AMANGÜL DURDYÝEWA
Amangül Durdyýewa 1938-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Balkan welaýatynyň häzirki Serdar etrabynda dünýä inýär. Ol Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda, Aşgabat şäherinde, soň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda, ýagny üç ýerde okap, orta mekdebi tamamlaýar. 1956-njy ýylda Daşoguz mugallymçylyk institutyna okuwa girýär. Soň ol Türkmenabatdaky häzirki Seýdi adyndaky mugallymçylyk instituty bilen birleşenden soň, onuň Magtymguly adyndaky dil we edebiýat fakultetini 1960-njy ýylda tamamlaýar. Şol ýyl TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda işe başlaýar.
A.Durdyýewa ylym dünýäsine „Asly-Kerem“ dessanyny çapa taýýarlamak bilen başlaýar. Ilki bu dessany çapa taýýarlaýar, neşir etdirýär. Soň ol bu dessanyň üstünde ymykly oturyp, seljerip, 1970-nji ýylda ondan kandidatlyk dissertasiýasyny gorap, filologiýa ylymlarynyň kandidaty alymlyk derejesini alýar. Ol bu işinde dessanyň türkmen folklorynda tutýan ornuny, dessanyň ideýa-gymmatyny kesgitleýär. Alym bu dessany üç gezek neşire taýýarlap, dürli-dürli döwürlerde neşir etdirýär. Her gezegem bu dessan bilen baglanyşykly maglumatlary agtaryp, dessanyň durkuny täzeleýär, baýlaşdyrýar.
Alymyň çapa taýýarlan „Hüýrlukga-Hemra“ dessany 1978-nji ýylda, „Görogly“ eposynda fantastika“ diýen işi 1981-nji ýylda, „Türkmen folklorynda sanawaçlaryň we ýaňyltmaçlaryň žanr aýratynlyklar“, diýen işi 1985-nji ýylda neşir edilýär. Ol A.Baýmyradow bilen bilelikde „Gelin-gyzlaryň şahyrana döredijiligi“, filologiýa ylymlarynyň doktory Ahmet Mämmedow bilen bilelikde „Magtymguly diýip adym tutsalar“ (1985), G.Ylýasowa bilen „Gelin-gyzlaryň şahyrana döredijiligi“ (2005) ýaly kitaplary neşire taýýarlap halka ýetirýär.
A.Durdyýewanyň Ependä degişli ýomaklary, degişmeleri „Ependi“ ady bilen 2012-nji ýylda neşir edilýär.
A.Durdyýewa türkmen folkloryny diňe bir öwreniji däl, ol toplaýjydyr hem.
Mirasgäriň 804-nji çeşmede belli-belli ertekiçileriň, folklorçylaryň gürrüň beren ýygyndysyny öz içine alýan edebi-çeper eserleri saklanylýar. Olaryň arasynda alymyň özi bilen uzak ýyllar gatnaşan, Hajarbibi Nepesowanyň (ol Allaguly şahyryň agtygy, belli edebiýatçy, ýazyjy Ahmet Ahundow – Gürgenliniň aýal dogany), ýazyjy A.Gowşudowyň ejesi, belli ertekiçi Ogulgerek ejäniň gürrüň beren çeper eserleri-de bar. Halk mirasyny şeýle gowy bilýän, olary halkyň arasyndan ýygnap, özleri ýatda saklap, aýdyp berýän üç sany mirasgäriň toplan edebi çeper eserleriniň, ertekilerdir monjugatdylaryň, aýdymlardyr läleleriň, rubagylardyr hekaýatlaryň bir ýere jemlenmegi, olaryň gymmatyny açýan sözbaşy bilen üpjün edilmegi A.Durdyýewanyň uly hyzmatydyr.
Mirasgärleriň hersiniň türkmen folkloryna degişli özleriniň toplan aýratyn görnüşleri bar. Şolary dilden aýtmaga, halkyň arasynda ýaýratmaga hersi özboluşly ussat. Meselem, Ogulgerek ejäniň aýdyp berýän folklor mirasynyň köpüsi ertekiler. Ol ertekileriň many-mazmunyny çuňlaşdyryp, hem keşplere girip aýtmaga ökde eken. Beýle ýagdaýda ol okyjynyň aňyna çalt ýetýär, täsirli bolýar. Ýadynda galýar, tälim alýar.
Hajarbibi Nepesowanyň-da öz aýdyş usuly, Bajow ejäniň-de halky eserleri halkyň aňyna ýetirmekde öz ussatlygy bolupdyr.
A.Durdyýewanyň halkyň arasyndan toplan edebi çeper eserleri Milligolýazmalar institutynyň 1146, 1151, 1096-nji çeşmelerinde ýerleşýär. Ol ýokarky bukjalarda saklanylýan halk mirasyny: rowaýatlary, ertekileri, tymsallary, 1969-njy ýylda Kaka etrabynyň şol wagtky „Komsomol“ kolhozynyň ýaşaýjysy Daňatar Pälwanowyň dilinden, depderdäki „Ýagşylyga ýagşylyk“ atly ertekini mirasgär, şol etrapdan Esen Hudaýberenowdan ýazyp alypdyr. Mirasgäriň toplan ertekileriniň köpüsi haýwanlar hakyndaky ertekiler: „Pyşbaga bilen içýanyň dostlugy“, „Gurbaga bilen syçanyň dostlugy“ „Pişik bilen syçan“ we ş.m.
Galyberse-de, çeşmede Kaka etrabynyň adynyň döreýşi bilen baglanyşykly bir täsin rowaýat getirilýär. Rowaýata görä, Kakanyň düýbüni Kakaýy – Sin diýen adam tutupdyr. Soň mirasgär Kaka sözüniň Gülikaka, Gülkaka – ýagny gülmek sözünden gelip çykandygyny nygtaýar. Ýagny patyşanyň bir suraty bolup, şol surat sebäpli hiç bir duşman ony ýeňip, ýurduny basyp alyp bilmändir. Sebäbi suraty gören gülüp-gülüp, içi gyrlyp ýogalýarmyş. Ahyr galmyklar aýnany oýlap tapyp, suratyň öňüne aýna tutup garşydaşlaryny ýeňipdirler.
A.Durdyýewa halkyň arasynda ruhy gymmatlyklaryň gadyryny bilip, ony halka ýetirýän ýygnaýjylara uly sarpa goýup, çeşmede olaryň terjimehaly barada maglumat beripdir. Adamlaryň aňyna täsir edip, ýagşygylyklary terbiýeläp bilýän hazyna toplaýjylara sarpa goýmak, halkyňa-da sarpa goýmakdyr. Sebäbi halk pähimlerini ýygnaýjylar dürdäneleri gyzylyň gyryndysy ýaly edip toplanlarynda halk bähbidini göz öňünde tutupdyrlar. Meselem, 1146-njy bukjada ýerleşýän folklor gymmatlyklaryny mirasgäre gürrüň beren Daňatar Pälwanowyň terjimehaly bilen baglanyşykly maglumatyň berilmegi A.Durdyýewanyň düşünjelik bilen eden hyzmaty. Sebäbi käbir ertekiler, hekaýatlar, rowaýatlar halkyň arasyndan toplanylanda olaryň aýdyjylarynyň gözden salynýan pursatlaryna köp gabat gelinýär. 1897-nji ýylda Kaka etrabynyň öňki „Komsomol“ kolhozynda dünýä inen Daňatar aga barada mirasgär şeýle ýazýar. „Daňatar aga örän ýatkeş adam. Onuň bilen gürrüňdeş bolsaň, hökman, şorta söz aýdyp, töweregindäkilere hezil berýär. Ony obada uludan-kiçä hormatlaýarlar“ . Halk paýhasyna teşne adamlara ruhy kuwwat berýän adamlary sylamazlyk mümkin däl.
Kähalatlarda ideýa gymmaty taýdan ýüzlerçe diňleýjileri terbiýeläp, yzyna düşürip gelýän dessanlaryň özleri gürrüň berilmän, olaryň haýsydyr bir gyzykly sýužeti gürrüň berilýär. Mirasgärler olary höwes bilen diňläp ýazga geçirýärler. A.Durdyýewa Daňatar agadan „Ýusup-Ahmet“ dessanyndan bir parça hem-de „Aldanan molla“ atly ertekini-de ýazyp alypdyr.
1146-njy çeşmede Dykma serdar bilen bagly bir rowaýat, ýagşy gylyklary ündeýän ýaramaz häsiýetleri, pespälleri ýazgarýan tymsallar saklanylýar. 1151-nji bukjada bolsa üç depder bolup, depderiň içindäkileri Kaka etrabynyň Magtymgulynyň adyny göterýän köçesinde ýaşaýan Bibi Japarowanyň dilinden 1969-njy ýylyň maý aýynda ýazyp alypdyr. Olar ertekilerden, rowaýatlardan, birdir-ikidir bent hüwdülerdir lälelerden, mataldyr ýaremezanlardan, agylardan ybarat. Rowaýatlar Miraly bilen Soltansöýüniň gatnaşyklary hakynda. Ertekileriň arasynda entek şu çeşmede duş gelýän „Gotur köşek“ atlysyna gabat gelnenok. Ertekide iki sany perzentsiz dogan, dessanlarda bolşy ýaly, eger perzentleri bolaýsa, (biri oglan, biri gyz) olary birleşdirmek hakynda wada edýärler. Wagt geçip, iki doganyň biriniň ogly, beýlekisiniň gyzy bolýar. Oglan gotur köşege meňzeýär. Gyz bolsa juda syratly gyz bolup ýetişýär. Şonuň üçin gyzyň ene-atasy gyzy gotur köşege bermekden boýun towlaýar. Şundan soňky wakalar beýleki ertekilerde gabat gelýär. Gotur köşegiň gije owadan ýigit bolşy, soň bolsa gyzyň enesi-atasy tarapyndan bu hakykata göriplik edilip, gyzdan daşlaşdyrylyşy, gyzyň örän kynçylyklar, horluklar görüp, ýigidi agtaryşy.
Çeşmedäki halallyk, adamkärçilik hakynda söz açýan „Üç dogan“ ertekisi köp ýygyndylarda gabat gelýär. Bu ýagdaý halkyň döreden eserleriniň ýer-ýurt babatda çäginiň ýokdugyny, obama-oba aýlanyp ýörendigini tassyklaýar. Olar adam gatnaşyklary bilen baglanyşykly. Şol gatnaşyklar söz arkaly, birek-birege gürrüň bermek arkaly, ynsany ýagşy ýola gönükdirmegi, ýagşy gylyklary terbiýelemäge çalyşmaklary bilen bagly.
1096-njy çeşmedäki ene hakyndaky rowaýaty A.Durdyýewa 1986-njy ýylda ýazyp alýar, nireden kimiň dilinden alnandygy belli däl. Öwez sazanda hakyndaky rowaýaty bolsa 1919-njy ýylda doglan Täçmyrat Öwezowdan 2005-nji ýylyň 3-nji fewralynda ýazyp alypdyr. Täçmyrat halk pähimlerini aýtmaga ökde dilewar adam bolupdyr. Bu çeşmedäki Keýmir körüň edermenligi, dilewarlygy hakynda gürrüň açýan rowaýatlary mirasgäre Gyzylarbat (Serdar) etrabynyň öňki Dianow adyndaky kolhozynyň ýaşaýjysy, 82 ýaşly Satlyk Döwletow gürrüň beripdir. Bu gürrüňi A.Durdyýewa 1966-njy ýylyň 13-27-nji iýul aralygynda ýazyp alypdyr. Bukjada bir depderde mirasgäriň Gyzylarbat etrabynyň (häzirki Serdar) ýaşaýjysy Nurmuhammedow Gowşutdan ýazyp alan (1966-njy ýylyň 16-njy iýulynda) monjugatdylary, küştdepmeleri saklanylýar. Olar çeperçilik taýdan şeýlebir sagdyn bolmasa-da, ýönekeýden durmuşy, milli. Olaryň ençeme toýlarda aýdylandygyny, adamlaryň göwünlerini göterendigini kim inkär edip biler?!
Parka girdim yzyndan,
Garaja saçy dyzyndan,
Habardar bol, daýza jan,
Gije gezýän gyzyňdan.
Gyzylarbadyň ak daşy,
Jaýlar salmaga ýagşy,
Meniň körpe doganym,
Başlyk bolmaga ýagşy.
Mirasgär 1969-njy ýylda Serdar etrabynda bolup, ençeme toý aýdymlaryny toplapdyr. Ol Bibi Japarowadan, Bajaw Işangulyýewadan, Toty Gurdowadan toý aýdymlarynyň ençemesini ýazyp alypdyr. Mirasgär toý aýdymlarynyň tematikasy boýunça toý tutulyşynyň ähli etaplaryny öz içine alýan däp-dessur bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny dogry kesgitläpdir. Aýratyn hem gyz öýüne gelnalyjy gelenden soň, „Toýuň şowhunynyň şatlyk-şagalaňyň has artmagyna iki tarapyň garşyma-garşy durup dürli-dürli mazmundaky, toý aýdymlaryny ýerine ýetirmekleriniň sebäp bolýandygyny nygtapdyr. Pikirini mysallar arkaly delillendiripdir.
Gyz alyp, gyz bermek,
Gadymydyr, ýar-ýar;
Iki guda deň durup,
Toý beredir, ýar-ýar.
Aşakdaky bent gyzyň aýal dogany tarapyndan aýdylypdyr.
Süleýmanyň tagty dek,
Tagtyň bolsun, ýar-ýar;
Janym siňlim, ýyglama,
Bagtyň bolsun, ýar-ýar;
Mirasgäriň toý aýdymlary bilen baglanyşykly toplan bentlerinde birek-birege ýomak atmak, degişmek äheňleri güýçli. Bu ýagdaýda toýuň şagalaňy has artýar. Töwerekdäkilerem aýdyjylara meçew berýärler. Meselem, gudalar tarapyndan iki taraplaýyn aýdylýan aýdymlarda degişme, ýaňsy gatyşykly biri-birini „duzlamak“ häsiýeti-de bar. Meselem:
Ýa bolmasa, ýüzleri,
Bagyrmydy, ýar-ýar;
Üşbu gyzyň ýeňňesi,
Sygyrmydy ýar-ýar;
Beýleki tarap:
Sebetdäki üzümler,
Bişik eken, ýar-ýar;
Ondan gelen ýeňňeler,
Çişik eken, ýar-ýar;
Aýdymlar, leýeran, dönem görnüşünde hem aýdylypdyr. Hatda durmuşa çykyp baran gyz gaýyn öýüni, öz öýleri bilen deňeşdirip hem ýumor gatyşykly degişmeler bilen düşen ýeriniň çetine degýär.
Täze gaýyn işigi,
Çeti-tiken, leýeran,
Girip çyksaň saçlaryň,
Üter eken, leýeran.
Aňyrsynda zat bolmandan soň, bu degişmeleri toý tutýanlar göwünlerine almandyrlar.
Elbetde, däp-dessurlarymyzy öwrenmekde toý aýdymlarynyň gymmaty uly. Muny hazyna toplaýjy hem belläpdir.
A.Durdyýewa ýurdumyzyň dürli-dürli etraplarynda iş saparynda bolup, şol sanda Milli golýazmalar institutynyň hazynasyndaky çeşmelerden peýdalanyp, „Ylym“ neşirýaty tarapyndan 1976-nji ýylda çap edilen „Türkmen folklory häzirki zamanda“ atly ýygyndynyň-da bir bölümini ýazypdyr.
Alym XX asyryň altmyşynjy ýyllarda Serdar (öňki Gyzylarbat) we Gazanjyk etraplarynda türkmen folklorynyň toplanyşy, mirasgärler we aýdyjylar barada maglumat beripdir. Ol Gazanjyk etrabynda dessan aýtmagyň ýörgünli däldigini, Serdar etrabynda welin, halkyň arasynda dessan aýdýan bagşylaryň bardygyny nygtapdyr. Serdar etrabyndan bagşylaryň dilinden „Ýusup-Züleýha“, „Zeýnelarap“ dessanlaryny ýazyp alypdyr. Şol sanda gürrüňçi Gurban aga alyma birnäçe ertekileri, küşdepmeleri aýdyp beripdir. 1965-nji ýylyň maý aýynda Satlyk Döwletow mirasgäre „Hüýrlukga-Hemra“, „Zeýnelarap“, „Şabähram“ ýaly dessanlary gürrüň beripdir. Bölümde alym her bagşynyň dessan aýtmakda öz ussatlygyny seljeripdir. Galyberse-de, bagşylaryň dessanlary kähalatlarda öz isleglerine görä timarlap ýa-da olara käbir wakalary özleriniň girizip goýberýändigini nygtapdyr. Meselem, ol Baý Tekäýewiň gürrüň berýän nusgasynda şol sanda Satlyk Döwletowyň hem aýdyp berýän nusgasynda „Hüýrlukga-Hemra“ dessanynda patyşanyň perzentsizligi barada gürrüň gozgalmaýandygyny, galyberse-de, Hemra agalary bilen Müsüre düşende, ol ýurduň ilatyna derýada howp salýan aždarhany ýok edip, ilaty uly howpdan azat edendigi bilen baglanyşykly wakany Baý Tekäýewiň özüniň goşandygyny çaklaýar. Sebäbi bu parçanyň dessanyň 1963-nji ýyldaky neşirinde-de, Satlyk Döwletowyň aýdýan nusgalarynda-da duş gelmeýändigini belläp geçýär.
Makalanyň uly ähmiýeti atlaryny agzan etraplarymyzda folkloryň ýagdaýynyň seljerilmegidir. Türkmen folkloryny halka ýetirmekde dessançy bagşylaryň, ertekiçileriň hyzmatyna baha berilmegidir. Bu ýagdaý diňe bir mirasgärleriň halk paýhasyny halkyň arasynda ýaýratmakdaky hyzmatyny kesgitlemek däl, uly göwrümli makalanyň türkmen folkloryny öwrenmekdäki gymmatyny hem kesgitlemekdir.
Işde dessançy bagşylaryň türkmen folkloryny timarlap, saza goşup şirin mukamyň üsti bilen halka ýetirmekde, halkda ýagşy gylyklary, adamkärçiligi terbiýelemekde, ruhuny baýlaşdyrmakda, aýratyn hem il-ýurda söýgi döretmekde hyzmatynyň uludygy bellenilýär. Şol häsiýet şu iki etrapdan toplanan kyssa eserlerine-de, şygyrlara-da mahsus.
Meselem, Satlyk aganyň gürrüň berýän Keýmir kör hakyndaky rowaýatlarynyň ideýa gymmatyny kesgitläp, A.Durdyýewa şeýle ýazýar:
„Keýmir kör baradaky rowaýatlarda geçmişde daşarky duşmanlaryň türkmen halkynyň üstüne ýygy-ýygydan talaňçylykly çozuşlary, şol söweşlerde halk gahrymanynyň paýhasly, oýlanyşykly hereketleri, türkmen topragy ugrunda jany-teni bilen söweşen legendar gahrymanyň söweşjeň obrazy berilýär“ A.Durdyýewa Serdar, Gazanjyk etraplarynda Magtymguly Pyraga, Döwletmämmet Azada degişli halkyň arasynda duş gelýän rowaýatlary-da seljeripdir. Ol etraplardan toplanan ertekileriň („Akylly gyz“, „Hezret Aly“, „Üç gyz“, „Garybyň bäş gyzy“, „Jahan Pälwan“, „Muhammet bilen Gül“, „Bagt“, „Ýetim oglan“) ideýa-mazmuny barada pikir ýöredipdir. Mirasgär bu bölümde ýokarky etraplardan toplanan monjugatdylary, läleleri, atalar sözüdir nakyllary gysgaça seljeripdir. Hakykatdan hem işiň şol etraplaryň folklor mirasyny öwrenmekde hyzmaty uly.
Mirasgär 1974-nji ýylda „Ylym“ neşirýaty tarapyndan çap edilen „Türkmen folklorynyň häzirki zaman ýagdaýy“ atly ýygyndynyň hem „Kaka raýonyndan toplanan „Toý“ aýdymlary“ atly bölümini ýazypdyr. Ol şol etrapda toý aýdymlarynyň aýdylyşynyň käbir tapawutly taraplaryny seljeripdir, kesgitläpdir. Aýdyjylar barada maglumat beripdir. A.Durdyýewa gözleglerini ozalky hörpünde häzir hem dowam etdirýär.
Şirinjemal GELDIÝEWA.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly