18:46 Ahmet Wepaýynyň Rownakyl-yslam eseri | |
“Rownakyl-yslam” eseri ýazylan döwründen başlap tä XX asyryň başlaryna çenli mekdep, medreselerde okuw kitaby hökmünde ulanylyp gelindi. Hatda orslar Türkmenistany öz çäklerine birleşdiren soňam bu eser okuw kitaby bolmagyny bes etmedi. Diňe 1917-nji ýylyň syýasy wakalary netijesinde jemgyýetde zorluk bilen dine bolan ýaramaz garaýyş terbiýelenip başlansoň kitap mekdepleriň maksatnamalaryndan aýryldy. Dört asyrdan gowrak wagtyň dowamynda okuw kitaby bolup hyzmat etmekliginiň özi bu kitabyň gymmatynyň nähili uludygyny görkezýär. Hakykatda eser diňe bir dini wagz etmek, ony şöhratlandyrmak üçin ýazylman diniň üsti bilen adamlarda, okuwçylarda ahlak kadalaryny, şerigatyň düzgünlerini terbiýelemek üçin, durmuşyň dürli pursatlarynda özüňi özüňi alyp barmagyň tertibini öwretmek üçin ýazylypdyr. Şol sebäpli “Rownakyl- yslamyň” türkmen halky üçin ähmiýet örän uludyr. Aýratynam Magtymguly eýýamynyň döwletsizlik, kanunsyzlyk zamanasynda belli bir kada-kanuny öwredýän eseriň gymmaty uly bolupdyr.
Edebi makalalar
Türkmen halky üçin şeýle gymmatly eseriň ýazarynyň durmuşy barada maglumat örän az. Durmuşy barada däl, hatda şahyryň öz ady barada-da doly maglumat ýok. Diňe onuň Wepaýy atly edebi lakamynyň bolandygy belli. Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň 2028-nji bukjasynda saklanýan golýazma Wepaýy Şagadam sebitlerinde ýaşap geçipdir. Onuň asly Hazar deňziniň gündogar kenarynda ýaşan çarwa ýomutlaryndan bolupdyr. Çarwa durmuşynda bilim ulgamy kämil bolmaýar. Wepaýynyňam başlangyç bilimi nirede alandygy belli däl. Ýone onuň Hywa medreseleriniň birinde kämil bilim alandygy anyk. Şahyryň öz döwrüniň ýokary bilimini alandygyna “Rownakyl-yslamy” okanymyzda-da göz ýetirýäris. Wepaýynyň ömri, durmuşy barada bar bolan maglumatlar şulardan ybarat. “Rownakyl-yslam” Kitabyň ýazylyş taryhy barada şeýle rowaýat bar. Bir baý dul aýal Wepaýydan şeýle eseri ýazmagy haýyş edipdir. Eser ýazylyp gutarylandan soň şol parasatly aýal Wepaýa kyrk sany köşekli düýe sowgat edipdir. Kitap hijri hasaby bilen 869-njy ýylda, milady hasaby bilen bolsa 1464-1465-nji ýyllarda tamamlanýar. Eseriň ýazary öz tahallusyny şeýle beýan edipdir: Eý, Wepaýy, bilgeniňni gizleme, Bilmeziňni bilerem diýip sözleme. Eseriň ady “Yslamyň nury” diýmekligi aňladýar. Wepaýynyň dini dünýägaraýşy örän giň bolupdyr. Ol mukaddes Kuranyň esasynda dini garaýyşlary düşündirýän “Muhteseri” türkmen dilinde giňişleýin düşündiripdir. Munuň üstesine şahyr eser döredende ýerden aýagyny üzmändir. Ol dini ündewleri şol döwrüň jemgyýeti, çarwa durmuşy bilen berk baglylykda alyp baranda halkyň aňyna has içgin aralaşyp boljakdygyna düşünipdir. Wepaýy şu dünýäniň panylygy, o dünýäniň bakylygy we şonuň üçin bu dünýäniň eşretlerinden el çekip, dini kada-kanunlary berjaý edip, özüňi baky dünýä taýynlamalydygy baradaky dini pelsepäni wagz edýär. Elbetde, munuň özi Wepaýynyň tapan täzeligi däl. Ýöne bu wagyzy halka düşnükli bolan dilde berjaý etmek bilen Wepaýy olary jenaýat etmezlige, adamkärçilikli bolmaga çagyrypdyr. Eger adam nämedir bir zatdan çekinmese, nämedir bir zady sylamasa onuň özüni alyp barşy öte erkin bolup,çäkden çykyp başlaýar. Hut şu ýagdaýa, ýagny diniň günälerden saklaýjylyk güýjüne Wepaýy örän oňat düşünýär. Alla hem din barada söhbet açýanlygyna garamazdan biz Wepaýynyň döredijiligini Görogly eýýamynyň sopuçylyk edebiýatynyň hatarynda öwrenmeli däl. Sebäbi Wepaýynyň “Rownakyl-yslamy” diňe bir dini kada-kanunlary,şerigatyň düzgünlerini öwretmegi maksat edinmek bilen din babatda aýratyn bir dünýägaraýşy, diňe bir özüne mahsus pelsepäni orta atmaýar. Wepaýynyň bu eseri sözüň doly manysynda okuw kitaby diýen kesgitlemä mynasyp. Bilişimiz ýaly sopuçylyk edebiýatynyň görnükli wekilleri diňe bir öz pelsepeleri bilen tapawutlanman, eýsem resmi din babatda garşylykly pikirleri öňe sürmegi bilenem saýlanýarlar. Türkmen halky üçin “Rownakyl-yslamyň” soňky sahypalarynda öz beýanyny tapan adamyň saglygyna degişli pikirler örän möhümdir. Olary bilmek umuman her kime, aýratynam çarwa durmuşynda ýaşaýan adamlara zerur gerek. Diniň kada-kanunlaryny ýerine ýetirmegi wagz edende Wepaýy ozaly bilen her bir adamyň, halkyň bähbidini göz öňünde tutupdyr. Şeýle kada-kanunlar adamyň maddy we ruhy ýaşaýşyna zyýan ýetirilmezden amala aşyrylmalydyr. Umuman, ähli düzgün-tertipleri berjaý etmegi ündände-de Wepaýy ozaly bilen adamyň aladasyny edýär. Haja gitmegiň, gurbanlyk bermegiň düzgünlerin öwreden pursatynda Wepaýynyň nähili peýdaly pikirleri öňe sürýändigini bir-birden gözden geçireliň. Haja gitmegiň düzgünleri: 1. Haja gitjek adamyň yzynda galan maşgalasyna we öz ýanynda alyp gitmäge ýeterlik harjy bolmaly.(Hakykatdanam haja gitjek diýip maşgalaňy, çagalaryňy horlamak, özüňi kösemek Alla ýarajak iş däl.) 2. Haja gitjek adam akyl hem beden taýdan sagdyn bolmaly,onuň dini düşünjesi päk bolmaly.(Hakykatdanam eger ol akyl hem beden taýdan sagdyn bolmasa uzak ýoluň kynçylyklarynda betbagtçylyga sezewar bolmagy mümkin.) 3. Aýal adam haja gitjek bolsa hökman öz ýanyna nika düşýän bir hossaryny ýoldaş edinip almaly.(Munuň özi hajyň ýolunda günä işleriň edilmeginiň öňüni alar). “Rownakyl-yslamda” gurbanlyk berilmeginiň düzgünlerini bir-birden gözden geçirenimizde-de ýokardaky ýaly ynsana bähbitli taraplaryň göz öňünde tutulandygyny görýäris. Şahyryň çarwa durmuşy bilen bagly käbir düzgünlerini aýratynlykda derňäp geçeliň. Olary bilmeklik häzirkizaman adamlarynada peýda getirip biler: - Eger guýa, howza garga, ýylan, syçan, alaka ýaly zatlar gaçyp, şol ýerde ölse we suw yslansa, onda ol suwy peýdalanmak bolmaýar. Ony päklemek üçin guýynyň, howzuň ähli suwuny çykaryp päklemeli. - It gurda degse onuň degen ýerini aýryp zyňmak gerek. - Ýöne it ýaga degse ýagy suwda üç gezek gaýnatmaly we ahyrynda suwy ýagdan aýryp päklemeli. Görşümiz ýaly Wepaýy suwuk zatlarda mikroblaryň has tiz ýaýraýandygyny bilipdir diýmek boljak. Ýag baradaky düzgün ete-de degişli. - Mal soýulanda damarlaryny oňat edip kesmeli. Zerur halatynda maly aýal maşgala-da soýup biler. - Gan, saç, diş, dyrnak ýaly zatlary ýere gömmeklik gerek. - Ýeň, etek bilen ýüzüňi süpürmeli däl. - Gap-gaçlary ýuwmaly. - Ýagly eliňi topraga sürtmeli däl. - Nahardan öň we soň eliňi ýuwmaly. - Nahary sag eliň bilen öz öňüňden iýmeli we oňat çeýnemeli. - Aýallar çaga doguransoň kyrk günläp jynsy gatnaşyk etmeli däl, namaz okap, oraza tutmaly däl. Bulardan başga-da kitap öz okyjylaryny edeplilige, adamkärçilige çagyrýar: Ýene bi rata-ene adyny diýmek, Her agaçile diş hylalyn eýlemek, Bozmamak ol enkebutnyň öýüni, Agzy açyk saklamak suw gabyny. Işik üstünde oturmak her kişi, Hem zynada geçse ömrüň werzişi… Ýene iýmek uşagyn har tutmagaý, Ser pyýaz gabygyn otga atmagaý. Gijelerde barmagaý öz öýüne, Ýörmegeý ilk uluglar öňüne… Görşümiz ýaly bu ýerde şahyr edep kadalary bilen arassaçylyk kadalaryny gezekleşdirip getiripdir. Şahyr ähli edep kadalaryny yslam dini bilen baglanyşdyrýar. Ýöne, aýdalyň, Wepaýynyň söhbet açýan myhmanparazlyk kadalary yslamdan öňem türkmenlere mahsus bolupdyr. Wepaýy bolsa ony yslam bilen baglanyşdyryp, şondan gaýdýan kada hasaplaýar. Dünýä edebiýatynyň dürli döwürlerinde dürli bilimleriň şygyr bilen çeper eser görnüşinde berilýän pursatlary bar. Edil şolar ýaly Wepaýy hem öz eserinde tebipçiligiň üstünde hem durup geçipdir. Wepaýy özüniň köptaraply eserinde uzynlyk hem agram ölçegleri hakynda-da, olar üçin gerekli abzallar barada-da durup geçýär. Oňa görä bir mil dört müň ädimden, bir agaç on iki müň ädimden ybarat. Eseriň dili. Görogly eýýamynyň türkmen edebiýatynda döredilen eserleriň içinde häzirkizaman türkmen diline iň ýakyny Wepaýynyň “Rownakyl-yslamydyr”.Onuň diline häzirkizaman türkmen okyjysy, aýdalyň, Wepaýydan üç asyr soň ýaşap geçen Azadynyň arap-pars sözlerini yzygider ulanýan diline garanda has ýeňil, kynçylyksyz düşüner. Munuň özi ilki bilen Wepaýynyň häzikizaman türkmen edebi dilinde gepleýän türkmenleriň ýaşap geçen, ýaşap ýören çäklerinde ýaşanlygy bilen we öz eserini hut şol türkmenler üçin okuw kitabyhökmünde ýazanlygy bilen berk baglanyşykly bolsa gerek. Wepaýynyň dilinde oguz nyşanlarynyň akademik A.N.Samoýlowiçem nygtaýar. Eser aruz ölçeginde, mesnewi görnüşinde ýazylypdyr. Munuň özi eserde pikirleriň giňişleýin hem anyk berilmegine ýardam edipdir. Sebäbi mesnewi görnüşindäki eserleriň kapiýa bolçulygy şeýle mümkinçiligi döredýär. Wepaýynyň “Rownakyl-yslam” atly özboluşly eseri türkmen edebiýatynyň taryhynda öz ornuny berk eýeledi. Ol kitap ata-babalarymyzyň ençeme neslini terbiýelemäge gatnaşdy. “Rownakda bir owlak” diýen düşünje bu eseriň okuw kitaby hökmünde halkyň aňyna nähili siňendigini, türkmen halkynyň bu kitaba nähili sarpa goýandygyny görkezýär. Kitap 1991-nji ýylda Türkmen Döwlet neşirýat gullygy tarapyndan halk köpçüligine ýetirilýär. Edebiýat: 1. “Türkmen edebiýaty” .Aşgabat 1997ý. 2. XIX asyr türkmen edebiýaty. Aşgabat 2001ý. Taýýarlan Gurban Geldiýew. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |