18:40 Aglaşdylar... | |
AGLAŞDYLAR...
Goşgular
Aglaşdylar, Göterdiler jesedin, Nowjuwan açylan ter gözel gyzyñ Ýöne il içinde gepi köpeldi, Myş-myşlar göterdi öliniñ yzyn. - Ol, edeplidi. Estagfuralla, Adamzat ölmese, görjek her zady Akylly diýäniñ çykýar bihaýa Jaý ýerine ýetmänkä porsady ady. - Özüne kast etjek gyzlardan däldi. - Akyllydy, - Edeplije çagady, - Aýt joram, bu zadyñ sebäbi näme? Ene welin, bagryn tutup aglady, Gyz gitdi. Göwrelimiş diýdiler, Käsi ýeter-ýetmezlikden diýişdi. Anyk sebäbini bilýän adam ýok, Myş-myş gybatlara siñekler üýşdi. Ýöne, Gyz namysynam gorapdy, Ýetmezçilikdenem gezmezdi nalap, Kalbyna ot salan kiçijek haty, Okap, geçiripdi gijesin aglap... ...Aglaşdylar. Aglaşdylar ses edip, Ýany bilen äkidipdi syryny. Gybatyn etdiler giden jesediñ, Güman tutdy hakykatyñ ýerini. Remezan MÄMETGURBANOW. 01.10.2022ý | |
|
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 10 | |||||||
| |||||||