11:30 Gyrgynçylygyñ hiç bir esasly tutarygy bolmaz! | |
GYRGYNÇYLYGYÑ HIÇ BIR ESASLY TUTARYGY BOLMAZ!
Publisistika
Ysraýylyñ Gazada başlan kowum-kowahada sygmaýan gyrgynçylygynyñ ýigrimi altynjy güni... Añy kereplän dinçi premýer-ministr Netanýahu "ok atyşygy bes etmek" hakdaky teklibi kabul etmän, Gazanyñ üstünden ölüm ýagdyrmagyny dowam etdirýär. Ölenleriñ sany 8 müñ 306-a ýetdi. Şolaryñ üç müñ 457-si çaga! Sebitde açlyk, suwsuzlyk, gorkunç perişanlyk höküm sürýär. ABŞ hem "ok atyşygy bes etmäge" garşy... Prezident Baýdeniñ Netanýahudan parhy ýok. Ol "Ýaraşyk "Hamasa" ýarar. Ysraýylyñ özüni goramaga haky bar" diýýär. Güýçsüz, biçäre, pakyr-pukara adamlary öldürmek özüñi goramakmyka? Gözi ganly jenaýatkär premýer-ministr Netanýahu utanman-uýalman "Ysraýyl goşuny dünýäniñ iñ ahlakly goşunydyr" diýenem bolýar, emma şol "ahlakly" goşun hassahanalary bombalaýar, gundagdaky bäbeklere çenli öldürýär! * * * Gazada uruş jenaýaty edilýär. Ysraýylyñ bigünä adamlary öldürmeginiñ hiç hili esasly tutarygy bolup bilmez! Bularyñ barsyny näletlemek gerek. Emma... "Hamas" toparyna näme diýmeli? Hakykatda, "Hamasy-da" näletlemek gerek. Çünki olaryñ wyždany-da Ysraýylyñkydan birjigem parhly däl! Uklap ýatan ýyrtyjy haýwany gerekmejek ganly hüjüm gurap oýandyran "Hamasdyr"! "Hamasyñ" gaýa-gopuz ýok ýerden Ysraýylyñ serhedini geçip aýdym-sazly şagalañyñ üstüne dökülmeginiñ, bigünä adamlary rehimsizlik bilen öldürip 200-den gowrak ysraýylly raýaty ýesir alan bolmagynyñ hiç bir babatda esasly tutarygy bolup bilmez! "Hamas" muny haýsy akyla gulluk edip etdikä? Ysraýylyñ şolar ýaly heñde, hatda ondanam wagşyýana görnüşde jogap berjegini bilenokmydylar? Bu işiñ içinde bir pyrryldak, dönüklik, hyýanat, meçew beriji jansyzlaryñ oýuny ýok bolsa, onda iñ uly gaflatlykdan we akmaklykdan başga zat däldir! Munuñ zyýanyny diñe palestin halky we gazalylar çekýär! Çaga-çuga, aýal-ebtat, garry-gurty müñlerçe bigänä adamyñ ölüminde "Hamas" toparynyñ jogapkärçiligi uludyr. "Hamas" öz halkyny ýyrtyjy haýwanyñ penjesine oklan topardyr. * * * "Hamasy" haýsy akyl dolandyrýarka? Elinde raketalardan başga agyr ýaragy (tanky, topy, söweşjeñ istrebitelleri, söweşjeñ gämisi, nyzamly goşuny) bolmadyk "Hamas" nämesine guwanyp güýçli goşunlary bolan Ysraýyla we onuñ howandary ABŞ-na uruş yglan etdi? "Şundan gowy mümkinçilik bolmaz" diýip, hüjüme geçen Ysraýyl häzir bigünä adamlary öldürip sebitiñ kartasyny üýtgetmegiñ kül-külüne düşdi... Bu uruşy duruzmaly... Kim muny oñaryp bilerkä? Utançsyz ýewropa ýurtlary agzyna suw alan ýaly dymýar... ABŞ bolsa ysraýyl wagşyýanalygyny alkyşlaýar... Ysraýyl goşuny guduz açýar... Aslynda siwilizlenen diýilýän külli Günbatar, demokrat diýilýän ABŞ we onuñ harby daýanç punkty Ysraýyl diñe gazalylary däl, külli adamzady gana çaýkaýar! * * * Palestin tragediýasyny protest etmek üçin ýurdumyzda mitingler geçirilýär. "Goşunlarymyz Gaza sürülsin!" diýip gygyrýanlaram tapylman duranok. Beýle uruş galmagalyny turzup galmagal etmek dogrumy? Ýok, elbetde! "Goşunlarymyz Gaza sürülsin!" diýip gygyryşýanlar ol ýere nähili gidiljegini, nirä ýerleşip nädip jemlenişmelidigini, nädeñde logistikany üpjün edip bolýandygyny pikir edenoklarmyka? Bular diñe özleriniñ göwnüni hoşlaýar, öz-özlerini aldaýarlar. "Hany, geliñ bakaly, sizi Gaza uruşmaga ýollalyñ" diýsek, näçesi gelip adyny ýazdyrarka? Partiýalaryñ biriniñ başlygy bu barada ýüregiñe jüñk bolýan şeýle zatlary diýdi: - Palestin mitingleri dilujy geçirilmesin, indi hakyky herekete geçilsin. Derhal ýüz tutma nokatlary guralsyn we Gaza gidip urşasy gelýänler birin-birin hasaba alynsyn, olaryñ atlary köpçülige mälim edilsin. Şeýdip oñarañzokmy, onda mundan beýläk "Ölenler biziñ din gardaşymyz" diýip, krokodil gözýaşlary dökülmesin we Palestina konfliktini gozgamak arkaly din eksplutasiýasy we tribuna şowhuny edilmesin. Kim ellerini tutýar? Özüne göwni ýetýän gelsin, bakaly! • GÜNÜÑ SÖZI "Türk halky ýüzlerçe ýyl bäri Allanyñ ady bilen aldanyp gelinýär!" (Professor Ýaşar Nuri Öztürk). Rahmi TURAN. "SÖZCÜ" gazeti, 01.11.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||