09:44 Ýurdumyza daşyndan seredilende... | |
ÝURDUMYZA DAŞYNDAN SEREDILENDE...
Publisistika
Wyždanyñ gutaran ýerinde adamkärçiligem gutarýar. Janymyzdan eziz görüp söýýän ýurdumyz bar. Gynansak-da wyždan, ynsap diýilýän zat doly eroziýa uçrady... Jemgyýet ikä bölünipdir, adamlaryñ arasynda oñşuksyzlyk, öýke-kine, duşmançylyk tohumlary ekilipdir, hemmeler biri-biriniñ gözüni oýaýjak bolýar. Haýsy dine ynanýan bol, haýsy dilde gepleýän bol, umumyadamzat gymmaty bolan bir söz bardy: "Hemmeler üçin adalat!" Biz bu gymmatlygy ýitirdik! Dogrusy, ýitirtdiler! Din bürenjegine bukulyp edilýän işler bilen ähli sazlaşyk bozuldy, özleri baýadylar, garyplygy-da millete peşgeş etdiler! Haram haramdyr, ogurlyk - ogurlykdyr, adalatsyzlyk - adalatsyzlykdyr. Bularyñ birem yslamda ýok, emma biziñki ýaly musulman ýurtda hemmesi bar! Merhum Ýaşаr Nury Öztürk mugallymyñ aýdyşy ýaly, halky "Allanyñ ady bilen aldaýarlar!" Ýurdumyzda bolup geçýän haramlyklaryñ, emele gelen nogsanlyklaryñ añyrsy-bärsi ýok. Maddy kynçylyklary güýçlendiren faktorlaryñ arasynda hukuk goraýjy edaralarynyñ ynamdan gaçmagy, adalata bolan ynanjyñ peselmegi ýaly zatlar bar. * * * Maña ýurduñ içinden we daşyndan kän hat gelýär. Angliýanyñ taryhy, arhitekturasy, sporty, aýdym-sazy bilen tanalýan Liwerpul şäherinden ýazan Asym Rüştü Karaman atly bir okyjymyñ haty daşary ýurtlarda ýaşaýan köp sanly okyjymyzdan gelýän hatlaryñ gysgaça mazmuny diýsek öte geçdigimiz bolmazdy. Ol şeýle diýýär: "Bärden ýurdumyza seredýäris welin, janyñ ýanýar. Janyñ ýanmazça däl, maddy ýeter-ýetmezçilikler, nyrhlaryñ gymmatlap gidip oturmagy, garyplyk nebsiñi agyrdýar... Bärde elim uzadan ýerime ýetýär, gazananym bezenenime ýetýär, islänimi iýýän, islänimi geýýän, adam şekilli dynç alyp bilýärin. Ynansañyz, şeýle hezillikde ýaşaýanym üçin utanyp ýere girýärin. Millionlarça ildeşimiz soñy gelmeýän kynçylyklarda ýaşap ýörkä, men nämüçin ýurdumda ýaşamok? Munuñ düýp sebäbi işsizlik! Ýokary bilimim, iki diplomym bar. Iki fakulteti okap gutardym. Iki daşary ýurt dilini suwara bilýärin. Emma, öz ýurdumda uzak wagtlap iş tapman gezdim, ahyrynda Angliýa geldim. Häzir men azat durmuşda ýaşaýan ýurtdan, Birleşen Korollykdan gözümiñ nury-didesi ýurduma gussa bilen seredýärin. Azat ýurtlardaky adamlaryñ gözünde ýurdumyzyñ şeýle ýagdaýa gelendigini görmek meni örteýär, ýöne näme, ajy hem bolsa, hakykat-a şular ýaly! Ýurdumyzy dolandyryp oturanlar Günbatar ýurtlarynda ýaşaýan adamlaryñ gözünde nähili görünýändigimizi biljek bolanoklarmyka?" • HENEK: Gaýynenäniñ duýgurlygy! Öýlenmeli ýaşa ýeten ýigit ejesine: - Eje, ertir öýe üç sany gyz getirjek. Sen olaryñ haýsy birine öýlenjek bolýanymy bil - diýipdir. Ertesi gün ol birmeñzeş geýnen üç sany ýaş gyzy yzyna tirkäp gelipdir. Olar saçagyñ başyna geçip oturypdyr. Ýigit ejesini gyra çagyryp sorapdyr: - Eje, gyzlaryñ haýsy birini aljak bolýanymy bildiñmi? - diýipdir. Oglanyñ ejesi gyzlaryñ birini görkezipdir. Hakykatdanam oglanyñ göwnüniñ isleýäni şol gyz eken. Ol: - Eje, nädip bildiñ? - diýýär. Ejesi: - Bir şony jynym almady! - diýip jogap berýär. • GÜNÜÑ SÖZI "Ýolbaşçylary baý milletiñ özi garyp bolar". (Hezreti Muhammet pygamberiñ (s.a.w) aýdan sözi). Rahmi TURAN. "SÖZCÜ" gazeti, 23.08.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||