20:30 Aljyran hatyn / degişme hekaýa | |
ALJYRAN HATYN
Satiriki hekaýalar
Ýarygije. Ol aýalynyň iňňildisine oýandy. Ýene garabasýar ukuda, Hudaýguly näme etsin. Oňa deňiç ýatan ýerinden zöwwe turan aýal, ärine seredip: - Däde, bagyşla meni! Däde, bagyşal meni! Däde, bagyşla meni -diýip, yzyny üzmän aglamjyrap, gygyryp başlady. Aýalynyň lentasyny çeýnän köne magnitafon ýaly yzyny üzmän özüne “Däde bagyşla meni” diýip durmasyna başda gülküsi tutan Hudaýguly, soňra howpurgady, ahyry näme etjegini bilmän, sesini peseldibiräk: - Bolýa gyzym bagyşladym -diýdi. – Gynanyp oturmasana, seniň günäň ýok hiç. Entek ukudanam açylmadyk aýaly hiç zat bolmadyk ýaly ýene gyşardy. Ertir çaýyň başynda Hudaýguly aýalyna göz gyýtagy bilen garap: - Sonagül, agşam düýşüňde gaty aljyradyň öýdýän - diýip, agzyny gyşartdy. Sonagül hiç zada düşünmän: - Näme diýip otyrsyň-a, açygyrak pyşgyrsana hojaýyn -diýip, ärine gözlerini mölertdi. Hudaýguly başyny ýaýkap: - Ýarygije-hä üstüme abanyp “Däde meni bagyşla” diýip zähräm-ä ýardyň – diýip, gülüp goýberdi. – Gadymkylaryň“Aljyran hatyn ärine abam” diýer ýalyrak bir aýtgysy ýadyma düşdü-läý, şondan aýdaýdym. Sonagül siltenjiräp “Huşunda aljyrmaýan hatyn, düýşünde aljyrarmy gyw” diýip, äriniň jogabyny beräýjekdi welin, birden gijeki garabasma güpbe ýadyna düşdi. - Hi, wi, indi ýadyma düşdi, Hudaýguly, gije dädem pahyr düýşüme girdi. Özem bara saňa gaçyp baraýan döwürlerimmiş. Siziň öýde täze gelinmişim. Ikimiz dyzlaşyp çaý içip otyrmyşyk diýýän. Birden daşky gapy zarply açylýar, gahardan gözleri hanasyndan peträp duran dädem, eli hanjarly içeri kürsäp urýarmyş. Özem ömründe maňa gygyrmadyk dädem jan bogazyna sygdygyndan “Gel bäri haram ganjyk – diýip, elindäki hanjary bulaýlap arlaýar. – Gaçyp gidip, meniň abraýymy ýere çalmany bildiň, indi bir seni goýun soýan ýaly soýuşyma seret, eger janyňy gabyz etmesem bara adym itiň götüne”. Men zar-zar ýyglap, emedekläp diýen ýaly dädemiň aýagynyň aşagyna baryp ýalbarýarmyşym. Hudaýguly agzyny gyşardyp: - Howwa, dädeňde ýalbaryşyň-a gördük – diýip, hezil edip ýene gülmek güldi. Sonagül äriniň gülküsine üns bermedik bolup ýalan sözledi: - Şol düýşümde hem seni gorajak bolup, jan däde men günäkär, meni näme etseňem hakyň bar, ýöne ýoldaşyma degme diýýärmişim-dä. Hudaýguly hem gözlerini ýaşardyp gülüp oturşyna: - Şonuň üçinem bolýa gyzym bagyşladym diýdim-ä, dädeň ýerine – diýip, aýalynyň arkasyna kakdy. Sylapberdi MUHAMOW. 02.12.23. Garagaç. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |