ADAM GÖWNI
Indi neçüýn gussa batýas, geçmişde
Görüp bilmedikmi, adam gownüni.
Ahyrynda bolýaň gury ses ýaly,
Bisarpa tutaňda adam ömrüni.
"Adamda jinnik ýaly göwün bar"
Diýip, köp aýdypdyň mähriban enem.
Emma nätjek; "jinnik" ýaly giňligi,
Doldurmaly ýerne, harlaýar dilem.
Serdaryň göwnüni ýykmajak bolup,
Söýgüli Marala gödek daraşsam.
Soňam ökünäýsem, "akyl boş" diýip,
Güler ýüzüň açylaryna garaşsam.
Mundan gördük bolmaz dostuň göwnüni,
Mundan berdik bolmaz ýaryň öwdüni.
Gury sesiň haýbatyndan awyly
Sözler çykyp, doldurmaýar "jinnigi."
Köpümizde kerep basyp, ýitipdir
Süýjä derek ajy diliň jürnügi.
✏AHALLY
Goşgular