12:14 AKP-niñ elipbiýi | |
AKP-niñ ELIPBIÝI
Publisistika
Çoson koreý şalygy 1392-1897-nji ýyllarda ýaşan patyşalyk. Beýik Sejon (1397-1450) bu nesilşalygyñ dördünji wekili. Onuñ adyny koreý taryhyna ömürlik ýazanam 1443-nji ýylda eden işleri boldy... Koreýler XV asyra çenli hytaý ýazuw sistemasyny ulandy. Emma bu sistemany öwrenmek kyn bolansoñ, adamlar okap-ýazyp bilme meselesinde kynçylyk çekýärdiler. Şeýle-de öwrenmek üçin maddy gor we wagt tapmalydy, muña bolsa diñe gurply maşgalalaryñ güýji ýetýärdi. Halk on müñlerçe hytaý ýazuw sistemasyny öwrenip bilenokdy. (Hytaý elipbiýi diýen zat ýokdur - olar özlerine mahsus sese we many-mazmuna eýe özboluşly "suratlardan" düzülen obrazlar bar. Öwrenmesi kyn bolany üçin Mao Szedun hytaý rewolýusiýasyndan soñ kän wagt geçmänkä añsatlaşdyrylan hytaý ýazuw sistemasyny taýýarlatdy. Koreýaly gürrüñimize dolanalyñ…) Patyşa Sejong alymlardan täze elipbiý taýýarlamaklaryny towakga etdi… Bir ýyldan soñ taýýarlanan elipbiýe hangyl (çosongyl, korýogyl -t.b.) diýip at berdiler. Täze elipbiý üçin “Hunmin Jongym” ("Hunminjeongeum" - ýagny, halka dogrulary öwredýän ses) atly kitap çykarylyp, 14 çekimsiz, 10 çekimliden ybarat hangyl koreý halkyna tanadyldy... Hytaýda orta çykan konfusiçi dini ýörelgelere eýerýän koreýaly baý gatlaklar birnäçe ýyllap täze elipbiýiñ üstünden güldüler, täze bilim sistemasyna garşy çykdylar. Bugün… Demirgazyk Koreýa we Günorta Koreýa hangyl elipbiýini ulanýar. Hiç kim elipbiý dawasyny edenok... ■ BERAT ALBAÝRAK Ýokardaky girişi okap, “täze elipbiýiñ” çekişmesini orta atar öýdensiñiz. Ýok, häzir gyzyklanylýan başga bir meselä düýpgöter başga penjireden seretmäge synanyşmakçy... Gozgajak meseläm - Merkezi bankyñ başlygy Myrat Uýsalyñ işden gidip, ýerine öñki maliýe ministri Naji Agbalyñ bellenmegi... Gozgajak meseläm - Gazna we maliýe ministri Berat Albaýragyñ gidip, mundan öñ Aragatnaşyk, deñizçilik we habarlaşma ministri bolup işlän, premýer-ministriñ kömekçisi we Ösüş ministri bolan Lütfi Elwanyñ bellenmegi… Bu üýtgeşmeleriñ hangyl elipbiýi bilen näme baglanşygy bar? Muña jogap bermezden öñ beýik şahyrymyz Murathan Mungandan bir beýt okalyñ: "Ýa daşyndasyñ döwräniñ, ýa-da içinde ýer alarsyñ. Özüñ içinde bolup, kelläñ daşynda bolsa, Çäresi ýok, gardaş. Her gün Agşam içip, gama batyp, Betbagt bolarsyñ, hemem Meýhananyñ stollaryn Ýumruklarsyñ gaharyña. Aýdym bilen, şygyr bilen Öz-özüñi awudarsyñ. Ýa daşyndasyñ döwräniñ, ýa-da içinde ýer alarsyñ.” Megerem, mungan şahyr bu setirleri sistemanyñ içinde ýaşap, meýhananyñ stollarynyñ başynda sistema garşy çykan käbir çepçiler üçin ýazan bolmaly… Döwräniñ içinde ýa-da döwräniñ daşynda bolmak “gutarnyklylyk”- “kararlylyk” ýagdaýyny görkezýär. Ýa sistema görä hereket edýänsiñ, ýa-da sistema garşysyñ… Añy bulaşdyrýan zat bolsa, bedeniñ döwräniñ daşynda we kelläniñ döwräniñ daşynda bolmagydyr! Ine, hut şu kararsyzlyk AKP-niñem ruhy ahwalyny görkezýär. Häkimiýetiñ birnäçe ýyllap dogry ýoly-ugry tapyp bilmeýänligi hut şundan gelip çykýar. Nirä gidiljegini ýa-da nämäniñ garaşýandygyny bilmezlik añ bulaşyklygyna we iñ ýamany-da şowsuzlyga ýol açýar. Häkimiýetiñ ýurduñ başyna salýan günü-de hut şudur... ■ MESELÄNIÑ ÇEŞMESI Bolup geçýän maliýe agyrlykly ykdysady krizisiñ sebäpkäri kim? Erdoganmy? Berat Albaýrakmy? Döwräniñ içinde ýa-da daşynda duran kim? Döwräniñ içinde bolup, kellesi daşynda bolan kim? Ýeri, Uýsal bilen Agbalyñ tapawudy nämede? Albaýrak bilen Elwanyñ tapawudy nämede? Mesele haýsydyr bir şahs däl, eýse döwre-sistema dälmi? Agbal we Elwan nämä wekilçilik edýär? Olar ykdysadyýetdäki añ bulaşyklygyny-kararsyzlygy aradan aýyrmak üçin wezipä bellendilermi? Hakykat şu: Döwräniñ-sistemanyñ çyzan çäkleriniñ içinde galyp anyk çözgütleri çykaryp bolarmy? Ýok... Döwräniñ-sistemanyñ çyzan çäkleri üçin ýaşap, nygmatlaryndan peýdalanyp, emma muña "yslam röwüşli" garşydaşlyk edip anyk çözgütleri çykaryp bolarmy? Ýok... Meseläniñ düýp özeni şahsdan zyýat, döwräniñ-sistemanyñ hut özünde dälmi? Düýp mesele indi düýpli çözgüt. Şonuñ üçinem AKP-niñ "elipbiýe" mätäçligi bar, çünki meseleleri siññin okap bilenok. Erdoganyñ iñ ynamdar adamynyna-körekenine gazna we maliýe ministriniñ wezipesini ynanmagynyñ krizisi aradan aýryp bilmändigine şaýat bolduk, gördük... Düýn garyndaş-köreken gelsin... Bugün tejribeli şahslar-syýasatçylar gelsin... Ýogsa, mesele - añda... Mesele - "humarhana ykdysadyýeti" bolan neoliberalizmw garşy düýpli göreşiñ alnyp barylmaýanlygynda... Muny etmeli AKP-niñ “elipbiýi” ýok! Hangyl elipbiýi döwräniñ (halkanyñ) daşyna çykmagyñ simwoly... Atatürki beýik döwlet işgärine öwrenem şudy - gadamy bilen añynyñ arasyndaky sazlaşyk... Bu asylly maksat kapitulýasiýalary ýykyp, doly garaşsyz Türkiýäni berkarar etdi. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 12.11.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |