00:38 Abraýly ýeñliş bu | |
ABRAÝLY ÝEÑLIŞ BU!
Publisistika
Jemgyýetiñ psihologiýasy şeýle bolaýmasa... Gelenem urha-ur, gidenem urha-ur... Ýeñileniñ dosty ýok. Saýlawy elden gidermegiñ ýeke-täk günäkäri Kemal Kylyçdarogly ýaly diñe şoñ üstüne sürünýärler! Meñ pikirimçe oñ ýazygyna galýarlar. Sürünmeleri rehim-şepagatsyzlyk hasaplaýaryn. Adamlarymyzyñ bir topary dagy edil Günorta Amerikanyñ deñizlerinde ýaşaýan ownuk, ýöne ýyrtyjy piranýa balyklaryna döndi... Edil ýöne JHP liderini tüýt-müýt edip iýäýjek bolýarlar. Hemme zadyñ günäsini Kylyçdaroglynyñ üstüne ýöñkemek dogry hereket däl. Hawa, saýlawda ýeñildi. Üstünligiñ ýeke-täk şerti bar: ÜSTÜN ÇYKMAK. Ýeñliş şowsuzlykdyr. Bu dogry, emma munuñ ýeke-täk günäkäri Kylyçdaroglumy? Wyždanly boljak, adyl çemeleşmek, geldi-geçer duýgulara aldanyp "Gitsin" diýip gygyrmajak bolmaly. Ilki ýeñlişiñ sebäpleri öwrenilmeli, munda Kylyçdaroglunyñ agyr ýalñyşlygynyñ, ýatdan çykaran zatlarynyñ barlygyny-ýoklugyny seljermeli. Saýlawda hemme zat gözümiziñ alnynda bolup geçdi. Basyşlar, haksyzlyklar, ýalan-ýaşryklar, töhmetler, myjabatlar, haýbat atmalar... Hiç zatdan gaýdylmady. Hukuk depgilendi, kanunlar bozuldy, ýurt türk dilini bilmeýän hakynatutma saýlawçylardan dolduryldy. Hiç kim "Pylankes bolan bolsa ýeñerdi" diýen ýaly boş lap urmalary otarmasyn. Hiç bir babatda deñ bolmadyk bular ýaly adalatsyz, antidemokratik şertlerde kim bolanda-da ýeñilerdi! Hawa, Kylyçdarogly ýeñildi, emma abraýy bilen ýeñildi... Dogry, ýeñilen badyna halkyñ öñüne çykyp hasap beren bolsa, berlen soraglara jogap beren bolsa has gowy bolardy. Beýtmezligi onuñ iñ uly kemçiligidir! • Ýalan-ýaşrygyñ we töhmetiñ gurbany! Kylyçdarogly ýeke özi arman-ýadaman göreşdi. Ýurdumyza oñşuk medeniýetini getirdi. Haksyzlyklar we hapa propogandalar bilen aldym-berdimli boguşdy. Emma... Ýalan-ýaşryga we töhmete goldanýan syýasat ýeñdi! Kylyçdarogly birleşdiriji, dürs, mähir-mylakatdan doly, gallaw lider hökmünde JHP-niñ taryhyndaky iñ ýokary ses derejesine (48%) ýetdi. Dogrusyny dogry aýtmak gerek. JHP 1950-nji ýyldan bäri geçen 73 ýylyñ dowamynda haýsy saýlawda üstün çykdy? Hiç birinde üstün çykyp bilmedi. JHP-niñ iñ köp ses alan 1977-nji ýylda Ejewitiñ alan sesi 41,4%-di. Şol döwrem JHP ýeke özi hökümet gurup bilmedi. * * * “Lider ýaramaz, gowşak, üstün çykma ukyby ýok” diýmegiñ ýerine, JHP-niñ nämüçin saýlawda üstün çykyp bilmändigini analiz etmeli, "täze ugur, täze metod, täze dolandyryş formasy" diýýänleriñ sesine gulak salmaly... Bu ýurtda indi "peýda bolan pully-peçli baronlaryñ, korrupsiýanyñ, "bäşemler bandasynyñ urha-urlarynyñ", tüsseläp giden 418 milliard dollaryñ, işsizligiñ, garyplygyñ" saýlawçylaryñ pikirini üýtgedip bilmändigine anyk göz ýetirildi. Ogurlyga, urha-urluga, korrupsiýa garşylyk görkesmek Günbataryñ ösen jemgyýetleriniñ işi... Biziñ jemgyýetimiz entek olar ýaly derejä ýetmändir! "Ogurlaýarlar, ýöne işleýärler" sözi, megerem, dünýäde diñe biziñ adamlarymyza mahsus samsyklykdyr. Azatlyk, hukuga hormat, arassa syýasat ýaly sözler halkyñ galaba bölegini gyzyklandyrmaýar. Halk başyna inýän her bela-beteriñ şundan gözbaş alýandygyna düşünenok. Janyñy alyp barýan gymmatçylygam, garyplygam saýlawçylaryñ aglabasynyñ pikirini üýtgedip bilmedi. Ýolbaşçyñy çalyşmak bilen şular ýaly agyryly jemgyýetçilik problemañy çözüp bolmaýar! Çözgüt sosial gurluşy üýgetmekde, adamlary özgertmekde. JHP-niñ etmeli işi şu. • HEKAÝAT • Adalat öldi Gadym döwürler Angliýada bir däp bar eken. Ýönekeý raýat ölse buthananyñ jañy bir gezek kakylypdyr. Jañ iki gezek kakylsa, halaýyk bir begzadanyñ aradan çykandygyny bilipdir. Eger jañ üç gezek kakylsa, onda patyşanyñ aradan çykandygyny añladypdyr. Günlerde bir gün sud ýalñyş karar çykarypdyr. Sud bigünä adamy jogapkärçilige çekip, ölüm jezasyna höküm edipdir. Bir wagtyñ özünde buthananyñ jañy bäş gezek urulypdyr. Halk alada galyp, ylgap baryp, popdan sorapdyr: - Patyşa aradan çyksa dört gezek jañ urulýanyny bilýäsem welin, bu gün bäş gezek urduñ-a? Patyşadan ýokarda kim bar beýle? Pop ajy-ajy gülümsiräp: - Ondan has beter zat boldy - diýipdir. - Bu gün ýurdumyzda adalat öldi! • HENEKLER • Kimdigimi bilýäñmi? Gije ýarymdan soñ ýüzi maskaly ogry geçip barýan bir geýnüwli adamy ýoluny kesipdir. Ogry onuñ çekgesine sapançasyny diräp: - Çykar pullaryñy! - diýip gygyrypdyr. Geýnüwli adam oña göwnüýetmezçilikli äñedip, hondanbärsi jogap beripdir: - Meñ kimdigimi bilýäñmi sen? Men adybelli syýasatçy! Ogry: - Onda çykar pullarymy! - diýip has beter heñkiripdir. • Ýalançy pygamber Özüniñ "pygamberdigini" aýdyp, köpüñ içine wagyz etmäge çykan birini saklap, dälihana dykypdyrlar. Ol baran ýerinde birinji duşan näsagyna ýokardan göz aýlap: - Meniñ Allanyñ ugradan ilçisi pygamberdigimi bilýäñmi? - diýipdir. - Ýok, bilemok - diýen näsag derrew başga bir dälä sorag beripdir: - Şu täze gelen şepe bar-a... Ol özüniñ pygamberdigini aýdýar. Üçünji däli görkezilen tarapa siñe seredipdir-de, depderini çykaryp barlandan soñ: - Ol barypýatan kezzap - diýipdir. - Men dünýä olar ýaly pygamber ugradamok! • Prezidenti nähili tanaýañ? Öñki döwrüñ amerikan aktýory Bob Houpdan: - Prezident Reýganam seniñ ýaly aktýordy, kinofilmlerde bile surata düşdüñ, ony nähiliräk tanaýañ? - diýip soranlarynda: - Reýgan tipiki syýasatçylara meñzemeýär - diýipdir we sözlerini şeýle dowam etdiripdir: - Ol nädip ýalan sözlenýänini, pyssy-pyjurlygyñ nämedigini bilenok, ogurlyk diýen zadyñ-a ysynam alyp görmedik. Hemmeler añk bolup ony diñläp durka sözüniñ üstüne şulary goşupdyr: - Ýöne bularyñ barsy üçin beýleki liderler ýaly ýanynda hemişe kömekçi saklaýar! • Ýüzüp nirä çenli gitseñ bolar? Temel bilen Dursun deñize suwa düşüp, ýüzmäge başlapdyrlar. Ep-esli ýüzenlerinden soñ Dursun: - Eh-eý Temel! - diýip gygyrypdyr. Temel: - Aýt, hany, ýene näme diýjek bolýañ - diýipdir. - Amerika ýetýänçäk ýene näçe ýüzmeli bor? Temeliñ gahary gelipdir: - Demiñi biderek almañy goý-da, ýüzmegiñe dowam et! • Näçe towşan atdy? Temel çaýhanada obadaşlaryna awa gidişini gürrüñ beripdir: - Adamlar, irden tüpeñimi alyp tokaýa gitdim. Atdym, atdym, atdym... Agşama çenli kyrk dokuz towşan ataýypdyryn... Diñläp duranlañ biri onuñ üstünden gülüpdir: - Aý goýsanaý Temel, elli diý-de, sany tegeläýsene. Temel garşy çykypdyr: - Beýdip bolmaz. Maña bir towşan üçin ýalan sözletjek bolýañyzmy? • "Ot bilen kükürt" Deñize suwa düşmäge gelen Temel öñräginde ýüzüp barýan ýaş gyza tarap süýşüp başlanda gyz gygyryp başlapdyr: - Haýyş edýärin, golaýlaşmañ maña! Temel geñ galyp sorapdyr: - Nämüçin? Gyz ony synlap: - Ot bilen kükürt bir ýerde bolup bilmez! - diýipdir. Temel jykyr-jykyr gülüpdir: - Gorkýan zadyna seretsene. Sen hiç alada etme, gülüm. Biz suwuñ içinde ahweti. Öl kükürt partlamaýar-a! • Leglekler näme getirýär? Kompýuter asyrynda ýaşaýarys. Indiki çagalar soranjañ bolýar... Mekdepden gelen çaga ejesine sorag beripdir: - Eje, klasdaşlarymyz bilen jedele girdik, ýöne hiç belli bir netijä gelip bilmedik. - Nämäñ netijesine gelip bilmediñiz? - Çaga nähili dünýä inýär? - Oglum, saña öñem kän aýtdym-a, leglekler getirýär! - Ejejan, oña düşündim-de, leglekler bilen kim gärdege girýär? • Hapa sögünç nämemiş? Dursun: - Temeljan, señ ýaly gowy oglanam ýok welin, arman, gepläñde köp sögünýäñ-dä... - Hawa, sögünemde näme? - Şeýdip sögüner ýaly näme bar? Temel çynlakaý görnüşe giren bolup, şeýle diýýär: - Ady nämedaý şoñ, walla! Bir beýik filosof bardy... "Hapa sögünç kalbyñ ýelpewajydyr" diýipdir, menem şoña eýerip kalbymy ýelpeselendirýän! • GÜNÜÑ SÖZI - Hakyky döwlet adamy şamçyrag mysalydyr. Özi ýanyp, halkyñ üstüne ýalkym saçar! - Altyn-kümüş, pul görse, perişde hem ýoluny ýitirer! - Hökrüwanlygyny elden gideren halklaryñ elden gidermäge başga zady galmaz! - Adam tebigatyñ bir kemçiligi-de, hiç wagt gözüniñ doýmaýanlygy! - Puluñ gepleýän ýerinde señkiñ dogry bolany hiç zady üýtgetmeýär! - Täzesini almanka öñki köwşüni zyñýan adam aýakýalañaç galar! - Oýun gutaransoñ şany-da, pyýadany-da bir gapyrjaga salyp goýýarlar! - Adamy terbiýelemek daşy ýontmakdan has kyndyr! - Her kimiñ öz akylyndan göwni hoş. Biziñ sada adamlarymyzam şeýle! - Möjek bilen iş salyşýan tilkiniñ hyýaly diñe gury süñkde bolar! - Eger zol aldanylyp ýörlen bolsañ, günä seniñ özüñde! - Soñundan aglanyñ peýdasy ýok! Her halk nämä mynasyp bolsa, şolar ýalam dolandyrylar! Rahmi TURAN. "SÖZCÜ" gazeti, 10.06.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |