10:38 Akyl bazary | |
AKYL BAZARY
Goşgular
Akyl bazaryna baralyñ indi, Bu ýerde satylýar atalañ pendi. Öwüt-nesihaty geçen danalañ - Gözüñe söweýin merjen däneler! Goja pähimdarlañ taglym-tälimi, Dünýä berdi müñläp-müñläp alymy. Bu toýda akyldan sorasañ hasap, Olar ýyldyzlardan berer ýol ýasap. Sözi däl, olaryñ her harpy altyn, Dogrusy, şol harplar baýlygy halkyñ! ...Beý-bä! Köpelipdir dükanlañ sany! Kelpeze-de açaýypmy dükany?! Syçan söwdasyna bir garap bakyñ, "Gemirmek" aklyny alýarlar satyn. Möjek dükanynyñ gyzypdyr işi, "Nädip halk malyna urmaly dişi?" - Şeýle onuñ satan düzgünnamasy, Ýardam berýär oña garry mamasy. Bir garynja welin nebir harydyn, Satyp bilmän, tapyp bilmän müridin. Gygyrýar: - Bar bolsa akyl gedaýy, Meniñ toplanymdan alsyn ol paýy. Emma oña hiç kes gulak salmaýar, Mugtuna-da harydyny almaýar. ...Dünýe diýilýäni akyl satmakmy? Bilmedim, il akyllymy, akmakmy?! Ahmet MÄMMEDOW. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |