22:44 ABŞ soñlandymy? | |
ABŞ SOÑLANDYMY?
Publisistika
Bu asyr bulam-bujar bolmakdan has beter başlan badyna amerikan güýjüniñ "Ekizekler" diñi hadysasynyñ ("11-nji sentýabr" terakty) elhençliginden gorkýan girew hökmünde ýüze çykmagy bilen başlady Şular ýaly rubrikalar sensassional žurnalistler tarapyndan, aýratynam şular ýaly uly soraga bermäge jogaby bolmadyk kişiler tarapyndan ulanylýar. Emma dünýäniñ häzirki çarkandakly ýowuz döwründen bäri ABŞ-nyñ başdan geçirýän kelle bulaşyklygy agzalan soragy dünýäniñ çar künjündäki adamlaryñ diline düşen adaty jümlesine öwürdi. Birküç hepde öñ amerikan ykdysadyýeti, şol sanda global ykdysadyýet hem batmagyñ bir gyrasyna gelip diredi. ABŞ howpurgadyjy görkezijilere ýeten bergilerini töläp bilmeýän ýurt ýaly bolup görünse-de, Hytaý aşa puluñ we ösüşiñ içinde gark bolýana meñzeýärdi. Amerikan habar beriş serişdeleri bilen birlikde dünýä gazetleri nädip we haçan çykyljagyny hiç kimsäñ bilmeýän graždanlyk urşunyñ howpundan söz açýar. Uly ýangynlaryñ tutaşmagyna sebäp bolup biljek köp sanly agyr jenaýatlaryñ barha artmagy bilen birlikde jynsparazçylykly dartgynlylyk, aýratynam polisiýa işgärleriniñ arasynda altmyşynjy ýyllardan bäri iñ ýokary derejä çykdy. Bütin bular bilen birlikde amerikan hökümetiniñ özem diýseñ gaýgylandyryjy we ynjyk döwri başdan geçirýär. ABŞ-nyñ prezidenti Jo Baýden halk köpçüliginiñ öñünde edýän çykyşlarynda büdräp ýykylmagyny bes etmeýär we şol bir wagtyñ özünde indiki saýlaw bäsleşiginde iñ garry kandidat hökmünde girmäge höwesek. Beýleki bir ýandan öñki prezident Donald Tramp Ak tamy, özüni hem-de amerikan at-abraýyny ýere sokýan derñew proseslerine itekleýär. Şular ýaly görlüp-eşdilmedik döwüre daşary syýasatda, aýratynam Barak Obama hökümetiniñ ýarany we dosty Jo Baýdene-de miras galdyran birtopar meseläniñ öýjügi bolan Ýakyn Gündogar görnetin päsgelçilik bolup goşulýar. Şu ýerde Baýden ABŞ-nyñ tradision taýdan aýgytlaýjy hyzmatdaşlar bilen aýratynam energetika pudagynda biri-birine baglaýan esasy gatnaşyklardan ýaramaz peýdalandy. Şeýle bulaşyk kartina XX asyryñ "Life", "Time" žurnallarynyñ eýesi Genri Lýusyñ 1941-nji ýylda yglan eden "Amerikan asyry" kartinasyndan tapawutly. Bu asyr bulam-bujar bolmakdan has beter başlan badyna amerikan güýjüniñ "Ekizekler" diñi hadysasynyñ ("11-nji sentýabr" terakty) elhençliginden gorkýan girew hökmünde ýüze çykmagy bilen başlady. Gürrüñimizi entek dowam etdireris. Ýekşenbe, 02.07.2023 ý. • DÜNÝÄ GÜNBATARDAN YBARAT DÄL Öñümizdäki asyr göterjek adyna garaşýar. Emma ýene bir gezek "amerikan asyry" adyny alyp bilmezligi ähtimal ABŞ-ny Nýu-Ýorkdaky diñleri bilen Waşingtondaky Goranmak ministrliginiñ binasynyñ arasynda uran sarsgyn ABŞ-nyñ köp sanly dostuny we duşmanyny "amerikan asyrynyñ" ýerine başga at gözlemäge iterdi. "Ýapon asyry" diýýänem bar, "rus asyry" diýýänem. Köpüsi-de "hytaý asyry" diýýär. Emma hiç kimse "ýewropa asyry" diýenok. Çünki öñki Goranmak ministri Donald Ramsfeldiñ hem aýdyşy ýaly Ýewropa "hakykatdanam garran yklym". Analitikler we taryhçylar ABŞ-nyñ gowşandygyna taryhyñ dürli döwründe gaýtalanyp gelen tebigy faktor hökmünde baha berýär. Bu ýagdaý dünýäni doly eýelän Rim imperiýasynyñam başyna geldi, üstünde gün batmaýan Britaniýa imperiýasynyñam... Nýu-Ýork partlamasy-da has öñ Sowet Soýizynyñ başyna gelenler bilen deñeşdirip görlende, bolaýmaly hadysa ýaly bolup görünipdi. Emma ABŞ-nyñ gününiñ batmagy hakdaky atypan pallar, satylan bilgiçlikler gyssanmaçdy we gereginden artyk çişirilýärdi. ABŞ-nyñ güýji soñam artyp, amerikan ýaraglary kämilleşip, ylmy laboratoriýalary öñdeligi saklap geldi. Waşington ýerde elden giderenlerini kosmos giñişliginde gazandy. Dünýäniñ ýaşaýyş-durmuş formasy hemme ýerde höküm süren amerikan sadalygy bolup galdy. Geçen asyryñ ortasynda hemmeler diýen ýaly resmi egin-eşikleri we galstuklary çykardy we jinsi jalbar geýmäge başlady. "Iñ köp satyn alynan kitaplar" okaldy. Golliwudyñ kinofilmleri bilen gepleşikleriniñ ölemen muşdaklary döredi. "Apple", "Microsoft" hemme öýlere, ofislere aralaşdy. Adamzat medeniýetleri geçmişde Gündogardan we onuñ edebiýatyndan, Ortaýer deñzinden we elipbiýi bilen sanlaryndan gelip çykan bolsa, modern dünýäde-de hemme zat ýewropa medeniýetini-de gysja salan amerikan we iñlis medeniýetleriniñ miwesi boldy. Şol bir wagtyñ özünde beýleki medeniýetlerem ösýärdi. Meşhur taryhçy Artur Şlezinger ABŞ-nyñ 1900-njy ýylda iñ ylym-bilimli ýurlugyndan, şu asyryñ başynda 45-nji orna düşenligini aýdýar. Supergüýç Latyn Amerikasyndaky we Orta Amerikadaky iñ erbet diktaturalary we ýabanylaşan režimleri goldamakdan birjigem utanmady. Şol bir ýagdaýda öñler Hindihytaý diýilýän sebitde Wýetnamda we onuñ töwereginde iñ erbet uruşlary göze dürtüp goýdy. Käbir sosiologlar geçmiş döwri 1820-nji ýyl bilen 1920-nji ýylyñ arasyndaky iñlis asyry, 1920-nji ýyl bilen 2020-nji ýylyñ arasyny amerikan asyry hökmünde ikä böldi. Öñümizdäki asyr göterjek adyna garaşýar. Emma indi bu gezek "amerikan asyry" adyny alyp bilmezligi ähtimal. Bu boýunça iñ köp şübhelenýänem meşhur alym Semýuel Hantington. Hantington öñbaşçy Günbatar dünýäsiniñ gurulandygyny aýdýanlaryñ tekepbir, ýalñyşdyryjy, kezzap bolup, hemmeler üçin howpludygyny aýdypdy. Duşenbe, 03.07.2023 ý. • ABŞ GOWŞADY, ÝÖÑE SOÑLANMADY! Häzir ABŞ abort hukugy, ten azatlygy ýaly şygarlardan ýa-da ilkibaşky ideallary ýatdan çykardyp, beýleki meseleleri iñ wajyp meselä öwren we öñküsiniñ doly tersine öwrülen "täze liberalizmden" ejir çekýär Häzir bolşy ýaly, ABŞ-nyñ pese düşenligiginden söz açylyberse, konserwatiwleriñ amerikan modeliniñ tarapyny tutmagy güýjäberýär. Edil Oklahomadaky ýük awtoulagynyñ sürüjisiniñ Portugaliýadaky lukman bilen bir aýlygy alşyny aýtmak ýaly... Birem ýokary okuw jaýlarynda işleýänleriñ ýaşaýşynyñ gowudygyny ýanjap oturanlar bar. Hytaýlylar, hindistanlylar maglumat gözleme höwesleri bilen öñe saýlansalaram, ABŞ bilen deñeşdirende şindizem olaryñ okuwçylary ýaly görülýär. Hytaýly we hindistanly elitalar (dünýädäki beýleki elitalatdan söz açmagyñ geregi-de ýok) şindizem amerikan ýokary okuw jaýlaryna gelip, olardan sertifikat we diplom aljak bolýarlar. Amerikanlaryñ dünýä düzgüniniñ merkezine ýerleşdiren üç zady heniz üýtgemedi: ykdysady sistema, tehnologiýa, köpçülikleýin gyryş ýaraglary. Doktor Hüseýin Kenanyñ "ABŞ-da liberalizmiñ ýoly" atly täze kitabynda aýdyşy ýaly, bir krizis ýa-da pese gaçyşlyk bar bolsa, amerikan ölçegi bilen deñeşdirilýär. ABŞ ýer ýüzüne liberal düşünýäni ahlak utopiýasy prinsipinde hödürledi. Ýöne häzir ABŞ abort hukugy, ten azatlygy ýaly şygarlary ýa-da ilkibaşky ideallary ýatdan çykardan, beýleki meseleleri iñ wajyp meselä öwren we öñküsiniñ doly tersine öwrülen "täze liberalizmden" ekir çekýär. H.Kenan uzak wagtlap ABŞ-da ýaşady we abraýly ýokary okuw jaýlarynda leksiýa berdi. Hemişe diýen ýaly amerikan modeliniñ beýleki ýurtlarda ornaşdyrylmagynyñ gerekdigini öñe sürdi. Şol etapda amerikan konstitusiýasyna degişli düşündirişi Liwandaky ýa-da beýleki üçünji derejeli ýurtlardaky konstitusiýalar bilen deñeşdiren ýaly bolup görünýär. Awtor hukuk hökümlerine, urp-adatlara onçakly üns bermeýän halklar üçin garym-gatym syýasy meseläni düşündirende ylmy gözýetimindenem daşlaşmaýar. Şunuñ bilen baglanyşyklylykda ABŞ-nyñ prezidenti Barak Obamanyñ sosial sazlaşyk üçin hödürlänleri hakdaky tejribesine haýran galandygyny aýdýar. Şonuñ bilen birlikde Obamanyñ arap dünýäsinde alyp baran syýasatyny-da goldaýar. Biz şu babatda onuñ bilen ylalaşman bileris. Edward Gibbon şu adalgany orta atanyndan bäri, "Rim imperiýasynyñ agsamagy azaldy we dünýä imperiýalaryñ çökmegi üçin käbir ölçegleri goýdy". Belki-de, Waşingtonda görýän zatlarymyzam şoña meñzeýändir. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Sişenbe, 04.07.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |