21:16 Allanyñ haky üçin ýardam! | |
ALLANYÑ HAKY ÜÇIN ÝARDAM!
Sport we turizm
Gadyrly okyjylar, Katarda dünýä sportynyñ iñ abraýly ýaryşlaryndan biriniñ başlamagyna az wagt galdy. Bir aý çemesi wagt dowam etjek ýaryşa dünýäniñ çar künjünde milliardlarça adam öýüniñ töründäki telewizorlar arkaly tomaşa eder Adyna Katar diýilýän gözüñe söweýin döwlet diýseñ täsin ýer. Bu ýere taýpa serdarlarynyñ we talañçy şeýhleriñ topbagy diýseñem gelişmän durjak däl. Neither bagty getirenler. Jübilerinde trillionlarça dollar bar. Olar weşeñ-weşeñ bolup ýatan pullaryny ulanmak arkaly käbir ýurtlaryñ döwlet we hökümet ýolbaşçylaryny-da satyn alaýýa. Öz hakyky ilaty örän az. Bu ýetmezçiligi doldurmak üçinem esasan yslam ýurtlaryndan adam getirdýär. Aýratynam garyp ýaşaýan yslam ýurtlaryndan kowçum-kowçum bolup gelýän göçegçileriñ etini iýip, süñküni gemirmekden geçirdi, ýiliklerine çenli sorýar. Olara dowzah azabyny görkezýär. * * * Ses berlişikde pul dykyp futbol boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge hukuk gazanmagy başardylar. Häzir futbol duşuşyklaryna tomaşa etmäge ýüz müñlerçe adam Katara gelýär. Ýöne bärde käbir derwaýys meseleler bar. Kimdigi belli däl şonça adam Katara gelensoñ, jemgyýetçilik howpsuzlygy neneñ-niçik borka?.. Hemme zat bolup biler. Bombalar partlap biler, adamlar ölüp biler, birtopar hadysalar ýüze çykyp biler. Ýeri onsoñ, Katar bolup biläýjek ähtimallyklaryñ hötdesinden gelibiljekmikä? Ýeterlik polisiýa güýji ýok. Harby güýji-de bolubiläýjek hadysalara garşy göreşerden ejiz. * * * Şeýle ýagdaýda näme etmeli? Garaz eýdip-beýdip, bir alajyny tapmaly! Türkiýäniñ Taýýip hökümetine ýüz urdular... - Dat, gadyrdan dostumyz we gardaşymyz, bize harby we polisiýa güýçleriñi ugrat, ýaryşyñ dowamynda asudalygy şolar üpjün etsin! Haýyş kabul edilendigi resmi ýagdaýda mälim edildi. Türkiýe ýörite birliklerden (spesnaz) we jemgyýetçilik howpsuzlygy gullugynyñ işgärlerinden ybarat 3.500 polisiýa işgärini ugradýar. Toparyñ düzüminde ýörite tälim berilen partlaýjy maddalary we neşe serişdelerini gözleýji itlerem bar. Polisiýamyz eýýämden ýola düşdi! Bular ýaly zady mundan öñ Türkiýede ne gören bolupdy, ne eşiden. * * * Emma biz tarapdan alanda bolýan zatlar munuñ bilenem gutaranok... Meseläniñ birem harby tarapy bar. Günleriñ birinde "Resmi gazetde" hemmeleri haýrana goýan prezident teklipnamasy çap edildi. Türkiýe Katarda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionlygyny gury ýer, howa, deñiz arkaly goramagy öz boýnuna alypdy... Polisiýa teklipnamasynda çärä gatnaşjak işgärleriñ anyk sany görkezilýärdi, emma harby gullukçylar boýunça teklipnamada hiç zat görkezilmeýärdi. Häzirem belli däl. Gury ýerden, howadan, suwdan... Näçe harbylarymyz, näçe uçarymyz, näçe gämimiz gitdi ýa-da gitmeli, hiç hili beýanat berilmedi. Bir zat belli, olam - milli ýygyndy toparymyz bilen bile gatnaşmak nesip etmedik dünýä çempionatyna ýaraglarymyz bilen gatnaşýandygymyz! * * * Az wagt öñ jemgyýetçilige bir habar eşidildi: "2022-nji ýyldaky FIFA-nyñ dünýä kubogyny eýelemek ugrundaky futbol çempionatynda jemgyýetçilik howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen ýola çykan korwetlerden "Burgazada" Katara baryp ýetdi. "Burgazada" Katar emirligi tarapyndan harby dabara bilen garşylandy..." Bu harby gämi ýekemi ýa-da başga gämilerimizem ol ýere gitdimi? Katary goramak operasiýasyna söweşjeñ gämilerimizem gatnaşýarmy? Ýa gury ýer güýçlerimiz? Kommandoslarymyz, ýörite birliklerimiz? Hemme zat gizlin... Gynansak-da, bu sowallaryñ jogabyny bilemzok. * * * Bir bilýän zadymyz - müñlerçe polisiýa işgärimiz, harby gullukçylarymyz Kataryñ asudalygyny üpjün etmek üçin kelleleri goltuklarynda ol ýerlere ugradylýar. Orramsy şeýhleriñ ýurduna bizden başga-da şeýdip güler ýüz beren, öz howpsuzlyk güýçlerini şul gurrumsaklar üçin mobilizirläp, howp astyna alan başga ýurtlaram barmy? Bu nämäni añladýar! Diñe 3.500 sany polisiýa işgärimizi pikir edip görüñ-ä! Alla saklasyn, ol ýerde birine bir zat bolsa, howpsuzlyk güýçlerimizi Katara ugradanlar munuñ hasabyny nädip bererlerkä, nädip aşagyndan çykyp bilerlerkä? * * * O nätüýsli döwlet, nätüýsli taýpalar topbagy eken-aý Katar! Ýeri, öz howpsuzlygyñy goramakdan ejiz gelýän bolsañ, nä körüñe boýnuña alýañ bular ýaly uly ýaryşy, dünýä çempionlygyny geçirmegi?.. Gaýtam, utanman-uýalman, gaşyny çytman "Dat, agamjan eliñi uzat, maña sen gerek boljak öýdýän" diýip şumjarýar, biziñ ýaly dost-doganlyk ýurtlardan haraý isleýär. Biziñkilerem meseläniñ öñüni-soñuny oýlanyp-ölçermezden "Baş üstüne!" diýip, ýurduñ harby gämileri, esgerleri we polisiýasy bilen oña kömege ylgamaly! Walla, bular ýaly zat öñ görülmändem, eşidilmändem. Munuñ adyna "AKP häkimiýetiniñ Katar söýgüsi" diýmelimi, nätmeli? Wah, gözüñi söweýin tomaşaçylar! Emin ÇÖLAŞAN. "SÖZCÜ" gazeti, 18.11.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||