15:36 Ala ýektaý bedroý | |
ALA ÝEKTAÝ BEDROÝ
Goşgular
"Il agasy men" diýip, getirýärler alany, Gara sülük-gan içen nämä gerek illerim. Düýe, sygyr ýuwdansoñ, ýuwha çykdy ýylany, Ylym-hünär deregne gaçyrýarlar hallarym. Ala ýektaý bedroý, kellesi gaba peçli, Iýen duzna kast eden, ýüzbe-ýüz, gözde-gaşly, Dilim göwher içinde, çyksa diýer oýnaşly, Gara sülük-gan içen nämä gerek illerim. Hatyrasy bar bolsa, gaçyp gelmez Halaçdan, Tut agaçdan dürresi kelte däldir gulaçdan, Çagalaryñ gyrgysy-gorkaýmasa Allaçdan, Gara sülük-gan içen nämä gerek illerim. Kömür ýürek örtenip, ýagty düşmez selleden, Için çekmän esreýär, habary ýok çilleden, Sen eñreseñ, ol güler, öýi doly galladan, Gara sülük-gan içen nämä gerek illerim. Uzan diýer, bu molla görgüliniñ görgüsi, Garyp bilen deñ urmaz, munuñ ýürek urgusy, Ýetim gyza duzakdyr, leñkebudyñ sargysy, Gara sülük-gan içen nämä gerek illerim. Uzan ENE, XIX asyryñ ahyrynda, XX asyryñ başynda Mary etrabynda ýaşan şahyr. | |
|
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |