09:37 Satira göýdükligi | |
SATIRA GÖÝDÜKLIGI
Publisistika
Soñky ýyllarda satira we ýumor duýgusy seýrekledi, gülmegi we ýylgyrmagy ýatdan çykaran jemgyýete öwrüldik. Näme sebäpli beýle bolduka? Satira we ýumor diñe demokratiýanyñ bar ýerinde gol-pudak ýaýradyp bilýär. Başga sebäbi ýok... Haýsy ýurtda söýginiñ, parahatçylygyñ we hoşniýetliligiñ ýerini ýigrenç, gahar-gazap we dawa-jenjel eýelese, şol ýurduñ satira-ýumory-da bütinleý ýok bolup, jemgyýet göýdükleşýär. Şäheriñ köçelerinde, prospektlerinde barýarkañyz, adamlaryñ ýüzüne syn edip görüñ. Heý, nämedir bir zada gülüp-şatlanyp barýan adam görýärsiñizmi? Satira we ýumor pikirleri, düşünjeleri, tankydy bellikleri gülkä salyp aýdýan inçe sungatdyr... Emma her ugurda bolşy ýaly bu ugurda-da günbe-günden agsaýarys. * * * Bulary näme üçin ýazdym? Okyjylarymdan yzygiderli hatlar gelýär: "Siziñ makalalaryñyzyñ aşagynda karikaturalary çykýan Ergin Asýalyny birnäçe ýyl bäri tanaýarys. Öñki ýyllarda Süleýman Demireli, Bülent Ejewiti, Nejmetdin Erbakany, hatda Alparslan Türkeşi çekip, karikaturalaryny hasam bezeýärdi. Ol indi nämüçin syýasatçylaryñ karikaturasyny çekmeýärkä, nämüçin onuñ temasynda diñe ýönekeý raýatlar bar?" diýen ýaly soraglar berilýär. Munuñ sebäbi ýönekeý, hormatly okyjylar: Syýasatda hoşniýetlilik diýen zatdan nam-nyşan galmady... Indi ýurtlary dolandyrýanlar göwünlerine ýaramadyk karikaturany gören batlaryna, şobada suda ýüz tutýarlar. Diñe çapak çalyp alkyş okaýanlara ýol berýärler. Karikatura žanry tankyt sungatydyr. Ýallakçylyk edilip, ýaranjañlyk bilen karikatura çekip bolmaýar. Ergin Asýaly gyzyldan gymmatly wagtyny sudyñ zallarynda ýa-da türmelerde geçirmejek bolup, hoşniýetlilik duýgusyndan mahrum syýasatçylaryñ karikaturasyny çyzmaga ýanaşanok. * * * Ugur Dündar şu ýylyñ 3-nji ýanwaryndaky makalasynda 12 ýyl mundan öñ ýazan makalasyny ýatladyp geçipdi. Ondaky gozgalýan pikirleri şu ýerde okyjylarymyza jogap hökmünde ýetirsegem bolar: "Fransiýanyñ legendar prezidenti general Şarl de Goll Medeniýet ministrinden sorapdyr: - Halypa, soñky döwür karikaturaçular meniñ suratymy çekenok-la. Ýa halk indi meni halanokmyka? General Şarl de Goll karikaturalarynyñ çekilmegini isleýär. Ol muny halkynyñ gyzyklanmasyna we söýgüsine baglanyşdyrýar. Biziñ "ösen" demokratiýamyzda bolsa karikaturaçylar suda berilýär. Başga diýere söz barmy näme? Sözüñ gutaran ýeri şu bolsa gerek?" • GÜNÜÑ SÖZI Jahyl adam nämüçin beter howply bolýar? Watanyny pula satyp bilýär, şoñ üçin! Rahmi TURAN. "SÖZCÜ" gazeti, 14.01.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |