21:34 Andalusdan soltana ýazylan perýatly setirler şu güne köp zady gürrüñ berýär | |
ANDALUSDAN SOLTANA ÝAZYLAN PERÝATLY SETIRLER ŞU GÜNE KÖP ZADY GÜRRÜÑ BERÝÄR
Taryhy makalalar
"Asgyn düşdük, ýerlerimize girdiler" Andalusyñ basylyp alynyşynyñ şekillendirilişi Ýatan ýeri ýagty bolmuş professor Azmi Ýüksel mugallymymyzyñ çeper edebiýata peşgeş beren "Andalus" atly şygyry bar. Osmanly patyşasy Beýazit II-ä ýüzlenilip ýazylan bu beýitler şu günki gün başdan geçirýän kösençlikleri we şol musulmanlar bilen bile jöhitleriñ başdan geçiren birgiden kösençligi hakda köp zady gürrüñ berýär. Ilki bilen bu barada bilmeýänlere gaýtadan aýdyp geçeliñ. Andalus 1492-nji ýyl we Kastiliýanyñ korolewasy Izabella I diýlende, köp kişiniñ ýadyna jomartlygy we Hristofor Kolumbyñ muşakgatly syýahatyna eden kömegi düşse gerek. Kolumbyñ Angliýa, Wenesiýa, Genuýa köşklerine eden ýüztutmalary ret edilipdir, emma Izabellanyñ oña eden kömekleri arkaly Atlantik okeany aşyp Hindistana barmagy maksat edinen agyr ýolagçylyga başlapdyr. Kolumb 100 güne çemesi wagt geçenden soñ Hindistana barandyryn öýdüp, Amerika yklymynyñ üstünden barypdyr, ol häzirki Kubanyñ kenarlaryna baryp ýetipdir. Kolumbyñ açyşy Ispaniýany dünýäniñ iñ uly kolonial ýurduna öwürdi, emma adamzat taryhy taýdan möhüm ähmiýete eýe bu açyş ýerli amerikalylara garşy girişiljek gyrgynçylygyñam başlangyjy boldy. Ispanlaryñ Amerika yklymynda eden gyrgynçylygynyñ dünýä taryhynda deñeşdirer ýalysy ýokdy, emma ispanlar dünýäniñ añry ujunda diñe millionlarça indeýi gylyçdan geçiribem oñmandy. Edil şol ýyllar adamzat taryhynyñ gören iñ ajaýyp medeni imperatorlyklarynyñ biri bolan Andalusda ýaşaýan ýüz müñlerçe musulman we jöhit ispanlaryñ wagşyçylygyna duçar boldy. Andalusdaky gyrgynçylyga garşy Hydyr ata bolup ýetişjek we jöhitleri uly gyrgynçykykdan halas etjek ýurdam ýene Osmanly imperiýasy bolupdy. Gündelik syýasy çekişmeler bilen Ysraýyl döwletiniñ warwarlygyny bir ýana goýanyñda, türk halklary bilen jöhitleriñ arasynda ýüzlerçe ýyllyk dostlugyñ möhüm kesişmeleriniñ biri-de Andalusdy. 1492-nji ýylyñ 4-nji awgustynda ýüz müñlerçe umytsyz sefarad ýahudysy (jöhit) Osmanly topraklaryna gadam basanda, çaksyz merhemet we myhmansöýerlik bilen garşylanypdy. Andalusyñ basylyp alynmagy • Inkwizisiýa we basybalyjylyk Ispanlar milli jebislik we täzeden bileleşmek üçin ünslerini Andalusy basyp almaga gönükdiripdiler. Syýasy taýdan uly Emewi döwletiniñ güýjüne baýrynyp gelen andaluslylar az wagtyñ içinde bu güýçden mahrum bolupdylar. Afrikada muwahidler andaluslylara harby kömek ugradanam bolsa, musulmanlaryñ içerki çekişmeleri Andalusyñ ispanlaryñ garşysynda güýçsüz galmagyna sebäp bolupdyr. Hristianlaryñ başlan basybalyjylykly hereketi 1492-nji ýylda Grenada Beni Ahmer emirliginiñ ýykylmagy bilen şowuna bolupdyr. Mekkari Grenadanyñ iñ soñky we gahrymanlarça goragyndaky şertleri şeýle suratlandyrýar: "Gyş paslynyñ gelmegi bilen añzakly sowuklar we gazaply gar bilen bilen birlikde şäheriñ daşaryk girip-çykyşy doly kesildi. Şäherde iýer ýaly zatlar mazaly azaldy. Şonuñ üçin bahalar gymmatlady, ýetde-gütdelik ýetjek derejesine ýetdi. Gabaw döwründe duşman galanyñ daşyndaky her tarapy, her garyş ýeri basyp alyp, musulmanlara ekin ekip hasyp ýetişdirmäge mümkinçilik goýmandy. Gün geçdigisaýy şertler ýaramazlaşýardy. Şol wagt 897-nji hijri ýylynyñ başlarydy. Duşman musulmanlary aç-suwsuz goýup, uruşsyz boýun egdirme arzuwyndady. Halkyñ köpüsi Büşşerat sebitine gaçypdy. Netijede sapar aýy gorende kynçyluk we ýeter-ýetmezçilik iñ soñky derejesine ýetipdi". (Ismail Ýigit - "Syýasy, dini, medeni, sosial yslam taryhy: Andalus. "Gyrnata"-Beni Ahmer döwleti we Demirgazyk Afrika yslam döwletleri"). Andalus musulmanlary Bu çöküşlik Ispaniýanyñ musulmanlary we jöhit halky üçin ezýetli we hupbatly geçjek günleriñ başlanýandygyny añladýardy. Bir milliona golaý bigünä jöhit taryhyñ gören iñ wagşy sudlarynda (inkwizisiýa) sud edilip sürgüne ýollandy, zyndana salyndy, dinini üýygetmäge mejbur edildi ýa-da ölüm jezasyna höküm edildi. Şol wagt jöhitlere ýöñkelen iñ uly aýyplama katolikligi jöhitleşdirme we hristianlary haça çüýlemek adatlarynyñ bolandygydy. Andalusda jöhitler, musulmanlar we hristianlar Ispaniýada jöhitleriñ köküni köwlemegi maksat edinen Kastiliýanyñ korolewasy Izabella I äri bilen bile adamzat taryhyna gara tegmil bolup düşen şu permany çykarypdyr: "Hudaýyñ merhemeti bilen ýurdy, ýagny Kastiliýany, Aragony, Leony, Mursiýany, Maýorkany, Sardiniýany, Grenadany, Nawarany dolandyrýan biz Ferdinand we Izabella... Anusimiñ (Marranos) perýat-pyganlary bize çenli gelip ýetdi. Olaryñ käbirleriniñ ýakylmagyny, käbirleriniñem ömürlik tussag edilmegini müwessa bildik... Inkwizisiýanyñ işgärleri olaryñ şeýtanpisint hereketlerini öwrenip başladylar. Bular Anusimiñ diýenetmezek çemeleşmesi we hristianlygyñ talaplaryny berjaý etmegiñ esasy jogapkärleriniñ jöhitlerdigini bildiler. Jöhitler olara öz ýaşaýyş-durmuş şertlerini, hukuk kadalaryny we ynançlaryny öwredişleri ýaly, orazanyñ we dini baýramlarynyñ esaslaryny-da öwredýärlermiş. Şonuñ üçinem Ispaniýada jöhitler ýaşadygysaýy olaryñ (Anusim) hakyky manyda diniñ talaplaryny berjaý edýän hristian bolup bilmejekleri äşgärdir. Şol sebäpli etmişleriniñ jezasy has agyrdygyna garamazdan, biz jöhitleriñ patyşalygymyzdan çykarylmagyny makul bildik. Hakykatda biz olara mylakatly çemeleşdik. Diñe sürgün jezasyny bermek bilen çäklendik... 1-nji maýdan başlap, iýul aýynyñ ahyryna çenli üç aýyñ dowamynda jöhitler patyşalygymyzyñ ýerlerinden çykyp, başga ýurda gitmeli bolarlar. Biziñ bu buýrugymyza uýman, bellenen möhletde ýurtdan çykmadyk jöhitler gabat gelinen ýerde öldüriljekdir ýa-da hristianlaşdyryljakdyr..." (Nuh Arslantaş "Jöhitler we türkler"). Jöhitleriñ sürgüni Jem soltan konflikti we Kıpr ekspansiýasy Osmanlynyñ Ispaniýada bolup geçýän üýtgeşmelere üns bermegine päsgel berdi. Osmanly syýasy taýdan goşulmaga ýagdaýy bolmasa-da, ol ýerde bolup geçýän dramatiki wakalara gulagyny dykyp oturmady. Müñlerçe musulman we jöhit ispan zulmundan gaçyp Osmanly döwletine sygynypdy. Eliýahu Kapsaliniñ aýtmagyna görä, Soltan Beýazit Osmanla sygynan jöhitler hakda şu permany çykarypdyr: "Türkiýe patyşasy Beýazit ispaniýaly jöhitlere garşy edilen ýamanlygy we olaryñ gaçybatalga gözleýändiklerini öwrenip, olara merhemet edip, bütin ýurda jarçylar ýollap, jöhitlere azar bermegi we olary kowmagy gadagan edipdir. Olara hoşamaý çemeleşmegi we ýagşylyk etmegi buýrupdyr. Kim göçegçilere ýamanlyk etse ýa-da olara dynnym ýaly temmi berse, ölüm bilen jezalandyrylar". Permanyñ orginal nusgasy boýunça elimizde hiç hili subutnama bolmasa-da, jöhitlere garşy haýsydyr bir çendençykmalaryñ ýa-da erbet çemeleşmeleriñ taryhy çeşmelerde gabat gelmezligi bosgunlaryñ döwletiñ hemaýatyna alyndandygy hakdaky pikiri güýçlendirýär. Osmanly welaýatyna sygynan jöhitlere we musulmanlara ýurdy taşlap gitmäge rugsat berilenem bolsa, 12 ýaşdan kiçi çagalaryny ýanlarynda alyp gitmäge rugsat berilmän, zor bilen hristianlaşdyrylypdyr. Bu ýagdaý köp adamyñ dil ujundan hristian bolan bolup (takiýe), Ispaniýada galmagyna sebäp boldy. Morisko diýilen gizlin musulmanlar topary uzak wagtlap ömrüni dowam etdirenem bolsa, wagtyñ geçmegi bilen taryh arenasyndan çekilipdiler. Häzir biz Andalusyñ bagryndan syzylyp çykan şol deñsiz-taýsyz şygyry dykgatyñyza ýetireliñ: "Mukaddes, soñsuz we üznüksiz täzelenip duran salamymy, halyflaryñ iñ gowusynyñ belent şahsyna ýollaýaryn. Kapyrlara masgaraçylyk lybasyny geýdiren şerefli, belent kişä salam bolsun. Allanyñ täsirini giñelden we her künjekde ýeñiş bilen güýçlendiren kimsä salam bolsun. Topraklarynyñ merkezi Stambul bolan Möwlaýa salam. Ol ne ajaýyp şäherdir! Allanyñ soltanlygyny goşunlary we garamagyndaky türkler bilen gurşap alan kişä salam. Salam Allanyñ jümle milletleriñ üstündäki hökmürowanlygyny artdyran we mertebesini beýgelden sizlere bolsun. Kaza we begzada belent danalardan oña meñzeýänlere salam bolsun. Dine hormat goýýanlara, takwa bendelere we sagdyn pikirli geñeşdarlara-da salam bolsun. Andalusyñ günbatarynda mysapyrçylyk çekmeli bolan gullardan size salam. Rumlardan emele gelen daşgyn we uç-gyraksyz deñiz olary gurşap aldy. Uly betbagtçylyga uçran ýesirlerden size salam (Soltanym). Ne uly betbagtçylyk eken-ä ol! Buýsançly durmuşdan soñ çalaran saçlary ýolunan garrylardan size salam. Öñ ýapyk durka kapyrlaryñ öñünde zor bilen açylan ýüzlerden size salam. Zor bilen poplaryñ düşegine salynan ar-namysly ýaş gyzlarymyzdan size salam. Zor bilen doñuz et we haram, porsan etler iýdirilen garrylardan size salam. Biziñ hemmämiz siziñ basyp giden yzyñyzy öpüp, hemişe gowulygyñyz üçin doga edýäris. Alla güýjüñizi we ömrüñizi dowamat-dowam kylsyn, sizi her dürli şumluklardan we kynçylyklardan gorasyn. Duşmanlaryñyza garşy üstünligiñizi, ýeñişiñizi artdyrsyn. Alla sizi özüniñ razy bolan, söýýän ýerine oturtsyn. Eý jenabymyz, başymyza inen bela-beterler, betbagtçylyk we zelel-zyýanlar zerarly size şikaýat etmeli bolduk. Hyýanata uçradyk, hristianlaşdyryldyk, dinimiz üýtgedildi. Ezýete sezewar bolduk, her dürli erbetlikleri bize rowa görüldi. Pygamberimiz Muhammediñ (s.a.w) dinini gorap, hristian zibillerine garşy çynymyz bilen göreşdik. Jihat edenimizde uly kynçylyklara uçradyk: ölüm, ýesirlik, soñra açlyk, gahatçylyk. Gaýry dinliler çar tarapdan kowçum-kowçum bolup üstümize çozdular. Atlary we ýaraglary bilen süri-süri bolup misli çekirtgeler mysaly üstümizi basdylar. Muña garamazdan uzak wagtlap olaryñ garşysyna durduk. Olardan kän adamy öldürdik. Olaryñ atlary sagat geçdigisaýy köpeldi, biziñ atlarymyz bolsa azaldy. Ejiz düşenimizde ýerlerimize ýerleşdiler. Biri-biriniñ yzyndan şäherlerimizi ele saldylar. Şäherleriñ guş uçsa geçmeýän diwarlaryny weýran edip taşlan uly-uly toplar bilen geldiler. Gabaw döwründe birnäçe günläp we aýlap azmlylyk we aýgytlylyk bilen çozdualr. Atlylarymyz we pyýadalarymyz ýok bolanda, bizi halas etmäge gardaşlarymyzdan gelen bolmady. Azygymyz azalyp, ýagdaýymyz ýaramazlaşyp ugransoñ, bize bihaýalyk bilen etjek zatlaryndan gorkup, bialaç boýun egdik. Oglan we gyz çagalarymyz ýesir alynar ýa-da erbet ýagdaýda öldüriler gorkusy bilen boýun egdik. Owaldan bu ýerlerdäki ylalaşykly ýaşan musulmanlar ýaly ýaşamak üçin (boýun egmeli bolduk). Namazlarymyzda we azanlarymyzda azat goýuljak we şerigatyñ beýleki emirlerinden hiç birini taşlamajak bolup boýun egdik. Bizden deñizi geçip, garşy kenara (Afrika) gitmek islänleriñ mal-garalaryny-da alyp, howpsuz ýagdaýda gidip bilmekleri üçin. Bulardan has beter köp şertlerem bardy. Sany elli bäşe ýetýärdi. Olaryñ patyşalary we kethudalary bize şeýle diýipdi: "Goýan şertleriñize doly, hatda artygy bilen eýeriler". Bize ylalaşygy we ähtnamany öz içine alýan resminamalary görkezdiler we "Ine, şu meniñ size kepilligimdir we borçnamamdyr" diýipdi. Has öñler "hiç hili basyş bolmazdan ýaşaýşyñyz ýaly mallaryñyzy we öýleriñizi gorap bilersiñiz" diýipdi. Emma bizi gorajakdyklary hakdaky şertnama uýanymyzda, beren sözlerinde durman, ylalaşyga hyýanat edendikleri ýüze çykdy. Gözümizi boýap baglaşan ylalaşyklara uýulmady. Bize basyş we güýç ulanyp, islemesek-de, hristianlaşdyrdy. Elimizdäki ähli kitaby ýakdy we olary zir-zibile atdy. Din kitaplarymyzy ýañsylap we dil ýetirip oda atdylar. Ýeke musulmana ne kitap, ne-de ýekelikde okar ýaly Gurhan goýmadylar. Agzyny bekleýän we namaz okaýan islendik kişini oda atdylar. Bizden buthanalaryna gitmeýän adamlary pop aýylganç görnüşde jezalandyrýardy. Ýençýärdi, malyny alýardy, perişan halda zyndana salýardy. Remezanda gözümiziñ alnynda zol iýip-içip orazalarymyzy bozýarlar. Pygamberimize sögünmegi, ýagşy we ýaman günlerimizde onuñ adyny tutmazlygy buýurdylar. Bizden bir toparyny pygamberimiziñ adyny ýat edip durka bildiler we olara aýylganç görnüşde ezýet çekdirdiler. Häkimleri we kazylary ýenjip, jerime töledip, tussag edip we mertebelerini basgylap jezalandyrdylar. Ölen bir bendäniñ ýanynda öz dinlerini oña öwredip biljek din adamy bolmasa, ol hilegärlik bilen jaýlanmaýar. Ölüp ýatan eşegiñ maslygy ýa-da başga bir haýwan ýaly zibile ýa-da başga hapa ýerlere zyñýardylar. Mundan başga-da birgiden gabahatlyklary we zannyýamanlyk bilen eden işleri bar. Bizden soraman-etmän, razylygymyz alynman atlarymyz üýtgedildi. Muhammediñ dininiñ ýerine adamzadyñ iñ biderek rum itleriniñ dininiñ goýulmagy nähili erbet. Jahyl, gödek, arap däl adamlaryñ atlary bilen atlarymyz üýtgedilende nähili erbet bolýar eken. Her gün irden popyñ ýanyna gidýän ogul-gyzlarymyzyñ ýagdaýy nähili gynançly. Olara küpür, buta çokunmak, ýalan-ýaşryk öwredip, hristianlary hiç bir hile bilejn aldamaýarlar. Arassa we tämiz ýerdigine garamazdan kapyrlaryñ zibilhanalary bolmak üçin diwarlar bilen gurşalan metjitlerimize haýp. Azan ýerine jañlar asylan minaralara haýp. Küpür bilen hüýt-gara bolan şu şäherlere we ajaýyplyklara haýp. Haça çokunýanlaryñ galasyna öwrüldiler, çozuş bolanda diñe özleri goranar ýaly etdiler. Bizi gul etdiler, ne öweztölegi töläp yzyna alyp boljak ýesir bolduk, ne-de kelemeýi-şahadat getirýän musulman. Başymyza inenleri gören bolsadyñyz, gözüñizden ýaşlar paýrap akardy. Waý biziñ halymyza we başymyza inenlere, bela-beterlere, beybagtçylyga we zary-zelillige. Eý mertebesi belent hojaýyn, Rebbimiz Allanyñ saýlama guly we ýaradanlarynyñ iñ haýyrlysy Hezreti Muhammediñ adyndan senden kömek soraýarys. Hezreti Muhammediñ neberesinden gelýänleriñ we sahanalaryñ adyndan... Olar ne ajap sahabalardyr. Pygamberimiziñ agasy Apbasyñ we onuñ ak saçynyñ adyndan, ol ne ajap aklykdyr. Allany tanaýan, bilýän salyh bendeleriñ, keramatly saýlama welileriñ adyndan. Bize we başymyza inenlere göz aýlarsyñyz diýip umyt edýäris. Şeýdip Arşyñ Hudaýy bize merhemet nazaryny aýlar. Sözüñiz diñlener, emriñize uýular, her aýdan sözüñiz doly ýerine ýetiriler. Hristianlyk barada aýdanda bolsa, onuñ düýbi siziñ golastyñyzdaky ýerlerdesir. Şol ýerlerden başga ýerlere ýaýrandyr. Şeýle bolansoñ, Allanyñ hatyrasyna, eý jenabymyz, bizi beýikligiñiz bilen gorañ. Ýa bize maslahat beriñ, ýa-da bu ýagdaýa nägilelik bildiriñ. Çünki siz belent, at-abraýly we rüstemsiñiz. Allaha ybadat edýänleri islendik erbetlikden goramaga güýjüñiz bar. Rimde oturan papadan sorañ. Bizi gorag astyna alandan soñ nämüçin hyýanat etdiler? Hiç hili etmişimiz, eden ezýetimiz ýogam bolsa, nämüçin bize ýamanlyk edýärler? Bizden ýeñilen dindeşleri dinimiziñ goragy we ähdine wepaly hökümdarlarymyzyñ hemaýaty astynda ýaşap geldiler. Olary zor bilen dinlerindenem, ýurtlaryndanam çykarmadyk, hyýanatam etmedik, mertebelerini-de basgylamadyk. Söz berip sözünden dänen adam barada aýdanda bolsa, onuñ bu bolşy ähli dini ynançlarda-da gadagan edilen zat. Ýagdaý patyşalar üçin hasam şeýle. Bu boluş hemme ýerde bikanun bolup, hapa we masgaraçylykly ýagdaýdyr. Hatyñyz olara baryp gowuşdy, emma şu güne çenli ýeke sözüne-de aldyryş etmediler. Gaýtam tersine, bize garşy duşmançylyklaryny we ganymlyklaryny artdyrdylar, her hili ýamanlyklary etmekde ýetjek derejelerine ýetdiler. Müsürden gelen topar olar bilen bilen duşuşdy, bulara ýamanlyk edilmedi, at-abraýlary-da peseldilmedi. Emma olara biziñ adymyzdan gürläp, biziñ hristianlygy özümiz isläp, basyş edilmezden kabul edendigimizi aýtdylar. Özlerine boýun egen mürtedleri getirdiler. Alladan ant bolsun, biz bu şaýatlygy kabul edemzok. Biz hakda uly-uly ýalan-ýaşryk gepleri aýtdylar. Emma ölüm we oda ýakylma gorkusy bizi dinimizi üýtgetmäge mejbur etdi, özümiz islemezden olaryñ gürleýşi ýaly gürlemeli bolýarys. Biz şindizem Resuallanyñ dinine uýýarys. Elmydama Allany bir saýýarys. Alladan ant bolsun, biz dinimiziñ üýtgedilmegi bilenem, üç hudawy ruh hakda aýdylýanlar bilenem ylalaşamzok. Dinlerini erbetlige we ezýete uçramazdan kabul edendigimizi aýdýan bolsalar, Wahranyñ ýaşaýşylaryna näme bolandygyny sora, olary gahar-gazap bilen, masgaralamak bilen nähili ýesir alyp öldürdiler? Belefikäniñ başyna nämeleriñ gelendigini sora, uly betbagtçylykdan soñ gylyç bilen kerçeldiler. Munýafe barada aýdanda bolsa, halky gylyçdan geçirildi. Busra halkyny-da şeýtdiler. Endereşiñ halky-da metjitlerinde ýakyldy. Hemmesi gara kömür boldy. Eý jenabymyz, ine, size şikaýat edýäris. Bu başymyza gelenleriñ barsy hemişe ýeke-ýalñyz galanlygymyzdan bolýar. Käşgä, ylalaşygy bozmazdan öñ söz berişleri ýaly dinimiz we namazymyz bir biziñ bilen galsady-da. Ýa-da hemmämiziñ mallarymyzy alyp söýýänlerimizij ýurdy bolan Demirgazyk Afrika gitmegimize idin bersinler. Ýollanmagymyz başga bir dini ynançda küpür içinde güýçli bolup galanymyzdan has gowudyr. Belent huzuryñyzdan dilegimiz şudur. Siziñ huzuryñyzda ähli mätäçliklerimiz, kösençliklerimiz giderilsin. Ýene dilegimiz zelil we şum ýagdaýymys sebäpli başymyza inen zatlara we musybatlary soñlandyrmagyñyzdyr. Hudaýa müñde bir şükür, siz hökümdarlarymyzyñ iñ gowusysyñyz. Abraýyñyz ähli abraýlaryñ, at-owazalaryñ üstündedir. Rebbimizden sagadat we nygmat içre beýik ynsan we soltan bolup uzak ýaşamagyñyzy arzuw edýäris. Ýurduñyza parahatçylyk, duşmanlara garşy ýeñiş, uly baýlyk we güýçli leşger arzuw edýäris. Allanyñ salamy we rahmeti hemişe siziñ üstüñizde bolsun. (Professor Azmi Ýüksel "Býuletten arhiwi"). Bu setirler şol sebitde ýaşan musulmanlaryñ we jöhitleriñ başdan geçiren horluklaryny beýan edýän janly faktdyr. Belki-de, bu süteme musulmanlar bilen bile duçar bolan jöhitleriñ nesilleri şu günki gün edýän wagşyýanalyklaryndan az-owlak utansalar gerek. Mehmet MAZLUM ÇELIK. Sişenbe, 07.11.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |