10:45 Maňa dostlar şunyň ýaly ýar gerek | |
Şu dünýäde seniñ göwnüñi aljak,
Goşgular
Aglañda aglaýyp, güleñde güljek, Ýüzüñe seredip halyñy biljek, Maña dostlar şunuñ ýaly ýar gerek. Daň säherler turyp işe gideňde Iňrik garalanda öýe geleňde Mähir bilen garşy aljak öňüňde Maňa dostlar şunuň ýaly ýar gerek. Bir zada gynanyp göz ýaş dökeñde Bagryñy paralap ahmyr çekeñde Ýüregiň gysylyp, göwnüň çökende Maňa dostlar şunuň ýaly ýar gerek. Ajy sözün saňa aýtmaýan hergiz Bimany sözleri aýtmasyn ýersiz Mydam bolýan saňa durmuşda eziz Maňa dostlar şunuň ýaly ýar gerek. Kynçylyk ýollarda el ele berýän Ajy süýji günleriňe döz gelýän Wepaly bolaryn diýp söz berýän Maňa dostlar şunuň ýaly ýar gerek. Myhman gelse mydam güler ýüz bilen, Garşylasyn şirin-şeker söz bilen, Myhmany hezzetläp nahar-duz bilen, Maña dostlar şunuñ ýaly ýar gerek. Arzuwlarym kabul eýle, Biribar, Ýaşaýar kalbymda şeýleräk bir ýar, Şonsyz giñ jahanym bolup barýar dar Maña dostlar şunuñ ýaly ýar gerek. 23. 02. 2018 | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||