00:40 Russiýa bilen aramyz gowumy? | |
RUSSIÝA BILEN ARAMYZ GOWUMY?
Publisistika
Biz gowudyr öýdýärdik, ýöne ýagdaý gowy däle meñzeýär! «Единая Россия» partiýasynyñ we Russiýa Federasiýasynyñ Döwlet Dumasynyñ agzasy Pýotr Tolstoýyñ Türkiýäni nyşanalaýan sözleri görnetin pitjiñ atmakdan başga zat däl! Putine ýakynlygy bilrn tanalýan Pýotr Tolstoý "Россия-1" teleýaýlymyndaky gepleşikde Russiýanyñ Garadeñizdäki agalygyny öñe sürdi... Tolstoý alypbaryjy Olga Skabeýewanyñ: - Eýse biz Türkiýe bilen uruşmaga taýýarmy näme?- diýen soragyna: - Biz ilki Ukrainanyñ bellisini edeliñ. Soñ Stambul we Çanakkale bogazlaryny urarys! - diýip jogap berdi. Öte agyr haýbat atyldy, emma biziñ Daşary işler ministrligimizden bu sözlere nägilelik bildiren tapylmady! • HENEK: Amerikadan hat... Temele ABŞ-daky dosty: "Bärde azatlyk bar. Adamlar ABŞ-nyñ prezidentine "Faşist Baýden, näkes Baýden" diýip gygyryp bilýär we hiç kimse jogapkärçilige çekilmeýär, temmi çäresini alýanam ýok. Çünki Amerikada demokratiýa bar" diýip hat ýazypdyr. Temelmi ondan gep alyp galjagam. Derrew oña şu jogaby ýollapdyr: "Nämesi üýtgeşikmiş oñ? Menem bärde islesem "Faşist Baýden, näkes Baýden" diýip gygyryp bilýän, towguma tok diýjek ýok. Türkiýede demokratiýa bar, garagöz!" • GÜNÜÑ SÖZI Ylmyñ hojaýyny bolmak üçin zähmetiñ guly bolmaly. Rahmi TURAN. "SÖZCÜ" gazeti, 29.07.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |