07:00 Agafangel Krymskiý | |
AGAFANGEL ÝEFIMOWIÇ KRYMSKIÝ (1871-1942)
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Türkmen edebiýaty hakynda umumy, ensiklopedik maglumat ýaýradan görnükli alymlaryň biri-de akademik A.Ý.Krymskidir. Bu akademik meşhur Granat sözlüginiň 41-nji tomunda (rewolýusiýadan öň neşir bolup başlandy) türkmen taýpalarynyň pytraňňydygyny we syýasy taýdan onçakly jebisleşen däldigini görkezip, türkmen şahyrlary hem beýik Magtymguly babatda şu sözleri ýazypdyr: “Olarda (türkmenlerde – B.G.) şahyrlaryň goşgy döredijiligi ösdi we halk köpçüliginiň simpatiýasyny (söýgüsini) gazandy. Olar (şahyrlar) özara agzalalyk, duşmançylyk edip gelen köp taýpalara bölünen öz halkyna özleriçe oňat hyzmat edýärdiler” diýip görkezýär. Soňra akademik, Magtymgulynyň şol şahyrlaryň arasynda iň uly figura bolandygyny belläp: “...şolaryň iň şöhratlysy we dagynyk hem syýasy taýdan baglanyşygy ýok ähli türkmen taýpalary üçin bir deň gymmat görülýän umumymilli şahyr Magtymgulydyr. Beýleki türki halklaryň şuňa meňzeş ýeke-täk şahyrlary ýok” diýip, sözüni dowam etdirýär. Akademik Magtymgula bagyşlanan ýörite bir eser, kitap ýazmasa-da,onuň Magtymgulynyň öz halkyna oňat hyzmat eden, dagan türkmen taýpalaryny agzybirlige çagyran, deňi-taýy selçeň tapylýan we ähli taýpalar üçin umumy bolan milli şahyr hasaplamagy az-da bolsa, uz maglumatdyr. “Az bolsun, uz bolsun” diýilýändir. Şunlukda, akademigiň bu hyzmaty beýik şahyryň iň ýokary derejede durýan şahyrdygyny özüniň akademiklik ýaly hormatly ady bilen tassyk etmegi Magtymgula mynasyp bahadyr we ol giň okyjylar köpçüliginiň, ylmy işgärleriň arasynda watançy şahyrymyzyň at-owazasyny öňküden-de ýokary galdyrypdyr.Ol hakdaky köneden gelýän düşünjäni anyklaşdyran we onuň şöhratly döredijiligini öwrenmek meselesinde alymlar dünýäsiniň pikirini öňküden-de beter ýokary çeken bahadyr. Akademik A.Ý.Krymskiniň Magtymgulynyň milli şahyr bolandygy hakyndaky pikirine goşulan akademik W.W.Bartold “Türkmen halkynyň taryhyndan oçerk” (“Туркмения”, Т.1, sah.62) atly işinde, türk alymy Köprülizade Faud “Yslam ensiklopediýasyndaky” makalasynda (Pariž, 1926, fransuz dilinde) tassyklapdyrlar. Bu mysal alnan jümleler akademik Baýmuhammet Garryýewiň galamyna degişli. Türkmen edebiýaty öwreniş ylmynyň taryhynda halkymyzyň edebiýaty dogrusyndas söz açan akademik A.Ý. Krymskiý hakda ilkinji gürrüň gozganyň hem Baýmuhammet Garryýew bolandygyny gep ugra aýdyp geçeliň! Ol muny 1943-nji ýylda, akademigiň öz Watanyndan uzakda, ýagny sowuk gazak sähralygynda ýogalanyndan bir ýyl soň ýatlapdy. Baýmuhammet Garryýew “Magtymguly we onuň watançylygy” atly kitabynda (Aşgabat, Birleşen Türkmendöwletneşir, 1943) “Genial şahyrlarymyza we birinji nobatda Magtymgula bolan söýginiň giň halk köpçüligi içinde pugta kök urandygyny, mundan öň atlary tutulýan syýahatçylaryň, alym-orientalistleriň öz eserlerinde belläp geçip, şol alymlaryň, syýahatçylaryň we işgärler dünýäsiniň aýry-aýry tanymal wekilleriniň – akademikler A.Krymskiniň, W.W.Bartoldyň, professor A.Wamberiniň, Abdyrahman Nyýazynyň we başgalaryňatlaryny ýatlap geçýär. Türkmen edebiýatynyň hakyky hossary akademik A.N.Samoýlowiçiň weli şo döwürde adyny agzamak, gynansak-da, gadagandy. Sebäbi ol 1937-nji ýylyň tutha-tutlugynyň pidasy bolupdy. Halkyň hakyky ogly "halk duşmanyna“ öwrülipdi. Türkmen okyjylaryMagtymgulynyň adyny, türkmen edebiýatyny dünýä ýaýmakda uly işler bitiren A.Ý.Krymskiý hakda,onuň ömri we yzynda galdyryp giden mirasy, aýratyn-da türkmen edebiýaty üçin bitiren hyzmatlary barada suwytly zatlar bilýändirler öýdemzok. Şu sebäpli hem biz akademigiň ylmy mirasyny öwrenmek borjumyz hökmünde onuňdöredijilik “ussahanasyna” nazar aýlamagy niýet edindik. Agafangel Ýefimowiç Krymskiý Wladimir-Wolynsk şaherinde edebiýatçy, mugallym we neişirýatçy Ýefim Stefanowiç Krymskiniň maşgalasynda 1871-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda dünýä inýär. Olaryň atasy XVII asyrda, has takygy, 1669-njy ýylda Bakjasaraý hanynyň yzarlamalaryndan gaçyp gelip,Litwa knýazlygynyň Mstislaw diýen obajygynda mesgen tutunypdyr.Ol şol ýerde hristian dinini kabul edipdir. Şo ýerde-de öýli-işikli bolupdyr. Daýhançylyk edipdir. Onuň özi juda sowatly adam bolupdyr. Çünki ol gaçyp gaýtmazyndan öň, Krymdaýaşaýan wagtynda mollaçylyk edýän eken. Agafangel Krymskiniň öz ýazmagyna görä, onuň kakasynyň gelip çykyşy belorus, ýöne ruslaryň terbiýesi bilen ösen. Agafangel Krymskiniň ejesi Aglaida Fedoseýewna, gyz familiýasy Sidorowiç (käbir maglumatlarda „Matweýewna“ diýlip ýazylan ýerleri hem bar, ýöne A.F.Krymskiniň öz eli bilen ýazan anketasynda "Fedoseýewna“ diýlip görkezilipdir – A.Ç.) Minskiniň eteginde ýaşaýan litwaly polýak gyzydyr. Ýaş wagty ejesi, soň kakasy ýogalyp, köp horluklary başdan geçirmeli bolupdyr. Х1Х asyryň 60-njy ýyllarynda Krymskileriň ýaşap oturan jaýlary ot alypdyr. Şondan soň olaryň maşgalasy bu ýerden göçmek bilen bolupdyr. Şeýdip olaryň hersi bir tarapa göçüpdirler. Olaryň Ýefim Stefanowiç diýen doganlary bolsa Wladimir-Wolynskä göçüp gelipdir.Ilki poçtada işleýär, soňra mugallymçylyk edýär. Zandy pedagog Ýefim Stefanowiç daşary ýurt dilleriniň birnäçesini, şol sanda grek we fransuz dillerini hem öwrenipdir. Soňky iki dili ol öz kakasyndan öwrenipdir. Çünki onuň kakasy öz wagtynda Smolenskiniň dini seminariýasynda tälim alan eken. Ýöne oňa şol okuw jaýyny doly okap tamamlamak miýesser etmändir. Stefan Pawlowiç mugallyma gulak asmazlygy, özeňekligi üçin okuwdan çykarylypdyr. Ölemen awçy, dil öwrenmäge ilgezik, tebigatyň çyn aşygy Stefan Pawlowiçiň tapylgysyz bu häsiýetleri ogly Ýefime-de geçipdir.Biziň bu aýdanlarymyza onuň okuwçylar üçin ýazan geografiýadan (1872-nji ýylda çap edilýär.Ýeri gelende aýtsak, bu gollanma 8 gezek gaýtadan neşir edilipdir-A.Ç.), arifmetikadan okuw gollanmalary, "Malorossiýada, Ukrainada, Bolinde ýaşaýanlar üçin aw kitaby“ (1875) ýaly işleri-de güwä geçýär. Onuň publisistik äheňde ýazylan kitaplaryny hem okyjylar gowy garşylapdyrlar.Şeýle hem, olöz çaphanasynda „Şäher we zemsk çinownikleriniň edýän işleriniň miweleri (ýürek gysanda okamak üçin)“ ady bilen gazet maglumatlaryna meňzeş maglumat toplumlaryny hen neşir etmäge başlaýar.Elbetde, bu kinaýaly, tankydy äheňli habarlaryň birentek şäher çinowniklerine ýaramajakdygy, şonuň üçin bular ýaly zatlary çap edýän adamyň yzarlanjakdygy, gysyljakdygy öz-özünden düşnüklidi.Bu Stefan Ýefimowiç bilenem şeýle bolupdyr. Agafangel doglanyndan kän wagt geçmänkä, olaryň maşgalasy Zwenigordskä göçýär we onuň çagalygy şol ýerde geçipdir. Çaga üç ýarym ýaşyndaka rusça okap bilipdir. Bäş ýaşynda mekdebe gatnap başlapdyr.Öýlerinde oňa polýak, fransuz, iňlis, nemes dillerini öwredipdirler. On ýaşynda ony Ostrožskdäki başlangyç gimnaziýa beripdirler. Onüç ýaşdan Kramer gimnaziýasynda bilim alyp, dört ýyl okandan soň Pawel Galaganyň kollegiýasyna geçiripdirler. Bir täsin ýeri, ol gimnaziýada okan dördünji ýylynda Wergiliniň "Eneida“ atly eserini düşündirişi bilen terjime edipdir. Alymyň döredijiligini öwrenýänler onuň edebiýat meýdanynda ilkinji synanyşyk bolandygyny aýdýarlar. Şeýle-de ol şol ýyl Ksenofontyň "Anabazis“ eserini terjime edýär. Muny ol neşirýatçy Ýogansonyň okuw gollanmasy üçin eden zakazy boýunça terjime edýär. Ol Ý. Kramer“ ady bilen neşir edilipdir. Agafengel gimnaziýada we kollegiýada okan döwri sanskrit, gadymy ýewreý,türk, italýan dillerini öwrenipdir.Öz okuwçysynyň ýiti zehinine anyk göz ýetiren P.I.Žiteskiý oňa her taraplaýyn goldaw beripdir.Krymskiý soň-soňlaram öz mugallymyny mähribanlyk bilen ýatlaýan eken. 1889-njy ýylda on sekiz ýaşly Agafangel Krymskiý kollegiýany tamamlap, Moskwadaky gündogar dillerini öwredýän Lazarew institutynyň ýörite klasynda okuwyny dowam etdirýär.Ozal bu ýer ermeni çagalarynyň okaýan liseýi ekeni. Ýörite klaslarda arap, pars, ermeni, türk-tatar, gruzin, rus dilleri we olaryň gepleşikleri öwredilipdir. • Alymyň ýaşlyk ýyllary Institutda okan ýyllary pars dilinden professor I. N. Holmogorow (1825-1891), gündogaryň taryhyndan 1881-1897-nji ýyllarda Lazarew institutynyň direktory bolup işlän G.I.Kakanow (1830-1897),Ermenistanyň taryhy we ermeni edebiatyndan professor G.A.Halatýans (1858-1912) dagy sapak beripdirler.Moskwa uniwersitetiniň professory, soň akademik F.E.Korş (1843-1915), professor A.N.Weselowskiý (1843-1918) onuň gündogarşynas bolmagyna täsir etseler, Moskwa uniwersitetiniň professory W.I.Gerýe (1837-1919) geljekki akademigiň pedagog bolmagyna uly yhlas siňdiripdir.Ukrain şahyry we alymy Iwan Frankonyň hem ýaş şahyr we terjimeçi A. Krymskiniň döredijilik taýdan kämilleşmeginde aladalary az bolmandyr. Bir hatynda I.Franko ýaş şahyryň (Krymskiý şol wagtlar Lazarew institutynda okap ýören ekeni – A.Ç.) Omar Haýýamdan eden terjimeleriniň gowy bolandygyny, ony öz žurnallarynda çap edendiklerini habar berip, „Siz Firdöwsi hakynda nähili pikirde? Eger-de Siz parsşynas bolýan bolsaňyz, onda bu beýik şahyryň käbir zatlaryny, aýdaly, häzirlikçe onuň Mahmyt şa hakyndaky goşgusyny terjime etseňiz gowy bolardy“ diýip ýazýar. A.Ý.Krymskiý 1892-nji ýylda Lazarew institutynyň gündogar dillerini tamamlaýar. Oňa orta asyr alymy (Х) al-Farabynyň filosofik traktatlaryny terjime edeni we oňa düşündiriş bereni üçin tapawutlanan diplom gowşurylýar. Institutyň professorlar geňeşi onuň şu ýerde, arap filologiýasy kafedrasyndaişläp başlamagyna biragyzdan razylyk berýärler. Bütin düýrmegi bilen ylmyň belentliklerine dyrjaşýan ýaş alymyň etsem-petsemi kiçi-kirim däl. 24 ýaşly A.Krymskiniň ilkinji kitaby “Ukrain durmuşyndan powestler we eskizler“ (1895) atly kitap okyjylara ýarapdyr. Iwan Frankonyň, şeýle hem, okyjylaryň goldawy ony döredijilik üstünliklerine ruhlandyrýar. Professorlar Korşuň, aýratyn-da, Weselowskiniň tagallasy bilen ol indi pars poeziýasynyň dürdänelerine ýüzlenýär. Sagdynyň "Gülüstanyndan“ goşgulary bilen on sekiz hekaýaty, "Bossanyndan“ sekiz goşgusy bilen on alty tymsaly parsçadan ukrain diline terjime edipdir. Firdöwsiniň "Şanamasyndan“ bolsa dört müňe golaý setiri terjime edipdir. Pars edebiýatynyň bu ajaýyp nusgalary ilkinji gezek Krymskiniň aladasy bilen ukrain dilinde gürläpdirler.Eserlerden bölekleriň terjimeleri I.Frankonynyň redaktorlyk edýän žurnalynda 1895-1896-njy ýyllarda çap edilip, ukrain okyjylaryna ýetirilipdir. 1896-nji ýylda Lazarew institutynyň professorlar geňeşi A.Ý.Krymskini iki ýyllyk iş sapary bilen Gündogar Arabystanynaugradýarlar. Ol şol ýylyň noýabr aýynyň ahyrlarynda Beýruta gelip düşüpdir. Aslynda ol iş saparyny ilki bilen Ýegipetden (Müsürden başlamaly eken. Ýöne o ýerde mergi keseliniň ýaýranlygy sebäpli, ol Beýruta gaýtmaly bolupdyr. Beýrutda Krymskiý institutda bile işleýän ýoldaşy, asly arap Mihail Osipowiç Ataýynyň atasynyň köp maşgalaly öýünde ýaşapdyr.Krymskiý 1897-nji ýylyň 14(26)-nji maýynda institutyň direktory Kananowa ýazan hatynda ol iki müňe golaý nakyl ýygnandygy habar beripdir. Şonuň yzysüre, 24-nji iýundaky hatynda “Nakyllary men uly üns bilen toplaýan, nakyl ýygnaýanymy eşidip, öz bilýän nakyllaryny aýtmak üçin adamlar meniň ýanyma häli-şindi gelip durlar“ diýip habar berýär. Onuň ýany adamsyz bolmandyr. Beýrutly mugallym Behazy, dagly arap Ýafet, Krymskini diňlemäge höwesek uniwersitetiň studentleri we beýlekiler onuň bilen söhbetdeş bolup durupdyrlar. Muňa Krymskiniň 1896-njy ýylyň dekabr aýynda “Meni indi bütin Beýrut tanaýar: şäheriň islendik köçesinde meni tanamaýan ýok, salamlaşan adamlarymyň hemmesi meniň bilen gürleşesleri gelýär” diýip, ýazan haty hem muňa güwä geçýär. Krymskiniň Beýruta gelen ilkinji döwri oňa arapça gürleşmek aňsat düşmändir. Ilki-ilkiler ol öz ýaşaýan ýerindäki adamlar bilen düşünişjek bolsa, aýtjak zatlaryny kagyza ýazyp görkezýän eken. Ol şeýdip ýuwaş-ýuwaşdan gepleşik dilini suwara öwrenipdir. A.Ý.Krymskiniň Siriýada we Liwanda iki ýyllap bolmagy onuň ömrüniň ýatda galyjy pursatlarydyr. Ol bu ýerde bolan döwri “Beýrut hekaýalary” atly kitabyny, birnäçe goşgular tapgyryny ýazypdyr, bu goşgular toplumlary soň “Hurma baldaklary” atly ýygyndysyna hem girizilipdir. A.Ý.Krymskiniň Siriýada we Liwanda bolan wagtynda bitiren hyzmatlarynyň biri-de, onuň Russiýada K.M.Bazili, Porfiriý Uspenskiý ýaly görnükli alymlaryň başlan işini, ýagny arap golýazmalaryny we eserlerini ýygnamagydyr. Bu babatda ilki bilen antuohiý patriarhy Makariniň syýahatlarynyň gysgaça düzülen sanaw ýazgysyagzalmalydyr. Munda XVII asyrda Ukraina we günorta Russiýa degişli gymmatly maglumatlar habar berilýärdi. Ýa bolmasa, XVI-XVIII asyrlarda Daglyk Liwana hem-de deňizýaka Siriýa dahylly möhüm taryhy çeşmeler jemlenendi. A.Ý.Krymskiniň ýygnan köpsanly arap golýazmalarynyň kolleksiýalarynyň öwrenilmegi Moskwa arapşynaslyk mekdebiniň bu ugurdan ösmegine itergi berdi. Ýaşynyň soňunda bu materiallar "Täze arap edebiýatynyň taryhy" atly monografiýasyny ýazmaga uly hemaýatberýär. 1898-nji ýylda, iki ýyla ýeter-ýetmez iş saparyny tamamlap, magistrant Krymskiý Lazarew institutyna dolanyp gelýär. Institutyň geňeşiniň karary bilen oňa arap dilinden we gepleşiginden sapak bermeli edilýär. Wagt geçmänem oňa priwant- dosent ady berlipdir. Ol “Siriýaly araplaryň halkgepleşik dili hakynda” diýen temadan dissertasiýasynyň üstünde işlemegini hem dowam etdirýär. Lazarew institutynda işlän üçünji ýylynda A.Ý.Krymskä professorlyk derejesi berlipdir. 1903-nji ýylda B.I.Gerweniň hödürlemegi bilen ol gündogar taryhy kafedrasynyň hem professorlygyna saýlanypdyr. Professor B.F.Milleriň akademik saýlanyp, Peterburga işe gitmegi bilen A.D.Krymskä onuň ýerine gündogar halklarynyň taryhy boýunça leksiýa bermek ynanylypdyr.Şol döwürler hem Lazarew institutynyň we Gündogar komissiýasynyň işleri rowaçlanyp ugraýar. Ol 1901-nji ýylda Gündogar komissiýasynyň sekretarlygyna hem saýlanypdyr. Şeýlelikde, Lazarew instituty hem, Gündogar komissiýasy hem Moskwanyň janly ylmy merkezine öwrülipdir. Işiň başynda Krymskiniň Lazarew institutynda (1889-1892), okanlygyny, Moskwa uniwersitetiniň taryh-filologiýa fakultetini (1892-1896) hem tamamlanlygyny aýdypdyk. Geljekki akademigiň 1897-1898-nji ýyllar aralygynda Beýrutda we Siriýada ýaşap, bu ýurtlaryň ilatynyň dilini, edebiýatyny, taryhyny, etnografiýasyny gowy öwrenmegi bu ugurdan oňa işlemäge we döretmäge giň mümkinçiliklere ýol açypdy. Çuňňur we giňişleýin ylmy garaýyşlary bolan alym özüniň slawýan dilini öwrenýänligine garamazdan, arapşynaslyk, parsşynaslyk hem-de türkolog hökmünde giňden tanalýanlygyna garamazdan, görnükli ukrain ýazyjysy we şahyry hökmünde-de ykrar edilipdir. Ýöne ol öz ömrüniň agramly bölegini mugallymçylyga, şeýle hem, esasy käri bilen bagly edebiýatlary ýaýratmak işine bagş edipdir. Onuň gündogar ylmyna degişli işleriniň aglabasy okadýan studentleriniň şol ugurdan kynçylyk çekýändikleri üçin, olaryň isleglerinikanagatlandyrmak maksady bilen ýazylypdyr we okuw gollanmalary hökmünde yzly-yzyna neşir edilipdir. Onuň erjelligi we ýadamazaklygy netijesinde bu ugurdan täze gollanmalaryň giden bir tapgyry dünýä inipdir. Bu yslamyň taryhy babatda-da, semit dilleri babatda-da, araplaryň taryhy we arap edebiýatynyň taryhy babatda-da şeýle bolupdyr. Bu neşirler köp gezek çap edilip çykarylsa-da, olaryň arasynda heniz tamamlanmadygy-da gabat gelipdir, ol işleriň bibliografik häsiýetli ýazylanlarynyň hem barlygyna garamazdan, studentler we okyjylar bu gollanmalardan uly höwes bilen peýdalanypdyrlar. Munuň şeýle bolandygyny beýik rus ýazyjysy L.N.Tolstoýyň “Men Gurhany Krymskiý boýunça öwrendim” diýen sözleri hem aňryýany bilen güwä geçýär. A.Ý.Krymskiniň gündogar edebiýatynyň genji-hazynasy hasaplanýan “Müň bir gijä” bagyşlananişlerine baha bermeli bolanynda L. N. Tolstoý bu hakda öz ýazan synynda köp öwgüli sözleri aýdypdyr. Akademigiň okuwçylarynyň ýatlamalarynda Krymskiniň okan leksiýalarynyň, okuw kitaplarynyň özleri üçin özboluşly ylym mekdebi bolandygy ýatlanylýar. A.Ý.Krymskiý ýaňy ýörjen-ýörjen arapşynaslaryň bu ugurdaky düşünjeleriniň has giň bolmagy üçin zehinini, gujur-gaýratyny gaýgyrmandyr. Olar üçin Lazarew institutynda, ýa bolmasa, Moskwanyň başga bir ylmy ojagynda neşir edilýän okuw kitaplarynyň, gollanmalaryň, makalalaryň elýeterli bolmagyna ýakyndan itergi beripdir. Akademigiň okuwçylarynyň köpüsi diňe bir parsşynaslykda ýa-da türkologiýada belli bir yz galdyrman, eýsem-de bolsa, arapşynaslykda-da uly yz galdyrypdyrlar. Bu işlerden daşary hem eýýäm 1893-nji ýyldan Brokgauz – Efronyň, Granatyň ensiklopediýalarynyň ýakyn gündogar bölüminde ýazylmaly makalalaryň aglabasy A.Ý.Krymskiniň boýnunda eken. Köp sanly ukrain diline terjimeleri (meselem, “Beýrut hekaýatlary” ( 1906) diýjekmi, asyl nusgadan ýa-da terjime edilen gündogar sýujetli goşgulary diýjekmi, garaz, “sanasaň,sogaby bar”diýleni. Onuň gündogary öwreniş ylmyny ýaýratmakdaky işleriniň belli bahasy ýokdur. Akademik Kraçkowskiniň adalatly belläp geçişi ýaly, ol ylmy ýaýratmakda özünden öňkülerdenem, döwürdeşlerindenem gaty köp hyzmatlar görkezipdir. Ýeri gelende aýtsak, Kraçkowskiý öz işlerinde ýigrimi ýerde akademik Krymskiniň işlerine salgylanypdyr. Şu mysalyň özem görnükli alymyň halypa goýýan uly sarpalaryndan habar berýär. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, A.Ý.Krymskiniň mugallymçylyk we ylmy ýaýratmak işine jany-teni bilen ýapyşmagy, elbetde, onuň arapşynaslykdaky ylmy-barlag işlerine päsgel berendir. Dogrudanam, bu şeýle bolupdyr. Ýöne weli akademigiň bu ugurdaky tagallalarynyň netijesinde Moskwa mekdebi bu boşlugy mese-mälim dolduryp bilipdir.XIX asyrda Lazarew institutynyň uçurymlarynyň birnäçesiniň arapşynaslyk ylmynda ýazan işleri barada agzap geçipdik. Ýöne bu işleriň hemmesi şowly çykmandyr. Kraçkowskiý S.I. Umansyň“Yslamda dini-filosofik pikirleriň ösüşinden oçerk” (1888-1890)atly kitabynyň şeýle bolandygyny belläp geçipdir. Rozeniň bellemegine görä, kitapda getirilen mysallara çenli tertipsiz , başly-barat ýerleşdirilipdir. Ýa bolmasa, kitapda öňe sürülýän pikirleriň başga bir işlerden göçürilip, eýýämkönelişip, ulanyşdan galypdyr.Lazarew institutynyň uçurymy W.K.Girutowskiý (institutyň 1864-nji ýyldaky goýberilişi), numizmatika ugrundan ylmy iş ýazyp, meşhurlyga eýe bolupdyr. Sasaniler döwründe gozgalaň eden mazdaklar hakdaky arap golýazmalarynyň birnäçesiniň terjimesi hem bu alyma degişlidir. Rozeniň pikiriçe, student M. W. Rýabinin bilen onuň mugallymy M.O.Atteýiň “Kalila we Dimnadan” eden terjimeleri şowsuz çykan işleriň biridir.XX asyryň ilkinji ýyllaryndan başlap, Lazarewde bilim-terbiýe alýanlaryň ylmy derejesi barha artmak bilen. Onuň başyny osman dilinden görnükli alym W.A.Gordlewskiý (1876-1956) çekipdir. Ol instituty 1899-njy ýylda tamamlapdyr. Onuň arap dialektologiýasyna, arap nakyllaryna degişli ylmy barlaglary çuňňurlygy bilen tapawutlanypdyr. Instituty 1900-nji ýylda tamamlan parsşynas A.A.Semýonowyň ady (ol 1873-nji ýylda doglan) Orta Aziýanyň taryhyny öwrenmek bilen berk baglydyr. Ol rus gündogarşynaslyk ylmynda ysmaýylaryň taryhyny düýpli öwrenen alymdyr. Onuň bu ugurdaky işleri yslamy öwrenişe gymmatly goşant goşdy. Şeýle hem, Gordlewskiniň seljeren Orta Aziýa golýazmalary, hususan-da, arap golýazmalary gündogary öwreniş ylmynda aýratyn orny eýeleýär. A.Ý.Krymskiniň okuwçylary B.W.Miller bilen W.F. Minorskiniň (doglan ýyllary 1877)parsşynaslykda öz aýratyn orunlary bardyr. Olaryň ikisi-de T.Neldekäniň “Semit dilleri” işini terjime edipdirler. Bularyň birinjisine Kairdäki meşhur Al-Azhar mekdebine degişli monografiýa, ikinjisine hem, XVII asyr günbatar Ýewropa arapşynaslygyna dahylly oçerkler degişlidir. Olar soňra uly arapşynas taryhçylary hökmünde ykrar edildiler. W.F.Minorskiý W.W.Bartoldyň 1937-nji ýylda terjime edip neşir etdiren X asyryň ýadygärligi bolan “Hudud al-älem” atly geografik edebiýatyndaky golýazma çeşmelerini birin-birin seljermek bilen birlikde, al-Merwezi atly XII asyryň arap ýazyjysyny ilkinji gezek ylymlar dünýäsine tanadypdy (1942). A.Ý.Krymskiniň ylymlar dünýäsine tarap ýol açyp beren şägirtleriniň aglabasy metbugat neşirlerindäki ilkinji ädimlerini arapşynaslyk bilen baglapdyrlar. Institutyň 1900-nji ýyldaky goýberilişinden soň, bu ýagdaý hasam baýlaşypdyr. Bu babatda A.K.Gorsiter (“1001 gijäniň“ edebi taryhyna”), S.P.Olfýorow (“Gadymy arap liriki poeziýasyndan”), G.W.Çirkow “Gündogar hristiýan durmuşyndan iki sany arap dokumenti”) ýaly alymlaryň atlaryny agzamak hem ýeterlikdir. Käbir uçurymlar arapşynaslykdan ýazan işlerini dowam etdirmändirler, beýleki birleri, mysal üçin, A.E.Teýle ýaly alymlar hakda maglumatlar dowam edipdir. A.E. Teýle abbasiler döwrüniň belli şahyry Başşare hakynda uly göwrümli monografiýa ýazypdyr (1913). Üçünji birleri, mysal üçin, türkolog A.A. Olesniskiý öz ugurlaryny üýtgedipdirler. Soň A.A.Olesniskiý Makarif Antiohiýskiniň syýahaty baradaky arap golýazmasyny hem öwrenipdir (1913).Krymskiniň okuwçylarynyň makala ýazyp, arapşynaslyk ylmyna goşan goşantlaryny ýatlamak bilen biz olaryň aýry-aýry eserleri ýa-da şol eserlerden parsalary, köplenç halatda bolsa goşgy görnüşinde terjime edendiklerini hem aýtmalydyrys. “Gündogar komissiýasynyň protokollary” hem, “Gadymy Gündogar” hem, “Alekseý Nikolaýewiç Weselowskiniň hatyrasynyň ýygyndysy” hem (1914) biziň bu aýdanlarymyza güwä geçip, bularyň sakasynyň guraman, onuň birinji jahan urşuna çenli dowam edendigini gündogarşynas Kraçkowskiý rus arapşynaslygynyň taryhyna bagyşlap ýazan işlerinde belläp geçipdir. A.Ý.Krymskiý Lazarew institutynda 1918-nji ýyla çenli, ýigrimi ýyllap hiç bir arakesmesiz işläpdir. Krymskiniň we onuň şägirtleriniň tagallasy bilen XX asyryň başyndan bäri Moskwada arapşynaslyk mekdebiniň döräp, onuň asyryň bütin dowamynda hereket edendigini, soňam bu ugurda iş alyp barýan alymlaryň halypalaryň ýoluny wepaly dowam etdirendiklerini aýtmak galýar. Krymskiniň durmuşynda onuň görnükli alym Wladimir Iwanowiç Wernadskiý bilen tanyşmagy uly rol oýnapdyr. A.Ý.Krymskiniň öz aýtmagyna görä, Wernadskiý onuň üçin elýetmez nusga - ol hakyky alym we hakyky adamkärçilikli adam. Öz okuwçysy W.A.Gordlewskiý bilen alşan hatlarynda A.Ý.Krymskiniň ylym, edebiýat dogrusyndadaky pikirleri görelde alarlyklydyr. A.E.Krymskiý Brokgauz- Efronyň, Granatyň sözlükleri üçin oçerkleriň we makalalaryň uly tapgyryny ýazypdyr. Akademik Kraçkowskiniň aýdyşy ýaly, bu tapgyr makalalar (olar 200-den gowrak – A.Ç.). Krymskiniň “kitaphanasyny” döredipdir. Bu “Kitaphana” A.Ý.Krymskiniň Lazarew institutynda alyp baran köptaraply pedagogik işi bilen bagly. Şonuň üçin hem, olar onuň okadan sapaklary boýunça arapşynaslygy, semitologiýany, parsşynaslygy we türkologiýany öz içine alýar. Ol Lazarew institutynda arapşynas- filolog hökmünde işe başlaýar. 1900-nji ýyldan hem Gündogaryň taryhy boýunça sapak berýär. Ýaş pedagog okuw gollanmalarynyň ýeterlik däldigi üçin bu ugurdan birnäçe iş ýazyp, olary neşir etdiripdir: “Arşakidler, sasaniler we araplaryň Eýrany basyp almagy” (1900), “Yslam, onuň döreýşi we gadymy döwrüniň taryhy”,“Gündogaryň taryhy boýunça leksiýalaryň gollanmasy” (1901), “Gurhan boýunça leksiýalar” (1902), “Eýranyň taryhy, onuň edebiýaty we derwüş teosofiýasy” (1903), “Araplaryň taryhy, halyfatlar, olaryň geljekki ykbaly we arap edebiýatynyň gysgaça oçerki” (1903), “Musulmançylygyň taryhy” (1904). 1912-nji ýylda A.Ý.Krymskiý özüniň “Semit dili we halklar” diýen işiniň dördünji bölümini ýazmaga we ony neşir etmäge synanyşyk edipdir. Bu iş alymyň täze arap edebi diliniň ylmy tankydy synyna bagyşlanan iş. Munuň üstünde ep-esli iş etse-de, dialektologik we folklor maglumatlarynyň ýeterlik däldigi üçin alyma ýene-de Gündogar Arabystana gidip, maglumatlary ýerinde öwrenmek gerek bolupdyr. Ikinji iş saparynyň amala aşmandygy üçin hem iş tamamlanman galýar. Ýöne häli-häzire çenli semit dili bilen gyzyklanýanlar bu işe ýüzlenýärler. Alymyň ylmy mirasyny öwrenijiler işläp duran işine dahylly iň bir kiçijik detallara çenli onuň gözünden synmanlygyny aýratyn belläp geçipdirler.Krymskiý “Muhammet“ atly işinde Arabystanda yslamyň döreýşi, taryhy, şo döwrüň ykdysady durmuşyny çuňňur yzarlapdyr. Alymyň Eýranyň taryhyna gyzyklanmasy bolsa onuň Eýran medeniýetiniň gadymy Rusa nähili täsiriniň bolandygy bilen bagly. Ol Ukrainada Gündogary öwreniş ylmyny ösdürmek bilen baglylykda, gadymy döwürlerde eýranly halklaryň Ukrainanyň günortasyna göçüp gelip ýurt tutandyklaryny, (ol skif-sarmatlary göz öňünde tutýar – A.Ç.), soň olaryň alanlara öwrülendigini belläp geçipdir. Bu pikiri akademik W. Milleriň hem öňe sürendigini tekrarlaýar. Şeýlelikde, osetin (alanlar, ukrain ýyl ýazgylarynda – ýaslar – A.Ç.) diliniň Ukraina tarapda nähili rol oýnandygynyhem ýazýar. Ukrain dilinde ulanylýan sözleriň bu dil bilen baglydygyny ýazyp, iň bärkisi “Dnepr”, “Dnestr”, “Don” sözleriniň osetin sözleridigini ýaňzydypdyr, hatda “sobaka” sözüniň hem Eýran sözüdigini belleýär. Eýranyň gadymy siwilizasiýalaryň dörän ýerleriniň biridigi üçinem Krymskiniň ünsüni özüne çekipdir. Ol bu halkyň taryhy bilen içgin gyzyklanypdyr. Ferdowsi, Ibn Sina (Awisenna), Sagdy, Omar Haýýam başga-da ençeme beýik şahyrlaryň, alymlaryň Watany bolandygy üçinem bu ýurt bilen has gyzyklanypdyr. Bu ýurda degişli gaty kän işlerini ýazypdyr. A.E.Krymskini diňe bu Arabystan, Eýran däl-de, Türkiýe, türki halklarynyň taryhy we edebiýaty, ylmy, dini garaýyşlary hem az gyzyklandyrmandyr.Alym öz işlerinde Altaý tarapda ýaşan türki halklaryň dünýä ýüzüne ýaýramagynyň üç ýoly hakda pikir ýöredipdir. Birinji ýol, olaryň bir toparynyň gaty ir döwürlerde Hytaý tarapa ýol arçamaklarydyr. Ikinji ýoly, IV asyrdan başlap, olaryň Ural, Wolga, Don, häzirki ukrain sähralyklaryndan aşyp,Ýewropa tarap ýol salanlygy hakdaky ynandyryjy mysallar arkaly delillendiripdir. Üçünji ýoluň bolsa olaryň Amyderýa, Eýran, Kiçi Aziýa tarap bolandygyny esaslandyrypdyr. Ýewropa tarap gidenleriň VI asyrdan Wizantiýanyň serhetlerine çykyp, özbaşyna çarwa döwletini döredendiklerini, hatda Ýüpek ýoluna gözegçilik edendikleri hakda ýazýar.Olaryň berkäp, öpňäp, XI asyrda Seljuk imperiýasy ýaly uly imperiýa döredip bilendiklerini aýratyn nygtapdyr. Wizantiýa döwletiniň synyp, osman döwletiniň gülläp ösmeginiň we bu ýurduň çäkleriniň gaty çalt giňäp gitmeginiň, türk osmanlaryň Balkan döwletlerini we halklaryny özüne tabyn etmeginiň sebäplerini ilkinjileriň hatarynda öwrenen we ylmy dolanyşyga girizenleriň biri-de A.E.Krymskidir. Şu günki gün hem bu meseläni öwrenýän dünýä alymlarynyň öwran-öwran Krymskiniň işlerine, alymyň bu hakdaky pikirlerine ýüzlenip durmaklary, elbetde, tötänlik däldir. Bu taryhy döwrüň sowallaryna alymyň dogry, anyk we düýpli jogap berip bilmegi, Krymskiniň sowadynyň köptaraplaýyndygyndan we çuňňurlygyndan habar berýär. A.E.Krymskiý birinji dört osman hökümdarlarynyň (Osman I, Orhan, Myrat I, Baýazit I) uly serkerdelik başarjaňlyklaryna mynasyp baha bermek bilen, türk, osmanlaryň ýeňişleriniň sebäbini Bizantiýa, Bolgariýa, Serbiýa döwletleriniň gowşamagy, türk basybalyjylarynyň hem olaryň bir-birine duşmançylykly hereketlerinden,separatizmden ýerlikli peýdalanyp bilendikleri bilen düşündiripdir. Şeýle hem, osmanlaryň Balkanda ýeňiş gazanmaklarynda, Bizantiýa döwletiniň gutarnykly synmagynda hristian dininiň iki tarapynyň-prawoslaw bilen katolisizmiň oňuşmazlygy, Rim papasynyň Sargrad patriarşasyna öz ygtykatlaryny berjaý etmäge mejbur etjek bolmagy, Sargrad patriarşasynyň hem prawoslaw bolgarlara, serblere we ş.m. dini artykmaçlyklaryny boýunlaryna zor bilen dakjak bolmaklary we gaýry şunuň ýaly ownukly-irili oňşuksyzlyklar zerarly ýüze çykansebäpleri öz aýdyňlygy bilen beýan edip bilipdir. A.Ý.Krymskiniň Gündogary öwreniş ylmynda bitiren hyzmatlary örän uludyr. Bu hakda jikme-jik gürrüň etmek ýeňil iş däl. Onuň bibliografik-taryhy çeşmeleri hakdaky synlarynyň özi hem aýratyn ylmy seljermä mynasypdyr. Döwürdeşleriniň bu synlaryň uzak ýyllaryň dowamynda tapylgysyz işler bolandygyna haýran galmaklary geň däldir. “Men bu ýeriň kitaphanalarynyň birinde-de Siziň “Sasanileriňiziň” ýokdugyna gaty gynanýaryn” diýip, “Arzakidler, sasaniler we araplaryň Eýrany basyp almagy” atly kitabynyň çärýek asyrdan neşir edileninden soň okuwçylarynyň biri W.F.Minorskiý akademige Parižden (1925) hat ýazypdyr. Ol hatynda şeýle ýazypdyr: "Bu işi ýazyp, edermenlik görkezenligiňiz üçin Turaýewiň Sizi öwenligi ýadymda”. 1926-njy ýylyň 29-njy martynda akademigiň iberen kitabyny alandan soň Minorskiý öz mugallymyna şeýle ýüzlenipdir: ”Sasaniler üçin köp sag boluň! Haçanda Siz bize bu kursdan leksiýa bereniňizde, biz entek Siziň aýdýanlaryňyza düşünerden gögele ekenik. Syýahata çykman, geografiýa oňly belet bolman, biz näbelli atlaryň diwarynyň öňünde durupdyrys. Olara göz ýetirmäge güýjümiz ýetmändir. Siz welin, rus bilimdarlygy bilen bize, gör, nähili zatlara gözümizi açmaga uly ýardam eden ekeniňiz. Siz täzeden,belki-de,ilkiinji gezek Günbataryň gazananlaryna sary işigi açdyňyz“. Çeşmeşynaslyk we işiň taryhyna bagyşlanan synlarynda, adatça, Krymskiý edebiýatlara we çeşmelere tankydy göz bilen garapdyr.Belki-de, şonuň üçindir, Muhammede bagyşlap ýazan çeşmeşynaslyk we bibliogarafik işinde ýeke-täk G. Sablukowyň “Gurhan barada maglumat” (Kazan, 1884) atly kitabybynyň adyny agzamagy biziň bu aýdanlarymyza güwä geçýär. G.Sablukow Russiýada Gurhany rus diline ilkinji bolup terjime eden adam. Russiýada missioner guramalar tarapyndan Gurhan barada, Muhammet barada edilen işleriň ýekejesinden hem ol öz işinde peýdalanmandyr. Ol bu işleriň missionerçilik bähbitden ugur alnyp edilen işlerdigini gysgaça häsiýetlendirmek bilen çäklenipdir. “Rus syýahatçylary we Gündogary öwrenijiler” atly kitabyň 120-nji sahypasynda A.E.Krymskiniň Gurhany öwrenişiniň beýleki awtorlardan tapawutlylygy şeýle häsiýetlendirilipdir: „Исследователи стремились найти в Коране поэзию, в то время как, по мнению Крымского, он не имел ее в себе, разве что россыпь в так называемых ранних (мекканских) сурах. Мухаммед не был поэтом . Отстаивая этот взгляд, А. Е. Крымский избрал иной путь исследования, который подсказал ему иные критерии оценки поэтики Корана. Он сопоставил священную книгу мусульман с образцами хорошо известной ему доисламской арабской поэзии, а также различными заклинаниями и пришел к выводу, что Коран написан рифмованной прозой, “суть которой состоит в том, что мысль выражается группою коротких фразок, снабженных одинаковою рифмою”. Эта форма показалось Крымкому схожей с речью великорусских раешников или – в случае большей близости к стихам – с малорусскими думами кобзарей. [81, с. 180] “Не владея стихами, – подчеркивает А. Е. Крымский, – Мохаммед избрал формою для коранских откровений рифмованную прозу”, которой в доиссламской Аравии придерживались “шаманы-вещуны” и в которой есть заключительные ритмические ударения, стихи отделяются друг от друга паузами (как в украинских думах). По мнению Крымского, стремясь сохранить ритмичность прозы, Мухаммед нарушал “правильность языка”, логическою последовательность мысли в ушерб содержанию (отсюда наличие темных мест в произведении), но он достигал главного – возвышенности и торжественности проповедаемого. Посследнее обьяснилось потребностью и особенностями психологического склада как Мухаммеда, так и воспринимавших проповедь арабов-неофитов. На первых порах возникнoвения ислама обстановка требовала обьявить “войну” поэтам – традиционным выразителям обшественного мнения и племенного сепаратизма. По этой причине самый крупный доисламский поэт Имрулькайс – поэтическая слава Аравии – заклеймен в Коране как “вождь по дороге в ад” [81, с. 39]. А. Е. Крымский обратил внимание исследователей на тот факт, что появление Корана ускорило формирование литературного арабского языка, способствовало закреплению его грамматических и синтактических форм“. 1918-nji ýylyň 19-njy iýulyndan Krymskiý Moskwadan Kiýewe, ukrain hökümetiniň çagyrmagy bilen işe gaýdýar. Ol bu ýerde, rewolýusiýadan soň, Ukraina Ylymlar akademiýasyny döretmäge gatnaşmalydy. Çünki onuň ukrain ylmynyň ösmeginde uly hyzmatlary bardy. Ukraina Ylymlar akdemiýasynyň ilkinji prezidenti W.I.Wernadskiniň memuar kitabynda, ýeri gelende aýtsak, Krymskiniň Kiýewe getirtmek üçin onuň tagallasy uludy,alymyň Moskwadan Kiýewe gaýdyşy şeýle suratlandyrylypdyr: “Krymskini Moskwadan Kiýewe ýük wagonynda getirmeli edildi. Çünki ol Kiýewe hemişelik gaýtmaga razylyk berende,ömürboýy toplan Gündogary öwreniş ylmyna degişli arap, pars, türki we gaýry dillerde ýazylan kitaplaryny hem ýany bilen aljakdygyny aýdypdy. Ejizje, keselbent bu adamyň ýanynda bip ýoldaş bolmasa, onuň ýeke-täk özüniň uzak ýola düşmeginiňoňa ýeňil bolmajakdygy öz-özünden düşnükli. Şonuň üçin ýaş şägirdi oňa ýoldaş bolupdy. Ol ilkinji amatly şert dörände öz ýany bilen kitaphanasyny hem alyp, höwes bilen sag-aman Kiýewe geldi”. Ýaşy birçene baran Krymskiý Kiýewe gelip, bada-bat ylmy-guramaçylyk işlere girişipdir. Döwlet uniwersitetiniň Gündogaryň taryhy kafedrasynda, şeýle hem Kiýewiň ukrain ylmy jemgyýetinde işe başlapdyr.Ukrainada taryhy ylmy-barlaglary ýola goýmakda Krymskiniň bitiren hyzmatlary örän uludyr. Ukrain filologiýasynyň esasyny goýan alym hökmünde, şunuň bilen bagly ukrain lingiwistikasynyň hem düýbüni tutujy hökmünde oňa uly hormat goýlupdyr. USSR Ylymlar akademiýasynyň ukrain ylmy dili institutynyň direktory (soň bu institut Dil öwreniş institutyna öwrülipdir – A.Ç.), rus-ukrain akademiki sözlügiň baş redaktory, ukrain diliniň stiliniň ösüşi baradaky ençeme işleriň awtory hökmünde-de, ukrain orfotrafiýasynyň normalaryny işläp düzmekde-de bahasyna ýetip bolmajak hyzmatlary bitiripdir. Ukraina Ylymlar akademiýasynyň ylmy kitaphanasynyň döredilmegi hem akademigiň ady bilen baglydyr. 1924-nji ýylda A.E.Krymskiniň “Hafyz we onuň aýdymlary” atly monografiýasy neşir edilipdir. Bu kitap Russiýada we Ukrainada Hafyz barada ýazylan ilkinji iş bolupdy. Krymskiý pars şahyrynyň ömrüni we döredijiligini çuňňur öwrenmek bilen, onuň on ýedi goşgusyny ukrain diline kämil terjime edipdir.Bu monografiýadan bir ýyl öň Krymskiniň “Eýranyň taryhy we onuň edebiýaty” atly kitaby ukrain dilinde çap edilipdi. 1927-nji ýylda A.E.Krymskiý “Türkiýäniň taryhy” atly kitabynyň ikinji tomuna goşmaça işini çap etdiripdir. Bu işinde alym lirik şahyr Burhanetdin Siwaslynyň döredijiliginden başlap, Timur döwrüniň hem XV asyryň başlaryna çenli osman döwletiniň şahyrlary hakynda täze bibliografik maglumatlary girizipdir.A.E.Krymskiý Abdyrahman Jamy hakynda-da monografiýa ýazýar. Maşynkadan geçirilen 167 sahypadan ybarat bu golýazma filologlar üçinem, taryhçylar üçinem gymmatly maglumatlardyr. Öz iş metodikasyna eýerip, Krymskiý şahyryň döredijiligini taryhy röwüşde öwrenipdir.Golýazmada Ulugbek döwrüniň Samarkandy hakynda gürrüň gidende, alym bu şäheriň Alynky Aziýada, belki-de, Afrika tarapynyň bir bölegi üçin hem orta asyrlar ylmynyň merkezi bolandygy hakda adalatly pikir ýöredipdir. Akademik A.E.Krymskiý ömrüniň ýekeje pursatyny-da boş geçirmeli däldigine, berlen wagtyndan örän tygşytly peýdalanmalydygyna gaty gowy düşünensoň, onuň boş güýmenjelere wagtyny sarp eden pursatlaryny gören adam ýok. Geçen asyryň 30-njy ýyllarynda ýolbaşçylyk we ylmy-guramaçylyk işinden daşlaşandan soň, iki otagly darajyk öýünde ýeke ýaşapdyr. Çagyrmasa, hiç kimi öýüne goýbermändir. Bu häsiýet biziň wagty boş geçirmezlik hakda aýdan pikirimizi tassyklaýar. 1936-njy ýylyň ahyrynda, 1937-nji ýylda we 1938-nji ýyl üçin iş planynyň hasabatynda başgyrt edebiýatynyň döreýşi we ösüşi hakyndaky oçerkiň üstünde işländigini we ony täzeden gözden geçirmegiň galandygyny ýazypdyr. Bulardan başga-da awtor gürrüň edilýän döwürde ýazan işlerini sanaýar. Onuň “Efiopiýa edebiýatynyň taryhy” atly işi bir ýylyň, iki ýylyň, hatda üç-dört ýylyň işi däldi. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |