22:00 Mahmud Derwüş, Gassan Kanafani we Palestina | |
MAHMUD DERWÜŞ, GASSAN KANAFANI we PALESTINA
Edebi makalalar
Erbetligiñ adatylygy biperwaýlyga öwrülende, başgalaryñ gynanjyna seretmek öz dünýäleri bilen gümra bolup ýaşaýanlara garşy çaprazlyga düşürýär. Jemgyýetiñ ýitirilme gorkusy we ýitirme dialektijasy, gahrymanlyk prinsipleri we duşmançylyk literaturasyna bulandyrylan ýalanlarynyñ töwereginde söz bilen beýan edip bolmajak derejede inkär edijilik bilen dowam edip gidýär. Başgalaryñ gynanjy-da şu ýerde ýok bolýar, gören gynanjyñam ynamsyz ýerden boşluga sowrulýar. Çaganyñ çaga, halkyñ halk, pişigiñ pişik, öýleriñ öý holan islendik ýerde gynanjyñ seredişi nähili atlar we nähili sözler bilenem bolsa hapalanmaýar. Adamyñ ruhy, adamyñ kalby diñe bir adamyñ ölümi bilen däl, eýse bir pişigiñ parçalanmagy bilenem, bir öýüñ ýykylyp-ýumrulmagy bilenem, bie agajyñ çapylmagy bilenem agdar-düñder bolup bilýär. Şeýle-de adam bularyñ barsyny begenibem kabul edip bilýär. Görenlerimiz añymyza gynanç bolup girenden soñ öñküsi ýaly bolup bilemzok, görenlerimizem bizi gowulaşdyryp bilenok. Ýeri gelende genosidçi we eksplutator jemgyýet seni öz dogry tarapyna çekýär, ine, iñ gorkunç ýeri-de şu. Hut şu aýtymda adamyñ ruhuny we kalbyny bir gyra zyñandygyny, agalyk ediji düşünjä guýruk bolandygyny, iñ warwar pikirleri aýtmakdan gaça durmaýandygyny görýäris. Syýasy ugruñ ortagürpe deñ köpçüliginiñ akly syýasy gözýetimiñ geçmişiniñ çökündisi geljegiñ göz öñüne getirip bolmajak emele gelmesi bilen şu günüñ ýüküni çekýär. Kararsyz goýan ýa bolmasa mejburyýet bilen tirkelen guýrugynyñ ýüküni, kalbynyñ awuşamasyny duýa-duýa aýdýan ejizlik özüni bildirýär. Indi ýaşaýşyñ sermelän ýerini çözüp bilmän aklyny ýatyran hakykatyñ ýalandygyny ipohondriýasy (esassyz gaýgy-gamy) bilen muny kabul edýär. Işiñ içinden çykyp bilmeýär, ýüregini ýitiren we aklyny syýasy gözýetimiñ hatalaryna bagyşlan durmuşynyñ kenarynda ýok bolmaga mejbur bolýar. Käbir adam şeýle garşylygy-da berip bilmeýär, howalaly serhoşlygyñ ädimleri bilen diñe şemalyñ galgadýan ýapragy ýaly boş meýdanda tükeniksiz gykylyklwry bilen bardygyny-da bilmeýär. Islendik adamyñ başgalaryñ gaýgy-gussasyna seretme wyždany öz öýüniñ penjiresi döwülýänçä. Hanna Arendtiñ "Ýalanlar öz tebigaty boýunça üýtgedilip we hökümet yzygiderli ýagdaýda öz taryhyny täzeläp durmaly" diýen sözi şu günümiziñ samsyklaçlygyny ýüze çykarýar. Köne-de bolsa, dygysyz aýlanyp duran düzgün şu. Siwilizasiýa diýip hödürlenen warwarlygyñ magşary. Akly warsakylara gark eden bilen warsakylary ýuwdup ýöreniñ meñzeş jandardygyny bilmegiñ gynanjy bar. Öwrenişibem gidipdiris, adam-da sebäbi biz. Doñýürek biz. Hakykat öli dil dogurýar. Adamyñ hakyky ýüzüni tanap bolmaýar, çünki ol öz ýalany bilen hakykaty ýok etjek bolýar. Daşymyzy gurşap alan ýalan, daşymyzy gurşap alan utanç we jenaýat - köpçüligiñ akly, gözleri we gulaklarydyr. Bu kerligiñ, körlügiñ mergen eserdeñligi bilen hakykatyñ urlan ýerinden gaýtadan hakykat jedelleşilip başlanýar. Häzir öýüñ penjiresinnden seredip göreliñ: Ha ýangynlara bürensin, ha-da baglar bilen gurşalsyn, ekplutatoryñ öýi hiç haçanam baýnamaz. Erbetligiñ gürrüñi içindäkä ýakynlaşman daşaryk seretmegiñ samsyklaç añsatçyllygy bar. Içerde tomaşa edýänine daşaryk çykanda möññürip aglaýan köpçülik käwagtam içerde bolýan ýangyna alkyş okaýar. Biziñ paýymyza bakyşlarymyzy şu duran ýerimizden alyp, daş zyñyp biljek zalymymyzyñ ýüzüne utanjyny bazyrdadyp basabilmekdir: Palestin halkynyñ hormata mynasyp goranyşyna teşnediris, edil içerden goranyşa teşne boluşymyz ýaly. Fotosurat: EPA Dünýäniñ warwarlygyna medeniýetli agyzlary, nukdaýnazarlary bilen çanak tutandyklary üçin intelligensiýanyñ wekilleri, sungat işgärleri, ýazyjy-şahyrlaram bir gün ölüp gitmeli. Şolar ýaly wyždanyñ üstünde gezdirilen nukdaýnazar, şolar ýaly aýdylan sözler, şolar ýaly edilen işler, şolar ýaly bolup geçen zatlar ýaly ýaşamak ezýetdir. Azatlygyñ hiç bir girdi-çykdysy bolmazdan sesiñ endireýän ýerinde hakykatam dikilgazyk bolar, adamyñ özem. Ine, agalyk ediji intelligensiýanyñ köpbilmiş häkimiýet tarapa degişli araçägi, ýigrenji syýasat apparatyna ýöneltmedik ýerinde häkimiýetiñ tabynlygyndakylara ýönelýär. Edil häkimiýetiñ tabynlygyndakylaryñ häkimiýete ýöneltmedik sowallarynda olara ýönelişi ýaly. Diñe şolar dogryny öñe sürýär diýip, diñe şolar bir pursatlyk wyždan törpüsine dakylandygy üçin iki tarap sebäpli aradaky bigünä halk jowranýar. Biri-birleri bilen gidişmegi goýup, biri-birlerindäki häkimiýet çözülmesini iniñi düýrükdiriji iş başyndaky häkimiýetiñ tabynlygyndakylaryñ gykylygyny ýok etmek üçin dem salymda bigünä hakka barmak çommaldyp başlaýarlar. Kalpsyzlygyñ we hakyda ýitgisiniñ duýdansyz ýüze çykyp, konsepsiýalaryñ kölegesinde hukuk çarçuwalaryny çyzyp, wyždan çykalgasynda bolmaklary-da şolar ýaly gülkünç. Adamkärçilik orta çykýar. Bir mahallar häkimiýet tortuny iýen gatlagyñ edil häzir häkimiýet tortuny iýýän gatlaga nezire bolsun diýip, okkupator döwleti el çarpyp goldamagy geñem görlenok, sebäbi öz ýurdunyñ çäklerinde edilen gandöküşliklerde häzirki häkimiýet bilen egin-egne diräp durmagy-da ýatdan çykarmazlar. Her iki gatlagam birmeñzeş ýerde durýarlar. Iki gatlak üçinem aýdylmaly köp zat bar, aýtmaga hiç zat ýok. Şunuñ bilen baglanyşykly "Alžiriñ garaşsyzlyk urşy" kinofilmindäki dialoglary dykgatyñyza ýetirmek isleýärin. Korrespondent tussag edilen alžirliden soraýardy: - Bigünä gurbanlara hüjüm etmek üçin aýallaryñ ulanýan torbasynda bomba daşamak namartlyk bolanokmy? Alžirli-de şeýle jogap berýärdi: - Garawsyz obalara napalm bombalaryny atyp, müñlerçe adamy öldürmek has beter namartlyk dälmi?.. Bize bombalaýjy istrebitelleriñizi beriñ, torbalar siziñki bolsun! Palestin halkynyñ arkasynda durmagy we Ysraýyla garşy çykmagy musulmanlyk bilenem iudeýlik bilenem düşündirip bolmaýar. Ol ýerde ençeme ýyllap psihopat döwletiñ öýleri bombalaýan, çagalary öldürýän güni bilen dañyñy atyrmagyñ hasabyny çykarmakdan kalendarlar ejiz geler. Şol bir wagtyñ özünde köçäniñ ortasynda çagalary urup-horlaýan bilen snaýperçiler arkaly ýönekeý ilaty pürreleýän döwlet bir kelleden çykan aklyñ miwesidir. Ölmän ýaşajak bolmagyñ günä, hakykaty aýtmagyñ utanç bolan bu ýurdunda sözler dogrulygyñ ýüküni götermäninde daşaryk syzan goranyş ýalkymynyñ ýüküni göterýär. Palestinaly şahyr we ýazyjy Mahmud Derwüş • Mahmud Derwüş we goranyş Mahmud Derwüş "Aty nämüçin ýeke goýduñ" diýip ýazýar, yzyndanam: "Öýe hemra bolsun diýipdim zürýadym, Öýler ölýän eken terk etse ýaşaýjylary" - diýip, hut Palestinanyñ başdan geçirýän şum ykbalyny ýatladýardy. Bolup geçen durmuş bolmadyk hyýallaryñ kölegesinde görkezýär tersini jümle-jahana. Kökünden goparylmadyk agaçlar ýaly boý almagyny dowam etdirýär. Mahmud Derwüş ölüp gitdi, azatlyga hemra bolsun diýibem onuñ Palestinasy şindizem ýaşaýar. Sözlerden düzülen azat ýurdy emele getirmegiñ girdabyndan, azatlyga uzaýan öýkeli döwrüñ esselerinden taryhyñ kipaýatsyz, çylgymly nazaryndan dogry netije çykarmak mümkin däle ýakyn. Ölüm, uruş, terk ediş, dymyşlyk şygar edilen temalaryñ töwereginde aýlanýan her bir gürrüñiñ çeññek ýaly adamyñ içini dilip geçip bilme mümkinçiligi aslynda mümkin dälligiñ döreýşini alamatlandyrýar. Mahmud Derwüşde mümkinçilik - göz öñüne getirip bolýan ýurt, mümkinçiliksizlik bolsa - taryhyñ toruna çolaşyp galan ýurduñ ikilenç ýaşap bilmezligidir. Bu mümkinçilik bilen mümkinçiliksizligiñ sepgidinde gurşap alýan Palestinanyñ azatlygyna we onuñ ýalñyzlygyna edilýän nygtama okkupatoryñ we basybalyjynyñ hakydasyna zaýalanyp gorka bürenýär. Basybalyjylar Palestinanyñ azatlygyna-da, ýalñyzlygyna-da takat getirip bilmeýär. Basybalyjy ýaradylyş mifi bilen ýok ediş hakydasyny inýeksirlemäge synanyşýan pursatynyñ arssyny Mahmud Derwüşiñ ölüm, terk ediş, milli aýratynlyk, ýer, öý, ýol, okkupasiýa düşünjeleri şarpa ýolýar. Ýerinden pyzylan basybalyjynyñ gazaby hasam artýan wagty Derwüşiñ hakyda mümkinçilikleri birden köp ýaraga bürenýär, birnäçe tarapdan duşmany gabaýar. Şeýdibem basybalyjy elindäki iñ soñky artykmaçlygy ulanýar: bombalaýar, sürgün edýär, adamlary ogurlaýar, öldürýär. Bärde halkyna ses bolmak üçin ýañlanan şahyryñ sesi gysylýar. Çünki menlik doglup-dogulmanka halk bilen doldurylýar. Terk ediş hökümini ýitirip, Derwüşi taryh arenasynyñ iñ öñünde goýmak bilen Palestinany Derwüş, Derwüşi-de Palestina edipdi. Hawa, ol garşysyndaky basybalyjylara-da şeýle bir täsir edipdi welin, bir döwür onuñ adyny okuw kitaplaryna salmagyñ jedeli hem edilipdir. Emma bu jedelleriñ üsti Mahmud Derwüşiñ beren güýçli jogaby sebäpli yirky bilen örtülýär we jedeliñ soñuna nokat goýulýar. Çünki Derwüş şeýle diýipdir: Şeýtjek bolýañ dälmi! Ýeri bolýa, belle! Belle birinji sahypanyñ başyndan tä ahyryna çenli. Ýigrenjim ýok adamlara, Hiç kime hüjüm etmek niýetimem ýok! Ýöne aç galanymda, Topragymy depgiläniñ çigligine etini iýerin! Özüñi gora, gork meniñ açlygymdan, Gork meniñ gazabymdan! Gora özüñi! • Gassan Kanafani, boyun bilen gylyç Gassan Kanafani diñe žurnalist we ýazyjy-da däldi. Palestin dawasynyñ, ýurtsyzlygyñ, bosgunçylygyñ, zary-girýanlygyñ ruhy garawullaryndandy. Ol muny ýazan kitaplarynda, çykarýan gazet-žurnallarynda düşünjesiniñ horjunynda göterýärdi. 1972-nji ýylyñ 8-nji iýulyna gelinende Gassan Kanafani we Palestin dawasy üçin garañky günüñ perdesi bireýýämden syrylypdy. Gassan Kanafani ogly Faýez, gyzy Leýla bilen bile Ogly Faýeziñ oýnawaç otlusyny bejerip berenden soñ inisi Lamis bilen bile awtoulagyna tarap ýöränlerinde, körpe gyzy Leýla-da merdiwanda kakasynyñ açyp beren şokoladyny iýýärdi. Gassan açary towlan badyna bomba ýarylýar we awtoulag kül-uşak bolýar. Gassan Kanafani 36 ýaşynda öldürilýär, terakty Ysraýylyñ gizlin gullugy Mossadyñ "Lod" howa menziline edilen hüjümiñ ary hökmünde edendigi aýdylýar. Mossad muny özüne bahana eden bolýar, ýöne düýp maksadyñ Gassan Kanafaniniñ gazanan meşhurlygy, köpçülige we gatnaşykdaky syýasy topara täsirini ýetirme we ugrukdyryp bilme güýji bilen baglanyşyklydygy köre mälim. Öýüniñ golaýjygynda öldürilmegi, çagalarynyñ we aýalynyñ edil şol pursatlarda öýde bolmagy wakany tragediýa bolmakdan çykaryp, dünýäniñ merhemetine sygmajak uly pajygaly hadysa öwürýär. Gassan Kanafaniniñ aýaly Anni Kanafani bombanyñ ýarylan pursatyndan soñky minutlary şeýle gürrüñ berýär: - Birnäçe metr añyrda Lamisi tapdyk, Gassan ýokdy. Oña seslendim, soñra çep aýagynyñ öñümde ýatandygyny duýdum. Faýez kellesini diwara urýardy, gyzymyz Leýla yzyny üzmän "Kaka, kaka..." diýip gygyrýardy. Doñup galdym. Agambeniñ "Ölüm - ysraýylly ussatdyr" sözi geçmişden şu güne çenli özünden hiç zat ýitirmän her gün ýerini tapýar. 1972-nji ýylda awtoulagyna bomba goýup Kanafanini öldürende-de, edil häzir hassahanadaky bigünä çagalary bombalanda-da, Ysraýyp ölümiñ ussadydyr. Kanafani okkupatoryñ basyşçy-diýdimzor aklynyñ netijesinde emele gelen pessimizmi, bitaplygy üstünden atyp döreden hekaýalary, romanlary, makalalary bilen Ysraýyly gabawa alýar. Eserleri bilen adamlaryñ agzyny bir agza garadyp, gatlaklara hakly palestin dawasyny we goranyşyny wagyz etmek bilen birlikde Ysraýylyñ taryhy jenaýat bukjasyny-da açyp, olaryñ bagryny otlaýardy. Bu ugurda döreden eserleri bilen gabaw taktikasyna garşy berk duranam bolsa, her bir adam ýaly olam umytsyzlyga düşüpdir, "Bilýän ýeke zadymyz: ertiriñem şu günden gowy bolmajagy we derýanyñ boýunda asla gelmejek gämä intizar bolup garaşýandygymyz. Hemme zatdan goparylma hökümine giriftar edildik - öz ýok boluşymyzdan başga hemme zatdan" diýip, ertirki günleriñem habaryny beripdir. Palestinaly žurnalist, ýazyjy, aktiwist Gassan Kanafani Kanafani hem-ä gelip ýeten derejesinden hem-de ýetişen şertlerinden ötri edebi etika pozisiýasynda öz diýenini gögerdip, jemgyýetçilik we medeni ulgama jogapkärçilik pikiri bilen çemeleşýär, döwre arhiwlik edýär, jemgyýetçilik hakydany öz eserleriniñ üstünde gurýar. Häkimiýetiñ we döwletiñ talan gymmatlyklary, taryhy hadysalary syýasy hakydany we medeni gymmatlyklary ýatdan çykartman, ýykgynçylygyñ özüni hut häkimiýetiñ we döwletiñ garşysyna goýanda, halkyny ýepbeklemegi-de gözden salmandyr. Şeýle bolansoñ, onuñ "Haýfa dolanyp gelmek"hekaýasynda we "Güneşdäki adamlar" romanynda bu pikirini mesaña mälim edipdir. Çünki köpçüligi çagyrmak, köpçülige ýatdan çykarmazlyk duýgusyny bermek, köpçüligi bir ýerde saklamagyñ iñ güýçli ýollarynyñ biri-de sungatyñ we edebiýatyñ galkan edinen ideologiýasy bilen köpçüligi oýarmakdandan geçýär. "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasynyñ beýan edilýän wakalar 1947-nji ýylda BMG-nyñ Bölme meýilnamasynyñ güýje giren ýyllaryna gabat gelýär. Araplar bilen jöhitleriñ arasynda uly çaknyşyklar bolup geçýär, arap ilaty 62 müñden 5-6 müñe gelýär. Hekaýa Haýfadan gaçanda sallançakdaky çagasyny ýatdan çykaran maşgaladan söz açýar. Birnäçe ýyl geçenden soñ maşgala Haýfa gaýdyp gelende, olaryñ öýünde jöhit maşgalasy ýaşaýar. Sallançakda taşlanyp gidilen ogullary-da ysraýyl esgeri bolupdyr. Uruşyñ iñ gorkunç tarapy şu ýerde beýan edilýär - çagasyny sallançakda-ka undan ene-ata.. Haldunyñ ady indi Dow. Kanafani Dowuñ agzyndan palestin halkynyñ iñ uly çykgynsyzlygyny tankyt edip, şeýle diýýär: "- Haýfany terk etmeli däldiñiz. Aýdaly, beýtmek mümkin däl eken, näme bolanda-da sallançakdaky çagañyzy taşlap gitmeli däl ekeniñiz. Bulam mümkin däl bolsa, iñ bolmanda yza gaýdyp gelmekden asla el çekmeli däldiñiz. Munuñam mümkin bolmandygyny aýdýarsyñyzmy? Ýigrimi ýyl geçdi! Tegelek ýigrimi ýyl! Şunça wagtlap ogluñy gaýdyp almak üçin näme etdiñ? Señ ýeriñde bolan bolsam, diñe şunuñ üçinem elime ýarag alardym. Şundan güýçli isleg bolup bilermi?" "Güneşdäki adam" romanynyñ ikinji planynda bolsa Kanafani ýurtlaryny taşlap gaýdýan palestinalylara düýpli tankydy bellikleri edýär. Romanda gaçmagy gaýdyp gelmegiñ ýoly hasaplaýanlaryñ - dünýäde hossarsyz galyp sesini eşitdirip bilmeýän halkyñ çyrpynyşynyñ üstünde durup geçýär. Adam bir gezek taşlap gaýtdymy, soñ ol ýere hiç bir ýagdaýda dolanyp gelip bilmez pikiri romanyñ içinden eriş-argaç bolup geçýär. Kanafani romanyñ soñunda halkyñ sesini eşitdirip bilmezlik meselesini şeýle gozgaýar: "Nämüçin tankyñ gapdalyna urmadyñyz? Nämüçun tankyñ diwarlaryny ýumruklamadyñyz? Nämüçin? Nämüçin? Nämüçin?" Gassan Kanafani birnäçe ýyl mundan öñ BBC-ä beren reportažynda Ysraýyl bilen Palestinanyñ arasyndaky ýagdaýynyñ eýmençiligi we näçe ýyl geçse-de üýtgemeýän tarapyny şeýle suratlandyrypdy: "Göz öñüne tutýan zadyñ gylyç bilen boýunyñ arasyndaky birtüýsli çykyş". Fotosurat: Mohammed Abed/AFP • Palestina Taryhy dartgynlylykda degişlilik we genosid düşünjelerini ýygy-ýygydan görýän uruşlarymyzda taraplara diñe halk we döwlet sistematikasynda baha berip bileris. Wýetnamdan Hytaýdaky uýgur türklerine, Kürdüstandan Palestina, Garabagdan Alžire çenli geografiki giñişlikleri gurşap alýan ýüzlerçe mysalda basybalyjylaryñ gandöküşlikler bilen doly taryhlaryna siñe syn edip görüñ. Azatlyk arzuwy bilen gurşalan ähli halklar ýaly Palestinada Ysraýylyñ milli oýanyş diýip dünýäniñ gözüni baglaýan meselesi hökmünde aktuallygyny saklaýar. Ýer ýüzünde Ysraýyla nälet okaýan döwletleriñ tutynyñ añyrsynda Ysraýylyñ ýanyndadygy, halkara uruş hukugy patarrakylary bilen warwarlygy medeniýet sirkulýaryna çekendigi görülýär. Bu uly aldawçylygy ýuwdan biçäre intelligensiýa, ýazyjy-şahyrlar we sungat işgärleri-de düýn we şugün bolup geçýän gandöküşlige goşant goşýandyklary geñ görülmeýän hakykatdyr. Palestinanyñ agysyny aglap gözýaş dökýänler öz ýurtlarynda eneleriñ gözýaşyny-a dökdürýärler. Şu ikiýüzli dünýäde propogandanyñ önümi bolan uruş jenaýatlarynyñ üstüni örtenleriñ, raýatlary eleme-deşik edenleriñ, gorka salyp ýer-ýurdundan jyda düşürenleriñ, şäherleri bombalaýanlartñ gözýaşy galplykdan başga zat däldir. Mahmud Derwüş we Gassan Kanafani ýaly ýazyjylar palestin konfliktiniñ mysalynda eksplutasiýa astyndaky ähli halklaryñ ruhy tekgesidir. Bizem şol bir görnüşde, ähli eksplutatorlara, basybalyjylara Mahmud Derwüşiñ şygyry bilen seslenýäris: Raketa sizden, daş bizden Gylyç sizden, gan bizden Ataş sizden, jan bizden Sagatlaryñyzy-da alyñ wagtymyzdan Hem güm boluñ! Nirede ýaşaýan bolsañyz ýaşañ Ýöne indi durmañ ýanymyzda Nirden çagyrýan bolsañyz çagyryñ ajalyñyzy Çekiñ eliñizi çöregimizden we duzumyzdan Ýaramyzdan, suwumyzdan we ýerimizden Alyñ paýyñyza düşenini-de ganymyzdan Hany, güm boluñ! Eý sözleriñ yzy bilen gidenler Ýükläñ arkañyza ismleriñizi Öçüriñ ýatlamalarymyzdan ähli suratlaryñyzy Hem güm boluñ! Mustafa ORMAN, ýazyjy. Şenbe, 21.10.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |