11:48 Görlüp-eşdilmedik zulum! | |
GÖRLÜP-EŞDILMEDIK ZULUM!
Publisistika
Eýýäm birnäçe günläp jemgyýeti başagaýlyga salýan we adamlaryñ wyždanyny syzladýan hadysalar bolup geçýär... Yzagalak, wagşyýana, gödek hadysa bu... Siwilizlenen ýurda gelişmeýär. Muglanyñ Milas etrabyndaky Akbelen tokaýy biynsaplyk bilen çapylyp ýok edilmäge çalşylýar! Özem hut döwletiñ eli bilen... Döwletiñ žandarmasy we howpsuzlyk güýçleri bilen... "Henize çenli bular ýaly zulum görmedik. Bu wagşyýana tokaý genosidiñizi togtadyñ!" diýip dady-perýat edip garşy çykan daýhanlara we olaty goldan tebigy gurşawy goramagyñ meýletinçilerine çäklendirilmedik ýanamalary ulanýar, üstlerine göz ýaşardyjy gaz, ýokary basyşly suw pürkýär, rezin dürreler bilen saýgylaýar. 24-nji iýulda başlan agaç kesişlige garşy protest hereketleri bir hepdeläp dowam etdi. 18 adam tussag astyna alyndy. Negözel arça, sosna agaçlaryny goramak ugrunda göreşen obaly görgülileriñ aglamasyna, ahy-nalasyna, eýläk-beýläk süýrelmegine ähli ygtyýarlylaryñ gulagyny ýapyp oturyşy nähili gynançly. Suduñ kararlarynyñ bardygyna garamazdan döwlet güýçleriniñ kesip-çapmakdan başga zady bilmeýän bähbitparaz iki firmanyñ tarapyny tutmagyna-da gynanman durmak mümkin däl. Sud äsgerilenok, halkyñ bähbitlerini goramaga borçly döwletiñ žandarmasy, howpsuzlyk güýçleri gara nebisden ýaña gözi gapylan hususy firmalaryñ işini añsatlaşdyrmak üçin protestçilere juda ýowuz daraýar. Berilýän görkezme şeýle-dä! * * * Ýurduñ niresinde tebigata kast edilse, agaçlar rehimsizlik bilen çapylmaga, tokaýlar wagşyýana ýok edilmäge başlansa oña garşy çykmaga synanyşýanlar ýene köplenç "çepçiler, aktiwistler, ateistler, deistler, watan dönügi..." diýilýän ýaşlar bolýar… “Halk, Watan..." diýip bogazyny ýyrtyp gygyrýanlar, "Baýdak üçin janymyzy bermäge taýýar" diýip, bir garyş watan topragy üçin älem-jahany düñderip taşlajagyny aýdýanlaryñ birem göze ilenok. Bularyñ Akbelen tokaý çapyşlygyny ses-üýnlerini çykarman diñe syn edip oñmaklary nämedenkä eýse? Watana bolan söýgüleriniñ çäksizdigi üçinmikä? * * * Bu dawa-jenjelleriñ sebäbi näme? Nädip beýle wagşyýana tebigy genosidi edip bilýärler? Akbelen tokaýynyñ astynda baý lignit (бурый уголь) ýataklary bar. Lignit termiki beketlerde ulanylýan kömür... Iki firma bu ýataklardan peýdalanmak üçin döwletden ýer bölüp alyp, gürrüñi edilýän negözel tokaýy birujundan rehim-şepagatsyzlyk bilen pürreläp başlapdyr! Lignit kömüri üçin ümmülmez tokaýy zalymlarça ýok etmek, ösümlik örtügini ýok edip müñlerçe daýhanymyzyñ ýazygyna galmak we olary perişan halda goýmak akyla sygjak iş däl... Emma näçe nebsimiz agyrsa-da, häzir milli gymmatlyklarymyzy, tokaý gorumyzy göýä aklymyzdan azaşan ýaly weýran edýäris! Dünýäniñ beýleki ýurtlary tokaýlaryna gözüniñ göreji ýaly seredýär, biz bolsa termiki beketlere kömür gerek diýip müñlerçe agajy çapýarys, tebigata arka durýan adamlarymyza zulum edýäris. Ýurdy siwilizasiýadan uzaklaşdyryp, yza tesdirýän hökmürowanlary geljekki nesiller nähili ýatlarka, bilemok. Herhal, ýagşylykda ýatlamasalar gerek! * * * Gadyrdanym, ýurduñ boljagy boldy... Halk arasynda meşhur bolan bir aýtgy bardyr: Düýä "Arkañ egri" diýipdirler. Ol "Dogry ýerim barmy näme?" diýip jogap beripdir. Biziñ ýagdaýymyzam düýäñ ýagdaýyna meñzeýär… Ildeşlerimiziñ birinden şeýle hat gelip gowuşdy. Bir däl, iki däl, başga-da birnäçe okyjydan şeýle hatlar geldi. Ýaşaýyş jaýlarynyñ golaýyndaky elektrik şitiniñ ýüzüne bir agaç gelip urlupdyr we agajyñ zarbyna şitiñ "Ölüm howply" ýazgyly gapagy gopupdyr... Ýaşaýjylar we şol ýere golaý ýerdäki restoranyñ işgärleri elektrik toguny paýlaýjy "AYDEM" firmasyna şitiñ gapaksyz we açyk ýagdaýda ýatandygyny, onuñ kabellerinde ýüzlerçe woltlyk tok bardygy üçin howp döredýändigini, muny haýal etmän bejermelidigini ýatladypdyrlar... Aradan on gün geçenem bolsa, ne gelen bolupdyr, ne giden... Elektrik şiti häzirem açyk halda ýatyr. Kimem bolsa biriniñ tok urup ölmesine garaşýandyrlar-da! • HENEK: Nämä gyssandylarka? Mundan 2600 ýyl öñ ýaşap geçen hytaýly akyldar Konfusiý bir gezek uruş bolan meýdanyñ üstünden geçildir. Seretse, ýerde müñlerçe öli ýatan eken... Ol "Bulara näme bolduka beýle?" diýip sorapdyr. Kömekçisi "Söweşde biri-birlerini öldüripdirler" diýipdir. Konfusiý ajy ýylgyryp şeýle diýipdir: - Adamlaryñ geñdigini... Nämä gyssandylarka? Azajyk sabyr eden bolsalar, şeýle-de ölüp gitjekler-ä! • GÜNÜÑ SÖZI Bilmek adama güýç we göwnipeslik berýär, sowatsyzlyk bolsa biedeplik berýär! * * * Hakyky garyplar zady azlar däl-de, gözi zatdan doýmaýanlardyr! Rahmi TURAN. "SÖZCÜ" gazeti, 31.07.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |