08:48 Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda | |
PALESTIN ÝAZYJYSY GASSAN KANAFANINIÑ "HAÝFA GAÝDYP GELMEK" HEKAÝASY HAKDA
Edebi tankyt
Edward Said sürgüne beren düşündirişinde şeýle diýýär: "Hasam beter biziñ günlerimizde sürgündedigiñizi, öý-ojagyñyzyñ aslynda o diýen daşda däldigini ýatladýan birnäçe zat bilen bile ýaşamakdan, gündelik döwrebap durmuşyñ adaty akymynyñ sizi öñki ýerñiz bilen dowamly şoña baryp ýetjek ýaly bolýandygyñyz, emma nämüçindir ýetip bilmeýän ýagdaýyñyzda tutmagyndan gelip çykýar. Şonuñ üçin sürgün bir ýerde galma ýagdaýyndadyr: ne gowy şerti bilen doly birleşip bilýär, ne öñküsinden doly aýrylyp bilýär, ne doly baglanyşygy doly, ne-de aýrylmalary belli bir derejede nostalgiýa röwüşli we romantiki bolsa başga bir derejede ukyply öýkünmeçi ýa-da gizlinlik bilen jemgyýetiñ daşyna atylanyñam hüşgär bolmaly howpy orta çykýar - has rahat we howpsuz bolma howpy".¹ E.Saidiñ umuman sürgüne degişli aýdýan zatlary sürgüniñ ikiarada gysylyp galşyna we temasyna yşyk tutýar. Gassan Kanafani sürgün edilen adam hökmünde hemem ýer-ýurduna bolan küýseg bilen içerki dünýäsindäki boşlugy ýazgy bilen we syýasy tutum bilen düzgýne girizmäge jan edipdir. Kanafaniniñ taryhy aýlanyşygyñ getiren ekplutatirlenýän ýurtda ýaşamagy - döreden eserleri bilen öz jemgyýetini, syýasy pozisiýasy bilenem eksplutator Ýsraýyly obýekt edip alypdyr. Edward Saidiñ "köksüz adam" sözi Gassan Kanafanide has köp ýer tutýar, ol geljegiñ nämälimliginiñ döreden netijeleri köplügindedir. Geçmişiñ ýüzi we ýalñyşlyklary bilen jemgyýetçilik hakydasyny diri saklanyny gowy görýär. Eserlerindäki şular ýaly tankyt we hakyda döretmek meýli ony geljege alyp barýan ýol-ýodalaryndaky netijesizligini we petiklenmeleri-de aýan edýär. Hem öýünde bolmazlygy, hem öýünden kowulmagy, hem-de öýüne gaýdyp barmazlyk hakykaty Gassan Kanafaniniñ gysylyp galmagyna degişli "köksüz adam" alamatynyñ gaýmalap ýören suduryny ýygy-ýygydan görkezýär. Palestinadaky köklerini anyklanda üstünden baran zatlary sürgündäki krizis bilen birleşip, düýpli döwülmeleri döredipdir. Gassan Kanafanide döwülmeler çuñlaşdygyça krizislerem artyp orta çykýar. Ruhlary hekaýalar arkaly beýan edende, aslynda tankyt edýäni diñe palestin halky däl, hut özüdir. "Holokostdan" soñky sungatda orta çykan "wekil konfliktini" Kanafani heläkçiligiñ dile berjek ýykgynçylygyny bilmek bilen ýykgynçylygyñ we heläkçilikleriñ adamlary nädip dilsiz goýşuny, dili nähili ysmaz edişiniñ pikiri bilen eserlerini taryhy-jemgyýetçilik ýaşama liniýasynda ýöredýär. Bu dilsizligi eserlerinde öz syýasy pikiri we çäkleri bilen ýüzleşdirip beýan edýär. Kanafani palestin halkynyñ öwrülişik sepgitlerini, ýitgilerini, bir ýerde saklanyp bilmeýändiklerini we sürgündäki ýagdaýlaryny täsirli we adama mahsus gowşakluklary bilen birlikde suratlandyrýar. Palestinalylaryñ jümle-jahana seslerini eşitdirmekden has beter biri-birleriniñ sesini eşitmeýändiklerini tankyt edýär. Şeýle-de, dogduk depelerini taşlap gaýtmagyñ nähili palestin we nähili palestinaly adam obrazyny döredýändiginiñ üstünde köp durup geçýär. Haýfadan palestinalylaryñ sürülmegi 1947-nji ýylda BMG-nyñ "Bölekleme meýilnamasynyñ" güýje girmegi bilen birlikde Ysraýyl teklip edilen ýerleriniñ bir bölegi hökmünde Haýfa şäherini saýlap aldy. Bu kararyñ güýje girmeginden soñ palestinaly araplaryñ eden düýpli protest demonstrasiýalarynyñ netiejsinde ölenler we ýaralananlar boldy. Minuñ bilen birlikde araplaryñ we jöhitleriñ arasynda düýpli çaknyşyklar bolup geçdi. Bolup geçen haos sebäpli Arap komiteti ara girip, halky sowukganlylyga çagyrdy, olardan öýlerini taşlap gitmezligi, hüşgär bolmagy, özlerini sowukganly alyp barmagy üçin duýduryşlar berdi. Emma komitetiñ beren duýduryşlar basyşlar sebäpli netije bermedi. Müñlerçe arap ýaşaýan raýonlaryny we öýlerini terk etdi. Noýabr aýynda bolup geçen bu wakalardan soñ jöhit militaristleri dekabr aýynda Haýfadaky arap mähellesiniñ arasyna bomba zyñmagy bilen alty adam öldi, 42 adamam ýaralandy. Bolup geçen bombaly teraktyñ yzyny başga teraktlaram ýetirdi. Jöhitler araplara garşy uly teraklary amala aşyrdylar, munuñ netijesinde 62 müñ arap ilaty 5-6 müñe çenli peseldi. Käbir çeşmeler jöhitleriñ köpüsiniñ araplaryñ hiç ýerik gitmän öñküsi ýaly ýaşamaklaryny, dükanlaryny ýöretmegini isländigini, ýöne milletparaz jöhitleriñ basyşlary we arap liderleriñ gop bermegi sebäpli araplaryñ bir demde Haýfany taşlap gaýdanyklaryny aýdýar. Gassan Kanafani: "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy Gassan Kanafaniniñ "Palestinanyñ çagalary" hekaýalar ýygyndysynda awtoryñ özüniñ we palestin halkynyñ durmuşyndan söz açylýar. Eserlerinde häkimiýetsizlik duýgusy bilen dolup-daşýan halkyñ taryhy ýazgydyny geçmişiñ ýalñyşlyklarynda gözläp, täzeden aýaga galmagyñ ýollaryny salgy berýär. Eseriñ süññünde aýtjak zadyny halkynyñ ýalñyşlyklaryny öz duýgularyna ýugrup aýdýar. "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hut şu babatda palestinalylary düýpli tankyt etmek bilen palestinalylartñ şahsy duýgy ýagdaýlaryna-da aralaşýar. Häsiýetleriñ arasyndaky duýgular bilen, ýerleriñ we jisimleriñ gepleme formasy bilen häzirki palestinalylaryñ näme üçin şeýle ýagdaýa düşendiklerine degişli çarçuwa çyzýar. Ýazyjynyñ palestin halkyna gönükdiren tankydy bellikleri ýazgydy kabul edişleriniñ añyrsyndaky ýazgylaryndan bölünişi-de geçmişe we geljege üýtgewsizleşdirýär. "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasynda palestinalylaryñ Haýfany taşlap gaýtmaklarynyñ we olaryñ ilatly punktlaryna Ysraýylyñ gurulmagyndan soñ ýerleşdirilen jöhitleriñ üstünde durlup geçilýär. Hekaýada ençeme ýyl öñ taşlanyp gaýdylan Haýfa turistik gezelenç etmäge Ysraýylyñ 1969-njy ýylda rugsat bermegi bilen müñlerçe palestinaly öýlerini görmek üçin gaýdyp gelýärler. Sait we Safiýe hem şolaryñ arasynda. Haýfadan çykyp gaýdanlarynda bäş aýlyk çagasy Halduny ýanlaryna almadyk Saitdir Safiýe hem-ä ony hemem öýlerini görmek umydy bilen ýola çykýarlar. Awtoulag bilen ýola çykan batlaryna geçmişiñ demligiñi bogup barýan duýgusyny-da ýanlaryna alýarlar. Indi awtoulagda olar ýok, Haýfadan gitmäge mejbur bolnan günüñ gynanjy we gaýdyp gelmegiñ oýarýan duýgularynyñ täsiri-de bar: "Rul hemişekisinden has köp derjiremäge başlan aýalarynyñ arasynda agyrlaşdy. Ol aýalyna "Men bu Haýfany bilýän-ä, ýöne ol meni tanasy gelenok" diýesi geldi. Emma pikirini üýtgetdi".² "Gelen öýi, şäheri, köçeler, prospektler, agaçlar, diwarlar, gapylar we başgalar indi olañky däl. Olar indi keseki. Olaryñ ýurdy däl. Öñki öýleriniñ bosagasyna gelende we içerik girende her görýän zatlary olaryñ geçmişini birin-birin öñlerine serdi: Sait elini gapynyñ jañyna ýetirdi. Safiýe ýuwaşlyk bilen: - Jañy çalşypdyrlar - diýdi. Bir pursat dymdy we sözüniñ üstüni ýetirdi: - Adyny-da. Bolaýmalysy ýaly".³ "Uzak wagta çeken huş ýitgisinden soñ özüne gelen biri ýaly närseleri käte bölek-büçek, käte-de bir bir pursatda täzeden synlap, daş-töweregine seretdi. Oturýan otagyna baranda öñki ulanan bäş oturgyjyndan iki sanysynyñ galandygyny gördi. Beýleki üç oturgyç täzedi. Hem gödeñsi, hem beýleki goş-golamlara sazlaşykly däl ýaly bolup görünýärdi. Otagyñ ortasynda reñki biraz solanam bolsa, elde ýasalan nagyşly stol bardy. Stolyñ üstünräki aýna wazanyñ ýerine tagta waza goýlupdyr we içinde tawus guşunyñ bir gysym peri bardy. Öñ olaryñ ýedi sanydygyny bilýärdi. Oturan ýerinden perleri sanamaga synanyşdy, emma oñarmady. Şonuñ üçin ol ýerinden turup wazanyñ ýanyna bardy we perleri ýekän-ýekän sanady. Bäş sany per galan eken".⁴ "Olary birmahallar ýatlamalarynyñ gaýmalaýan öñki öýlerinde garşylan adamam öñ genosidden ejir çeken polşaly jöhit aýal. Gapydan giren batlaryna öý eýesi uzak wagt bäri olara garaşýandygyny aýdýar. Sait bilen Safiýe gussa bilen öýüñ içini synlaýarlar. Ikisiniñ içindäki kem gaýdýan we gorkup garaşýan zady - çagalary Halduny soramakdy. Birhili soramaga bogunlary ysanokdy. Ahyrsoñunda Sait wazanyñ içindäki ýene iki periñ nirededigini soramagy bilen ogly Haldunyñ ýaşaýandygyny mälim edýän ýagdaýam ýüze çykýar. Onuñ ady indi Haldun däl, Dow. Bu ýagdaý Saidiñ hakydasyny watanyny taşlap gitmegiñ agyr hakykaty bilen sarsdyrýar. Watansyzlygyñ suraty perzendiniñ bar bilen ýoguñ arasyndaky duýgy bilen mazaly sepini bildirýär: - Hiç zady taşlap gitmeli däl ekenik. Ne Halduny, ne öýmüzi, ne-de Haýfany! Haýfanyñ köçeleribde awtoulag sürüp barýarkam duýan şol gorkunç duýgymyñ meñzeşini senem duýmadyñmy? Haýfany bilýän ýaly duýdum, emma şäheriñ meni tanasy gelmedi. Şol duýgyny şu öýde, bärde, öz öýmüzde-de duýdum. Muny pikiriñe getirip bilýärmiñ beri? Öýümiziñ bizi tanamakdan ýüz öwürjegini? Muny duýañokmy? Görersiñ, bu Haldun babatda-da şeýle bolar. Görersiñ!"⁵ Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmeginde" gürrüñ berilýän Saidiñ, Safiýäniñ we Haldunyñ başdan geçirýän wakalary ähli palestinalylaryñ başdan geçirýän wakalarydyr. Zürýatsyzlyk şol bir wagtyñ özünde watansyzlyk bilen deñdir. Haldun, täze ady bilen Dow, ýagny Sait bilen Safiýäniñ ogullary indi ysraýyl esgeri. Watansyzlyk Dow bilen başga watan bolupdyr. Är-aýal geçmişi geçmişde goýmazdan hakykata ýönelmegiñ ahlak-moral ýykgynçylygyna duçar bolýarlar. Sait bilen Safiýe özbaşdak palestinaly bolup däl-de, adamkärçilikli duýgularyñ we pikirleriñ ýönelden ahlak derñewi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Özi hakda pikir etme, ahlak soraglaryna öz üstlerinde jogap bermek şol bir wagtyñ özünde watansyzlygy-da öñlerine getirip goýýar. Mümkinçilikleriñ we girdaplaryñ arasynda näderini bilmän galan adamzat dramasy. Kanafaniniñ çagalyk ýyllarynda migrant bolmagy hekaýanyñ süññüne aralaşandygy açyk belli bolýar. Ýurduñy taşlap gaýtmagyñ ýalñyşlygy Kanafaniniñ hemme eserlerinde ör-boýuna galýar. Hekaýanyñ soñky bölümlerinde Saitdir Safiýe Dowa sataşanlarynda Palestina we palestin halkyna degişli iñ esasy dyknyşygy we çykgynsyzlygy Dowuñ diline salyp aýtdyrýar: "- Haýfany terk etmeli däldiñiz. Aýdaly, beýtmek mümkin däl eken, näme bolanda-da sallançakdaky çagañyzy taşlap gitmeli däl ekeniñiz. Bulam mümkin däl bolsa, iñ bolmanda yza gaýdyp gelmekden asla el çekmeli däldiñiz. Munuñam mümkin bolmandygyny aýdýarsyñyzmy? Ýigrimi ýyl geçdi! Tegelek ýigrimi ýyl! Şunça wagtlap ogluñy gaýdyp almak üçin näme etdiñ? Señ ýeriñde bolan bolsam, diñe şunuñ üçinem elime ýarag alardym. Şundan güýçli isleg bolup bilermi? Hemmäñiz ejiz! Aşa ejiz! Geçmişe garap durmagyñ we bendiligiñ agyr zynjyrlary bilen baglysyñyz! Maña hiç ýigrimi ýylyñyzy aglap geçirendigiñizi aýtjak bolaýmañ! Gözýaş kemterligi ýa-da ýitirilen zady yza dolap getirmeýär. Gözýaş mugjyza döretmeýär! Dünýäniñ hemme gözýaşlary birleşse-de, içinde ýitiren çagalaryny gözleýän ene-ata bolan kiçijik oturgyjy göterip bilmez. Diýmek, ýigrimi ýylyñy aglap geçiripsiñ-dä, şeýlemi? Häzir sen maña şeý diýjek bolýarsyñmy? Seniñ kelpeñ, döwük-ýenjik ýaragyñ şumy?"⁶ Kanafani eserlerinde şahslary aýry-aýry taryhy elemente öwrüp, kiçijik aýna böleginiñ içinde bir asyrlyk ýüzleşme bilen başa-baş goýýar. Etiki-syýasy pikirler, şahslar arkaly palestin taryhyna we ýykgynçylygyna bellikler edýär. Şeýtmek bilen Kanafanidäki suratlandyrmalar "terk etme" faktorlary bilen düzülende gürrüñini seredişe hakydany ýöneldip, iñ uly günäniñ nirededigini görkezýär. _______________________ 1. Edward Said, "Intellektual" ("Sürgün", "Marjinal", "Keseki"), 51-nji sah. 2. Gassan Kanafani "Palestinanyñ çagalary", 172-nji sah. 3. Gassan Kanafani, "Palestinanyñ çagalary", 185-nji sah. 4. Gassan Kanafani, "Palestinanyñ çagalary", 186-njy sah. 5. Gassan Kanafani, "Palestinanyñ çagalary", 198-nji sah. 6. Gassan Kanafani, "Palestinanyñ çagalary" 211-nji sah. Mustafa ORMAN, ýazyjy. Anna, 02.07.2021 ý | |
|
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |