12:04 Ýör läläm baglara seýle gideli | |
ÝÖR LÄLÅM BAGLARA SEÝLE GIDELI
Goşgular
Bahar gelip, güller pyntygyn açdy Ýör läläm baglara seýle gideli Güller müşk anbaryn jahana saçdy Ýör läläm baglara seýle gideli. Gülälekli meýdan bize garaşýar Mähir bilen gözlerimiz alyşýar Söýmek hem söýülmek bize ýaraşýar Ýör läläm baglara seýle gideli. Gülleň arasyndan ýöräp çalaja Garamyk gözleriň seniň garaja Söýgi ýolun ýöräp geçsek bileje Ýör läläm baglara seýle gideli. Ýagşyň damjasyna bile ezilsek Ýagşy dileglere göwnümiz bersek Ýagşyň arasynda toý tansyn etsek Ýör läläm baglara seýle gideli. Gol tutuşyp bagt köşgüne baraly, Mizemeýän bir ojagy guraly, Bagt bagynda bile döwran süreli, Ýör läläm baglara seýle gideli. 01. 03. 2018 Gurban Geldiýew. | |
|
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Güljahana iberilmedik goşgy / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ «Ta» harpy / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Oba. Ýaz gijesi / Goşgular - 14.11.2024 |
√ "Söýüň gül roý ajap enelerimizi" / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Ogurlyk goşgular ýa-da goşgy bolup ýetişmedik setirler / Goşgular - 29.11.2024 |
√ «Ha» harpy / Goşgular - 12.12.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Aýralygyň aýdymy / Goşgular - 10.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |