19:55 Uruş sahnasynyñ biraz-da añyrsyny oýlasak! | |
URUŞ SAHNASYNYÑ BIRAZ-DA AÑYRSYNY OÝLASAK!
Publisistika
Söýgüli okyjylarym, Ysraýyl bilen käbir arap toparlarynyñ arasynda gandöküşikli uruş dowam edip dur... Soñky günlerde dünýä jemgyýetçiliginiñ ünsüne möhüm mesele düşdi. Ysraýylyñ Palestinadaky hassahanalary bombalap, aýal-erkek, ýaş oglan-gyz, çaga-çuga diýmän müñlerçe bigünä adamy rehimsizlik bilen öldürmegi. Hakykatdanam ýazgarylmaly ýagdaý. Emma... * * * 1-nji madda: Eýsem biziñ ýurdumyz bular ýaly möhüm meselede özüni nähili alyp barmaly. Elbetde, Ysraýyly ýazgarmaly bolarys. Emma muny käbir möhüm hakykatlary gözden salyp etsek ýalñyş bolar. Meniñ bular ýaly işlere beletligim ýok. Ýönekeý raýat hökmünde diñe şahsy garaýşymy beýan edýärin, emma çynymy aýtsam, dünýäde we öz ýurdunda guş uçsa bilýän Ysraýyl "Hamasyñ" çozuşa geçjegini öñünden bilýärdi. Çaklamak gerek däl, anyk bilýärdi. Uruş käbir arap toparlaryny çaknyşmak arkaly ýok etmek üçin Ysraýylyñ eline geçjek iñ gowy mümkinçilikdi we Ysraýyl bu pursatdan peýdalandy. Indem hezil edip elin döredilip berilen şol mümkinçilikden peýdalanýar. * * * 2-nji madda: Muña seretseñizläñ!.. ABŞ we külli Günbatar dünýäsi Ysraýylyñ tarapyny tutýar. Russiýadyr Hytaýdanam araplaryñ peýdasyna şu günki güne ädilen ädim ýok. Şeýle bolýan bolsa, "Hamas" bu uruşy başlanda ee Ysraýylyñ üstüne müñlerçe raketa uçuranda eýse kime, kimlere, nämesine, haýsy güýjüne bil baglaýardy?.. "Hamas" bilen bir hatarda ony goldaýan ýurtlaryñ hemmesi häzir gymyldabam bilenok. Ýazgarmalardan, gargynmalardan, nebsiagyryjylykly edebiýatlardan we syýasy goh-galmagally nutuklardan başga ýardam elini uzadýan ýeke ýurt ýok. Mysal üçin, ýarag we ok-däri kömegi!.. Ol ýerlere ýeke sapança aralaşdyrmak mümkin däl. Ine, şoñ üçinem ýanjap-ýanjap şuny aýdasym gelýär: Ysraýyl "Hamasyñ" raketa ýygynçaklaryny, ýerleşýän ýerini we ş.m. barsyny bilýärdi we ilkinji hüjümiñ edilmegine garaşýardy. Onuñ maksady raketalar ot alan badyna öz etmeli işini edip urşy başlamak, dessine garşylyklaýyn hüjüme geçmek, añsyz we pöwhe arap dünýäsini ýene bir gezek ýeñlişe uçradyp, biloñurgasyny ýazdyrmakdy. * * * 3-nji madda: Ysraýylyñ elindäki iñ uly kozyrlaryñ birem arap dünýäsiniñ agzalalygy. Muña tutuş yslam dünýäsini goşanymyzda-da ýalñyş bolmaz. Yslam dünýäsi Afrikanyñ bir çetindäki Marokkodan başlap Eýrana, Ýemene, hatda Uzak Gündogara çenli uzalyp gidýär. Külli yslam dünýäsi gorkunç agzalalyk içre böleklenip barýar... Aralarynda haýsydyr bir meselede ylalaşyk, dost-doganlyk ýok! Biriniñ ak diýýänine beýlekisi hökman gara diýýär. Hemmesi biri-birine ýagy. Olaryñ içinde Palestina kömek edäýjegi barmyka beri? * * * Döwlet dolandyryş formalary-da dürli-dürli. Birküç sanysy bolaýmasa, hiç birinden düýpli we sagdyn döwlet dolandyryşyny gözläbem oturmañ, barybir tapmarsyñyz. Bir ýanda Pars aýlagy ýurtlary diýilýän nebit multimilliarderleri... Patyşalyk we şeýhlik bilen dolandyrylýan ogrular topbagy... Bulara mysal hökmünde Saud Arabystanyny, Katary, Kuweýti, Birleşen Arap Emirliklerini we beýlekileri görkezip bolar. Beýleki bir ýanda din işleri bilen döwlet işlerini biri-birinden aýyrmagy başaran Müsür, Siriýa, Iordaniýa ýaly ýurtlar... Başlarynda-da prezidentler, patyşalar otyr... Emma hiç birinde demokratiýadan, adam hukuklaryndan, adama bolan söýgüden nam-nyşan ýok! * * * Aslynda görnüşe seredeniñizde hemme zat bolmalysy ýaly birmeñzeşlikde biri-birini gaýtalaýar! Ysraýyl duşmançylygy! Sahnada hemmesi birmeñzeş edebiýaty ulanýar... "Jöhit döwleti Ysraýyla ölüm! Ýaşasyn palestin halkynyñ, "Hizbullahyñ", "Hamasyñ" şanly garşylygy..." Emma sahnanyñ añyrsyna geçilende aýdýanlary bularyñ düýbünden tersine: "Dost-doganlyk Ysraýyl üçin näme etmeli bolsa ederis, edibem gelýäris!". Doly ikiýüzli, gözboýagçylykly çemeleşmeler, ýalanlar... Ýagny bu işiñ terjimesi şeýle: Arap äleminiñ, yslam dünýäsiniñ agramly bölegi aslynda Ysraýyla däl-de, biri-birlerine duşman! Bulary gowy bilmek gerek! * * * Söýgüli okyjylarym, indi bolsa öz ýagdaýymyza dolanyp geleliñ... 4 -nji madda: Biz näme edip bildik? Hiç zat! Uruşyñ ertesi güni biziñ ygtyýarlylarymyz şobada sahna çykyp gygyryşmaga durdy. Ysraýyl bilen "Hamasyñ" arasyndaky uruşda "araçylyk" etmäge synanyşdylar. Teleýaýlymlara dek şo pursatda habar ýollanýardy. "Prezident Erdogan pylan ýurduñ prezident bilen telefon arkaly gepleşdi. Gepleşikde sebitdäki üýtgeşmeleriñ üstünde durlup geçildi!". Daşary işler ministri, Goranmak ministri daşary ýurtly "kärdeşleri" bilen gepleşikler geçirilýärdi we bular biziñ habar beriş serişdelerimizde aýdylýardy. Emma häzire çenli ýeke ýurt seslenip "Gel, Türkiýe, sen arada dur, bize akyl sat, bolýan zatlara özüñ bir alaç et" diýmedi. * * * Garaşylýan zatlaryñ birem bolmady. Biziñkiler otludan gijä galdy! Türküñ türke eden propogandasynyñ peýdasy bolmady. "4-nji madda" (häzirlikçe] şeýle! Hiç bir ýurtdan ses-üýn çykanok. Soñunam soñ görübereris-dä. Emin ÇÖLAŞAN. "SÖZCÜ" gazeti, 21.10.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |