09:57 Janym | |
Synçy nazarymy dikip gözüñe,
Goşgular
Gözüñden söýgümi gözleýän janym. Bir ýylgyryp baksañ gamgyn ýüzüme, Ýüzüñden söýgümi gözleýän janym. Señ ýylgyrşyñ derman dertli janyma, Uzaklarda durmada gel ýanyma, Barabilmez boldym seniň ýanyňa, Geljek ýollaryñy gözleýän janym. Gara gözleñ gözlerimde galypdyr, Meniñ bagtym gara daşy ýarypdyr, Aşyk oglan seni bagty saýypdyr, Saña çyn söýgümi sözleýän janym. Hyýalymda durmuş toýuny gurdum, Señ goluñdan tutup bagt öýne bardym, Emma durmuşymda men saña zardym, Küýsäp gözýaşlarym gizleýän janym. Dört diwaryñ içinde men ýalñyza, Arzym niçik ýetirin men sen gyza, Dolanaýma gol ýetmejek ýyldyza, Diýip, arzuwlarym çözleýän janym. Gam-gussa öýünde ýalñyz galmyşam, Aglap hakyñ dergähine barmyşam, Sensiz göýä, bir küreksiz salmyşym, Sensiz ömür salym ýüzmeýär janym. 03. 03. 2018 Gurban Geldiýew. | |
|
√ Takdyr / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Eý, Ýusup, şu gözleri görmeýän Ýakuba gel... / Goşgular - 18.10.2024 |
√ Hakyky şahyr / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Yşk etegin tutmak gerek... / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Ýar ýüzümi görüp derdi-gamymy bilse gerek... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Çaganyñ öweý enesine aýdany / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Goşhaltada galan goşgy / Goşgular - 21.08.2024 |
√ Betbagt adam / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Emelsiz kişi / Goşgular - 20.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |