08:17 Arzy hatyn | |
ARZY HATYN
Zenan şahsyýetler
Dagly Garabag häkimliginiñ hökümdary Esen Jelalyñ (1214-1261) aýaly. (Dagly Garabagda) onuñ buýrugy bilen hristian ybadathanasy gurlupdyr. Bu ybadathana Da Dadywank ybadathanalar toplumyna giripdir. Ybadathanadan başga-da, ajaýyp haçgar şekilli mazar daşlarynyñ ýasalmasy we owadan halylaryñ dokalmasy onuñ ady bilen baglanyşdyrýarlar. Ermeni taryhçysy Kirakos Gandzakes: Arzy hatyn barada şulary ýazypdyr: ''/Ol, ybadathana/ uly kömek etdi, gyzlary bilen birlikde, keramatly ybadat merkeziniñ çykyntgysy üçin, dürli reñkler bilen boýalan örän ýumşak geçi ýüñünden her kimi haýran galdyrýan ajaýyp perde edip berdi. /Perde/ halas edijiniñ we beýleki keramatly kişileriñ islegini, duýgularyny dogry açyp görkezýän basma nagyşlaryny dogry açyp görkezýän basma nagyşlardan we keşdelerden edilen şekiller bilen bezelendi. Ony gören ähli kişi haýran galýardy''. Öwez GÜNDOGDYÝEW. # "Türkmen Zenanlarynyñ taryhy keşbi", Aşgabat-2013. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |