21:20 Adalatyñ milli esaslary | |
ADALATLYLYGYŇ MILLI ESASLARY
Publisistika
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Kuwwatly döwlet — bu diňe bir netijeli hereket edýän we gyşarnyksyz berjaý edilýän kanunlar, kadaly işleýän dolandyryş ulgamy, oýlanyşykly we sazlaşykly alnyp barylýan içeri we daşary syýasat, durmuş maksatlaryna gönükdirilen ykdysadyýet bilen çäklenmän, eýsem, asudalyk, adalatlylyk höküm sürýän, ruhy gymmatlyklara hormat goýulýan, çagalar söýgi we talabedijilik bilen terbiýelenýän, işe döredijilikli çemeleşmek endikleri öwredilýän, agzybir we jebis maşgala ojagydyr. Türkmeniň taryhynyň pelsepesi özboluşlydyr hem täsindir. Onuň iň umumy manysy, ilkinji nobatda, milletimiziň taryhy ýaşaýşa adatdan daşary ukyplylygynda jemlenýär. Özüniň geçmişinde ýetmişdenem köp döwlet döreden başga bir milleti taryh bilýän däldir. Şol döwletleriň dörän we ýaşan asyrlary barada pikir edip görüň. Olaryň aglaba köpüsi orta asyrlar diýilýän eýýama gabat gelýär. Aslynda bolsa orta asyrlar eýýamy Günbatarda hem, Gündogarda hem ähli beýleki barlyklar bilen deňeşdirilende, hut dini-mezhep ruhunyň möwç uran, güýjän döwri bolupdy. Emma şonda-da türkmenler taryhy ýaşaýşyň milli ölçeglerini, milli şekillerini ileri tutup geldiler. Gündogarda umumy yslam gymmatlyklary ähli gaýry gymmatlyklardan ileri tutulýan döwründe türkmenler milli-syýasy birligi kemal etdiler. Bu hakykat türkmen milleti barasynda bir pelsepe umumylaşdyrmasyna getirýär: biziň halkymyz hemişe hut milli gymmatlyklary ähli gaýry gymmatlyklardan ilerde goýupdyr. Bu milli gymmatlyklaryň hem mydama adalata esaslanandygyny aýratyn nygtamak gerek. Nesilbaşymyz Oguz hanyň: “Adalata esaslanýan döwlet beýik bolar”, “Döwlet adalat bilen dolandyrylmalydyr, söweşde ýeňiş al salmak bilen gazanylmalydyr” diýen pähimleri bäş müň ýyllyk taryhy geçmişimizde pederlerimiziň döwleti dolandyrmakdaky esasy daýanjy boldy. Adalat türkmen halkynyň, türkmen şalyklarynyň ýüzleriniň tuwagydyr. Türkmen halkynyň adalatlylyk aýratynlygy-da onuň taryhy ömrüniň juda uzaklygyny üpjün etdi. Beýik Seljuk şalygyny döreden Togrul begiň durmuşy bilen baglanyşykly bir tymsal saklanyp galypdyr. Nur şäherinde dört-bäş ýyl beglik süren Togrul beg Soltan Mahmyt Gaznalynyň uly goşunynyň öz üstüne gelýändigini eşidip Garaguma çekilmeli bolýar. Ol säherden çykyp barýarka yzyndan alatozan turzup gelýän bir oýnam atlyny görýär. Togrul beg ol atlylary tanapdyr: bular oňa duşmançylygy bolan kişiler. Togrul beg saklanypdyr, olaryň öňünden çykypdyr, darkaşa häzirlenipdir. Görüp otursa, Togrul begiň duşmanlary onuň şäherden çykyp gidýändigini eşidip, tä öýünden çykyp gaýdaly bäri, hoşlaşyp galmak üçin, yzyndan ýetip bilmän gelýän eken, olar Togrul bege ýol harjy, azyk, pul beripdirler, gamlanmazlygyny, mert bolmagy maslahat beripdirler. Duşmanlarynyň bu ýürekdeşligi Togrul begde ýakymly täsir galdyrypdyr. Duşmanlar bege: “Biz-ä öz bähbidimiz üçin hars urduk, senem adalatyň hatyrasyny gorap bize garşy çykdyň. Mydama seniňkiniň dogrudygyny bilýärdik, ýöne bähbit bizi seniň garşyňa çykardy. Seniň biz hakda ýaramaz pikirde bolmazlygyňy soraýarys. Aýyplaşmaweri” diýipdirler. Şuňa meňzeş ahwalat Soltan Sanjar bilen baglanyşykly hem bolup geçýär. Soltan Sanjar Seljuk şalygynyň iň soňky patyşasy. Onuň soňy gelmeýär. Şalyk synýar, Soltan Sanjar hem ömrüniň üç ýylyny garahytaýlylaryň emri boýunça gözenegiň içinde tussaglylykda geçirýär. Ana, şonda Köneürgençde şalyk sürýän Togalak beg soltany garahytaýlylardan azat etmek üçin elewräp ugraýar. Togalak beg kim? Ol öň Soltan Sanjaryň janyny ynanan guly. Togalak üşükli, batyr bolansoň Soltan Sanjar ony Köneürgenje dikme belleýär. Birki ýyl dikmelik eden Togalak soltana tabynlykdan çykýandygyny, döwletiniň mundan buýana hiç kime garaşly däldigini yglan edýär. Soltan Sanjar goşun sürüp Köneürgenje barýar, Togalagy ýesir alýar, ony toba getirýär, şondan soň ony ýene Köneürgenje dikme belläp gaýdýar. Soltan gaýdansoň, Togalak beg ýene köne heňine başlaýar: Soltan Sanjara garaşly boljak däldigini yglan edýär. Şol günleriň birinde-de Soltan Sanjar garahytaýlylara ýesir düşýär. Togalak begiň garahytaýlylara ýazan on iki sany haty saklanyp galypdyr. Hatlarda Soltan Sanjaryň dünýädäki iň geçirimli, adalatly, kanagatly, ynsanperwer, mert, sahy adamdygy öwran-öwran nygtalýar. Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň asyrlardan asyrlar aşyp gelen milli däp-dessurlarymyza, milli gymmatlyklarymyza aýratyn ähmiýet berýär, çünki ol gymmatlyklarda taryhyň her hili agyr döwürlerinde-de halky ýitip gitmek howpundan goran, ömre, bakylyga dowamat beren egsilmez güýç, ylham bar. Halkyň rowaçlygy köp derejede pederlerimiziň kämilleşdiren milli gymmatlyklaryna esaslanýar. Millet — taryhy “men”, adam bolsa durmuşy “mender”. Adam öz “menini” saklamak, ony ykrar etmek üçin degişli durmuş ukyplaryny, durmuş endiklerini edinýär. Şahsyýetiň endikleri, ukyplary, gylyk-häsiýetleri — bularyň bary onuň “menini” düzýär. Milletiň däp-dessury onuň döreden jemgyýetçilik-taryhy endikleridir. Milletiň däp-dessurlary onuň taryhy ýaşaýyş dilidir. Şu nukdaýnazardan, belent mertebeli Prezidentimiz milletimize pederlerimiziň taryhy ýaşaýyş dilini gaýtaryp berýär we onuň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ösen jemgyýetçilik-ahlak talaplaryna laýyklykda durmuşymyza ornaşmagymyzy üpjün edýär. Adalata ýugrulan milli gymmatlyklarymyzyň ileri tutulmagy amaly durmuşda anyk ýüze çykmalara eýe boldy. Bu, birinjiden, ata-babalaryň Oguz hanyň tutan ýoluna bolan wepalylykda ýüze çykdy. Türkmeniň iň eziz görýän zady adalata, agzybirlige esaslanýan ata-baba ýol-ýörelgesidir. Bu söýgi bize aslymyzdan daşlaşmazlyga mümkinçilik berdi. Ikinjiden, türkmeniň milli aňy hiç mahal telpermedi we hapalanmady. Türkmen haýsy ýurda, dünýäniň haýsy medeni ýa syýasy giňişligine düşse-de, öz türkmen düşünjesini, men — türkmen diýen aňlaýşyny esasy gymmatlyk hökmünde aýawly saklap geldi. Üçünjiden, türkmeniň milli duýgusy hiç mahal öz asylbaşky çuňlugyny we durulygyny ýitirmedi. Milli duýgynyň şeýle belentlikde saklanmagy ruhy özeniň, ruhy esaslaryň üýtgewsizligi mynasybetli mümkin boldy. Ata-babalarynyň amala aşyran edermenlikleri baradaky ajaýyp eserler, sungat, edebiýat, ylym eserleri şeýle duýgynyň egsilmez çeşmesi bolup hyzmat etdi. Dördünjiden, türkmen özüniň taryhy hakydasyny ýitirmän saklady. Häzirki wagta çenli dünýä halklarynyň içinde öz ýazuwly taryhy bolan sanlyja halklaryň biri türkmenlerdir. Bu ýerde diňe «Oguznamalary» ýatlamak hem ýeterlikdir. Iň gadymy «Oguznamalar» mundan müňlerçe ýyl ozal ýazylypdyr. Biziň günlerimize olaryň onlarça nusgalary we görnüşleri ýetip gelipdir. Aslyňy bilmek, şejeräňi ýöretmek biziň üçin türkmenligiňi kesgitlemegiň iň esasy ölçegleriniň biri bolup gelipdir. Taryhy hakyda şeýle bir çuňňur bolup, biz bäş müň ýyl mundan ozal ýaşap öten ata-babalarymyz baradaky hakydany-da üýtgewsiz saklap geldik. Munuň özi wagtyň üýtgediji, özgerdiji hökmürowanlygyny ýada salanyňda, örän möhüm zatdyr. Bäşinjiden, türkmen milleti däp-dessuryna, urp-adatyna, diline hem dinine, egin-eşigine, gündelik ýaşaýyş endiklerine juda wepaly milletdir. Bu zatlaryň bary bolsa milleti millet edýän gymmatlyklardyr. Biz hemişe şol esaslyk, binýatlyk gymmatlyklarymyza ters gelýän zatlary aýgytly suratda ret edip geldik. Täze döwürleriň, täze eýýamlaryň gutulgysyz zeruryýeti hökmünde öňümizden çykan taraplaryny bolsa asylbaşky gymmatlyklarymyza uýgun etmegiň alajyny tapyp geldik. Şeýdip, milli dünýäni duýşumyzyň, milli dünýägaraýşymyzyň, milli öz-özümizi aňlaýşymyzyň ömri bakylyga barabar boldy. Taryhyň dowamatynda biz özümize daşyndan güýçli täsir eden dünýä siwilizasiýalarynyň täsirini düýpli gowşadyp bildik. Taryhymyzyň iň gadymy döwürlerinde biz Hytaý imperiýasyndan güýçli medeni tolkun bolup gelen buddizmi aradaşlykda saklap, gadymy oguz dünýägaraýşymyzy we ynançlarymyzy aman sakladyk. Hytaý hatyny, hytaý siwilizasiýasynyň beýleki zatlaryny özlügimizi berkitmäge hyzmat etdirdik. Ata-babalarymyzyň Budda pygamberiň taglymaty bilen tanşyp, ony söweşjeň, garadangaýtmaz oguz ruhuna gabat gelmeýän taglymat hökmünde inkär edendiklerini biz taryhy çeşmelerden bilýäris. Ondan soňky eýýamda Günbatardan gelen grek basybalyjylarynyň medeni täsiri-de wagtlaýyn bolupdy. Şol wagtlaýyn täsirden biz beýik Parfiýa imperiýasyny döretmek bilen çykdyk. Araplar gelende bolsa biz özümiziň gadymy ynançlarymyzy we däp-dessurlarymyzy şowly yslamlaşdyrmagyň hötdesinden gelip bildik. Häzirki wagta çenli türkmen Gündogarda iň bir dostana, özge halklara hoşamaý garaýan milletleriň biri hökmünde tanalýar. Bir tarapdan, özi üçin milli gymmatlyklaryny ähli zatdan ilerde goýup bilmegi, beýleki tarapdan, özge milletler barada açyk göwünliligi we hoşniýetliligi türkmeni dünýä milletleriniň derejesine çykardy. Dünýä milleti diýmek özüniň taryhy boýunça özge milletler bilen medeni-ruhy, maddy-ruhy gatnaşyklar edip, adamzat maşgalasynda ýaşamaga ukyplydygyny görkezen millet diýmekdir. Dünýä milleti diýmek dünýäniň siwilizasiýa taryhyna özboluşly goşantlar goşup bilen millet diýmekdir. Dünýä milleti diýmek adaty millet düşünjesinden has uly barlyk hem bitewülik diýmekdir. Türkmen şeýle milletdir. Türkmen döwletsiz bolanda-da, özüniň milletligini ýitirmän saklap bilýänligini görkezdi. Milletimiziň taryhy dowamatynyň örän köp syrlaryny-da onuň hut şu hili barlygyndan gözlemek gerek. Özüniň döwlet görnüşindäki syýasy birligini gazanyp bilmedik döwürlerinde türkmeni däp-dessurlary hem-de ruhy gymmatlyklary alyp çykdy. Türkmen ýazuwly taryhy gadymdan gelýän we syýasy-döwlet däpleri gadymda kemala gelen milletdir. Orta asyr taryhçylary onuň döwletlilik taryhyny bäş müň ýyl diýip kesgitläpdirler. Bu taryhyň başynda milleti dörediji, millete adyny beren Oguz han Türkmen durýar. Syýasy-döwletlilik däpleri, döwleti edara ediş sungaty hem pelsepesi-de şondan gaýdýar. Asyrlarboýy özgertmelere hem üýtgetmelere sezewar edilip, biziň döwrümize gelip ýeten «Oguznamalar» Oguz hanyň şahsyýetiniň birnäçe taraplaryny bize açyp berýär. «Oguznamalaryň» dürli nusgalardaky bitewi eserlerdigine garamazdan, asyl nusganyň olardan tapawutlanandygyny çaklap bolar. Soňky eýýamlar hem döwürler Oguz hanyň özlerine ýaramly, gerekli hem gymmatly sypatlaryny saklap alyp galypdyrlar. Türkmen milli taryhyna miras geçijilik hem sagdyn konserwatizm mahsusdyr. «Oguznamalarda» türkmen syýasy durmuşynyň durnuklylygyna degişli nämeler saklanyp galypdyr? Oguz han Türkmen özerkli, adalatly, amaly syýasatçy hökmünde öňe çykýar. Elbetde, wagtyň şeýle uly aradaşlygy Oguz han baradaky hakydada rowaýatpisint goşulmalaryň paýynyň artmagyna getiripdir. Ýöne rowaýata ýalan hökmünde garamak gürrüňsiz nädogrudyr. Mif – munuň özi anyklygyň umumylyga geçmegi, hakykatyň aradan aýrylmagy däl-de, onuň çöwre tarapdan aýan edilmegidir. Mif adamzadyň aňynyň haýsydyr bir irki döwrüne mahsus görnüş däl bolsa gerek. Mif hemişe bolar. Çünki wagt tükeniksizdir, adamyň hem jemgyýetleriň ömri bolsa gysgadyr. Şu gysgalygyň gutulgysyzlygyndan adamzat mif arkaly çykalga tapýar. Mifde wagtlaýynlyk bakylyk görnüşlerine geçip gidýär. Islendik tebigy hem durmuşy barlyk ahyr soňunda mifiki aňda umumylaşdyrylýar. Wagtyň suwy gidýär, many özeni galýar. Wakalar hem hadysalar gaýyplyga öwrülýär, düýp many hakykylygynda galýar. Mifiň mantygy hem hakykaty şundadyr. Adamzat mif arkaly ýok bolan geçmişi ruhy hakykylyk hökmünde umumylaşdyryp alyp galýar. Adamyň özüniňem, döreden maddy serişdeleriniňem ahyrsoňy topraga öwrülişi ýaly, örän uzak aralykdaky durmuşy hakykylyk mife öwrülip gidýär. Biziň üçin munda esasy ähmiýetli zat, Oguz hanyň durmuşyndan rowaýatlar hem hekaýatlar görnüşinde saklanyp galan hakykatlaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dowam edişidir. Şu nukdaýnazardan üç sany esasy pursady belläp geçmek gerek. Birinjiden, Oguz hanyň taryhynyň görkezişi ýaly, döwlet täze hem özboluşly aňyýetden başlanýar hem-de şonuň esasynda ýaşaýar. Oguz han täze diniň – ýekehudaýlylygyň jarçysy bolup öňe çykýar. Şol döwrüň jemgyýetiniň şeýle aňyýet üçin bişişenligi mynasybetli Oguz hanyň Göktaňry – Asman Hudaýy baradaky taglymaty ýeňýär hem-de oguzlaryň millet hökmünde döremeginiň we täze kuwwatly döwletiň aňyýet esasy bolup hyzmat edýär. Aňyýet – jemgyýetçilik ösüşiň aň hem ruhy esasy bolup biljek pikir gymmatlyklarynyň ulgamydyr. Täze maksat-pikir jemgyýetçilik ýaşaýşyny üýtgedip gurmagyň janly serişdesi hem-de petige dirän jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň deregine täzelerini esaslandyrmagyň we ýola goýmagyň guraly bolup öňe çykýar. Jemgyýet bolup köneçe ýaşamagyň aň hem ruhy taýdan mümkin dällige öwrülen halatynda, jemgyýetçilik paýhasynyň ýoluny ýitiren halatynda täze aňyýet ýaşaýşyň şamçyragy bolup döreýär. Şu manyda aňyýet adalat hem-de ynamdyr. Şonda pikir-maksat durmuşy esasa öwrülýär we maddy güýje eýe bolýar. Ikinjiden, Oguz han halkyny jemgyýetçilik bitewüligine öwrüp bilen şahsyýet bolupdyr. Ol jemgyýeti durmuşy taýdan gurnaýjy hökmünde halk hakydasynda galypdyr. Şeýle şahsyýetde içki hususy güýç-kuwwat bolýar. Taryhy rowaýatlarda Oguz hanyň ilaty üç sany gatlaga bölendigi aýdylýar. Birinji gatlak – sowatlylar. Ikinji gatlak – harbylar. Üçünjisi bolsa garamaýaklar. Oguz han bularyň üçüsiniň jemgyýetiň bitewüligini üpjün etmekdäki hyzmatlaryny hem wezipelerini anyk kesgitläpdir, olaryň özara gatnaşyklaryndaky sazlaşygy üpjün edipdir. Munuň özi bitewi bir durmuşy synany – bitewüligi döretmek işi bolupdyr. Elbetde, jemgyýetiň maddy hem ruhy ösüş derejesi şeýle durmuşy bişişen halda bolmasa, muny amal etmek mümkin däldir. Oguzyň Göktaňry aňyýeti durmuşy ýaşaýyşda jemgyýetçilik bitewüligi, adalat düzgüni görnüşinde amal edilipdir. Jemgyýet ýaşaýşynyň tebigatdaky ýaly adam erkinden daşgary bir kanunlar arkaly özakymlaýyn görnüşde geçmän, maksat esasynda gurnalýandygy Oguz handan gelýän esasy zat, pelsepe däpleriniň biridir. Jemgyýeti jemgyýet edýän maddy güýçleriň adam erkinden daşardaky hökmürowanlygy däl-de, adamyň aňly-düşünjeli, adalatly düzgün-nyzamly, maksatly hereketleridir. Göktaňryçylyk ynanjy esasynda oguzlarda ägirt uly harby gural döredilipdir. Ýokarda görkezilen üç gatlak hem şondan soňky ýa-da häzirki zaman jemgyýetlerindäki gözümiziň öwrenişen durmuşy toparlary däldir. Olara häzirki zaman manysyndaky intelligensiýa, harby gullukçylar hem maddy öndürijiler manysynda düşünmek bolmaz. Olar bitewülikde äpet harby guraly emele getirýär. Oguz han jemgyýetinde halk bilen goşun, goşun bilen halk şol bir zat bolupdyr. Ruhy çeşmäniň güýç-kuwwatynyň barha artmagy netijesinde döreden goşuny – halky bilen Oguz han dünýäniň barça ýurtlaryny özüne tabyn edipdir. Munuň özi miladynyň VII asyrynda yslamyň döremegi hem dünýä ýaýramagyna meňzeş hadysa bolupdyr. Oguz hanyň dünýäni tabyn edişiniň anyk hem giňişleýin taryhy «Oguznamalarda» berlendir. Olar türkmeniň milli köklerini, esaslaryny gözleýänler üçin gymmatly çeşmedir. Üçünjiden, biz özümiziň bäş müň ýyllyk taryhymyzyň bäş eýýamynyň hersiniň öz ruhyýet, ynanç-ygtykat sütüni bar. Ata-babalarymyzyň baryp otparazlyk zamanynda, Oguz hanyň ýekehudaýlyk dinini döreden zamanynda adamlaryň esasy ynanç-ygtykat sütüni — haýyr we şer hasaplanypdyr. Haýyr şeriň garşysyna çykarylypdyr. Haýryň Hudaý derejesinde görülmegi we haýyr esasynda ýaşalmagy adamlary köp sanly durmuş oňşuksyzlyklaryndan gorapdyr. Yslamyň gelmegi bilen Gorkut atanyň öňe süren ynanç-ygtykat sütüni – dünýä we ahyret düşünjeleridir. Oguzyň üç dünýäsi Gorkur ata eýýamynda “bu dünýä” hem “o dünýä” diýip ikä bölünipdir. Bu dünýäde erkiňe jylaw salyp bilmän etmiş etseň, o dünýäde — ahyretde hasabat bermeli bolarsyň diýen pikir adamlaryň aňyna guýlupdyr. Bu dünýädäki etmişli adamlar dowzaha, haýyr işleri eden adamlar bolsa jennete düşer diýen pikir adamlaryň ýaramaz etmişleri etmegine gorky döredipdir, adamlar haýyr işleri etmäge, jennete düşmäge çalşypdyr. Türkmen taryhynyň üçünji Görogly beg eýýamy türkmeniň ýene-de galkyp ugran eýýamy boldy. Bu eýýamda türkmen ençe-ençe kuwwatly döwletleri, şalyklary döretdi. Bu döwletleriň, şalyklaryň esasy ynanç-ygtykat sütüni – ejiz we zor aňlatmalarydyr. Gün güýçliniňki boldy. Türkmen minneti gylyjyndan çekdi. Ata-babalarynyň haýyr we şer, dünýä we ahyret baradaky ynanç-ygtykat sütünlerini hem aňlaryndan aýyrmadylar. Türkmen taryhynyň dördünji Magtymguly eýýamy türkmen halkynyň ruhyýetinde täze özgerişleri döretdi. Ol özgerişleriň döremegi türkmen topragynyň eýesiz galmagy sebäplidi. Halky dolandyrmakda patyşalyk bolmansoň, türkmençilik we adat öňe çykypdy we ol iki ruhy gymmatlyk döwlet häkimliginiň wezipesini ýerine ýetirýärdi. Türkmençilik – mert we namart ynanç-ygtykat sütünini; adat bolsa halal we haram düşünjelerini ýaşaýşyň ruhy sütüni hökmünde öňe çykarypdy. Magtymguly eýýamyň ruhy sütünlerini – mert we namart, halal we haram düşünjelerini şygyrlarynyň baş mowzugyna öwürdi. Garaşsyzlyk eýýamynda bäş müň ýyllyk ruhy geçmiş aýratynlyklaryna esaslanyp, sagdynlygy, ruhubelentligi baş ýaşaýyş ölçegine – ruhy sütünine öwürdi. Gysga döwür içinde adalat hem halallyk döwleti, jemgyýeti döretdi. Bu gün ruhubelentlik hem sagdynlyk ynanç-ygtykaty barha kämilleşýär. Miras milletiň öz ýaşaýşynda ýokary galan pursatlary has hem eziz we gadyrly görlüpdir. Şonda millet öz syýasy tejribesinden şol mirasa gatanç edipdir. Şeýdip, şu meseledäki hakyda zynjyrynyň halkalary artypdyr we olaryň arasyndaky kökenler hasam berkidilipdir. Biz muny geçmişimiziň mysalynda-da, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň mysalynda-da — milli mirasymyzy öwrenmekde alnyp barylýan abyrsyz uly işlerde-de görýäris. Şeýle gatançlaryň biri XI asyr beýik türkmen akyldary Ýusup Has-Hajyp Balasagunly tarapyndan ýazylan «Gut etgu Bilik» – «Bilimnama» eseridir. Bu syýasy-pelsepewi eseriň gymmaty onda türkmeniň yslamdan öňki döwlet hem jemgyýet pelsepeleriniň ýoýulmazdan diýen ýaly saklanyp galanlygyndan ybaratdyr. Yslamyň gelmegi bilen jemgyýetçilik ýaşaýşyny täze bir düzgünler ulgamy bolan şerigatdan tapawutlandyrmak üçin türkmençilik ady berlen şol kada-kanunlar soňky asyrlarda ýazylmadyk görnüşinde saklanypdyr hem-de bölek-büçek görnüşde gelip ýetipdir. XI asyrda Ýusup Has-Hajyp, hamana, şol ýowuz ykbaly duýan ýaly, nesilleriň bitewi görnüşde bilmekleri üçin özüniň türkmençilik baradaky eserini ýazypdyr. Türkmençilik kada-kanunlary bu eserde «töre» sözi bilen aňladylýar. Bu ýerde çuňňur syýasy-pelsepewi derejeler bolan töre, gut, akyl, paýhas, isleg, adalat ýaly düýpli aňlatmalar anyk hem-de hertaraplaýyn işlenip düzülipdir. Görnüşi ýaly, müň ýyl mundan ozalam türkmen aňynyň esasly pelsepewi aňlatmalary hem giň pelsepewi gözýetimleri, özboluşly milli pelsepe dili bolupdyr. Eserde esasy iki sany dereje bar bolsa, onda olar «töre» we «gut» düşünjeleridir. Özem olar ýasama hem howaýy düşünjeler däl-de, anyk durmuşda bütinleý durmuşy serişdeler hökmünde goldanylan janly gymmatlyklar bolupdyr. Nyşan islendik pelsepäniň baky ýarany, onuň ýüzüniň tuwagy. «Bilimnama» hem çuňňur göçme manyly dilde ýazylan eserdir. Eserde beýan edilen ähli pelsepewi hem-de pikir gymmatlyklary Oguz hanyň resullyk eden Göktaňrysynyň ynanjyna esaslanýar. Göktaňrynyň ýalkawy, nazary «gut» diýlip atlandyrylypdyr. Gut – döwlet baştutanynyň Göktaňry tarapyndan berlen mertebesi, peşgeşi, aýratyn hukuklarydyr. Gut diňe Taňry tarapyndan berilýän syýasy-ahlak derejäni hem bu derejä laýyk sypatlary aňladypdyr. Munuň özi türkmen halkynyň düşünjesinde soňky asyrlarda-da saklanyp galan «döwlet guşy» bilen manydaş düşünjedir. Tötänden patyşa bolunmaýar, her öňýeten ýolbaşçy, häkimlige dalaş edýän kişi patyşa bolup bilmeýär. Bu işde hiç hili tötänligiň ýa-da başsyz-baratlylygyň bolmagy mümkin däldir, patyşa bolmak üçin Hudaýyň nazarynyň düşmegi gerek diýen halk düşünjesi şol döwürlerden gözbaş alyp gaýdýar. Şeýle düşünje syýasy şahsyýetiň her edip-hesip edip keramatlaşdyryljak bolunmasy däldir. Ýok, munuň çuňňur durmuş pelsepesi bar. Bu pelsepe syýasy aýtymyň berk kanunalaýyklyga görä ýaşaýandygy, bu ýerde tötänlige ornuň ýokdugy baradaky pikirden ybaratdyr. Iň bolmanda, syýasata hem syýasy şahsyýete oňyn-u-tersin baha berýän kişiniň kellesinde nähili kanunalaýyklyk, mantyk bar bolsa, syýasatyň özünde şondan-da berk kanunalaýyklyk hem mantyk bardyr. Esaslylyk hem paýhasalaýyklyk manysyndaky bu kanunalaýyklyk Göktaňry tarapyndan berlen töre we gut gymmatlyklary arkaly düzgünleşdirilipdir. Eserde töre Gündogdy, gut bolsa Aýdogdy atlary bilen atlandyrylýar. Gündogdy – han, Aýdogdy – wezirdir. Töre – Güne; gut, ýagny bagt – Aýa deňelipdir. Aýyň öz şuglasyny Günden alşy ýaly, Göktaňrynyň berýän guty – bagty döwlet baştutanynyň – töräniň düzgünlerini ýerine ýetirişine baglydyr. Eýse, töre ýa-da häzirki türkmen düşünjesi bilen aýdylanda, türkmençilik nämedir?! Töre – düýbi Göktaňry tarapyndan tutulan ylahy gözbaşly, ylahy manyly we ylahy gudratly jemgyýetçilik-syýasy kanunalaýyklyklardyr. Kim töräniň kanunlaryny gyşarnyksyz berjaý etse, Taňry şol adama gut – bagt berýär. Ýusup Has-Hajybyň bu eseriniň adynyň manysy-da, «guta – bagta eýe edýän bilim» diýmekdir. Diýmek, bu syýasy eser döwlet baştutanynyň nädip guta eýe bolup bilýänligi, munuň üçin nämeleri bilmelidigi we nämeleri etmelidigi baradaky eserdir. Guta eýe bolmak üçin, syýasy şahsyýet akyla, paýhasa, köňle hem-de hyzmata eýe bolup bilmelidir. “Adalat ähli üstünlikleriň çeşmesidir”, «Ynsanyň gadyr-gymmaty diňe bilim bilen düşünjeden gelýändir», «Akylly adam asylzada we bilimli bolsa, onda ol beg bolup biler». «Köňül bolmasa, gözüň peýdasy ýok». «Hyzmat» bu eserde ylahy manyda-da, syýasy-pelsepewi manyda-da ulanylýan köptaraply bir düşünjedir. Hyzmat döwlet gullugynda bolmakdyr. Hyzmatyň dogry we maksadalaýyk bolmagy üçin, döwlet işgäri töräniň düýp manysyndan we düzgünlerinden oňat baş çykarmalydyr. Hyzmat diňe töräniň hökümleri esasynda ýerine ýetirilip bilinýändir. Hyzmatyň ýerine düşende, Göktaňrynyň gutunyň gapylary syýasy işgär üçin doly açylýandyr. Bu ajaýyp eserde Ýusup Balasagunly şeýle ýazýar: Budum erdi ok dek köňül erdi ýaý, Köňül kylgy, ok dek budum boldy ýaý. Manysy: Bedenim ok we köňlüm ýaý ýalydy, indi bolsa bedenim ýaý boldy, köňlümi oka öwreýin». Oguz handan gelýän düşünjeden çen tutsaň, ýaý döwlet hem-de onuň baştutanydyr. Ilçiler – döwletiň hyzmatyndakylardyr. Taňry gut berende, ok bilen ýaýyň arasynda düşünişmäge, adalata, tabynlyga esaslanýan sazlaşykly jemgyýetçilik-syýasy ýaşaýyş kemala gelýär. «Taňry kime ýagşylyk etse, oňa medet berse, dünýä şonuňky bolar we ol adam gutly bolar», «Taňry kimi ýalkasa, ol iki jahanda-da gut tapar». Gut gudratdyr. Gut gelende, adam ähli arzuwlaryna ýetýär. Gutuň hemişelik saklanyp galmagy üçin patyşa döwletiň hem halkyň hyzmatynda bolmalydyr. Senden hyzmat bolsun, menden hem alkyş, Hyzmat ýerne düşse, gut gapysyn açaryn. Töre – “döremek” sözündendir. Diýmek, töre Taňrynyň buýran düzgün-kadalarydyr. Töräniň düýbüni tutan Taňrydyr. «Adalata esaslanýan töre Asmanyň diregidir, töre bozulsa, Asman ýerinde durmaz». Töre beglik arkaly amala aşyrylypdyr. Taňry töräni ýöretmek üçin beglik beripdir. Bu ýerde beglik, elbetde, döwlet-syýasy gurluş manysynda gelýär. «Töre kowumyň hakydyr», «Dünýä töre bilen eşret tapar, hanyň ady töre bilen beýgeler». Ýusup Has-Hajybyň döwründe türkmen jemgyýeti aşakdaky gatlaklara bölünipdir: 1. Alymlar. 2. Döwlet gurluşykçylary. 3. Döwlet gullukçylary. 4. Ýönekeý halk. Ýönekeý halk hem öz durmuş derejesi boýunça üç topara bölünipdir: 1. Barlylar. 2. Ortaça ýaşaýanlar. 3. Garyplar. Munuň özi kämil, tas häzirki zaman jemgyýetidir. Gurluşy taýdan çylşyrymly hem bitewi şeýle jemgyýeti dolandyrmak üçin kämil döwlet gerek bolupdyr. Degişli eseriň pikirleri türkmende şol döwürde gaty kämil döwletiň bolandygynyň görkezijisidir. Çünki durmuşyň kämil derejä ýetmedik ýerinde kämil maksat ýokdur, sebäbi islendik pikir-maksat durmuşy umumylaşdyrmagyň ruhy tejribesidir. «Bilimnamada» döwlet baştutany serkerde hökmünde görkezilýär. Ýusup Balasagunly döwrüniň türkmen hany Tapgaç («tapyk» sözünden – hyzmat manysynda. Bu özboluşly adyň manysy «Göktaňrynyň hyzmatyny bitirýän» diýmekdir) Bugra hanyň depreginiň sesini gök gümmürdisine, tuguny bolsa ýyldyryma meňzedýär. Ýusup Balasagunlynyň pikiriçe, harby serkerde gurt ýaly ýyrtyjy, aýy ýaly asylýan, gäwmiş ýaly kitüwli, tilki ýaly hilegär, bugra ýaly esrik, şir ýürekli, garga ýaly parasatly bolmalydyr. Biziň görnükli türkmen akyldarynyň döwlet baradaky pikirlerine syny hut şu terzde bir toýnuga syrmagymyz ýöne ýere däl. Maksadymyz taryhy nesilleriň arasynda birbada göze görünmeýän içki hem-de biziň görşümizden has içgin arabaglanyşygyň bardygyna ünsi çekmek. Ýusup Has-Hajypdan ýedi ýüz ýyl soň, onuň bilen deňeşdireňde bütinleý başga taryhy şertlerde ýaşan türkmen akyldary Magtymgulynyň şygrynda serkerde begiň Ýusupda berlen sypatlary sözme-söz diýen ýaly gaýtalanýar: Mert oldur ki, bolsa köňli rehimli, Göwrümi giň gerek, özi pähimli. Giň ýerde garga deý bolsun wehimli, Ýerinde hünäri, işi gerekdir. Gaplaň kimin arlap girse meýdana, Tilki kimin bazy berse her ýana, Duranda gaýa dek durup merdana, Alar ýerden at salyşy gerekdir... Gurt deý girip, ýowny koý dek dagyldan, şir ýigidiň mert ýoldaşy gerekdir... Bu maglumat ruhuň biziň pikir edişimizden has durnuklydygyny hem däplere wepalydygyny görkezýär. Biz, köplenç, bu durmuşyň agyp-dönmesini ruhuň çalt üýtgewi hökmünde kabul etmäge öwrenipdiris. Şonuň üçin XXI asyryň görnükli syýasy şahsyýeti, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýüzlerçe ýyl aradaşlykdaky ýagdaýlar-ösüşler bilen baglanyşdyrmakda hiç hili ulaltma ýa maglumatlara akyl tarapyndan zorluk etme ýokdur. Tersine, şeýle arabaglanyşyklaryň barlygy üçin, biz däpleri durnukly, ruhy-akyl ösüşi yzygiderlikli milletimize guwanmaga haklydyrys. Beýle ýagdaýy entek çig, kemala gelip ýetişmedik milletiň taryhynda görmek mümkin däldir. XI asyryň beýik seljuk weziri Nyzamylmülküň «Syýasatnama» eserini hem milli syýasy pikirimiziň bitewi ösüşiniň çägindäki bir hadysa hasaplamalydyrys. Garahanlylaryň wekili bolan Ýusup Balasagunly bilen bir döwürräkde ýaşanlygyna garamazdan, Nyzamylmülk syýasy pikiriň ösüşinde başga bir tapgyr bolup durýar. Hususanam, «Bilimnama» özüniň mazmuny hem adalgalary boýunça yslamdan öňki syýasy dünýägaraýşyň umumylaşdyrylmasy bolsa, «Syýasatnama» eýýäm yslamy durmuşy wagyz edýän türkmen syýasy aňydyr. Biziň üçin «Syýasatnama» türkmen syýasy pikiriniň ösüşiniň nukdaýnazaryndan ähmiýetlidir. XVIII asyryň akyldary Döwletmämmet Azadynyň «Syýasatnamany» gaty içgin öwrenendigini duýmak bolýar. Muňa «Syýasatnamanyň» mazmunyny Azadynyň «Wagzy-Azat» eseri bilen deňeşdireniňde, anyk duýulýar. Azady öňki kitapdaky hökümetiň ylahylygy baradaky taglymaty hem-de dürli syýasy hekaýatlary, ylaýta-da Gaznaly türkmen döwletiniň syýasy tejribesini yzygider ulanypdyr. Şol bir wagtda-da «Syýasatnamanyň» köşgüň nukdaýnazaryndan, «Wagzy-Azadyň» bolsa köşk hem döwlet birliklerinden daşda bolan akyldaryň keseden synlaýjy nukdaýnazaryndan ýazylandygyny aýtmak gerek. Azady türkmen halkynyň döwletsiz ýaşan döwründe döreden akyldary. Şonuň üçinem döwlet onuň üçin anyk barlyk däl-de, milli maksatdyr. Onuň syýasy pikirlenmesine-de idealizm mahsusdyr. Ol XVIII asyr jemgyýetçilik meselelerine köneden däp bolup galan syýasy pikirlenme ölçegleriň gözi bilen garaýar. Azady kitapdan durmuşa gelen kitaby akyldar. Ol durmuş hakykatyna däl-de, kitaby paýhasyň hakykatyna meşgul. Şu-da onuň hem güýjüdir, hem gowşaklygydyr. Bir tarapdan, syýasy pikirlenmäniň baý mirasyny oňat bilmegi Azadyny syýasy intellektiň iň ýokary derejesine çykarýar, beýleki tarapdan welin, ol ölçegleriň hem görnüşleriň hakyky durmuşda indi işlejegi-işlemejegi müşgil bir zada öwrülýär. Biziň üçin Azadynyň syýasy paýhasynyň durmuşa baplygy däl-de, ol taglymatyň mantyk gutarnyklylygy, gözelligi we kämilligi, garaz, ulgamlaşdyrylanlygy ähmiýetlidir. Akyldar döwrüň syýasy meselelerini dört jähete bölüpdir. Birinjiden, türkmen jemgyýetini gurnamagyň syýasy-ruhy meseleleri; ikinjiden, durmuşy-ruhy meseleleri; üçünjiden, intellektual-ruhy meseleleri hem-de, dördünji, ruhy-serhaly (psihologik) meseleleri. Bularyň baryna Azady adam şahsyýetiniň azatlygy nukdaýnazaryndan seredýär. «Wagzy-Azat» şahsyýeti azat etmek baradaky paýhasnamadyr. Azady – dini akyldar. Şonuň üçin azatlyk pelsepesi-de dini mana ýugrulandyr. Onuň aňynda behişt, dowzah, ahyret, kyýamat ýaly düşünjeler iň soňunda anyk meseläni kesgitleýji ölçegler bolup durýar. Şol bir wagtda-da bular şahsyýetiň ahlaky sypatlaryna laýyklykda kesgitlenilýär. «Wagzy-Azat» eseriniň birinji babynda jemgyýetiň syýasy barlygynyň nyşany bolan patyşanyň röwşen keşbi berilýär. Häkimi-adyl – Huda pygamberi, Janeşinim diýp öwüpdir anlary. Görnüşi ýaly, patyşa Hudaýyň pygamberi we orunbasarydyr. Diýmek, türkmen jemgyýetiniň baştutany bolan patyşanyň we häkimligiň diňe bir syýasy däl, eýsem, dini-ylahy, ruhy manysy-da bardyr. Haýsydyr bir şahsyýetiň patyşa ornunda bolmagy Hudaýyň oňa bolan aýratyn garaýşynyň güwäsidir. Şonuň üçin adyl patyşanyň şahsyýetiniň, sözüniň hem hereketleriniň diňe syýasy ähmiýeti we hukuk güýji däl, eýsem, gudratlylyk ähmiýeti-de bardyr. Syýasy manyda jemgyýet diýmegiň nämedigi barada Azady anyk pikirde. Jemgyýet iki agzany – häkimligi hem raýatlary göz öňünde tutýar. Häkimlik hem öz gezeginde iki bölege – hökümdarlyga we emeldarlyga bölünýär. Jemgyýetiň ýokarsynda bolsa baky Alla durýar. Häkimlik Alla bilen bendeleriniň arasyndaky baglanyşdyryjy we sazlaşdyryjy esasy halkadyr. Jemgyýet adamlaryň şu dünýädäki ýaşaýşynyň esasy görnüşidir. Jemgyýetiň ýaşaýşyny üpjün etmegiň esasy guraly we serişdesi hökmünde bolsa Allatagala häkimligi ýaradypdyr. Şonuň üçinem döwlet baştutanynyň erki gürrüňsiz berjaý edilmelidir, bu erkiň ýöne bir syýasy ýa hukuk däl, ylahy kanun derejesindäki ähmiýeti bardyr. Patyşa kim bolsa ger adly anyň Ýer ýüzünde saýasydyr Taňrynyň. Mähri anyň Hak tagala mähridir, Gahry anyň Hak tagala gahrydyr. Adyl häkimiň şahsyýeti her bir raýatyň ýürek ynanjyna öwrülmelidir. Munuň özi türkmen milletiniň esasy dünýägaraýyş we ruhy daýanç nokady bolmalydyr. Azady adyl patyşany Ýer ýüzüniň bezegi, ruhuň tebibi we halk derdiniň dermany diýip atlandyrýar. Onuň «Döwlet – ruhuň tebibi» diýen jümlesi giden bir taglymatdyr. Islendik ýaşaýşyň manysy – janlylyk, islendik ýaşaýşyň maksady hem bakylykdyr. Şahsyýetiň şu dünýädäki janlylygyny üpjün etmegiň esasy usuly döwletidir. Azady kitaby akyldar bolsa, onuň ogly beýik Magtymguly durmuşyň akyldary boldy. Biziň aýdýanymyz ýöne bir ýiti hem gelşikli söz däl. Akyldarlaryň durmuşyň iki jähetine – maksatlar durmuşyna hem-de durmuşyň maksatlary jähetlerine degişlilikde iki röwşüniň bardygy tebigydyr. Birinjiler pikirden pikir çykarýarlar. Ikinjiler durmuşdan pikir çykarýarlar. Azady pikirleri kämilleşdiriji hem-de olary mümkingadar durmuşa laýyklaşdyryjy syýasy taglymatçy bolupdyr. Beýle şahsyýet öz pelsepewi hususyýetini miras galan pikirleri okamak hem öwrenmek arkaly kemal edýär. Magtymguly bolsa öz pelsepewi hakykatlaryny hakykatyň içindäki heserlenmeler, durmuşdaky akyl-duýgy gaýnap-joşmalar arkaly gözläp tapypdyr. Ol ýörite syýasy eser ýazan adam däl. Ol durmuşyň özünden ylhamlanan hem şol ylham netijesinde pelsepewi şygyrlar ýazan adamdyr. Magtymguly durmuşyň, şol sanda döwrüniň syýasy durmuşynyň jümmüşinde ýaşapdyr. Ylaýta-da, XVIII asyryň 50-60-njy ýyllarynda Türkmenistanda syýasy durmuş dartgynlylygyň hem gapma-garşylyklylygyň aňrybaş derejesine ýetýär. Emma türkmenleriň içinden uly syýasy şahsyýetiň çykmandygy, milli-syýasy aňyň umumy pesligi zerarly, türkmenler syýasy bitewüligini amal edip, milli döwlet gurup bilmediler. Magtymguly taryhyň açan mümkinçiligini gören, şol bir wagtda-da syýasy-milli aňyň pesliginiň şaýady bolup, bu pajyga janyny ýakan beýik pajygaçydyr. Seredilýän meselede onuň iň ähmiýetli şygyrlarynyň biri «Emire döner» şygrydyr. Ülkede sahyp bolmasa, Arbaplar emire döner. Üç ýyl şire uçramasa Tilki, şagal şire döner. Magtymguly «ýurduma eýe gerek» diýip ýanyp-öten ärleriň biridir. Şu bendiň soňky iki setirindäki pikirlenme täri şahyr akyldaryň özüniň ruhy howalasy, şeýle-de pikirlenişi boýunça Ýusup Has-Hajybyň mekdebine degişlidigine şaýatlyk edýär. XXI asyra çenli türkmen syýasy pikirlenişinde iki ugruň – Oguz handan gelýän milli-syýasy pikirlenmäniň hem-de yslam arkaly başga hala geçilen ugruň bolandygyny bellemek gerek. Günä geçmek belent mertebeli Prezidentimiziň adalatlylygynyň diňe bir meseledäki ýüze çykmasydyr. Hormatly Prezidentimiziň raýatlaryň ýüztutmalaryna garamak baradaky döwlet toparyny döretmegi we bu toparyň işini möwsümleýin däl-de, ýylyň bütin dowamynda hemişelik esasda işlemelidigi baradaky talaby, bu talabyň halkara ähmiýeti, ata-babalarymyzyň ynsanperwerligine esaslanýan filosofik gymmatlygy halky begendirýär. Çünki hormatly Prezidentimiziň azatlykdan mahrum etmäge iş kesilenleriň günäsini geçmek çäresini hemişelik esasda ýola goýmagy — bu döwlet syýasatyndaky düýpli täzelikdir. Bu hormatly Prezidentimiziň halkara syýasatyndaky düýpli ädimidir. Bu türkmen jemgyýetçilik ahlagynyň kämilligini üpjün etmek babatdaky täzeçe garaýyşdyr, täzeçe ýoldur. Bu jemgyýet kämilligini gazanmak baradaky batyrgaý çäredir. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň, taglymatynyň dünýä syýasatlarynyň arasyndaky milli orny, milli aýratynlygy, milli ähmiýeti, milli öwüşgini, ynsanperwerlik ýörelgeleri, syýasy-filosofik gerimi boýunça, entek-entekler düýpli gürrüňler ediler, düýpli öwreniler. Hormatly Prezidentimiz örän takyk, täzeçe çemeleşmesini öňe sürýär: iň esasy zat, azatlykdan mahrum etmäge iş kesilenleriň öz eden günälerine düşünip, toba gelmekleri. Göräýmäge, biz toba sözüniň manysyny örän açyk bilýän ýaly: toba — eden işiňe puşman etmek, ýalňyşyňa düşünip, ökünmek, Allatagala sygynmak. Toba — edilen ýalňyşlyklar, etmişler, ýazyklar, günäler üçin adama Allanyňam däl, jemgyýetiňem däl, adamyň öz-özüne berýän içki ruhy jezasynyň birgiden ulgamydyr. Toba düşünjesi günäsiz adamyň ýokdugy ba¬radaky pikire esaslanýar. Adam diňe iki ýerde günäsizdir: bir-ä dünýä inende, ikinjem ömür menzili paýawlap, bakyýa göç edende. Bu iki aralykda Durmuş diýen joşgunly akaba bar. Bu akabanyň çäginde adama hemişe toba diýen ruhy melhem zerurdyr. Pederlerimiz «Kanagata — bereket», «Sabyrly kişi Käbä ýeter» diýen ýaly pähimleri döredip, özlerinden soňkulara sabyrly, kanagatly, ynsanperwer bolmagy pent edip gidipdirler. Ömür bir gezek berilýär. Elbetde, bir gezek berilýän bu ömri manyly-maňyzly geçiren ýagşy, ýöne käbir kişiler nebislerine jylaw salyp bilmän, aşa harsydünýälik edýärler, netijede bolsa azatlykdan mahrum bolýarlar. Azatlykdan mahrum edilenler perişdeler däl, olar anyk bir etmiş eden adamlar. Etmiş eden kişi kim bolsa-da jezasyny çekmeli. Ýöne hormatly Prezidentimiz geçirimlilik edýär. Geçirimlilik ruhy jomartlykdyr. Nebsiň soňy — puç, petik, akylyň soňy täze menzilleriň we ýollaryň açylmagydyr. Hormatly Prezidentimiziň kanagatly, halal, ynsaply ýaşamak baradaky -talaplary, borjumyzy, biziň öz-özümizden talabymyzy artdyrmaga, ruhy dünýämizi baýlaşdyrmaga borçlandyrýar, bizi ruhy gymmatlyklar hakda oýlandyrýar. Döwlet syýasaty halkyň bagtyýarlykda, bolçulykda ýaşamagyna gönükdi-rilendir. «Mesligi goýun göterer, goýnuň hem — garasy» diýilýär. Dogry şol, mesligi, bolçulygy, bagtyýarlygy hem göterip bilmek gerek. Adam ruhy şahsyýetdir, beýle şahsyýetiň özeni-de jöwheri jandyr. Diňe şu hakykata göz ýetirip, ynanyp bilen adam beýleki ahlak gymmatlyklary bilen bir hatarda kanagatyňam janly, anyk ýörelgedigine ynanyp biler. Bitewi ruhy şahsyýetiň içki baglanyşyklary şeýledir: diliň aňyrsynda göwün bardyr, göwnüň aňyrsynda bolsa beýik paýhas durandyr. Beýle kämillik şahsyýeti gutarnyklylyga we bitewülige getirýär. Diliň göwünde ýok sözleri sözleýän bolsa, göwnüň paýhasa esaslanmaýan we ejazasyny almadyk pikirlere gümra bolsa, onda sen bikemal şahsyýetsiň. Adam öz özeninden pes, egsik bolan dünýäden üstün çykmak üçin kanagat serişdesini edinmeli. Kanagatsyz kişi özünden pesiň hyzmatyndaky kişidir. Ol meýletin ýeňlijidir. Beýle meýletinlik paýhassyzlyk, adamyň asylbaşky, düýp tebigatyna düşünmezlik ýa-da nädogry düşünmek sebäplidir. Akyldarlarymyz paýhasyň tarapyna geçmegi beden şahsyýetinden ruh şahsyýetine geçmek hökmünde göz öňüne getiripdirler. Ogurlyk mätäçlikden däl-de, meslikden edilýär. Jenaýat mätäçlikden däl-de, meslikden edilýär. Edilen jenaýatlaryň köpüsi bolçulygyň, mesligiň ýüze çykaran meseleleridir. Oguz şalarynyň biri Aly şa öz ýalňyz ogly Şamäligi Köneürgenje häkim belleýär, ýaş ogluna akyl berip, ýol öwredip oturar ýaly goja Begdüzi oňa atabeg belleýär. Oglanyň näme diýse diýeni bitip dur. Ýaş oglan yzzat-hormaty göterinip bilmän azyp, haramlyga ýüz urmaga başlaýar. Ol günleriň bir güni bir begiň gyzyny köşgüne zor bilen getirip, aýşy-şöwhet kylmak isleýär. Ogurlanan gyzyň yzyny çalan begiň adamlary onuň köşge getirilendigini anyklaýarlar. Türkmende haramylyk iň wagşy, günäsini geçip bolmaýan etmiş hasaplanýar. Beg dergazap bolýar. Şamälik gaçyp kakasynyň ýanyna barýar. Oguzlaryň gozgalaň turuzmagyndan gorkup atabeg Begdüzem gaçyp Aly şanyň huzuryna barýar. Aly şa kethudalaryny, wezir-wekillerini çagyryp geňeş edýär. Ogluny ýaňadan Köneürgenje iberse, ony begler öldürjekler. Ýat bir kişini dikme goýsaňam boljak däl. Garasaý, olar: “Aly şa ogly Şamälige temmi berdi, indi arkaýyn boluň” diýip, ilaty köşeşdirmek üçin töwellaçy ugradýarlar. Esasy maksat bolsa ýigrimi müň nökerli goşun bilen gozgalaň eden begiň üstüne duýdansyz çozup barmak, gyryp, jeza berip, göz görkezip tabyn kylmak. Emma olaryň syry aýan bolýar. Köneürgençliler on alty müň adam ýygnap, şanyň öňünden çykyp, onuň goşunyny aňňalak gapdyryp, çym-pytrak edýär. Şeýdibem, uly Oguz döwleti dargap başlaýar. Gorkut ata şalyk adalatlylygy saklamasa dargajakdygyny öwran-öwran pent edipdir. Ol adalatyň esaslary hökmünde üç wesýeti miras galdyrypdyr: 1. Men-menlik etmäň. 2. Agzala bolmaň. 3. Haramlyk etmäň. Adalata, Oguzyň kada-kanunyna ters gelýän şu üç zadyň bolan ýagdaýynda oguz şalyklary dargap ugrapdyr. Hormatly Prezidentimiz ata-babalarymyzyň gymmatly däp-dessurlaryny öňe sürýär. Netijede, bu gün jemgyýetimiz ynsanperwerleşýär. Her bir şahsyň öz öňünde, jemgyýetiň öňünde jogapkärçiligini duýmagyna, ahlak päklige aýratyn ähmiýet berilýär. Bu gün türkmen halky Magtymguly Pyragynyň, pederlerimiziň arzuw edip geçen demokratik, hukuk we dünýewi döwletiniň ähli eşretlerini görüp ýaşaýar. Ösen ýurtlaryň öňdebaryjy tejribelerine, halkymyzyň milli aýratynlyklaryna, nesilbaşymyz Oguz handan gözbaş alyp gaýdýan, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda täze mazmuna eýe bolan ajaýyp däp-dessurlara, urp-adatlara, durmuş ýörelgelerine esaslanýan döwletimiziň halkara abraýy dünýäniň syýasy giňişliginde barha artýar, halkymyzyň medeni-durmuş derejesi ýokarlanýar, ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösýär, häzirki zaman gurluşyklaryň gerimi giňeýär. Belent mertebeli Arkadagymyz ýurdumyzyň gülläp ösmegine iň ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän berk kadalaşdyryjy binýady döretdi we halk hojalygynyň, şeýle hem medeniýet ulgamynyň sazlaşykly işlemegini, netijede, iň ýokary depginde ösüşlerden ösüşlere barýan bitewi bir barlygy döretmegi başardy. Bu gün — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz döwletimiziň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagy Gahryman Arkadagymyzyň çäksiz uly tagallalarynyň netijesidir. Belent mertebeli Arkadagymyz adamlaryň — raýatlaryň hukuklarynyň iş ýüzünde kepillendirilmegine uly ähmiýet berdi. Munuň özi adamda özüne, döwletine, ýurduna, mähriban Prezidentine bolan ynamy has-da berkitdi. Bu ynam adamyň özüni jemgyýetde oňaýly hem sazlaşykly duýmagynyň, döwletiň bolsa üstünliklerden üstünliklere ýetmeginiň girewine öwrüldi. Döwletiň maksady — halk, halkyň bolsa bar zady döwlet. Bular biri-biri üçin ýaşaýar, bu sazlaşyk ýurduň ajaýyp sepgitlere ýetmegini üpjün edýär. Belent mertebeli Arkadagymyz şu nukdaýnazardan adalat jemgyýetimizde alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde “Döwlet adam üçindir!”, “Adam döwlet üçindir!” diýen baş ýörelgesini esas edindi. Adalat aňrybaş derejedäki deňlik, raýatlaryň baryna deň göz bilen garamak milli Liderimiziň esasy ýörelgesidir. Eýsem, raýatlar nämäniň özünde deň bolmaly?! Raýatlar, elbetde, ilkinji nobatda, kanunyň öňünde deň bolmaly. Olar durmuş ýagdaýyna, wezipesine, baýlygyna, akylyna, umuman, ähli aýratynlyklaryna garamazdan, kanunyň öňünde deňdirler. Gahryman Arkadagymyz kanunlaryň durmuşa ukyplylygynyň, hiliniň hem-de kämilliginiň döwlete baglydygy, emma olaryň ýerine ýetirilişiniň, amalynyň hem döwlete, hem raýatlaryň özlerine — olaryň duýgy-düşünjesine, akyl-paýhasyna, zehinine, ahlagyna esaslanýandygy, bu babatda döwletiň birbada iki wezipäni ýerine ýetirmeli bolýandygy: hem adalaty berjaý etmelidigi, şol bir wagtda hem adamlarda ynamyň, ynamlylygyň bolmagy üçin iş alyp barmalydygy, çünki döwletiň syýasatynyň, güýçlüliginiň bir çeşmesiniň adalatlylykdadygy, ikinjisiniň bolsa ynamlylykdadygy barada yzygiderli nygtaýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli beýik syýasatynyň güýçlüliginiň bir çeşmesi adalat bolsa, ikinji bir çeşmesi ynamlylykdyr. Her bir adamyň döwlete hem onuň adyllygyna bolan ynamyny berkitmek alnyp barylýan işleriň, anyk kanunlaryň üsti bilen amala aşyrylýar, şol bir wagtda-da adalat dabaralanýar, çünki kanun — serişde, ynam bolsa maksada ýetmekdäki gujur-gaýratdyr. Garaşsyz döwletimizde adamlaryň bilim-ylym almaklary üçin giň mümkinçilikler döredilendir. Oka, öwren, döret, ine, belent mertebeli Prezidentimiziň döwlet syýasaty. Bu syýasatyň amaly üçin hormatly Arkadagymyzyň gije-gündiz alada edýändigine her günki bitirilýän işler, kabul edilýän kararlar, tutumlar bilen ýakyndan tanşan her bir adam göz ýetirip biler. Gahryman Arkadagymyz “Ilkinji nobatda, meniň ähli aladam halkym bolar” diýmek bilen, özüniň baş aladasyny mähriban halkynyň asuda, bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirýär, diýarymyzy täze belentliklere çykarýar, netijede Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýy barha dabaralanýar. Ähli tutumly işler il-ýurt bähbitlerinden ugur alýar, çünki “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelge biziň ideologiýamyzyň esasyny düzýär. Şonuň netijesinde Watanymyzyň ykdysadyýetini pugtalandyrmak, ilatyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, döwletiň, jemgyýetiň durmuşyna degişli her bir ugurda ösüş gazanmak esasy maksat bolup durýar. Ýurdumyzda örän gysga döwürde bolup geçen we geçýän ösüşler döwletimizi dünýä bileleşigi tarapyndan gülläp ösýän ýurt hökmünde öňe çykardy. Ýurdumyzda kanunçylygy kämilleşdirmekde amala aşyrylan we amala aşyrylýan konstitusiýon we kanunçylyk özgertmeleri jemgyýetiň sagdyn we ruhubelent galkynyşyny üpjün edýär. Ynsanperwerlik babatda ýurt Baştutanymyzyň özi bize görelde. Munuň şeýledigine şu ýylyň 24-nji oktýabrynda, ýagny Garaşsyzlygyň 22 ýyllyk şanly senesiniň öňýanynda Daşoguz şäherinde bolup geçen ýurdumyzyň Ýaşulularynyň maslahatynda diňe bir türkmen milleti däl, eýsem, halkara derejesinde-de göz ýetirildi. Şol maslahatda Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakyndaky” Permana gol çekdi, Resminama laýyklykda, dürli sebäplere görä, ykbalyň emri bilen raýatlygyny ýitiren we raýatlygy bolmadyk müňden gowrak adam ýurdumyzyň raýatlygyna kabul edildi. Şol günüň ertesi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňeldilen mejlisinde Gahryman Arkadagymyz “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçmek hakyndaky” Permana gol çekdi. Şeýle ynsanperwerlikli hereket döwlet Baştutanymyzyň öz halky üçin edýän atalyk aladalarynyň bimöçber uludygyny ýene bir gezek subut etdi. Belent mertebeli Prezidentimiz döwletimiziň dolandyryş aýratynlygy hakda söhbet açanda şeýle diýdi: “Häzirki döwürde biz demokratik özgertmeleri giň gerim bilen amala aşyrmaga, halk häkimýetiniň esaslaryny pugtalandyrmaga, hakyky raýat jemgyýetini döretmäge, onuň ösüşiniň ugurlaryny we görnüşlerini kesgitlemäge, we ýurdumyzda amala aşyrylýan köptaraply we uzakmöhletleýin özgertmelere raýatlarymyzyň işjeň gatnaşmaklary üçin ähli şertleri döretmäge köp üns berýäris”. Ynsanperwerlik hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli tutumlarynyň, syýasatynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şeýle ynsanperwer syýasatyň, bolçulykly durmuşyň gadyr-gymmatyny bilmek gerek. Bu bolçulykly, parahat döwletde sagdyn, ruhubelent, halal ýaşamak biziň diňe bir hukugymyz däl, eýsem, borjumyzdyr. Osman ÖDÄÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||