23:38 Gaza tragediýasy Atatürke garşy gidýänlere sapak bolmaly! | |
GAZA TRAGEDIÝASY ATATÜRKE GARŞY GIDÝÄNLERE SAPAK BOLMALY!
Publisistika
ABŞ-nyñ goldawyndaky Ysraýylyñ Gazada döreden döwlet terrory, etniki arassalaýyş, bigünä adamlaryñ öldürilmegi diñe hukukdan däl, adamkärçilikdenem daş wagşylykdyr we bu ýurdumyzdaky käbir gatlaklara-da sapak bolmaly. Häzir respublikamyzy halamaýanlar, dürli edara-kärhanalardan respublikan emblemany aýyrýanlar, Atatürke sögüp-gargynyp býustlaryny haraplap, heýkellerini zaýalaýanlar bar! Bu tentekler Gazanyñ we Palestinanyñ başyna gelenleri, bigünä halkyñ depesine ýagdyrylýan bombalary, bolup geçýän adamzat tragediýasyny görüp oturandyrlar. ABŞ-nyñ prezidenti Baýdeniñ Ysraýylyñ premýer-ministri Netanýahu bilen gujaklaşyp "Amerikanyñ Birleşen Ştatlary doly Ysraýylyñ tarapyndadyr. Gazada söweşip ýören gahrymanlary gutlaýaryn" diýendigine hemmeler şaýat boldy. Ine, imperialistik dünýäniñ wagşyýana adalaty şular ýaly bolýar! Olar ýurtlary basyp almagy, öldürmegi gaty gowy bilýärler! * * * Eger... Mustapa Kemal Atatürk basybalyjy döwletlere garşy göreşip, Azat-edijilik urşunda üstün çykmadyk bolsa... Eger... 1923-nji ýylda Ismet Inönüniñ başlyklygyndaky türk delegasiýasy Lozan şertnamasyna gol çekmedik bolsa... Eger... Atatürk we onuñ egindeşleri adatdan daşary tagallalary edip Türkiýe Respublikasyny jümle-jahana garaşsyz döwlet diýip ykrar etdirmedik bolsa... Häzir Türkiýäniñ başyna Gazadaky pajygalara meñzeş wakalar gelerdi, ýerimize göz dikýän ABŞ we onuñ şaýkalary üstümize çöwjäp, depämizden bomba ýagdyrardylar. Megerem, gazalylaryñ kysmatyny başdan geçirerdik! * * * Günbatar - "Garaşsyzlyk gimnimiziñ" awtory Mehmet Akif Ersoýyñ aýdyşy ýaly "Medeniýet diýeniñ täk özi çuw-ýalañaç bolup galan mahlukdyr". Hernä, elimizde Atatürkiñ saýasynda gazanan Lozan şertnamamyz bar. Bu şertnama Türkiýäniñ kepillik hatydyr. Häzir Atatürke paýyş sögünýänler birsellem şuny pikir etsinler... Indi Mustapa Kemal Atatürk ýok, emma biz türk ulusy bolup şindizem onuñ miras galdyran ýurdunda ýaşap ýörüs. * * * Eger 1923-nji ýylda Lozan ýaraşyk şertnamasyna gol çekilmegini üpjün etmedik bolsak, Türkiýe basybalyjylar bilen tüýtmeleşmäge mejbur bolarsy, ABŞ-nyñ prezidenti Baýden ýalylaram gelip duşmanlarymyzyñ arkasyny sypardy! Şu ýerde ABŞ-nyn Lozan ýaraşyk şertnamasyny şol günden bäri şindizem üstünden 100 ýyl geçendigine garamazdan oñlamandygyny ýatlatmak gerek. Diýmek, ýerimizde gözi bar! Amerika diýilýän, ine, şular ýaly! Ýakyn Gündogarda elin döredilýän pajygaly wakalardan almaly derslerimiz bar! * * * Eý, respublikan döwlet gurluşynyñ we Atatürkiñ duşmanlary! Eliñizi wyždanyñyza goýup, şu gün garaşsyz, azat ýurt bolup ýaşaýandygymyza şükür edip, muny gazanan Atatürkiñ we onuñ egindeşleriniñ ýagty ruhuna doga-dileg ediñ. Mustapa Kemal Atatürk ýaly atamyzyñ bardygy üçin Hudaýa näçe şükür etsegem az bolar. • Protest demonstrasiýalaryny geçirmek gowy zatdyr welin, daşlamak nämäniñ alamaty? Ysraýylyñ adamkärçilige sygmaýan hüjümleri ýurdumyzda gahar-gazap döretdi. Syýasat, sungat, sport, işewürlik dünýäsiniñ tanalýan adamlary Gazadaky ýürekleri paralaýan bombaly hüjümleri berk garşylyk berdiler. Şeýle-de ildeşlerimizem Ysraýylyñ Stambuldaky we Ankaradaky konsulluklarynyñ we ilçihanalarynyñ öñünde sloganlara gygyryp, binalary daşlady. Slogana gygyrmagam, protest çykyşlaryny etmegem gowy zatdyr welin... daşlamak nämä gerek? Ine, şu ýeri ýalñyş boldy! Öz ýurduñdaky diplomatiki wekilhanalaryñ jaýyny daşlan bolmagyñ Gaza dawasy hiç hili peýdasy ýok. Ähli ýurtlaryñ konsullyklary we ilçihanalary döwletiñ goragy astyndadyr. Ysraýyl ilçihanalaryna we konsullyklaryna edilen daşly hüjümleriñ öñüni türk polisiýasy alyp başardy, emma protestçiler polisiýa işgärlerimiz bilenem çaknyşdy. Seresap bolaweriñ-how, adamlar! Ýurdumyzy ýer ýüzüne "howpsuz ýurt" hökmünde görkezjek bolýan prowokatorlaryñ içini ýakyp, meçew berijileriñ oýnuna aldanmañ. • GÜNÜÑ SÖZI Agalygyny elden gideren uluslaryñ ýitirjek başga zady bolmaz! Rahmi TURAN. "SÖZCÜ" gazeti, 21.10.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |