Döwür hakda, durmuş hakda
AÇGÖZLÜK KESELI
Bir müñ dokuz ýüz altmyş ikinji ýylda çykan "Türkmen diliniñ sözlüginde" "Açgözlük" diýen söz şeýle häsiýetlendirilýär: "Hiç zatdan gözi doýmazlyk, hiç zatdan ganmazlyk, husytlyk, gysgançlyk".
Ýygnany ýedi pyşdyna ýetse-de, doýdumy-doldumy bolmadyklar barada pikir ýöredenimde, uniwersitetiñ hormatly mugallymlarynyñ biri, belli dilçi alym Sapar Güjükowyñ mundan on-on iki ýyl ozal beren bir wakasy ýadyma düşýär. Onuñ manysy şeýleräkdi: urşuñ gahatçylykly döwri. Her kim bir döwüm çöregiñ zar-zelili. Hojalygyñ ýolbaşçysynyñ ýanyna bugdaý diläp gelýäniñ añyrsy-bärsi ýok. Günlerde bir gün bugdaýçylyga garawul durýan ýaşuly hem başlygyñ ýanyna baryp, gallaç galandygyny aýdypdyr. Açlyk wagty haýsy biriniñ garnyny doýurjagyny bilmän ýören başlyk uly iliñ hormatlaýan bu ýaşulusyna edil dogrulamasa-da, aýlawly gepler bilen düşündiripdir: "Aý, pylany aga, sen bir maña azar bermän, özüñden oñjak bolaýsana!"
Şundan soñ tutuş bugdaýlygyñ garawuly nädendir öýdýärsiñiz? Towly gürrüñiñ manysyna düşünip-düşünmez ýaly, ol ýaşuly çagajyk däldi. Ýöne süññi halal kişi halkyñ emlägine el urmaga milt edip bilmändir. Üç-dört gün geçenden soñ ony öýünden öli tapypdyrlar. Ol açlygyndan ölüpdir. Özi çöregiñ üstünde oturyp, çöreksiz kösenipdir. Ýaşuly il-günüñ emlägini ogurlap, namysyñ astynda galandan aç ölenini gowy görüpdir.
Häzirki açgözleriñ bu gürrüñi eşidip: "Ýagşam bir iş bitiripdir. Süññüñ halallygyny ölüp subut etmegiñ özi baryp ýatan nadanlyk!" diýşip, kikirdejekdiklerini bilip durun. Sebäbi, açgözüñ ruhy dünýäsi bir başga. Ýöne zatdan doýmaýanlaryñ ruhy dünýäsi bir başga. Ýöne ikisini gepletseñ-de, özüniñkini dürs çykarar!
Açgözlügiñ manysyny düýbi-teýkary bilen seljermek bize kyn düşer. Ýöne zatdan doýmaýanlaryñ ruhy dünýäsiniñ juda garypdygyny ikirjiñlenmän nygtamak gerek. Içki dünýäsi baý adam hiç haçan baýlyga kowalaşmaýar. Ol sähel zada kaýyl. Aslynda baýlyk onuñ üçin artykmaç hossa.
Açgözlügiñ görnüşi köp. Şolaryñ ýadyma galanlaryny agzap geçeýin.
Howlusy, ýaşara öýi bardyr. Ýöne bujagaza kanagat etmez. Göz boýagçylyk bilen döwletden bir tarapy üç otagly, beýleki tarapy dört otagly iki seksiýa alar. Olarda özem ýaşamaz, çagalaram. Jaýlaryñ ikisi-de daşary ýurtlylaryñ ygtyýaryndadyr. Her jaýyñ eýesindenem aýyna 3000-4000 dollar alýandyr.
Açgöz şunuñ bilenem kanagatlanmaz. Şol alýan dollarlaryny daşary ýurtlara gidýänlere bir aýlyk möhleti bilen göterimine berer. Ine, saña mugt ýerden "süýtli" sygyr.
Açgöze bularam az görner. Bir topar kiçi kärhana açdyryp, olaryñ üsti bilenem söwda-satyk oýnuny goparlar. Onsoñ çar tarapdan pul ýagar durar. Şol pullara-da gözçykgynç-gözçykgynç zatlar satyn alnar, howlusyndan üç gat jaý saldyrar. Ýene bir ýerdenem ýer alyp, o taýdan köşki-eýwan gurdyr. Garazhaý, onuñ doýmaz-dolmazlygyny agzyñ ýadaýança sanap oturmaly. Şu tetelli gurrumsaklar aşa gysygam. Güzeranyny aýlyk-günlüge dolaýan goñşy-golamy setanda-seýranda kömek sorap dagy geläýse, ýañkyny puşmana getir! Şeýle bir sözler tapar welin, goñşusy açgözüñ "düşen gününe" nebsi agyrar.
Öñler "baý halky gysyk bor" diýseler düşünmezdik. Gysyklygy-ha owarram welin, şu döwrüñ baýlarynyñ adamkärçilik sypatlary-da üýtgeşik. Ýaman tarapy, ozalky mysapyr diýip ýöreniñ açgözlük derdeserine uçransoñ, onuñ bilen düşünişmek, dünýewi gürrüñ etmek çatak düşýär. Şular ýalakylar bilen dostluk aragatnaşygy uzaga gitmän, öz-özünden kesilýär.
Tanap ýören, gatnaşyp ýören adamynyñ gözüniñ alnynda açgözlük keseline ýolugyşyny göreniñden soñ, olar bilen gepiñem, pikiriñem çapraz düşýär. Şeýlelikde, on ýyllyk, ýigrimi ýyllyk dostlugyñ üstünden atanak çekilýär. Ruhy garyp bilen ruhy baýyñ, açgöz bilen halalyñ dünýäsi deñ gelmeýär.
Bir zada ünsi çekesim gelýär: şunuñ ýaly halatda köne dostumdan jyda düşdüm diýip gyýylmañ. Has çuññurdan pikirlenseñiz, şeýle kişi hiç haçan siziñ çyn dostuñyzam bolan däldir. Ikiligem kän edendir. Ýöne sen ony geçirensiñ, özi bilen deñ bolan dälsiñ. Açgözüñ dostam bolmaz, ýakynam. Onuñ ýeke dosty bardyr. Olam - zat.
Wezipeli bolup görmänimdenmi nämemi, arada çaklañrak edaranyñ başlygyny işden aýranlarynda onuñ gynanyşyny görüp, dogrusy, özünden beter gynandym. Ol: "Wezipe ýaly süýji zat ýok. Üç adama, hatda üç sany tam süpürijä başlyk bol welin, başlyk bol. Wah, sen o zatlañ gadyryny bilmersiñ..." diýip zörledýär welin, ämsäm halda gözüñi tegeläýýärsiñ.
Rejep Toýjanow diýen ýaşuly žurnalist bardy. Ol Raýkomyñ birinjiliginden aýranlarynda gös-göno zawodda slesar bolup geçipdir. Ussat terjimeçimiz, Magtymguly baýragynyñ eýesi Annaly Berdiýew "Naýza" satiriki žurnalynda baş redaktoram, "Edebiýat we sungatda" baş redaktoryñ orunbasaram bolup işläpdi. Emma ol elli bäş ýaşynda "Sowet edebiýaty" (häzirki "Garagum") žurnalynda korrektorlyk etmegi özüne kiçilik bilmedi.
Sada, kiçigöwünli adamlar üçin bau redaktorlygam bir, korrektorlygam bir, birinji sekretarlygam bir, slesarlygam! Şeýle adamlaryñ ruhy dünýäsi-de päkize bolýar. Olaryñ dostlaryna-da ikilik etmejegine ynanýaryn.
Obamyzda kibtini gysyp duran horaşaja kitaphana bar. Onuñ kitap fondam ýabygorly. Herhal ýokdan gowy. Ulularam, çagalaram "güýmäp" bilýär. Ýöne täzelikde gulagymyza bir "myş" degdi (Hernä, çynam bolsa ýalan bolawersin!). Täze geçen hojaýynlaryñ bidi kitaphanaçyny ýanyna çagyryp: "Häzirlikçe işleseñ işle, ýöne men dura-bara kitaphanany ýapmakçy. Ýagny ony howlusy bilen bile satyn almakçy. Şoñ jaýyna-da oglumy göçürmekçi!" diýipdir. Nämemiş, onuñ ogly gat-gat jaýyñ çür depesinde ýaşaýarmyş.
Egni gysyk kitaphanany remont etmäge, onuñ fonduny artdyrmaga derek "Elimden gelýär" diýip, oña ogluny göçürjege açgöz diýmän, dagy näme diýjek!
Başda aýdyşym ýaly, açgözlük keseliniñ görnüşi kän. Ynha, ýene biri: ýeke ýaşaýan ýaşuly ýorgan-düşekli ýatdy. Bendäniñ daşdan-ýakyndan hossary ýok. Oña derek täk özüniñ howlusy, jaýy bar. Bolsa-da, hassanyñ "hossary" köpeldi. Onuñ jaýyna eýe çykarys tamasy bilen bir topar açgöz ýaşulynyñ başujunda kökenek gerdi.
Men durmuşyñ ösüşini, adamlaryñ düşünjesiniñ derejesinu öwrenýän alym däl. Şonuñ üçinem açgözlük keselini nädeniñde çalt gutaryp boljakdygyny aýdyp bilmerin, munuñ öz-özüniñ azalyp, ýok bolup gitmegi-de mümkindir. Eger-de wagtynda ýok bolup gidibermese, onda jemgyýet açgözlük keselini halta gapgaryp, agzynam mäkäm bogaga-da, zibilhana taşlamalydyr.
Durmuşda halal, arassa adamlaram ýetik. Päk telekeçilik bilen çagalar öýlerine, ýetim-ýesirlere haýyr-sahawat edip ýörenleri-de, öz harajadyna metjitdir, medrese gurduryp ýörenem görüp durus. Hossarsyz bir bende ýogalanda barjamlylaryñ üýşüp, onuñ belli günlerini geçirişlerini, aş-suwuny berişlerini eşidip ýörüs. Ýöne bir zat böwrümi bükgüldedýär: sowatly, añly-düşünjeli diýip ýören adamlarymyñ biri: "Çary, özüñi bil! Il bilen işiñ bolmasyn... Oñarsañ diñe öz aladañy ediber..." diýmegi otdan alyp, suwa taşlady. Añyrdan tutsañ, bu "sowatly", "düşünjeli" kişi maña-da açgözlügi ündeýärdi.
Hernä şular ýalylaryñ alyna, toruna düşmekden daş edewersin!
Çary GELDIMYRADOW,
ýazyjy.
Jemgyýetçilik tankydy