12:50 Aldaw ýoly bilen Ýel uniwersitetine adyny dakan gul söwdagäri | |
ALDAW ÝOLY BILEN ÝEL UNIWERSITETINE ADYNY DAKAN GUL SÖWDAGÄRI
Taryhy makalalar
Gul söwdagäri, parahor, bihepbe, kezzap adam nädip birküç sany kitap berdim diýip, ýokary okuw jaýyna adyny goýdurmagy başardy? Kartinanyñ Ýelde görkezilmegi. Häzirki wagtda, belki-de, dünýäniñ iñ abraýly ýokary okuw jaýlarynyñ biri hasaplanýan Ýel uniwersitetiniñ döredilen wagtyndan öñ çekilen surat gaty köp zady gürrüñ berýär. Kartinadaky stolda Elaýhu Ýel (ortada), Dewonşiriñ gersogy Uilýam Kawendiş (sagda), onuñ jigisi Jeýms Kawendiş (çepde) otyr. Elaýhu Ýel Surat aslynda Ýeliñ gyzy Anna bilen Jeýms Kawendişiñ arasyndaky nika baglaşygyna gol çekilýän pursatyny suratlandyrýar. Bu nika ýokary okuw jaýyna ep-esli mukdarda puluñ akmagyny üpjün edip biljek möhüm üýtgeşmeleriñ biridi. Emma suratyñ iñ esasy gyzykly ýeri - tasmaly we şerap guýup duran garaýagyz çaga. Onuñ bu kadra nähili girendigi we Ýeliñ baýlygynyñ gözbaşy nämedi diýen sowallar orta çykýar. Kadrdaky gul Elaýhu Ýel Hindistany koloniýalaşdyrmaga gidenleriñ arasyna goşulanda ýañy 24 ýaşyndady. Az wagtyñ içinde ol sebitdäki iñ güýçli iñlis söwdagärleriniñ birine öwrüldi we ýerli halka eden sütemleri bilen ýakasynu tanatdy. ABŞ-da bolan ýyllarynda bolsa gul söwdasy bilen baýlygyna baýlyk goşan Ýel bir ýandan açan kolležlerine we ylymlar akademiýasyna edýän haýyr-sahawat kömekleri bilen tapawutlanýardy. Uzak Gündogaryñ pagtasy, gyzyl burçy we başga-da birnäçe çig maly Ýel maşgalasynyñ üsti bilen Angliýadyr ABŞ-na daşalýardy. Bu Ýeli belli bir derejede goçlaşdyryp, onuñ eden etmişleriniñ başynyñ görmezlige salynmagyny üpjün etdi. Şu günki günem uniwersitetde we oña degişli ensiklopediýalarda onuñ ady "söwdagär, ýagşylykperwer, filosof" ýaly atlar bilen tutmakdan çekinilmeýär. Ýel diýilýän adam parahorlukda aýyplanyp, ABŞ-dan sürgün edilen adamdy. Elaýhu Ýel Aslynda adynyñ dakylan Ýel uniwersitetini-de aldapdy, çünki ol aýatda dirikä berjekdigine söz beren puluny bermändi. Häzir uniwersitetiñ çişirip gürrüñ berýän kitap kolleksiýasynyñ jemi gymmaty-da 512 paunddan az-uçuk geçýär. Belki-de, Ýeliñ uniwersitete eden ýeke esasy kömegi - beýleki haýyr-sahawatçylarda bu asylly işe höwes döretmekdi. Onuñ Hindistanyñ Madras şäherinde gubernatorlyk eden ýyllary-da gorkunç döwürdi. Ýerli halky açlyga we sepillige duçar eden Ýel häkimiýetine garşy çykan iñlis raýatlaryny-da ölüm jezasyna höküm etmekden çekinmejek derejede zalymlykdaky ýolbaşçy düşünjesine eýedi. Häzir käbir taryhçylaryñ Hindistanda gul söwdasy şonuñ buýrugy bilen soñlandy diýip öñe sürýän pikiri esassyz çypdyrmadan başga zat däl. Babyr şanyñ zorlugy bilen bu karar iñlisler tarapyndan alynyp, etrap häkimlerinden (gubernatorlardan) Ýel şahsy baýlygyna zyýan ýetendigi sebäpli bu karardan iñ köp bimaza bolan şahslaryñ başyny çekýärdi. Şahsy durmuşy-da masgaraçylykly ýagdaýdady. Ilki iñ ýakyn dosty ölende onuñ yzynda galan aýalyna öýlendi we baýlygyna eýe boldy. Yzyndan aýalyny Angliýa ýollap, iñ soñky derejede azgyn we ahlaksyz durmuşda ýaşady. Öýlenmek ýoly bilen baýlyk edinmegiñ mazasyny duýan Ýel bu gezek almaz söwdasyny edýän baý jöhidiñ ölüminden soñ onuñ yzynda dul galan aýalyna öýlendi we birinji durmuşyndan üýtgeşik ýaşamady. Hindistandaky eden-etdilikleri daga-daşa sygman başlansoñ, ABŞ-na tarap ökje göterdi. Emma barybir Ýel ömründe ahlaga dogry gelýän ýeke iş etmändi. Onuñ ýagşylyksöýerligi-de dile çolarlyk zat däldi. Onuñ ady şeýle bir halanmaýardy welin, ABŞ-da arkaýyn söwda etmek we geçmişiniñ hapalaryny gizlemek üçin haýyr-sahawat işlerini etmäge başlady. Ilki-ilkiler ol sahawat perişdesi ýaly görülýärdi. Kolležleriñ gurulmagy, ýokary okuw jaýlaryna pul kömegini etmek ýaly ýatlanmaga mynasyp işleriñ gözlenýäm adamsy Ýeldi, emma ABŞ-ly ýolbaşçylar onuñ edýän pyssy-pyjurlyklaryny duýup, oña ýurdy Angliýa dolanyp barmagy talap etdiler. Ýöne şonda-da eden haýyr-sahawat kömekleri göz öñüne tutulyp, toplan baýlygyny ýurduna alyp gitmäge rugsat berildi. Häzir Ýel uniwersitetiniñ alymlary we talyplary şu soragy orta atýarlar: Gul söwdagäri, parahor, bihepbe, kezzap adam nädip birküç sany kitap berdim diýip, ýokary okuw jaýyna adyny goýdurmagy başardy? Mehmet MAZLUM ÇELIK. Duşenbe, 30.10.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |