18:15 Alabaýym | |
ALABAÝYM
Goşgular
Ala-mula kiçijikdi, Birenaýy güjüjekdi, Ýeserje hem eýjejikdi, Düşbüjedir, Alabaýym. Kesildi gulak-guýrugy, Haýran eder duýgurlygy, Derhal eder ol buýrugy, Üşüklidir, Alabaýym. Süýt içipjik gönendi ol, Günün sanap ulaldy ol, Durmuşdan sapak aldy ol, Berdaşlydyr, Alabaýym. Inçe billi, uzyn satan, Dik boýuny bile ýeten. Mekany — bu eziz Watan, Gadymydyr, Alabaýym. Türkmeniň milli mirasy, Her ynsanyň ýakyn dosty, Goçak kelle, döşi ýasy, Wepalydyr, Alabaýym. Ol çopanyň hak syrdaşy, Uly süriniň gardaşy, Goraýandyr degre-daşy, Merdanadyr, Alabaýym. Agras ýaşar hetden aşman, Tanaýar ol dosty-duşman, Päli ýaman eder puşman, Örän duýgur, Alabaýym. Jemläninde pikir-oýun, Diň salar dikeldip boýun, Topulýandyr ýolbars deýin, Şir ýürekli, Alabaýym. Aýaklary bilek dekdir, Ýiti gözli — örän sakdyr, Mydam niýet-päli akdyr, Ünslüdir, Alabaýym. Möjekleriň ne hyýaly, Duýar misli weli ýaly, Geçendir ol Ýüpek ýoly, Gadymydyr, Alabaýym. Duýgurdyr ol ynsan deýin, Söýýändir duz iýen öýüň, Oýun etseň eder oýun, Akyllydyr, Alabaýym. Geliň, görüň, bakyň indi, Şanyna heýkel dikildi, Syrdaşym, dostum akylly, Şir ýürekli Alabaýym. Bezegidir giň howlynyň, Söýýäni türkmen oglunyň Hak dosty ynsan kowmunyň, Owadandyr, Alabaýym. Her bir zady öňden duýýar, Çus bedenli mydam taýýar, Arkadagym hormat goýýar, Wepalydyr, Alabaýym. Jumageldi ANNAÝEW. "Garagum" žurnaly, 6 - 2021 | |
|
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||