00:23 Esadyñ çöküşinden sapak almak lazym! | |
ESADYÑ ÇÖKÜŞINDEN SAPAK ALMAK LAZYM!
Publisistika
Hemme diktatorlaryñ soñy biri-birine meñzeýär. Taryhyñ dürli döwürlerinde elmydama görlüp gelinse-de, sapak alynmandyr! Wah, şu ambisiýa! Wah, şu güýç zäherlenmesi! Daşa gitmegiñ geregi ýok! Ýakyn taryhda nämeler bolupdy? Ýakyn taryha ser salalyñ: Rumyniýada Çawuşesku we onuñ aýaly oka tutulypdy... Liwiýada Kaddafi õz halky tarapyndan tike-tike edilipdi... Yrakda Saddam ýörite sud edilip ölüm jezasyna höküm edilipdi... Esad hem köşgüni, bol-telki durmuşyny taşlap Siriýadan gaçmasa, soñy şolañkydan gowy bolmaly däldi! Iñ soñky pursatda maşgalasy bilen birlikde Russiýa gaçyp janyny halas etdi! * * * Siriýada heýkeller ýykyldy, adamlar şatlykly tans etdiler, çar künjegi ýeñşiñ şatlygy gurşap aldy. Siriýalylar bu şatlykly pursatlara añryýany bilen mynasyp, ýöne... Olaryñ ýurtlary halas boldumyka? Hawa, Esad ýaly zalym diktatordan halas boldular, ýöne olar mundan soñ arkaýynlykda, asuda durmuşda ýaşap bilermikäler? Sözüñ doly manysyndaky demokratiýa gowşarmykalar? Bu örän şübheli, hatda meniñ pikirimçe mümkin däl! Haýsy arap ýurdunda demokratiýa bar, Siriyada bolar ýaly? * * * Demokratiýa - ösen, progressiw jemgyýetleriñ dolandyryş stilidir. Yzagalak, jahyl, fanat jemgyýetleriñ däl! Birnäçe okyjym sorag berýär: Esad režimini ýykan HTŞ näme? Kim? Kimleriñ şärikdeşi? HTŞ - arap dilinde "Heýet-u Tahriri’ş Şam", ýagny "Şam Azat-edijilik topary" manysyny berýär. Halkara jemgyýetleriñ köpüsi HTŞ-ny terrorçy topar hasaplaýar. Türkiýe hem 2018-nji ýylda HTŞ-ny terrorçy toparlaryñ sanawyna goşandygyny mälim edipdi. Alty ýyl öñ terrorçy hasap eden toparynyñ ýeñşini häzir biziñkileriñ uly joşgun bilen garşylamagy diýseñ täsin. * * * HTŞ kimleriñ meýilnamasyny ýerine ýetirýär? Bu ýagdaý heniz nämälimligine galýar. Siriýasa ähli gatlaklara wekilçilik edýän adalatly düzgün gurularmyka? Ýa bolmasa haos bolarmy? Indi Siriýanyñ iñ kyn döwri başlaýar. Serhet goñşymyz bolan Siriýanyñ çöküşi Türkiýe üçin utuşly taraplary-da getirip biler, ýitgi-de çekdirip biler. Iñ esasysy, sagdyn syýasy ugurlardan ýöremek we akyl-paýhasyñ ýolundan azaşmazlyk! Garyplyk we gadagançylyklar soltanlygy iýip-gemrip gutardy! Ýeñiş şatlygy, azatlygyña gowuşmagyñ emele getiren baýramçylyk howasy - bularyñ hemmesi gowy zat, ýöne aslynda Siriýanyñ iñ kyn döwri indi başlaýar. Ýurduñ kyrk göterimi amerikanlaryñ goldaýan PKK/PÝD terrorçy toparynyñ elinde... ABŞ Siriýanyñ demirgazygynda Ysraýyla goldaw bolmagy üçin kürt döwletini gurjak bolýar. PKK/PÝD-niñ basyp alan ýerlerinden öz erkine çykmajagyna görä, Siriýa ymykly bölündi diýen ýaly... * * * Ýyllyk girdejisi 10 milliard dollar bolan Siriýanyñ 140 milliard dollar daşarky bergisi bar. Bu bergileriñ hemmesi diýen ýaly Russiýa we Eýrana... Agdarylan diktator Esad bu pullaryñ köpüsini ýaraga, özüne gurduran köşküne we köşklere, alan lýuks uçarlaryna, goragçylaryna we ýallakçylaryna harçlady. Halk söz bilen beýan edip bolmajak derejede garyp düşdi. Bir gullukçy ýa ofiser aýda 13 dollar aýlyk alar ýaly pes ýagdaýa düşdi. Millionlarça siriýaly ýurduny taşlap gaçdy. 13 dollar ýaly masgaralaýjy aýlyk alandyklary üçin aç-hor ýaşap durmuşdan bizar bolan siriýaly ofiserler we esgerler söweşmezden yza çekildi we ýurdy HTŞ-niñ eline berdi. Her diktator ýaly Esadyñ "görkana" soltanlygy-da soñlandy! Adalatsyzlyk, garyplyk, fanatizm, yzagalaklyk, mezhep çaknyşyklary, tireparazlyk, korrupsiýa we gadagançylyklar Esady ýykdy! * * * Bu tragiki kyssadan almaly sapaklaryñ birem - ýurtda demokratiýanyñ, asudalygyñ, parahatçylygyñ we agzybirligiñ nähili wajyplygydyr. Beýik Atatürküñ "Ýurtda parahatçylyk - dünýäde parahatçylyk" ýörelgesini ýatdan çykarmazlyk, ýurt bolup gereksiz hokgalary gözlemezlik, pähim-paýhasly we oýlanyşykly syýasy doktrinalardan asla gyşarmazlyk gerek. • Günüñ sözi Utanmaga ýüzi ýok adamlaryñ wyždanlary-da bolmaýar! Rahmi TURAN. "SÖZCÜ" gazeti, 11.12.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |