11:22 Gelmezmi | |
GELMEZMI?
Goşgular
"Pelek seniň bu gezekki gerdanyň Biziň sary öwrülmezmi, gelmezmi?" Magtymguly Pyragy. Gözlem intizardyr bagtyñ ýoluna, Bagt bize öwrülmezmi, gelmezmi? Umydym öçmesin dünýäñ alyna, Meniñ ýüzüm öñde-soñda gülmezmi? Allañ dergähinde arzym gowuşyp, Gudrat bilen bir aýaga galsadym. Ejizlere kömek golun uzadyp, Ýetimleriň bir göwnüni alsadym. Dogasyny alyp ene-atamyñ, Hyzmatynda mydam gaýym dursadym. Olar gojalanda goja dünýäde, Direg bolup, kömek berip ýörsedim. Ýollar aşyp, uzak menziller söküp, Adamlaryñ göwünlerni götersem. Hem olara ýagşy nesihat aýdyp, Ýamanlary ýagşy ýola getirsem. Ömür menziliniñ ýolyn külterläp, Her säherde ýarym bilen oýansam. Ojagymyñ alowyny öçürmän, Mähir berip bir-birege söýensem. Durmuşda mes edip, çenden aşyryp, Ýöredeñsoñ nadan etme eý Alla. Meni munda wysalyma duşuryp, Ahyrýetde iman bilen goý Alla... 20.07.2019 Gurban GELDIÝEW. | |
|
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |