"ÝURDUNDAN AÝRYLAN ÖLINÇÄ AGLAR"
Kerwen aganyň ýurdundan göçüp gaýdanyna köp wagt bolmandy. Ýöne kalbynda ünji bardy, hiç gününe goýanokdy. Ol Watan didaryny küýseýärdi. «Işe dursam, kalbymdaky ünji aýrylar» diýip, pikir etdi. Iş aladasy bilen gaýgysy ýadyndan çykyşdy. Çarhypelek aýlanyp durdy, aýlar dogup, ýyllar yzly-yzyna tirkeşip gelýärdi. Kerwen aga pensiýa ýaşyna ýetdi. Kalbyndaky ünji hasam güýçlenip başlady. Ýogsam dokuzy düzüwdi, maşgalasy, ogly ogul ýerinde, gyzy gyz ýerinde bardy. Ol öwran-öwran maşgalasyna: «Öz dogduk obamy görüp gaýdasym gelýär» diýýärdi. Ol bir gün hem uçar petegini alyp, ýola şaýlanjak güni ertirdi. Birden Kerwen aga näsaglap düşekde ýatmaly boldy. «Watanymyň didaryny indi görmek nesibämde ýokmuka?!» diýip, hamsygyp aglady. Onýança-da, gapydan körpe ogly Myrat girdi. Kerwen aga oglundan gözýaşyny gizlemekçi bolup, eli bilen göz ýaşyny syrdy. Myrat kakasynyň aglandygyny gözlerine seredende aňdy.
— Kaka näme üçin aglaýarsyň? – diýip, Myrat kakasyndan sorady:
— Oglum Myratjan! Watanymyň didaryny görmänime kyrk ýyl boldy. Öz dogduk diýarymy göresim gelip, küýsäp agladym. Ýaşlyk edip, ýalňyşandygyma ökünip aňyrsyna çykyp bilemok. Ýigrimi bäş ýaşlarymda kakama daşary ýurda göçüp gitjek diýenimde, kakam ör-gökden gelip, şeýle diýipdi:
— Oglum, Kerwen jan! Üns bilen diňle meni. Ýat ýurtlara gitseň işem taparsyň, ýaram taparsyň, ýöne Watanyň didaryny tapmarsyň. Öz dogduk diýaryňy küýsäp aglarsyň, ýöne eýýäm giç bolar. Ata-babalarymyz ýöne ýere aýtmandyrlar: «Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan ölinçä aglar». Watanyň gadyr-gymmaty işdenem, puldanam ýokarda durýandyr, şony berk bellegin!..
Bir gün daňdana golaý Kerwen aga alyp gaýdan Watanynyň topragyny sag eline alyp, gysymlap geçen günlerini ýadyna saldy. Watanynyň topragyny ysgap, uludan dem aldy. Birdenem demi tutulyp, elindäki gum üstüne döküldi. Watanynyň didaryny görüp bilmän Kerwen aga armanly jan berdi.
Gurban GELDIÝEW.
20.01.2020.
Hekaýalar