07:30 Arhiw ýalan sözlemeýär! | |
ARHIW ÝALAN SÖZLEMEÝÄR!
Taryhy makalalar
Hawa, arhiwleriñ dogrusyny aýtmak ýaly kejir gylygy bar. Ýüz ýyl mundan öñki maglumatlaram wagty gelende äşgär bolup, aýdylyp gelinýän ýalan-ýaşryklaryñ ýüzüne şamar ýylan ýaly ýapyşaýýar. Käbir ildeşlerimiziñ Osmanlynyñ iñ soñky patyşasy Wahdetdine dil ýetirmekde aýyplanyp jogapkärçilige çekilmegi "Wahdetdin dönükmi ýa dälmi?" jedellerini gaýtadan gozgady. Atatürk Milli Azat-edijilik urşuny we Türkiýe Respublikasynyñ gurlan ýyllaryny gürrüñ berýän uly eseri "Nutukda" Wahdetiniñ dönük bolandygyny ýazýar. Meşhur kardiohirurgymyz professor Bingür Sönmez maña iñlis arhiwlerinden tapylan bir maglumatyñ fotokopiýasyny görkezdi. Patyşa we halyf Mehmet Wahdetdiniñ ýurdumyzdan gaçmazynyñ önüsyrasy ýazan haty bu... Taryhy gaçybatalga sorap ýazan haty! Wahdetdin Stambuly basyp alan iñlis goşunlarynyñ komanduýuşisi general Harringtona ugradan hatynda Stambul adyny ulanman, Stambula kese ýerlileriñ atlandyrýan wizantiýa döwründäki ýaly “Konstantinople” diýmek bilen, şeýle ýazýar: "Onuñ alyjenaplaryna, General Harrington – Konstantinople Goşun güýçleriniñ serkerdesi, Jenabym, Konstantinoplede ömrümiñ howp astyndadygyny bilemsoñ, iñlis hökümetine sygynýaryn we mümkingadar tizara Konstantinopleden (Stambuldan) başga ýere geçirilmegimi talap edýärin. 16.11.1922 ý. Mehmed Wehideddin – musulmanlaryñ halyfy”. * * * Hat osmanlyça (arap elipbiýinde) ýazylypdyr, aşagyna-da iñlisçe terjimesi goýlupdyr. Patyşa we halyf Wahdetin general Harringtonyñ özüne ýollan iñlis söweşjeñ gämisine münüp, watanyndan gaçyp gitdi. Ýokarda gaçybatalga soralyp ýazylan hatyñ fotokopiýasyny görýänsiñiz. Indi kim sorap biler: Wahdetdin watana dönüklik etdimi, etmedimi? • Ýüz ýaşap ölen Kissinžeriñ watan dönüklerini edişi Genri Kissinžer dünýä syýasatynyñ iñ jedelli şahsyýetidi... Ol öññin ýüz ýaşynda aradan çykdy. Ýetmişinji ýyllarda Daşary işler ministri bolup, ABŞ-nyñ dünýä syýasatyna adyny ýazdyran Kissinžerе "Sadist, ganhor, şeýtan" diýenleriñ bolşy ýaly, ony parahatçylygyñ adamy hasaplaýanlaram bardy. Belkäm şoñ üçindir, oña 1973-nji ýylda Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyny-da berdiler. Kissinžer yzynda örän jedelli we etmişler bilen doly at galdyryp, bu dünýäden göçdi gitdi. Men ony elmydama taryha giren şu meşhur aýtgysy üçin ýatlaýaryn: "Biz ABŞ-nyñ nämüçin güýçlüdigini bilýärismi? Biz aramyzdaky watan dönükleriniñ ýoguna ýanýarys. Beýleki ýurtlaryñ watan dönükleruni bolsa, aýry-aýry gahrymana öwrüp, ýurtlarynda möhüm ýerlerde oturdýarys". • GÜNÜÑ SÖZI Ýurduny taşlap, kese ýerlilere sygynan adama lider diýilmeýär! Rahmi TURAN. "SÖZCÜ" gazeti, 02.12.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |