22:14 Bedeni ejiz, ruhy güýçli şahyr Aman Annamyradow | |
Durmuşda her hili ykbally adamlar ýaşap geçýärler. Olaryň käbirleri adamlara özleriniň ruhy we el zähmetleri bilen adamlara özlerinden soň ýadygärlik goýup gidýärler. Ýöne, şol ýadygärligiň özi başgalaryň ruhy we el kömegine mätäç adamdan galmagy, şol ýadygärligiň gymmatyny hasda artdyrýar. Şeýle şahslaryň biri özüniň juwan 15 ýaşynda ýöremekden galan, döredijiligi bilen soňky nesillere şygyrdan ýadygärlik goýup giden şahyr Aman Annamyradowdyr. 1939-njy ýylyň Maý aýynyň 15-ne Mary etrabynyň Akybaý obasynda (Häzirki Ak altyn geňeşliginde) dogulýar. Şeýle adamyny ruhdan düşürýän kyn ýagdaý-da bolandygyna garamazdan ol hiç ruhdan düşmedi, gününden nägile bolup nalamady.
Edebi makalalar
Ol köp okap, irginsiz zähmet çekip, ýiti zehini bilen adamlaryň ruhyny göterýän goşgulary, oba hojalygynda göreldeli zähmet çekýän ynsanlar barada makalalary ýazyp ýerli metbugatda yzgyderli çykyş edip durdy. Şahyryň ilkinji goşgusy 1952-nji ýylda Pioner ady bilen Pioner žurnalda çapdan çykýar. A. Annamyradow 1954-nji ýylyň ýaz aýynda 7-nji synpy gutarandan soň, welosipedi sürüp barýaka birden ýykylýar. Welosipeddan ýykylanda, agyr şikez alyp ömürlik düşege baglanýar. Şahyr ýurdumyzyň dürli künjeginden her dürli kärdäki adamlar bilen hat ýazyşyp gatnaşyk saklapdyr. Şolardan biri Aşgabat şäherinden Maýagözel diýen mugallyma gyz bilen ysnyşypdyr. Adamyň bedeni güýçsiz bolsada kalby söýgüden, gujurdan püre-pür bolup onda ýakymly duýgular ýeterlik bolýar. Şahyr hem öz päk duýgysy bilen Maýagözele söýgüsini bildirip oňa sözleriň gowusyny saýlap goşgular goşupdyr. Özüniň ýarawsyzlygy sebäpli ol gyzy alyp bilmejegini bilsede gyza bolan söýgisi şahyry durmuşa we döredijilige bolan höwesini artdyryp şahyra goltgy beripdir diýip hasap etse bolar. Şahyryň çagalara we ulylara niýetlenen 10-a golaý kitaby çap edilýär.1989-njy ýylyň Noýabr aýynyň 13-ne Türkmenistanyň ýazyjylar birleşiginiň agzasy bolýar. Şahyryň goşgularynyň aglaba bölegi Maýagözeli wasp edilýär. Şahyryň "Seni küýsedim","Ýadyňda sakla","Dilden ogrynça","Sen otursaň ýanymda" « Bilbil menden, gül senden », « Mekanym» ýaly 10-larça goşgularyny aýdym edip ýerine ýetirdiler we ýetirýärler. Zehinli şahyr Aman Annamyradow 37 ýyl düşekde ýatyp. 1991-nji ýylyň 7-nji Noýabrda aradan çykýar. Şahyryň "Seni küýsedim" diýen goşgusy esasynda klip edip çykarypdyrlar, şon-da şahyryň kynçylykly we döredijilikli geçen ömür ýoluny ynandyryjy we tolgundurjy beýan edipdirler. Şahyryň entek çap edilmedik goşgylary hem okyjylara garaşýar. Şahyryň hormatyna oba mekdebinde onuň ömüri we döredijiligine bagyşlanan muzeý hem döredilipdir. Şahyr barada Nury Bayramowyñ bir powesti hem bar. Makalany ýazan: © Gurban Geldiýew. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |