10:55 Gitlerden näme tapawutlary bar? | |
GITLERDEN NÄME TAPAWUTLARY BAR?
Publisistika
Dünýä wyždansyz... Ýewropanyñ medeniýetlisireýän ähli ýurdunda rehim-şepagatdan nam-nyşan ýok! Amerikanyñ Birleşen Ştatlary bolsa wyždansyzlaryñ şasy! XXI asyrda gadymy döwürdäkilerden has beter wagşyýanalyk bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Bigünä adamlar, nowça çagalar, gundagdaky bäbekler öldürilýär, ABŞ "zannyýaman gandöküşligiñ" dowam etmegini isleýär. Gazada wepat bolan bigünä raýatlaryñ sany on sekiz müñe ýetdi. BMG-da on bäş agzaly Howpsuzlyk Geñeşiniñ garamagyna hödürlenen "Gazada ok atyşygy bes etmek hakdaky" talapnamanyñ ABŞ-nyñ ýeke "ÝOK!" sesi bilen ret edilmegi hakyky masgaraçylygyñ nusgasy bolup taryha girdi. On üç ýurt talapnamany kabul edenem bolsa, diñe ABŞ "Genosid dowam etsin!" diýdi we onuñ ýeke weto sesi bilen talapnama kabul edilmedi! Bu nähili düzgün bolýar? Beýle-de bir adalat bormy? * * * ABŞ Gazadaky gyrgynçylygyñ we wagşylygyñ şärikdeşi bolup, agyr jenaýata ýüz urdy! Emma güýjüne bäs gelip bilmeýändigi üçin dünýä oña boýun egýär! "Gün güýçliñki, gowurga dişliñki" diýleni-dä... Ysraýylyñ premýer-ministri Netanýahu bilen ABŞ-nyñ prezidenti Baýdeniñ (bigünä adamlary öldürmek babatda) gan içiji Gitlerden näme tapawutlary bar? Gitler jöhitleri gaz peçlerine salyp öldürdipdi... Ysraýylyñ premýer-ministri Netanýahu we onuñ arkadagy ABŞ-nyñ prezidenti Baýden garawsyz adamlary depesinden ýagyş ýaly ýagdyrylýan bombalar bilen öldürdýär. Türkiýäniñ prezidenti Erdogan "Adyl dünýäni gurup bolar, emma muny ABŞ-nyñ bar ýerinde gurup bolmaýar" diýende, juda mamla. * * * Gaza iki million adamyñ ýaşaýan 365 gektary eýeläp oturan şäher... Şäher Gündogar Ortaýer deñziniñ kenarynda ýerleşýär. Biçäre adamlar her gün bu ýerde Ysraýylyn yzy üzülmeýän wagşy hüjümlerinden ölýär! Ysraýylyñ premýer-ministri Netanýahunyñ ady taryha iñ bolmanda "adamhor gassap" bolup girjegine şek-şübhe ýok. Dünýäde hemişe uruşlar bolup dur, emma Ysraýyldan başga hiç bir döwlet garawsyz adamlara şular ýaly adamkärçiliksiz çemeleşenok, wyždanlary syzlatjak gandöküşlikler edenok. Bu genosid arkaly ABŞ öz hakyky ýüzüni jümle-jahana ýene bir gezek görkezdim Netanýahu bilen Baýden Gitleriñ XXI asyrdaky hakyky obrazyny janlandyrýana meñzeýär! Taryh ahyrsoñunda olary biabraý edip taşlar! Muña hiç hili şek-şübhe bolmasyn. • HENEK: Sallahlyk guşagy Batyr rysarlaryñ biri haçly ýörişe gidýän eken. Ol aýalynyñ biline sallahlyk guşagyny dakyp, açaryny iñ ýakyn dostuna beripdir: - Diñe saña ynanýandyryn. Eger on ýyla çenli uruşdan gaýdyp gelmesem, guşagyñ gulpuny açyp bilersiñ! Ol sowudyny geýip atyna atlanypdyr... Ýola rowana bolup iñ soñky gezek mülküne göz aýlanda, atyny çapdyryp gelen dosty yzyndan gygyrypdyr: - Dur, gitme! Ýalñyş açar beripsiñ! • GÜNÜÑ SÖZI Ýokluk çekip ýaşaýşyñ mazasyny ýitirmek, ömrüñi ýitirmek ýaly agyrdyr! Rahmi TURAN. "SÖZCÜ" gazeti, 13.12.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |