20:24 Kim jahylyýetiñ tarapdary? | |
KIM JAHYLYÝETIÑ TARAPDARY?
Publisistika
"Faraon kimin ýaşap, Musadygyny aýdýanlar... Nemrut kimin pikir edip Ybraýym pygamberi oda atandan soñ özüniñ Ybraýymdygyny aýdýanlar... Ebu Jehil kimin ýaşap, Muhammet pygamberiñ (s.a.w) mirasdüşeridigini aýdýanlar... "Men pygamberiñ neslinden" diýip ýalan sözläp, almaz daşly tagtlarda oturýan, iñ soñky model "Mersedeslerde" gezýän namazlyk şeýtanlary... Hind kimin ýaşap, özüniñ Äşedigini, Hatyjadygyny aýdýanlar döredi. Jahylyýet döwrüniñ ähli adatlary janlandy, gulçulyk düzgüni dikeldildi. Süýthorçylyk resmileşdirildi, 60 million adam berginiñ batgasynda urunýar. Ýurt halkara süýthorlaryñ elinde goly-aýagy baglanan bendä öwrüldi. Küpür mähellesinde, ýalan meýdanynda, hile köçesinde yslam satylar hala geldi... Häzir içiñizden köpiñiziñ "Bular dogry, ýöne munhñ çykalgasy nirede?" diýýänsiñiz! Hemişe hemme zadyñ çykalgasy bar. Ýol petikli bolsa, ýa böwetleri ýa açmaly, ýa täze ýol arçamaly. Emma hemme zatdan öñ bütin türk halkynhñ ýokarda ýazylan ajy hakykatlary kabul edip, ugruny kesgitlemegi gerek. Ýalñyşy, erbedi, hapalygy bilmesek, dogryny, gowyny, pwadany tapyp bilmeris! Syýasatçylar, intelligensiýa, alymlar, ýazyjy-şahyrlar dogryny aýtmasalar, türk milletine hakykatlary nädip ýetireris? Bu biçäre adamlary namazlyk şeýtanlarynyñ elinden nädip halas ederis? Çykalgany tapmak üçin hemmeler tarapyny belli etmeli. Kim yzagalaklyklygyñ, dini fanatizmiñ, jahylyýetiñ tarapynda, bileliñ-ä! Kim döwrebaplygyñ, ylym-bilimiñ, akyl-paýhasyñ, demokratoýanyñ we dünýewi respublikanyñ, Atatürküñ tarapynda, onam bileliñ! Respublikanyñ, demokratiýanyñ, Atatürküñ tarapynda ýaly görnüp, tarykat-jemagat şarlatanlarynyñ gujagyna girenleriñ, ogurlyk puly bilen syýasat satýanlaryñ nikabyny sypyrmazdan we döwürleýin ýallakçylardan hasap soramazsan hiç kimsä arkaýyn ýok! Şuny bek ýadyñyzda saklañ..." * * * Söýgüli okyjylar, ýokardaky sözler "Doğru" partiýasynyñ esaslandyryjy başlygy Rifat Serdarogluna degişli. Watansöýüji syýasatçynyñ pikirlerini siziñ bilen paýlaşasym geldi. Serdarogly sesini kän eşitdirip bilmese-de, ýigidiñ hakyny ýigide bermek gerek... Ol gowy we netijeli oppozision göreş alyp barýar, ildeşlerimize hakykatlary ýetirmek üçin jan edýär. Her syýasatçy şonuñ ýaly çyr-çytyr bolup göreşse, dogry maglumatlar bilen halky oýandyrmagyñ gamyny iýse, megerem häzir ýurdumyzyñ ýagdaýy has başga hili bolardy. • GÜNÜÑ SÖZI Aşylmasy mümkin däl hiç hili kynçylyk ýokdur. Hernä akyl-paýhasdan, ylym-bilimden we Atatürkden daş düşme! Rahmi TURAN. "SÖZCÜ" gazeti, 11.08.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||