08:53 Adam hekaýalary: Prawoslaw monah Dostoýewskini kürt diline geçirýär | |
ADAM HEKAÝALARY: PRAWOSLAW MONAH DOSTOÝEWSKINI KÜRT DILINE GEÇIRÝÄR
Edebiýat täzelikleri
Gürjüstanda ýaşaýan kürt monahy Madaý Maamdi birnäçe şähere gidip, hem-ä düýbüne inýär, hemem kürt dili boýunça işleri edýär. Mundan öñem dini kitaplary terjime eden Madaý Dostoýewskini rus dilinden kürt diline geçirmäge başlapdyr Kyssalaryñ yşkyna düşen adam daglaryñ, obaryñ, şäherleriñ, köçeleriñ, baglaryñ arasyndan aýlanyp geçende özüniñem kyssa boljagyny bilenok. Bilse-de onuñ manysy bolmaz. Çünki hekaýa hemişe içinde hereket edýäne däl-de, daşardan seredýäne pyşyrdaýar. Bu pyşyrdy bilen oña ýoldaşlyk eden hemme zat mundan beýläk gürrüñ berijä öwrülýär, ol bolsa diñleýjiniñ roluna girýär. Ýoluñ her menzilinde penjireden seredýän çaganyñ añynda garry kempir ýa-da gapydan çykyp köçeden ýöräp barýan islendik kişi fotosurata öwrülýär. Şeýdibem onuñ toplan maglumatlary ýaşaýşa goşulmagyñ ýeke-täk maksadyny tapyp, gelen ýerine degişli yzlaryny ýazyp we añynda saklap, daşarynyñ oña beren duýgularynyñ ugruny kesgitleýär. Monah Madaý Maamdiniñ asly Türkiýäniñ Wan welaýatyndan bolup, maşgalasy Gürjüstanda ýaşaýan kürtlerden. Maamdi maşgalasy ençeme ýyl öñ Sowet Soýuzyna sygynan ýüz müñlerçe ýezididen biri. Monah Madaý kökleriniñ ýaşan ýurdunda kyssa awçysynyñ roluna girip, ata-babalarynyñ geçen ýollaryny, obalary we aýatda diri ýaşulylardan eşiden hekaýatlaryny toplaýar. Birnäçe şähere gidip, hem añyrsyny yzlaýar hemem kürt dili boýunça uly işleri bitirýär. ABŞ-da monahlyk edýän Madaý bilimini Gresiýada alypdyr. Iñlis, grek, rus, gürji, kürt dillerini suwara bilýär. Mundan öñem dini kitaplary terjime eden Madaý Dostoýewskini rus dilinden kürt diline geçirmäge başlapdyr. Prawoslaw monah Madaý Maamdi terjime işini şeýle gürrüñ berýär: - Hemmäñize salam. Meniñ adym monah Madaý. Gürjüstanly kürt. On ýaşyma girenimde hristianlygyñ prawoslaw mezhebine geçdim. Şol sebäpli meniñ durmuşymda möhüm pursatlar döredi. Edil häzir Gresiýada okuwymy dowam etdirýärin. Grek we rus dillerinden kürt diline terjimeler edýärin. Hemme zatdan ötri ynançly biri hökmünde dini kitaplary kürt diline geçirýärin. Din boýunça grek dilinde ýazylan esasy eserleri terjime etdim. Şeýle-de rus dilinden Isa pygamber hakda ýazylan eserleriñ birnäçesini terjime etdim. Indem hormatly halypam Mihemed Pasunyñ goldawy bilen Dostoýewskiniñ kitaplaryny kürt diline geçirip ýörün. Elbetde, dünýä edebiýatynyñ klassyklaryny kürt diline geçiresim gelýär. Bizde bu häzir iñ uly kemçilik bolup dur. Ulularymyzyñ aýtmagyna görä, Uly jahan uruşynda ata-baba ýaşaýan ýurtlarynyñ ep-esli bölegi Çaldyran Wana çenli Türkiýä, galan bölegi-de bialaç ýagdaýda Ermenistana gidipdir. Ýagdaý şeýle bolansoñ, mejbury ýagdaýda köpüsi Russiýa sygynypdyr. Biziñ añrymyz kürt agalaryndan. Günorta ezidilerinden diýýärlerdi. Mustafa ORMAN, ýazyjy. Çarşenbe, 09.11.2022 ý. | |
|
√ Adam hekaýalary: Prawoslaw monah Dostoýewskini kürt diline geçirýär - 16.06.2024 |
√ Türkiýeli alymyň türkmen edebiýaty baradaky kitaby neşir edildi - 12.08.2024 |
√ Gadymy golýazmalaryň katalogy neşir edildi - 27.08.2024 |
√ Halkara Buker baýragynyň sanawy yglan edildi - 01.08.2024 |
√ Туркменка - 28.07.2024 |
√ Soner Ýalçyndan atgaýtarym öñe geçen ýene bir kitap... - 30.06.2024 |
√ Boş arzuwlar: Merkezi Aziýanyň Aral deňiz basseýnindäki suw we imperiýa - 31.01.2024 |
√ Nobel baýragyny almadyk ägirtler - 05.10.2024 |
√ Tекст выступления Д.Язкулыева 25 июня 2024 г. в торжествах проведенной в рамках Дней культуры Туркменистана в Казахстане - 09.07.2024 |
√ Dünýäniň meşhur edebiýat baýraklary - 05.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |