17:37 Aýalyny pikir edýän adam | |
AÝALYNY PIKIR EDÝÄN ADAM
Degişmeler
Ýolda barýan awtoulaglaryñ biri öñünde ýatan iti kakmajak bolup ruluny bir gyra aýlandan gyradaky çukura agdarylypdyr. Geçip barýan görmegeý zenan bolan wakany görüp säginipdir we agdarylan awtoulagdan çykyp, ýola dyrmaşmaga başlan adamdan sorapdyr: - Agam, ýagdaýyñyz gowudyr-a? - Erbet däl ýaly. Aýal oña: - Derrew meñ ulagyma mün - diýipdir. - Sizi öýüme äkidip, gowja seredeýin... - Gowy aýal ekeniñiz, ýöne aýalym muny bilse gowulygyñ üstünden barmaryn, gowsy ony gynandyrmaýyn-la. - Biderek gürlemäñ. Men lukman ahyryn. Göreli bakaly, göze görünmeýän şikes dagy alypsyñmy? Barlagdan geçireýin... - Heý, men siz ýaly zenanyñ sözüni ýykyp bilerinmi?.. Ahyrsoñunda bileje ol aýalyñ öýüne barypdyrlar. Aýal ol adamy boýdan-başa barlagdan geçiripdir. Iki bolup birnäçe bulgur arak içenlerinden soñ, ýañky adam: - Indi özümi gowy duýup başladym. Emma aýalyma hakykatdanam haýp boldy! - diýipdir. Aýal: - Akmak bolmasana - diýipdir. - Ýene biraz bärde eglen. Aýalyñ nirden bilsin? Ol häzir öýde dälmi näme? - Ýok. Meger häzirem agdarylan çukurymyzda ýatan bolsa gerek! • GÜNÜÑ SÖZI Adamlar özleriniñ gowşak taraplaryny görkezýänleri halamaýar! Rahmi TURAN. "SÖZCÜ" gazeti, 27.09.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |