16:40 Biz we Palestina | |
BIZ we PALESTINA
Publisistika
Söýgüli okyjylarym, bütin dünýä mediýasy Palestinada bolup-geçýänlere iñ esasy meseleleriñ biri hökmünde garaýar. Palestina biziñ ýakyn taryhymyzda möhüm ähmiýetli ýeri bolan territorial bölek. Biz osmanly döwründe ol ýerini ýüzlerçe ýyllap parahatçylykly ýagdaýda dolandyranam bolsak, araplaryñ söýgüsini gazanyp bilmedik. Işleri düşende bize ýanaşdylar, "dat, ýet Türkiýe, kyn ýagdaýa düşdük, kömegiñize garaşýarys" diýdiler, emma hiç wagtam biz musulmanlara ýakyn durmadylar... * * * Ysraýyl we halkara jöhit jemgyýeti ol ýerlere gözüni birmahaldan bäri dikip gelýärdi. Zaññarlaryñ guramaçylygy uçursyz gowy, puly köp. Geçen asyryñ başlarynyñ gürrüñini edýärin. Bular araplaryñ elindäki ilatly nokatlary we ýerleri satyn almaga başlapdy. Öýleriñ, ekin meýdanlarynyñ, aklyña geljek hemme zadyñ puluny nagt töleýärdiler, satyn alynandan soñam göni olaryñ eline geçýärdi. Ýagdaý şeýle bir derejä ýetdi welin, jöhit toparlary Osmanly döwletine-de resmi ýagdaýda ýüzlenip, ýer satyn almak ücin ummasyz pullary teklip etdiler. Osmanly bu teklipleri ret etdi. * * * Hawa, Birinji jahan urşy başlanda Palestina Osmanlynyñ düzümindedi. Osmanly ol ýerleri goramak üçin gan döküp ýörkä, Palestinada ýaşaýan ýerli araplar başyny çäresine seredip, ellerindäki bar zady jöhitlere satýardylar. Şol ýyllar häzirki Ysraýyl diýilýän jöhit döwleti ýokdy. Jöhitler satyn alan ýerlerini bir enaýy edip abadanlaşdyrdylar. Ekerançylyk bilen meşgullanýan kärhanalar açyldy. Ýollar çekildi, ownuk-uşak hem bolsa käbir senagat kärhanalary işläp başlady. Palestina indi dünýäniñ çar künjünden pul akýardy... Çünki dünýäniñ iñ baý we puly köp gatlagy bolan jöhitler Palestinada diñe özlerine degişli döwlet gurmagy bireýýämden bäri netlerine düwüpdi. * * * Birinji jahan urşunda ýeñilen Osmanly 1917-nji ýylda Palestinany iñlislere berip ýurtdan çykmaga mejbur bolupdy. Bütin şu döwrüñ dowamynda sebitdäki palestinaly araplardan dost-doganlyk görmeýşimiz ýaly, dowamly hyýanatlaryna uçradyk. 1948-nji ýylda adyna Ysraýyl diýilýän jöhit döwleti guruldy. Täze döwlet baýdy we güýçlidi, puly köpdi. ABŞ ýaly birnäçe ýurduñ goldawyny alýardy. Dogrusyny aýtsak, olarda ajaýyp guramaçylykly ukyp-başarnyk bardy we muny (şu günlerem) soñuna çenli ulanmagy gowy bilýärdiler. Bütin bu zatlar bolup geçýärkä palestinaly araplar bolsa ýer satyp gazanan pullaryny saga-sola sowrup ýördüler! Olarda guramaçylyk, garşy durmak, bileleşip göreşmek diýlen zat ýokdy. Ýyllaryñ dowamynda Palestinany Azat ediş guramasy ýaly käbir guramalary gurdular, ýöne gynansak-da, üstünlik gazanyp bilmediler. Uçar alyp gaçmak ýaly käbir ýekebara terrorçylykly aktlara ýüz urdular. * * * Indi käbir hakykatlara ser salalyñ... Biziñ günlerimizde Ýakyn Gündogarda arap ýurtlary bar, millionlarça arap ýaşaýar. Eliñ aýasy ýaly Ysraýyl gynansak-da olar bilen pişigiñ syçany kowalap oýnaýşy ýaly oýun oýnaýar. Turan her bir urşuñ ýeñilen tarapy Palestina bilen birlikde araplar bolýar. Külli arap jemagaty biri-birleri bilen gyrda-pyçak, dawaly. Turan her bir uruşda Ysraýyl görnetin üstün çykyp, arap ýerlerini eýelemegini dowam etdirýär. * * * Şindi soñky urşa utanyp diýen ýaly tomaşa edýäris. Aslynda bu uruş däl, bu Ysraýylyñ ýönekeý halka garşy girişen gyrgynçylygy... Emma biziñ häkimiýetimiz şu meselede hem halysalla ugruny ýitiripdir. Tarapgöý "orkestr" - TRT we beýlekiler zol-zol birtaraply gepleşikler bilen saýlaw seslerini awlamagyñ kül-külünde. Palestina öwülýär, Ysraýyl günäkärlenýär. Oñarýañ gardaş diýjegem welin, şu güne çenli on müñlerçe adam öldi. On müñlerçesi maýyp-müjrüp boldy. Şu soragy orta atmak hiç birisiniñ kellesine gelenok: Bu hüjümiñ başyny gaýa-gopuz ýok ýerde birnäçe aý mundan öñ kim başlady? "HAMAS" dälmi? Bigünä raýatlary alyp gaçyp, ýesir etmedimi? * * * Her meselede bolşy ýaly arap-jöhit çaknyşygyny-da saýlaw sesleriniñ awçylygyna, din eksplutasiýasyna galkan etmäge utanmadylar, mundan soñam utanmazlar. Adamlar urşup, biri-birini gyryp, öldürip ýör, bu aýylgançlyklar biziñ ýüzi eşegiñ hamyndanam galyñ tarapgöýler "orkestrimizi" hiç gyzyklandyrmaýarmyka? Şular ýaly gandöküşikli şertlerde-de birtaraply propoganda ýöretmegiñ kül-külünde gezýärler. Muña türküñ türke garşy propogandasy diýilýär! Emin ÇÖLAŞAN. "SÖZCÜ" gazeti, 27.07.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |