07:01 Agafangel Krymskiý / dowamy | |
Akademik A.E.Krymskiý “Täze arap edebiýatynyň taryhy” atly düýpli işiniň birinji tomuny ýazyp, ony birin-birin gözden geçirip, “boldum” edenden soň, ХХ asyryň kyrkynjy ýyllarynyň başlarynda Leningrada (SSSR Ylymlar akademiýasynyň neşirýatyna) iberipdir. Ýöne munuň kitap bolup çykmagyna Beýik Watançylyk urşy päsgel beripdir. Onuň “Taryhy” otuz ýyl geçenden soň, arapşynas alym A.B.Halidowyň tagallasy bilen neşir edilipdir. Alym birinji tomy neşirýata iberenden soň, kitabyň ikinji tomunyň mysaly planyny çekip, onuň käbir baplaryny hem ýazmaga ýetişen ekeni. Kitap 13 bapdan ybarat. Alym täze arap edebiýatynyň döremegini gazet-жurnallaryň neşir edilip başlanmagy, XVIII-XIX asyrlaryň çäklerinde fransuzlaryň gelmegi bilen ykdysadyýetde, bilimde üýtgeşmeleriň ýüze çykmagy, Muhammet Alynyň geçiren reformalary bilen baglapdyr. Şeýle-de kitapda arap emigrant edebiýatynyň hem gürrüňi edilýär. Kitapda Ruffa at-Taktawy, Muhammet Aýýat at-Tantawy, Aly Mübärek, Salam Hakkaşy, Adip Ishak, Ýakup Sanua, Muhammet Abdy, Elios Baktor, Ruşeýt ibn Galyp Dahdahy, al-Harapri, Mihail Sabbak, Rizkall Hassaun, Faris Şidiýýak we başga-da köp sanly arap edebiýatçylarynyň döredijiligi öz beýanyny tapypdyr. Kitapda missionerçilik edebiýaty we onuň wekilleri hakda hem giňişleýin gürrüň edilipdir.I.Ý.Kraçkowskiý bu kitabyň ähmiýeti dogrusynda aýdyp, şeýle ylmy-barlag işiniň “ne bizde, ne-de Günbatar ylmynda häzire çenli bolmandygyny” aýratyn nygtapdyr.Kitaba redaktorlyk eden A.B.Halydow hem ýazan sözbaşysynda edil şeýle pikirde bolupdyr.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
A.Ý.Krymskiý hakynda gürrüň gidende, onuň köp ýyllaryň dowanynda üstünde işlän “Hazarlaryň taryhy” atly ylmy-barlag işini ýatlamazlyk mümkin däl, soň awtor ony “Hazarlaryň medeni taryhy” diýip atlandyrýar.Golýazma görnüşinde saklanyp galan bu düýpli ýazylan işiň häzire bu güne çenli neşir edilmän galyşyna haýran galýarsyň. Gadymy Eýranyň, Kawkaz Azerbaýjanynyň taryhyna bagyşlanan işlerindäki ýaly, bu gezegem alym, belki-de, bulardan tapawutlylykda hazarlaryň etnogenezine, Wolgadan we Kawkazdan başlap, tä Dunaýyň düzlüklerine, dag eteklerine çenli ýaýrap giden halklaryň we halkyýetleriň özara medeni gatnaşyklary dogrusynda has giňişleýin pikir ýöredipdir.“Hazarlaryň taryhy” atly işini ýazyp ýören döwründe akademik Gruziýanyň, Ermenistanyň, Azerbaýjanyň taryhyna degişli göwrümli işleri hem ýazýar. Şeýle hem,türkmen edebiýatyna we teatryna, “Eýranyň geografiýasy”, “Zakawkazýeniň taryhy”, “Taryhyň gadymy dili” we başga-da birnäçe makala ýazypdyr. “Ukraina folklory” atly ýazyp oturan işi soňuna çenli gutarylman galypdyr.Ol uruşbaşlanmazyndan birnäçe gün öň köp tomluk “Ukrainanyň taryhy” atly kitabyň Kiýew Rusunyň diline bagyşlanan babyny ýazmaga razylyk beren ekeni. Geçen asyryň 20-nji ýyllarynyň ahyry, 30-njy ýyllaryň başlarynda Iwan Franko bilen alşan hatlarynyň, Siriýadan we Liwandan alşan hatlarynyň ýygyndysyny hem neşire taýýarlapdyr.1935-nji ýyldaleningradly arapşynaslaryň assosiasiýasynyň başlangyjy bilen geçirilen birinji sessiýasyna gatnaşypdyr we täze arap edebiýatynyň taryhy bilen bagly meseleler dogrusynda kärdeşleri bilen pikir alşypdyr.Şonda assosiasiýanyň ýolbaşçylary tarapyndan bu işiň neşir ediljekdigi hakynda söz hem beripdir. Akademik A.Krymskiý bilen T.G.Kezma akademikler I.Ý. Kraçkowskiý, W.W. Struwe. SSSR YA-nyň habarçy-agzalary A.E.Şmidt we professor A.Ý.Ýakubowskiý dagy bilen sessiýanyň düzümine girizilipdir. A.Krymskiý arapşynaslaryň ikinji sessiýasynyň mejlisinde arap ýurtlarynyň taryhyna degişli habar bilen çykyş edipdir. 1940-njy ýylyň tomsunda A.E.Krymskiý I.Frankonyň mazaryna tagzym etmek üçin hemem Ukraina Ylymlar akademiýasynyň bu ýerde geçirýän göçme sessiýasynyň mejlisine gatnaşmak maksady bilen Lwowa gelýär. Mejlisde ol “Hazarlar, olaryň dili we etnografika dahyllylygy” atly temada doklad etmek üçin mejlisiň tribunasyna çykanda, hormatly akademigi adamlar şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylapdyrlar: “Bu meni gaty tolgundyrdy” diýip, Krymskiý ýazýar. Elbetde, bu alymlaryň akademige bolan ykrarnamasydy.1941-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda akademik Krymskiniň 70 ýaşy dabaralybellenip geçilýär. Ylymlar akademiýasynyň prezidiumynyň jaýynda onuň eserleriniň sergisi guralypdyr.SSSR-iň dürli künjeklerinden alymyň adyna 500-den gowrak hat we telegrammalar iberilipdir. “Nyzamy we onuň döwürdeşleri” monografiýasy akademigiň iň soňky ýazan işlerine degişli. 1941-nji ýylda beýik şahyryň doglan gününiň 800 ýyllygy belleniljek ýubileýi mynasybetli ýazylan iş. Ýubileý mynasybetli SSSR YA-nyň Azerbaýjan fililalynyň ýüz tutmagy bilen ýaşuly alym agyr keselbentligine garamazdan, işe höwes bilen ýapyşypdyr.AZFAN-yň Dil we edebiýat institutynyň şol wagtky direktory M.A.Dadaşzadäniň (1904-1978) 70 ýaşly alyma iberen telegrammasy hem şu çaka çenli saklanyp galypdyr. Onda şeýle ýazylypdyr:„Nyzamynyň ýubileýi ýakynlaşyp gelýär. Siziň işiňiz has gijikdi. Işiňizi gyssagly ibermegiňizi gaty haýyş edýärin”. Telegramma 1941-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda, ýagny akademigiň doglan gününiň bir gün öňünden iberilipdir. Akademik oňa “Işiň bir bölegini iberdim,galany hem şonçarak,işläp otyryn” diýip jogap beripdir. Işiň galan bölegi hem ýazylyp iberilse-de, bu iş Beýik Watançylyk urşunyň başlanmagy bilen ne neşir edilipdir, ne-de beýik söz usadynyň ýubileýi geçirilipdir. Institutyň arhiwinde 1968-nji ýyla çenli ýatan golýazma tekstologiýa bölüminiň işgärleriniň tagallasy bilen täzeden seredilýär Azerbaýjan akademigi Z.M. Bunyýatowyň redaktorlyk etmegi bilen aradan 40 ýyla golaý wagt geçenden soň, kitap bolup okyjylara gowşupdyr. Birinji baby kitabyň “Nyzamynyň öwrenilişi” diýlip atlandyrylýar. Şyh Nyzamaddin Abu Muhammet Ylýas ibn Ýusup ibn Zaky ibn Muhaýýat Genjewi (1141- ýogalan wagty 1203-nji ýyldan soň) hakynda diňe üç asyrdan soň Döwletşanyň diwanynda ýatlanyp geçilipdir. Ilki harby, soň Hyrat köşk şahyrlarynyň ýanynda bolan Döwletşa “Tazkirat aşşuara”, ýagny “Goşguçylar barada ýatlama ýazgy” atly antologiýa diwanynda Nyzamy hakynda gysgajyk maglumat beripdir. Nyzamynyň Kiwany atly doganynyň hem goşgy ýazandygyny, bularyň ikisiniň hem ýaşlykda Mutarrizi diýen ady göterendiklerini belläpdir. Ýöne Nafisi-de (“Hekim Nyzamy,” 68 sah.), Ý.E.Bertels-de (“Nyzamy”, 68 sah.) iki dogan hakdaky pikiriň näderejede dogrudygyna güwä geçip bolmaýandygyny nygtapdyrlar. Nyzamy hakdaky maglumatlarynda awtoryň diwanynda şahyr hakda ýeterlik maglumat berilmändir. Hatda onuň eserleriniň ady hem dogry däl. Meselem, Döwletşanyň “Wis we Ramin” poemasyny Nyzamynyň adyna bermegi nädogrydyr. Mundan başga-da, Nyzamynyň adatdan daşary ähli zada erk edip bilýän keramatly, jadylaýjy bir goja edip görkezilmegi hem hakykata laýyk däldir. Döwletşanyň (XV asyr) Nyzamy (XII asyr) hakdaky maglumatlaryny haýsy golýazmalardan alandygy belli däl. Belki-de, ol çeşmeler bize gelip ýetenem däldir. Näme üçindir döwürdeş ýa-da soňraky ýaşan pars antologiýaçylary hem Nyzamy hakda, onuň terjimehaly hakda giňişleýin maglumatlary öz golýazmalarynda ulanmadylarka?! Hatda şol alym adamlaryň biri Nyzamynyň öz ildeşi, Gençge doglupdyr we şo ýerde-de aradan çykypdyr.Bu soragyň esasy sebäpleriniň biri hem şol antologiýaçylaryň öz diwanlarynda şahyryň ömrüne degişli maglumatlary gözländen, onuň eserlerini diwana geçirmegiň ýeňil we gyzykly bolanlygydyr. Şunlukda Döwletşanyň antologiýasyna çenli diwanlarda Nyzamynyň terjimehaly hakda degerli maglumat ýok. Diňe XIII asyrda ýaşap geçen Ibn Bibi seljuk soltanlary hakdaky golýazmasynda 1178-nji ýylda Bahram Emiriň Erzinjan tagtyna çykanlygy mynasybetli Nyzamynyň oňa “Hazynalar syry” atly poemasyny bagyşlandygy hakda maglumat beripdir. Orta asyr taryhçysy Rawendi “Rahat as-sudur” atly seljuklaryň taryhyndan ýazan işinde Nyzamynyň “Hysrow we Şirin” atly poemasyndan 290 goşgyny ylanypdyr. Ýöne awtor işiniň hiç bir ýerinde-de Nyzamynyň adyny görkezmändir. Antologiýaçy Aufiniň “Lybab al-albab” (“Zehinleriň ýüregi”) atly diwanynda hem Nyzamynyň eserlerinden parçalar peýdalanylsa-da, beýik azerbaýjan şahyrynyň terjimehaly barada hiç hili söz ýazylmandyr. Onuň “Al- hakim al kamil Nizami al-Gýandжi” atly golýazmasynda şahyryň haçan doglandygy we näçenji ýylda ýogalandygy barada, doly ady hakda hiç hili maglumat berilmändir. Diňe onuň “Genjeli Nyzamy” diýen tahallusyny ulanypdyr. Nyzamy hakda doly däl maglumatlara al-Kazwini, Jamy ýaly öz döwrüniň parasatly adamlary tarapyndan ýazylan golýazmalarda hem gabat gelmek bolýar. Ýewropaly syýahatçylar XVII asyra çenli Sagdyny, Hafyzy bilseler-de, başga bir beýik şahyr Nyzamynyň ady olar üçin nätanyşdy. Diňe XIX asyryň başlarynda ussadyň ady belli bolup başlapdyr. Silwestr de Sasy, Uilýam Jons, A. Jurden, Jon Malkolm ýaly syýahatçylar öz işlerinde azda-kände Nyzamynyň eserleri hakynda aýdyp geçipdirler. Nyzamyny ýewropaly okyjylara tanatmakda Ýozef fon Hammeriň uly rol oýnandygy gürrüňsizdir. Pars edebiýatyna bagyşlanan kitabynyň bir bölümini ol Enweri bilen Nyzama bagyşlapdyr. Nyzamy hakda ol Döwletşanyň antologiýasyndanpeýdalanypdyr.1826-1829-njy ýyllarda kazanly professor Erdman bilen peterburgly professor Şarmau dagy Nyzamynyň “Isgendernama” poemasyny işlemäge girişipdirler. Şarmaunyň bu poemadan fransuz diline, rus diline eden terjimeleri birnäçe gezek neşir edilipdir. Poemanyň bu parçalarynda Isgenderiň (Aleksandr Makedonskiniň – A.Ç.) Rusa garşy ýörişleri beýan edilipdir.Nyzamy hakda başga-da edilen ownukly-irili işler az däl. Ýöne ol hakda wenger alymy Baheriň uly bolmadyk kandidatlyk işiniň peýda bolmagy (1871 ý.) bilen Nyzamyny öwrenmegiň ýeke-täk dogry ýoly başlanýar. 21 ýaşly alymyň işi “Nyzamynyň ömri we eserleri” diýlip atlandyrylypdyr. Şondan iki ýyl geçenden soň, onuň bu işi iňlis diline terjime edilipdir. Breslawl uniwersitetiniň studenti Baher A. Wamberi ýaly güýçli alymdan tälim alypdyr. A.Krymskiý öz kitabynda diňe Nyzamynyň öwrenilişi hakynda gürrüň etmän, eýsem-de bolsa, Nyzamynyň ýaşap geçen döwürleriniň – seljuklar imperiýasynyň ýagdaýy hakynda-da jikme-jikligi bilen söhbet edipdir. Şol döwürleriň görnükli şahsyýetleri, sosial durmuşy we gaýrylar dogrusynda beletlik bilen gürrüň berýär. Mälik şa bilen weziri Nyzamylmülküňarasyndaky düşünişmezlikler hakynda awtor şeýle ýazýar: (biz onuň asyl nusgasyny saklamak üçin bolşy ýaly mysal getirmegi makul bildik): “В числе самых первых жертв, намеченных мстительным аламутским шейхом Хасаном Саббахом, естественно, оказались его оба незабвенные исфаганские обидчика – “грубый тюрк” и “мужичонок”, т. е. султан Малик-шах и визирь Низам ал-Мульк. Длярасправы с “мужичонком” удачно выбран был момент его размолвки с Малик-шахом в 1092 г. из-за интриг Туркан-хатун, жены Малик-шаха. У туркмен мы вплоть до наших времен могли наблюдать далеко не приниженное положение женщин, так и у сельжуков XI в., тоже туркменского племени, сохранявшего некоторые свои кочевые воззрения даже при городской жизни, женщины имели гораздо больше самостоятельности и значения, чем у персов, и они оказывали влияние на ход дела - обстоятельство, на которое Низам ал- Мульк в своей “Сиясат-наме” должен был намекнуть с прискорбием. Туркан-хатун тоже имела влияние. Наследником престола считался сын Малик-шаха от другой жены, старший царевич Бёркиярук, а Туркан-хатун очень захотелось устроить на престоле вместо Бёркиярука своего сына Махмуда, хотя он был самый младший. Визирь Низам ал- Мульк стал за старшего царевича как законного наследника. Своими наветами Туркан-хатун удалось поссорить своего мужа с заслуженным визирем. Помириться они не успели, потому что Низам ал- Мульк вскоре же 14 октября 1092 г. пал от руки ассаси-на-фидаи, который к нему явился под видом просителя. Недельчерез пять умер сам Малик-шах ( 19 ноября 1092 г.) от горячки или, может быть, от ассасинской отравы.” Seljuklar döwrüniň söz yssatlary Gazalynyň, Abu Farajyň, Mäne babanyň, Attaryň, Omar Haýamyň, Zamahşarynyň, Rudakynyň, Aruzynyň, Muezziniň, Biruninyň, Ferdöwsiniň, Ibn Sinanyň,Unsurynyň, Enweriniň, Merweziniň, Utbiniň we başga-da onlarça adamyň ömrüne we döredijiljgine degişli söhbetler kitaby bezeýär we okyjyda bu adamlar hakda giň düşünje döredýär. Şu ýerde biz öz işimizde Enweriniň (1115-1191) durmuşyndan birki sany mysal getirmegi makul bildik. Seljuklar döwründe XIIasyrda köşk şahyrlarynyň güni-güzerany gowy bolupdyr. Soltanlary, şalary, mälikleri öwüp arşa çykaran köşk şahyrlary bol-elinlikde ýaşapdyrlar. Eger-de öwgüli goşgular ýazmadyk bolsalar, onda şol şahyrlaryň nähili gün görüp ýaşajakdyklary hakdaky pikirlerini olar gizläbem durmandyrlar. Muňa Enweriniň mysalynda-da göz ýetirip bolar. Horasan soltany Sanjaryň köşgündekiä käwagtlar gam-gussa çolanan pursatlary ol bu hakda pikirlenmän durup bilmändir. Enweri köşk şahyrlaryny ýatyp iýer bikär adamlar bilen deňderejede goýýar. “Sizi ekläp-saklamak üçin, siziň garnyňyzy doýurmak üçin näçe adam işläp, bilini bükýär. A siz bolsa bu hakda pikir etmän, baýamakçy. Taýýar aşyň eýeleri siz ýyrtyjy möjekler...” diýip, köşk şahyrlaryny ýaňsylapdyr. XIX asyryň ahyrlarynda “Gadymy Merwiň harabaçylyklary” atly kitabyň awtory B.Žukowskiý “Enweri” atly makalasynda onuň iki sany şeýle äheňdäki elegiýalaryny rus diline terjime edipdir. Aly Auhaddadin Enweri 1115-nji ýyl töwerekleri Meýhene şäheriniň eteginde doglupdyr. Sopy şahyr Abu Seýit Mnähneýi (Mäne baba-da) şol ýerde doglan. Enweripanegrik şahyr. Ol Soltan Sanjaryň öwgüçisi. Öwgüli goşgy ýazmakda onuň öňüne düşen şahyr bolmandyr. Sanjar ölýänçä, ol bol-elinlikde ýaşapdyr. 1153-nji ýylda Soltan Sanjar oguzlara ýesir düşüp, üç ýyllap şolaryň elinde bolýar. Olar Enweriniň “Horasanyň gözýaşlary” atly elegiýasynda görkezişi ýaly, ýurda gan çaýkapdyrlar. Zorlanmadyk gelin-gyz, otlanmadyk öý galmandyr. Zorlanmadyk bar, ol ýaňyja dünýä inen gyzjagaz.Sanjar ölenden soň, Enweri ýene çärýek asyrlap panegrik goşgularyny döredip gün görüpdir. 1185-1186-njy ýyllar taryhda iň howply ýyllar hasaplanypdyr.Çünki şo ýyllar ýaramaz astronomiki, astrologiki çaklamalar aýdylypdyr. Bu ugurdan Enweriniň hem mundan az-maz başy çykansoň, şeýle heläkçiligiň boljakdygy barada onuň hem goşgusy bar. Aýdylan wagtlary harasad-a daşda dursun, şo gije çalaja ýelem öwüsmändir. Enweriniň goşgusyndan habarly döwürdeş şahyrlarynyň birnäçesi ony masgaralap, satiriki goşgular ýazypdyrlar. Aýratynam Nişapurda ýaşaýan Zahyr Farýaby diýen şahyr hasam tapawutlanypdyr. Özüni kemsidilen we masgara edilen hasap eden Enweri Horasan köşgüni taşlap, Balha göçüpdir. O ýerde-de oňa gowy günler garaşmandyr. “Harnama” atly bir satirada ýazylan poemany Enweriniň ýazany diýlip, oňa töhmet atylypdyr. Aslynda poema başga bir şahyryň, Suzany ýa-da onuň şägirdiniň ýazany ekeni. Emma ýalan gybata ynanan adamlar hiç bir günäsiz garry şahyryň boýnuna tilki derisi bilen jaňjagaz asylan kellegabyny geýdirip, masgaralap, köçeme-köçe aýlapdyrlar. Şunuň ýaly başgap öň bazarlarda terezisine arassa däl, adamlaryň hakyny iýýän ütüjilereşeýdilýän eken. Eger-de bu işe Enweriniň şahyr dostlary gatyşmadyk bolsadylar, onda onuň soňunyň näme bilen gutarjagy belli däl eken. Ýaşynyň soňunda öwgüli goşgular ýazmasyny goýsa-da, ol tä ömrüniň ahyryna çenli goşgy ýazmasyny dowam etdiripdir. Enweriniň ýogalan senesini käbirleri 1181-nji ýyl, käbirleri bolsa 1191-nji ýyl diýip kesgitleýär. Bu senäni 1191-nji ýyl diýip, arkaýyn aýtsa bolar diýip, akademik Krymskiý ady agzalan kitabynda belläpdir. Orta asyr şahyrlarynyň, has takygy, Nyzamy bilen döwürdeş ýa-da bir döwürräkde ýaşan beýik söz ussatlarynyň ömür ýoluna, döredijiligine degişli gaty köp gyzykly maglumatlary öz kitabynda jemlän akademigiň zehininiň köp taraply we çuňňur bolandygyna bu kitaba nazar aýlanyňda, anyk göz ýetirýärsiň. Akademigiň seljuklaryň, türkmenleriň taryhyndan köp-köp maglumatlary bir ýere jemläp bilendigine minnetdarlyk bildirýärsiň. A.Krymskiý XIX asyryň ahyrlarynda ukrain milli durmuşyna-da gatnaşýar. Ol görnükli ukrain medeniýet işgärleri O.Ogonskiý, B.Grinçenko, I.Franko we başgalar bilen hat alyşýan eken. Şol döwürde ol M.Pogodiniň gadymy kiýewlileriň rus bolandygy, mongol-tatar ýörişlerinden soň olaryň demirgazyk tarapa süýşendikleri hakyndaky çaklamasyny öňe sürýän A.Sobolewskiý bilen jedele giripdir. 1917-nji ýylda Ukraina halk respublikasy döredilenden soň ol öz Watanyna gaýtmagy makul bilipdir. Ukrainanyň syýasy we ylmy durmuşyna gatnaşýar. Ukrainanyň döwlet özbaşdaklygyny ikellap goldap çykyş edipdir. 1918-nji ýylda Kiýewdäki Ýakyn Gündogar institutynda taryh sapagyny okadypdyr, Ukraina Ylymlar akademiýasynyň hakyky agzalygyna saýlanypdyr. 1921-nji ýyldan Ukraina Ylymlar akademiýasynyň ukrain ylmy dili institutyna, şol ýyldan başlap, tä 1941-nji ýyla çenli Kiýew döwlet uniwersitetiniň kafedrasyna ýolbaşçylyk edýär. Taryha bagyşlanan işlerinde şol döwrüň görnükli alymy M.S.Gruşewskiniň işlerinde öňe sürülýän pikirleriň birtaraplydygy, nätakyk maglumatlara esaslanýandygy hakda yzygiderli çykyş edipdir. Krym tatarlarynyň dilini we medeniýetini öwrenmekde onuň uly hyzmatlarynyň bardygyny aýtmaly. 1921-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda onuň bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, USSR Halk Komissarlar Soweti tarapyndan “Ylymda at gazanan işgärleriň sosial ýagdaýy hakynda” diýen karary esasynda birnäçe alym bilen bilelikde, A.Krymskä-de uly döwlet ýeňillikleri berlipdir. Alymyň işleriniň döwlet tarapyndan neşir edilmegi, döwlet salgytlaryndan boşadylmagy, onuň ömürlik ýaşaýyş-durmuş hajatlarynyň döwletiň hasabyndalygy şol kararda bellenipdir. Ýöne ýigriminji ýyllaryň ahyrlarynda ol “buržuaz milletçi” hökmünde yzarlanyp başlanýar. 1930-njy ýylda ol işinden boşadylýar. Günbatar Ukrainanyň birleşdirilmegi bilen 1939-njy ýylda ol öňki işlän işlerine dikeldilýär we Günbatar Ukrainanyň dürli ýerlerinde iş saparynda bolýar. Akademik Krymskiý Zähmet Gyzyl Baýdak ordeniniň eýesi. Ol ýurdumyzda meşhur filatelçi hökmünde-de tanalýan eken. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda nemesleriň Kiýewi eýelän wagtynda onuň ýygnan poçta markalarynyň uly kolleksiýasy ýititrim bolupdyr. 1990-njy ýylda Lwow şäherinde döredilen filatelçileriň jemgyýeti häzir onuň adyny göterýär. Akademigiň doglan gününiň 125 ýyllygy mynasybetli 1996-njy ýylda oňa bagyşlanyp, Ukrainada poçta markasy çykaryldy. Wladimir-Wolynskda Agafangel Krymskiniň adyny göterýän pedagogik kollej bar. Şeýle hem, Kiýewde Ylymlar akademiýasynyň Gündogary öwreniş institutyna akademik A.Krymskiniň ady dakylýar. Akademik A.Krymskiý öz yzynda birgiden ylmy mirasy goýup giden alym: “III asyryň ahyryna çenli sufizmiň ösüşiniň oçerki. Hijri.” СПб.; 1895, “Gurhan barada leksiýalar” – M., 1902, “Musulman taryhy” – M., 1903-1904, “Türkiýäniň taryhy we onuň edebiýaty” – 2 t. – M., 1910-1916, “Araplaryň taryhy we dünýewi we dini arap edebiýaty”, - M., 1911-1913, “Parslaryň taryhy, onuň edebiýaty we derwiş teosufizmi”, - M., 1909-1917, “Täze arap edebiýatynyň taryhy (XIX-XX asyryň başy)” – M., 1971, “Nyzamy we onuň döwürdeşleri”, Baku, “Elm”, 1981 we başgalar. Akademik hakda Brokgauz we Efronyň ensiklopedik sözlüginde (1890-1907), Uly sowet ensiklopediýasynda (1960) maglumatlar berilýär. Şeýle hem, I.Sýundukowyň, Ý.O.Dzendzeniwskiniň, P.W.Gusteriniň onuň ömür ýoluna, ylmy mirasyna bagyşlap ýazan makalalary metbugatda çap edilipdir. Akademik A.Ý.Krymskiniň rus we ukrain türkologiýasynda aýratyn orny bar. Rus we ukrain türkologiýasynda A.Krymskiniň ömri we ylmy ýoly iki döwre, ýagny 1918-nji ýylyň güýzüne çenli, soň hem Kiýew döwrüne bölünýär.Kraçkowskiniň belläp geçişi ýaly, arap-musulman dillerine degişli ussat alym araplaryň, parslaryň, türkleriň we beýleki halklaryň taryhyhakynda düýpli işleri ýazdy. Näçe wagtyň geçenligine garamazdan, atasynyň hem, özüniň hem keşbinde Gündogar adamsyna laýyk alamatlaryň bardygy hakda bu ýagdaýyň, oňa öz köklerini ýatladyp durandygy barada Krymskiý öz hatlarynda ýazan eken. Türkologiýanyň özi üçin örän möhümdigini ýatlapdyr. A.Ý.Krymskiniň türkologiýa işi bilen bagly ilkinji ädimleri onuň Brokgauz hem Ýefronyň ensiklopedik sözlüginden başlanýar. Onuň ilkinji işleri bolan “Kadyn” (1894), “Gylyç-Arslan”, “Muhammet I” (1896) we başgalar şu sözlükde çap edilipdir. XIX-XX asyr aralygynda rus ensiklopediýalary üçin makalalaryň 200-den gowragyny ýazýar. Şondan 70 töweregi makala türkologiýa bagyşlanypdyr. A.Ý.Krymskiniň türkologiýa degişli ylmy-barlag işleri Lazarew Gündogar dilleri institutynyň (1898-1918) talyplary üçin okuw gollanmasy hökmünde peýdalanylypdyr. Alymyň “Türk diliniň grammatikasy” atly işi häzir Ukrainanyň W.I.Wernadskiý adyndaky Milli kitaphanasynyň golýazmalar institutynda saklanylýar. Ol bu işini birnäçe gezek gaýtalap täzeden işläpdir. “Türk diliniň ylmy-praktiki kursy” atly işi bolsa alty sany golýazma depderinden ybarat. Ol ukrain dilinde ýazylypdyr. Bu işem ýokarda adyny agzalan institutda saklanylýar. Institutyň gaznasyndasaklanylýan şeýle gollanmalaryň golýazmasy bir ýa iki däl. Onuň “Türkiýänyň taryhy we onuň edebiýaty” atly düýpli ýazylan ylmy işi-de talyplara okalan leksiýalaryň esasynda ýazylandyr. Ol ilki bilen şol işiň ikinji babynyň “Gülläp ösüşden yza gaýdyşa çenli” (1910) atlandyrylan bölümini, soňra hem birinji babynyň – “Döreýiş döwründen gülläp ösüşe çenli” (1916) bölümini neşir edipdir. Krymskiý öz ylmy-barlag işlerindäki maglumatlaryň ynandyryjy bolmagy üçin original çeşmelerden peýdalanypdyr. Bu babatda gündogar çeşmeleri bilen bilelikde slawýan we günbatar-ýewropa çeşmelerine salgylanypdyr. Ol 1918-nji ýylda Kiýewe göçüp gelenden soň, Ukraina Ylymlar akademiýasynyň döredilmegine işeňňirlik bilen gatnaşýar. Döwürdeşleriniň ýatlamagyna görä, hut onuň özüniň tagallalary bilen milli akademiýa saklanyp galypdyr we ösmegini dowam edipdir. Şol döwür onuň gündogary öwreniş ylmynda, şeýle hem, türkologiýada hyjuw bilen işlän ýyllary bolýar. 1924-nji ýylda “Türkiýäniň taryhy we XVI-XVIII asyrlardaky köne neşirlerden göçürilen 13 surat” diýen işi ukrain dilinde çap edilipdir. Ol 1926-1927-nji ýyllarda “Türkiýäniň taryhyna giriş”, “Türkiýäniň taryhy we onuň ýazylyşy”, “XVI asyr türki golýazmalaryň taryhyndan” we beýleki işleri ýazypdyr. Bar bolan maglumatlara görä, alymyň 1934-1935-nji ýyllarda osman edebiýatynyň we onuň täze döwre çenli taryhy türk edebiýatynyň pese gaçmagynyň sebäplerini derňeýän bir uly işiň başyny başlamaga hyýal edipdir: ýöne golýazma doly görnüşinde saklanmandyr. W.I.Wernadskiý adyndaky milli kitaphananyň golýazmalar institutynda “Täze osman edebiýaty” atly 12 sahypa (ol rus dilinde), 13 sahypalyk hem ukrain dilinde ýazylan tekstler saklanyp galypdyr. Krymskiý XIXasyrda türk edebiýatyna Ýewropa täsiriniň bolandygyny ýazýar. Ol Ahmet Wefik-paşa, Şinasy, Namyk Kemal beý, Abdylhak Hamyt, Mahmyt Ekre, Ahmet Midhat ýaly öz döwrüniň görnükli ýazyjylarynyň eserlerini derňäpdir. Krymskiý otuzynjy ýyllaryň ahyrynda SSSR-iň çäklerinde ýaşaýan türki halklaryň edebiýatyna we diline bagyşlap birnäçe ylmy işleri ýazypdyr. Onuň bu işleriniň köpüsi W.I.Wernadskiý adyndaky Milli kitaphananyň golýazmalar institutynda saklanylýar. “Başgyrt dili we edebiýaty” işi 1938-nji ýylda ýazylypdyr. Ol bu işinde öz döwürdeş başgyrt ýazyjy-şahyrlary A.Tagirow, D.Döwletşin, D.Ýultyýew, M.Gafuri we beýlekileriň döredijiligi hakda söz açypdyr. “Türkmen edebiýaty” atly makala iki sany arhiw depderinde saklanypdyr.Krymskiý bu işinde Magtymgulynyň we Şeýdaýynyň, Garajaoglanyň, Magrupynyň, Keminäniň döredijiligine baha berip geçipdir. Türkolog öz makalasynyň jemlemesinde, rus administrasiýasynyň Aşgabatda öz mekdeplerini açanam bolsa, täze türkmen edebiýatynyň düýbüni tutmaga üns bermändigini, emma muňa garamazdan, täze häkimiýetiň täze–täze şahyrlaryň we ýazyjylaryň döremegine itergi berjekdigine umyt baglaýandygy hakda ýatlapdyr (agzalan institut, F.1, d.25572, “Туркменская литература”, 14л.). (Biz işimiziň akademigiň ömrüne we ylmy mirasyna bagyşlan şu ylmy oçerkimiziň ahyrynda onuň „Türkmen edebiýaty“ makalasynyň rus dilinde ýazylan nusgasyny göçürip bermegi makul bildik. Makala edebiýaty öwreniş ylmymyzda ilkinli gezek dolulygyna çap edilýär). “Türküstanyň edebiýaty” atly makala-da şol ýyllara degişli. Munda orta aziýaly awtorlaryň ençemesiniň eserlerinden düzülen “Majma-i-şuara” atly antologiýasy barada gürrüň berlipdir. Ol bu makalasynda Kazan tatarlarynyň we azerbaýjanlaryň täsiri bilen Türküstanda teatryň emele gelendigini ýazýar. Krymskiý öz döwürdeşleri bolan ýazyjylar we dramaturglar - Fifratyň, Abdylla Badrinyň, Çulpanyň, Gulam Zafariniň, Gazi Ýunusyň, Uýguryň we beýlekileriň döredijiliginden söz açýar. Şeýle hem, ukrain türkologyýasynda taryhy temadan makalalaryň we monografiýalaryň ýüze çykyp ugrandygyny aýratyn belleýär we sowet Orta Aziýasynyň metbugatyna baha berip geçýär. Agafangel Ýefimowiçiň “Azerbaýjan edebiýaty” atly makalasynda (golýazma görnüşinde) azerbaýjan edebiýatynyň osman däpleri bilen berk baglydgyny nygtaýar. Bu barada söz açyp, muny ol Fizulynyň, Mesihiniň, Kawsi Tebriziniň, Kasymbeý Zakiriň, Weli Widadynyň, Panah Wakifiň we häzirki zaman azerbaýjan edebiýatynyň wekilleriniň eserleriniň mysalynda subut etmäge çalyşýar. A.Ý.Krymskiý 1930-njy ýylda birnäçe makalasyny çap etdiripdir: “Krym we krym tatarlarynyň taryhyndan sahypalar”, “25 göterimi tatarlardan ybarat häzirki Krymyň taryhyna”, “Krym tatarlarynyň edebiýaty”. Ol krym tatarlarynyň edebiýatyny öwrenen ilkinji türkologlaryň biridir. Krym hanlygynyň wekilleriniň Altyn orda edebiýatyny döretmäge gatnaşandyklaryna garamazdan, krym tatarlarynyň edebiýatynyň öz gözbaşyny gireýler döwründen alyp gaýdýandygyny aýratyn nygtapdyr. Täze krym tatar edebiýatynyň Ysmaýyl beý Gaspirinskiden hem-de “Tarjiman” žurnalynda çap edilen makalalaryň awtorlaryndan başlanýandygyny belläp geçýär. “Krym esnaflarynyň (sehleriniň) taryhy” makalasy 1926-njy ýyla degişlidir. Munda ýarymadada ýerleşýän ilatyň XVI-XVIII asyrlardaky ykdysady durmuşyny görkezmek bilen Kafa, Bahjysaraý Karasuwbaza şäherlerinde söwda gatnaşyklarynyň we hünärmentçiligiň gülläp ösüşini, umuman, Krymyň ykdysady durmuşyny tutuşlygyna görkezipdir. Onuň “Demirgazyk ýa-da Kawkaz Azerbaýjanynyň (klassyky Albaniýa) taryhyndan sahypalar. Kabala” we “Demirgazyk ýa-da Kawkaz Azerbaýjanynyň (klassyky Albaniýa) taryhyndan sahypalar. Şeki” atly makalalary aýratyn gyzyklanma döredýär. Bu makalalar S.F.Oldenburgyň (1934) we N.Ý.Marryň (1938) ýubileýlerine bagyşlanyp çykarylan ýygyndylarynda ýerleşdirilipdir. Ol “Klinopis zamanasyndan başlanyp, Eýran sefewiler şalarynyň zamanasynda tamamlanýan Kawkaz Azerbaýjanynyň taryhy” atly uly iş ýazýar. Krymskiniň tassyklamagyna görä, iş tamamlanypdyr. Ýöne muňa garamazdan, golýazmanyň käbir bölekleri saklanyp galypdyr. Şeýle hem, saklanyp galan “Albanlaryň ýa-da Kawkaz Azerbaýjanynyň taryhy” işini hem çap etmäge taýýarlan eken. A.Ý.Krymskiý etnografiýa meselelerine hem uly üns berlipdir. Onuň çap edilen kiçeňräk makalalary, çap edilmän galan golýazmalary türki halklaryň folkloryna bagyşlanypdyr. Şeýle işler onuň döredijiliginiň irki döwürlerine degişli. Ol U.A.Kloustonyň “Halk ertekileri we tapmaçalar” atly kitabyny doly bolmasa-da terjime etmäge girişipdir. A.Ý.Krymskiý “Halk gepleşik dili” atly işinde azerbaýjan aşyklary we beýleki türki halklarynyň aýdymçylary, folklory hakda söz açýar. Agafangel Ýefimowiç Krymskiniň türkologik mirasyny nazardan geçiren wagtyň, onuň bu ugurdan gyzyklanmalarynyň köpdürlüligine haýran galýarsyň. A.Ýe.Krymskiniň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanyp Kiýewde neşir edilen bäş tomluk kitabynda türkologiýa degişli işleri-de ýerleşdirilipdir. 1996-njy ýylda onuň “Türkiýäniň taryhy” atly işi 1924-njy ýyldaky neşiri esasynda çap edildi. 2007-2010-njy ýyllarda A.Ý.Krymskiý adyndaky Gündogary öwreniş institutynda onuň esasy türkologik işleriniň iki tomlugy neşir edildi. Beýik Watançylyk urşunyň başlanmagy bilen akademik Agafangel Ýefimowiç Krymiskiniň etsem-goýsam işleri amala aşmandyr. Ol mejbury ewaukasiýa bilen bagly Gazagystana iberilipdir. 1942-nji ýylda 25-nji ýanwarynda-da,71 ýaşy dolanyndan göni on günden soňýogalypdyr. Onuň jesedi gazak sährasynda, Kokçetawa golaý ýerde jaýlanypdyr. Bu maglumat K.I.Gurniskiniň berýän maglumaty. K.I.Gurniskiý bolsa akademigiň ömür ýoluna we ylmy mirasyna belet adam. Bu hakda başga bir maglumatda, wikipediýada onuň1941-nji ýylda tussag edilip, Gazagystana sürgün edilipdir we wagt geçmänkä-de şol ýerde, 1942-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Kustanaýda ýogalandygy aýdylýar. Uly Sowet Ensiklopediýasynda hem akademik A.Krymskiniň Kustanaýda ýogalandygy we şol ýerde hem laýlanadygy ýazylypdyr.Ýarym asyrlap hossarlarynyň A.Krymskiniň soňky ykbaly hakda hiç hili maglumat alyp bilmändigi hakdaky habary okabam, çarhypelegiň ýowuz oýunlarynyň niçik zabunlygy hakda isleseň-islemeseň, oýa batanyňy duýman galýarsyň. Türkmen edebiýatynyň taryhyny öwrenmekde gyzykly maglumatlary ýüze çykaran A.Ý.Krymskiniň “Туркменскаялитература» atly işi wagtyň geçmegine garamazdan, öz ähmiýetini ýitirenok. Ýöne, näme ýçindir, akademigiň şol işi türkmen neşirleriniň hiç birinde-de şu wagta çenli doly görnüşinde çap edilmändir. Allaýar ÇÜRIÝEW, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |