09:15 Andalypdan söz açsañ | |
Nurmuhammet Andalybyň doglan gününiň 350 ýyllygyna
Edebiýaty öwreniş
ANDALYPDAN SÖZ AÇSAŇ Türkmen halkynyň baý geçmişi bar. Gadym baý medeni mirasyny nesilden-nesle geçirip bilmegi hem halkymyzyň danalygyndan nyşandyr. Bu gün täze Galkynyş, beýik Özgertmeler zamanasynda öz zehini bilen saldamly goşant goşan Nurmuhammet Andalyp, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy, Mollanepes ýaly nusgawy şahyrlaryň sarpasy belent tutulýar. Andalyp diýlende, ilki bilen dessançy şahyr göz öňüňe gelýär. Türkmen nusgawy edebiýatynda Nurmuhammet Andalyp ýaly birgiden dessan galdyryp giden başga bir şahyry tapmak kyn. Andalyp «Leýli-Mejnun», «Ýusup-Züleýha», «Babaröwşen», «Zeýnelarap», «Sagdy-Wakga» ýaly dessanlary, «Oguznama», «Nesimi» poemalary, «Melike-Mährinigär» ýaly iri eserleri bilen türkmen edebiýatynyň taryhynda görnükli orun eýeleýär. «Nesimi» poemasynyň öňündäki girişde görkezilişine görä, Andalybyň ýanyna obadaşlary gelýärler, olar Seýit Nesimi hakyndaky kyssalary aýdyşýarlar. Ahyrynda-da Andalypdan Seýit Nesimi kyssasyny, beýleki türki dilli dessanlar ýaly, dessana öwürmegi haýyş edýärler: ... Diýdi olar, Andalyba binowa, Köňlümize düşdi ajap majera. Bar kyssa içre ajap dessan, Ni boladyr kylsaň any bostan... Munça sözi kyldy hemaýat olar, Seýit Nesimiden rowaýat bular... Andalyp Nesimi baradaky kyssalary türki diline geçirip, eser ýazanlygyny aýdýar: Eýledi türki bilen ibteda Kähi nesr, kähi gazal hoşnowa. Ir wagtda, talyp döwrümde maňa Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň şol wagtky golýazmalar fondunda bolanymda, Mollapüri Abam oglunyň 1941-nji ýylyň 27-nji iýulynda Gyzylarbat (häzirki Serdar) etrabyndan toplan materiallary we Nepes Hojaýewiň şol ýyllarda Hywadan ýazyp alan maglumatlary bilen tanyşmak miýesser edipdi. Mollapüriniň toplan materiallarynyň arasynda Nurmuhammet Andalybynyň ömri we döredijiligi barada şeýle maglumatlar berlipdi: «Gyzylarbat obaly, asly türkmen Durdy Molla Öwezgylyç oglunyň aýtmagyna görä, Andalyp diýlen şahyryň ady Nurmuhammet, atasynyň ady Seýitahmet. Onuň «Zeýnelarap», «Ýusup-Züleýha», «Leýli-Mejnun» we başga kitaplary barmyşyn diýip eşitdim. Hywaly garry Mollamuhtar diýen adam Andalybyň sözlerini aýdardy diýip aýtdy». Mollapüri, dogrudanam, türkmeniň edebi mirasyny toplamakda uly hyzmatlary görkezen adam. Azady, Magtymguly, Andalyp, Seýdi, Zelili, Aşyky ýaly ençeme şahyrlarymyzyň bize gowşan ýadygärlikleriniň köp nusgalaryny Mollapüriniň göçürendigini biz bilýäris. Onuň başga bir maglumaty hem gyzyklydyr. 1941-nji ýylda, 70 ýaşlarynda bolan gyzylarbatly Seýitjan kazy ogly Mollapüri Abam ogluna şeýle maglumat beripdir: «Hywada okan Orazguly ahundan eşidişime görä, «Ýusup-Züleýha», «Zeýnelarap», «Leýli-Mejnun», «Sagdy-Wakgas» we başga-da birnäçe kitaby düzen we il arasynda ýaýradan Andalypdyr. Ol Seýit Nesimi hakda arapça ýazylan kitaby türki diline geçiripdir». «Arapça ýazylan kitaby türki diline geçiripdir» diýen jümläni terjime manysynda däl-de, «Nesimi hakdaky arapça kyssalaryň esasynda türki dilli poema döredipdir» diýen manyda düşünmelidir. Andalybyň döredijiligine nazar aýlasaň, onuň öz döwrüniň bilimli adamy bolup, ylymlaryň dürli ugurlaryndan baş çykarandygyna, aýratynam dünýä edebiýatyndan habarly bolandygyna göz ýetirmek kyn däl. Ol Gündogar edebiýatyndan oňat baş çykarypdyr. Munuň şeýledigini onuň diňe Gündogarda däl, eýsem dünýä medeniýetinde belli sýužetlere, ýagny Leýli we Mejnun, Ýusup-Züleýha, Zeýnelarap hakyndaky kyssalarda ýüzlenmegi, olary özüçe täze röwüşde, halky diline golaýlatmagy hem güwä geçýär. Elbetde, sowet döwründe Andalybyň hemme eserleri «Leýli-Mejnun», «Gül-Bilbil», «Ýuwup-Züleýha» ýaly öwrenilmändi. «Babaröwşen», «Zeýnelarap» ýaly dessanlary uzak wagtyň dowamynda golýazma görnüşinde bukjalarda ýatmaly bolupdy. Eýsem-de bolsa, beýik şahyryň bu dessanlarynyň çeperçiligi gowşakmydy? Ýok. Sebäbini bu eserlere dini äheňleriň berlendigi bilen düşündirip boljakdy. Ýogsam, «Babaröwşen» Andalybyň iri eserleriniň içinde iň köp sanly golýazma nusgasy bolan dessanlaryň biridir. Bu dessan 1903–1916-njy ýyllar aralygynda daşbasma usuly bilen dürli çaphanalarda ýigrimi gezek neşir edilipdir. Andalybyň dessanlaryna çeper eser hökmünde baha berilmän, olara yslam ideologiýasyny ündeýji eser hökmünde birtaraplaýyn garalmagy, elbetde, nädogry garaýyşdy. Çünki bu dessanlarda şahyryň garyp-gasarlara kömek bermek, mätäçlere goldaw bermek ýaly asylly ideýalary öňe sürendigini unutmak bolmaz. Bu gün täze Galkynyş, beýik Özgertmeler eýýamynda edebiýatçy alymlarymyza Andalyp ýaly nusgawy şahyrlarymyzyň edebi mirasyny hemmetaraplaýyn içgin, täzeçe öwrenmäge ähli oňyn şertler döredildi. Andalybyň döreden Nesimi bilen Mejnunyň obrazyndaky häsiýet birligi hem tötänden däldir. Bu meňzeşligi synlamak hem gyzykly bolsa gerek. Ol Nesiminiň keşbini şeýle beýan edýär: Alyp pata, «huw» diýip, girdi ýolga, Ýügürip kähi saga, kähi solga, Bolup çöllerde wagşylarça hemrah, Goşulyp gurt-guşga, ýügürdi dergäh, Koýu-keýik, gulan, gurtlar ýarasyn Bakar, iýimlär idi eýläp dowasyn... Nije ýyllar bolup çöller mekany, Bu Mejnun wagşylar birle rowany. Gazallar binehaýat aýdyp onda, Ony ýazsaň, jahana sygmaz anda. Ýazyp niçelerini goýdy garga, Ke galsyn diýip, ýadygär dost-ýarga, Yzynda yzlaýyp, ärler birniçäni Tapyp, menzun sahba eýläp any. Ahy hem kyldy düzüp depder kitaby, Ke şaýat bolgaý diýip anyň sogaby... Nesimi bu ýerde diwana dek bolup, daglarda-düzlerde, çöllerde haýwanlar bilen dostlaşyp, olar bilen gürleşip ýören adam. Ol öz garaýyşlary ugrunda göreşýär. Andalyp Mejnunyň bolşuny edil Nesimiňkä meňzeş suratlandyrýar. Mejnun öz söýgüsi üçin, Leýlä ýetmek üçin, wepalylyk üçin göreşýär, jan çekýär. Bu Andalybyň gahrymanlarynyň obrazyny döredende ulanan çeperçilik täridir, aýratynlygydyr. Andalyp Gündogaryň ägirtlerinden öz döredijiliginde köp zatlary öwrenipdir. Ol ägirtler kimlerdir? Olar, ilkinji nobatda, Ferdöwsidi, Nyzamydy, Alyşir Nowaýydy, Abdyrahman Jamydy, Jelaletdin Rumydy, Hafyzdy, Feridetdin Attarydy... Muny biz Andalybyň birgiden goşgularynda ulanan tahmyslaryndanam bilýäris. Andalybyň bu babatda Alyşir Nowaýynyň gazallaryna ýazan tahmyslary hem güwä geçýär. Nowaýyda «Eý, köňül!» Gazaly şeýle başlanýar: Isteseň hijr otuga ýakylmagaý sen, eý köňül, Ýardan, zynhar, kim aýrylmagaý sen, eý köňül?! Andalyp bolsa söz ussadynyň pikirini ösdürýär we ony şeýle beýan edýär: Ol periden özgege telmirmegeý sen, eý köňül! Eýlese jöwrü-sütem ynjalmagaý sen, eý köňül! Muddagylar tagnydan tartylmagaý sen, eý köňül! «Isteseň hijr otuga ýakylmagaý sen, eý köňül! Ýardan, zynhar, kän aýrylmagaý sen, eý köňül! Şeýle goşgy ýazmak tärini hem Andalyp türkmen nusgawy şahyrlarynyň arasynda ilkinji gezek ýola goýupdyr. Onuň bu usulyny nusgawy şahyrlarymyzyň içinde Andalypdan soň ilkinji bolup Seýitnazar Seýdiniň dowam etdirendigini bellemek bolar. Elbetde, türkmeniň beýik şahyry Nurmuhammet Andalybyň döredijiligi egsilmez hazynadyr. Bu gün ol diňe bir türkmeniň däl, eýsem bütin adamzadyň genji-hazynasyna öwrüldi. «Edebiýat we sungat» gazeti, 17.08.2010 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |