02:22 Allaýar | |
• Şu gün - 15-nji iýul belli şahyr, publisist Allaýar Çüriýewiñ doglan güni. Şahyra nusgalyk ömründe uzak ömür, jan saglyk, durmuşda, işde we döredijilik işinde uly üstünlikleri arzuw edýäris. ALLAÝAR Dünýä inip, bir damjadyr bileniň, Bilen barmy parhyn çynyň, ýalanyň? Elek bolup az boldumy eläniň? Kä gülüp, kä aglap, gezdiň, Allaýar. Pöwhelere ýoldaş bolduň käteler, Tanap-bilip diýdiň ahyr: “Bet olar”. (Şeýdip ýaşap geçip giden atalar!) Öz-özüň ýepbekläp sozduň, Allaýar. Duşduň şerraýyna, garyşmaryna, Tilki, şagal, möjek, gaplaň, haryna, Ýeň bermediň bir ejizje halyňa, Hiç kim diýebilmez: “Tozduň, Allaýar”. Kä gorkuly, käte mert geplediň, Şondanmydyr, janyňa dert seplediň. Batsyn diýip, ýola tiken sepmediň, Munça şata niçik dözdüň, Allaýar? Magtanmak däl, nazar saldym geçene, Tagzym bolsun manysyny seçene. Gitmezden öň Barsagelmez göçüne, Munda özüň özüň bolduň, Allaýar. 09.08.2022 ý. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||