16:03 Akylly şazadalar | |
AKYLLY ŞAZADALAR
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Bir bar eken, bir ýok eken. Bir alysda ýa ki ýakynda bir patyşa bar eken. Ýeke-täk zürýady – gyzy melike Gülragna uly gyz bolup gelýär. Elbetde Humaýun saýasy üstüne düşen soltany soltanat eýeleri, puşty päk patyşa perzentleri Gülragna peri üçin sözaýdyşy ýollap, gül kamatly gyza hyrydar bolupdyrlar. Gyzy baryň näzi bar. Onda-da patyşahy älemiň ýekeje gyzy bolsa. Eýhooo, eýhooo. Hullasy zer döküp serpaýly gelen şazadalaryň sawçylary boş gaýtmaly bolupdyr. Diňe iki sany töwekgel şazada ýigit melik Gülragnanyň göwnüne azajyk ýarapdyr. Patyşanyň näzik ýöne ýaman akylly, üşükli gyzy Rüstem sypatly şazada ýigitleri huzuryna getirdip: - Meni özüňize rafykaýy jübti päk edip almak höwesinde bolsaňyz şertim budur; ertir irden şäherden çykyp bir menzilden atlaryňyzy çapdyryp gaýdarsyňyz, men gala derwezesinden kimiň aty ikinji bolup girse, ana şoňa barjakdyryn. Bu ne täsin şert boldy, walla. Öňler-ä kimiň aty ilki gelse, baýrak şonuňky bolýardy. Ýöne welin birinjiden-ä şa gyzy baýrak däl, ikinjidenem şa gyzy şa gyzy bolýar-da, onuň şertleri hem şalara mahsus şahana şert. Gepiň gysgasy ertir şazadalar argamak atlaryny sürüp şäher derwezesinden çykypdyrlar, bir menzil ýöräp şa gyzynyň şertini maslahat edipdirler. Elbetde, şazadalarm akylly-başly ýigitler. Onsaň şerte görä belleşilen ýerden atlaryny çapdyryp gaýdypdyrlar. Şa gyzy Gülragnanyň şertine görä, haýsy şazadanyň aty şäher derwezesinden soňky bolup girse, ol şoňa barmaga razy. Emma welin nämüçindir iki şazada hem münüp gelýän atlaryny ura-ura, çapa-çapa ilki şäher derwezesinden girizjek bolup jan-heläk bolupdyrlar. Şazadalaryň bu hereketiniň syry? Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 6 | ||||||
| ||||||