23:14 Alamut Ul Banat we başgalar | |
ALAMUT UL BANAT
Zenan şahsyýetler
Bu sowatly türkmen zenany Ahun Lütfüllah Süleýman gyzy ady bilen hem tanalypdyr. Ol ''Maşgala hakynda kitap'' atly eseriñ awtory bolupdyr. Bu eser 1894-nji ýylda rus diline geçirilip Orenburgda neşir edilipdir. Soñra bu eser 1898-nji we 1899-njy ýyllarda, iki gezek Sankt Peterburgda neşir edilipdir. • AKJAGÜL Aýdymlarda taryplanan Akkagül gökleñ türkmenlerinden bolan owadan, baý aýal bolupdyr. XX asyryñ başlarynda ýaşap geçipdir. • AKMEÑLI XVIII asyrda ýaşap, türkmen milletinden bolan şahyr zenan. • ALTYN ÇÖZEKI Abulgazy hanyñ (XVII asyr) maglumatlaryna görä, ol oguz ilatynyñ hökümdarlarynyñ biri bolupdyr. ''Gorkut ata'' eposyndaky Salyr Gazanyñ aýaly Burla hatynyñ edebi keşbi hem onuñ şahsyýeti bilen bagly hasap edilýär. • ALTYN HATYN Abbasylar neberesinden bolan ýigrimi dördünji Halyf al-Muktedi Biemrillahyñ (hökümdarlyk eden ýyllary 1075-1094 ý.ý.) hanymy we ýigrimi sekizinji halyf Halyf al-Mustazhir Billahyñ (1094 ㅡ 1118) ejesi. Bu türkmen zenany, ''Ummul weled'' ''Hanym soltan'' adyny göteren zenanlaryñ biridir. Öwez GÜNDOGDYÝEW. ''Türkmen zenanlarynyñ taryhy keşbi'', Aşgabat-2013. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |