolan döwrümizde habar beriş serişdeleriniñ garşysyna dürli wagtlarda çykyp, "Emewi" metjidinde namaz okamak isleýändigini aýdardy. Ol Esad bilen garpyşypdy! Ýagny biz günleriñ bir güni Siriýa girip, Şamy-da basyp almalydyk, soñam şol uly metjitde namaz okamalydyk! Alyjenaplary şol wagt premýer-minustrdi, heniz prezident bolmandy. * * * Ýogsa-da, olar nämüçin garpyşdylarka! Esady birmahallar "dost" hökmünde Türkiýede myhman alardy, miting meýdanlarynda "Gardaşym Esad" diýip gygyrardy, aýaly Emine ýeññemiz bilen bile Siriýada resmi saparlarda bolardy. Iki maşgala biri-biri bilen janda-jigerdi. Soñky ýyllarda näme boldy-da, birden aralaryndan gara pişik geçdimi, muny bilýän ýok. Ýogsam bolmasa goñşymyz Esad Türkiýä garşy hiç hili duşmançylykly herekete baş goşmandy we iñ esasysy-da ýurdumyza terrorçylygy aralaşdyrmandy. Onuñ öz dert-aladasy başyndan agdykdy. Ýene bir gezek ýanjap aýdýaryn, Esad Siriýada dinçi režim gurmajak bolup gidişýärdi. Rejep Taýýibiñem Esady özüne duşman bellemeginiñ iñ uly sebäbi şudy. * * * Siriýada ýakynda tagt dawalary başlar... Bu ýerler Orta Gündogar batgalygy, gardaş! Bujagaz kempudy kakasynyñ peýdasyna-da bolsa, hiç kimse başgalaryñ agzyna atmaýar. Gaýtam sähel gowşak dursañ, agzyñdakyny kakyp alýarlar. Aldylaram eýýäm! Ady Jolani bolan biri Esad agdarylandan soñ iş başyny tutdy we ýyldyrym çaltlygynda sahna çykaryldy. Öñ biz onuñ selleli, tahýaly, uzyn sakgally fotosuratlaryny görüpdik. Indem saç-sakgalyny timarlapdyr, selledir tahýasyny çykarypdyr, täze düzgüne şeýdip uýgunlaşmaga dyrjaşýar! Mundan soñuna üns bilen syn ediñ, niçiksi çaknyşyklara şaýat bolarsynyz. Häzir Siriýany HTŞ ("Heýet Tahrir Şam") atly şerigatçy topar dolandyrýar. Başynda-da Jolani bar. Soñunam göreliñ bakaly. * * * Söýgüli okyjylarym, bu ber-başagaýlygyñ içinde diñe HTŞ bolsa ýene ýagşy!.. Emma bu gezek ara Ysraýyl hem girdi. Ysraýyl tanklarynyñ Şama tarap çaltlyk bilen süýşýändigini mediýadan görüp otyrys. Indem geliñ-de, şu meselede belli karara geliñ! Siriýada kim agalyk sürmeli? Iñ uly omaçany kim gapmaly? Dinçi topar HTŞ-my, PKK-my ýa sionistik Ysraýylmy? Gysgaçasy, kyrk gatyrmy ýa kyrk setir! Emin ÇÖLAŞAN. "SÖZCÜ" gazeti, 14.12.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |