ATA ÇEPOW
Ata Çepowyň (ady Ata Çapow diýlip hem tutulypdyr) kakasynyň adyna Töleg onbegi diýer ekenler. Ol rus patyşalygy döwründe Aşgabat şäherinde hat gatnajy bolup işläpdir. Allaýar Çürüýewiň Ata Çepow barada ýazan makalasynda berýän maglumatlaryna görä, onuň kakasy abraýly adam bolupdyr. Şol döwürde Georgiý ordeniniň ikisini alypdyr. Işi bilen bagly Parižde saparda bolupdyr.
A.Çepow 1894-nji ýylda dünýä inip, 1978-nji ýylda 84 ýaşynda aradan çykypdyr. Mirasgär ilki oba mekdebini tamamlap, soň Kozlow şäherindäki Miçurin tehnikumynda okapdyr. Ony gutaryp Garadamak obasynda ilki mugallymçylyk, soň agronomçylyk edipdir. 30-njy ýyllaryň başlarynda Garagumdaky kükürt zawodynyň direktory bolup işläpdir.
A.Çepow Aşgabat pedinistitutyny tizleşdirilen usulda tamamlapdyr. Allaýar Çüriýew mirasgäriň ogly bilen duşuşyp, onuň bilen söhbetdeş bolup. „Ata Çapow“ atly makalasynda onuň durmuş ýoly bilen bagly zerur maglumatlary getiripdir. Şol maglumatlara görä, mirasgär 1936-1937-nji ýyllarda häzirki Dil we edebiýat institutynda işleýär. Şol institut ony Daşoguza iş saparyna ýollapdyr. Ata Çepow şol ýerde uzak möhlet (5-6 aýlap) iş saparynda bolup, türkmen halkynyň ajaýyp ýadygärligi „Görogly“ eposynyň ençeme şahasyny ýazyp alypdyr. Ol 1237 sahypadan ybarat bolup,ýedi sany bukjada saklanylýar. Elbetde, bu saparyň mirasgäre ýeňil düşmedigi, diňe Pälwan bagşy bilen gürrüňdeş bolmandygy-da belli. Ýöne ol Pälwan bagşynyň dilinden „Göroglynyň“ birnäçe şahasyny ilkinji bolup ýazyp alypdyr. Şeýlelikde, tä 1950-nji ýyllara çenli Ata Çepowyň ýazyp alan „Görogly“ eposy Türkmenistanda ýeke-täk nusga bolupdyr. 1958, 1983, 1991-nji ýyllarda neşir edilen „Görogly“ eposyna Ata Çepowyň Pälwan bagşydan göçürip alan nusgasy esas bolup hyzmat edipdir. „Görogly“ şadessanyny ilik-düwme öwrenip, doktorlyk dissertasiýasyny goran B.Mämmetýazow A.Çepowa „Görogly“ eposyny halkyna, müdimilik goýup giden mirasgär hökmünde baha berip, Döwlet Esenowyň „Ata Çepowy ýatlap“ atly makalasyndan mysal getirip şeýle ýazypdyr. „Eger Ata Çepow baryp-ha 1937-nji ýylda Pälwan bagşydan „Göroglynyň“ on iki şahasyny ýazyp almadyk bolanda, onda „Görogly“ eposy türkmen halkyna häzirkisi ýaly doly hem kämil görnüşde gelip ýetmezdi. „Görogly“ biziň milli baýlygymyz, Ata Çepowyň ýatdan çykmajak hyzmaty hem hut şeýle baýlygy öz halkyna miras goýup gitmegindedir“ .
Ata Gowşudowyň çapa taýýarlan meşhur, kämil „Görogly“ eposy-da A.Çepowyň Pälwan bagşynyň dilinden ýazyp alan „Göroglysy“ esasynda halka ýetirilendir. 680-nji bukjada ýerleşen „Göroglynyň döreýşi“ atly şahanyň daşynda „Ata Gowşudowyň 1940-njy ýylda taýýarlan „Göroglusy“ takmynan şunuň esasynda işlenipdir“ diýen ýazgy bar.
Mirasgär halk mirasyny gözüniň göreji ýaly görýän Mäti Kösäýew bilen ýakyn gatnaşykda bolupdyr. Ýazyjy Amandurdy Alamyşow bolsa onuň dosty eken.
A.Çepowyň 1938-nji ýylda halkyň arasyndan toplan edebi-çeper eserleri TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň 430, 468, 481, 484, 479, 497, 528, 534, 680-nji bukjalarynda saklanylýar.
Meselem, 497-nji çeşme mirasgäriň dürli-dürli adamlaryň dilinden göçürip alan goşgularyny öz içine alýar. Olaryň köpüsi göçürilen, ýazylyp alnan döwrüniň durmuşyny beýan edýär. Olarda täze durmuş öwlüp, köne durmuş ýazgarylýar.
Olary-da mirasgär dürli-dürli adamlaryň dillerinden ýazyp alypdyr. 481-nji bukjada bolsa A.Çepowyň Nazar baganyň dilinden 1938-nji ýylyň 7-nji maýynda ýazyp alan „Sonanyň“ atly bir goşgysy we hekaýatlar, 528-nji bukjada bolsa „Emir Arslan”(75 sahypalyk), „Şugul dohter“ („Şugul gyz“) ýaly ertekileri saklanylýar. Soňky ertekini mirasgär 1938-nji ýylda marly Sapar Welmyrat oglunyň dilinden ýazyp alypdyr. Hazyna toplaýjy „Şugul gyzyň“ Eýran nusgasynyň has uludygyny nygtapdyr. Ertekiniň yzyndan aýdyjynyň terjimehaly barada maglumar beripdir. „Emir Arslanda“ juda möhüm mesele orta atylýar. Şa aýalynyň adamsy ölenden soň, onuň ölümüni gizläp, ýurdy abat saklaýşy, gyzyny atasynyň ýerinde goýşy beýan edilýär. Şa aýalynyň gizlin syryny aňan weziri, şanyň gyzyny ogluna gelinlik berilmegini gazanýar. Netijede, ol öz ogluny gyza derek tagta çykarýar. Ertekide soňky wakalar weziriň oglunyň öýlenen gyzyna aşyk bolan bir şa bilen baglanyşykly dowam edýär.
A.Çepowyň Pälwan bagşynyň dilinden ýazyp alan „Görogly“ eposynyň şahalary 1237 sahypadan ybarat bolup, olar dürli bellikler bilen belgilenen. 7 sany bukjada 680-nji çeşmede saklanylýar. Olar „Görogly“ şadessanynyň „Göroglynyň döreýşi“, „Öwez getiren“, „Öwezi dara çeken“, „Öwez öýlenen“, „Arap daňan“, „Bezirgen“, „Harman däli“ we ş.m. şahalardan ybarat. Şahalarda wakalar bir sydyrgyn juda gyzykly beýan edilýär.
Tekstlerde goşgy az. Ýöne bolanlary mazmun taýdanam, forma taýdanam dokuzy düzüw. Meselem:
Öwez diýip Çandibilden,
Ylgar etdim uzak ýoldan,
Habar alsaň biziň haldan,
Gider boldum han Öweze.
Öwez bilen baga girsem,
Çemen baglap, güller tirsem,
Gol salyşyp bile ýörsem,
Gider boldum han Öweze. (bukja, 680).
Mysallardan görnüşi kimin „Göroglynyň döreýşini” öz içine alýan 680-nji bukjadakytekst galam we ruçka bilen ýazylan 201 sahypadan ybarat. Tekstiň yzynda „Göroglynyň döreýşiniň“ gysgajyk mazmuny bar. Ol şeýle başlanýar. „Elkyssa, Çardagly Çandybil diýen ýurt bar ekeni. Onuň soltanyna Jygalybeg diýip at beripdirler. Onuň üç ogly bardy: Iň ulusyna Genjim beg diýýärdi. Ondan kiçisine Mömün beg diýýärdi. Ondan kiçisine Adybeg diýýärdiler. Genjim diýen ogluny öýlendirdi. Habary kimden ol. Genjim begden al. Mallary artyp baý bolup peýdasy degmän, atasyndan aýrylyp ötägiden“. Soňky waka Göroglynyň döreýşi bilen baglanyşykly. Bir gije Hydyr Ata Jygalybegiň düýşüne girýär. Jygalybeg Göroglynyň ejesiniň mazarynda dünýä inenini şonuň üsti bilen bilýär we mazarda enesini emip ýatan çagany gös-göni alyp gaýdýar. Beýleki tekstlerde beýle waka ýok. Röwşen mazardan tapylandan soň, onuň oglandygyny ýa gyzdygyny anyklamak üçin mazaryň başynda gurjak bilen eýer goýýarlar. Eýere-de ýelim çalýarlar.
20680Э-nji bukjada bu tekstiň yzy bar. Ol Arapdan ar alnyşy bilen bagly. Ol 203-270-nji sahypanyň aralygyny öz içine alýar. 271-321-nji sahypalar „Öwez getiren“, onuň yzy 2-nji bukjada.Ol (680) 322-nji sahypadan başlanýar.
534-nji bukjada saklanylýan „Welmämmet weli“ atly ertekiniň sýužeti beýleki mirasgärleriň toplan ertekilerinde-de gabat gelýär. Ýagny, erteki uzak bir ýurtda bir şanyň gyzyna aşyk bolup, goşun sürüp onuň üstüne baryp,goşunyny gyrdyryp, alyp bilmän gaýdan patyşa hakynda. Şazada atasynyň açaryny hiç kime ynanman, şol gyzyň suratyny gizläp goýan jaýyndan tapýar we şol gyza aşyk bolup, kakasy tarapyndan öýlerinden kowulýar. Şol gyzyň gözlerinde ýola düşen şazadanyň ýolda başyndan geçiren wakalary beýlekilerde ýok. Welmämmet ýolda başga bir şa gyzyna aşyk bolan ogra duşup, onuň bilen dostlaşýar. Ýolda çölüň malyny köp gyrýanlygy, köp iýýänligi üçin ýarty göwresi gömlen äpet adamyň üstünden barýar,ony çukurdan çykarýar. Bu ýerde Welmämmet weli dostlugyň, birek-birege wepalylygyň üsti bilen maksadyna ýetýär. Ogry oňa gyzyň mekanyny salgy berýär. Uzyn bolsa, uka giden şäherden gyzy hiç kime duýdurman alyp gaýdýar. Elbetde, bu ýerde Welmämmediň özüniň batyrlygy, edenliligi, akyl-paýhasy beýle bir açylyp durman, bu wakalarda dostlugyň güýji görkezilýär. Welmämmedi aldapgyzy döw alyp gaçanda-da Uzyn döwüň hötdesinden gelýär. Dostlugyň güýji bilen Welmämmet şa gyzyny alyp gelende, aryny almak üçin şa goşun çekip gelýär.Bu ýerde-de şazada dostlarynyň kömegi bilen ýeňiş gazanyp, şa tagtyna çykýar. Eserde diňe ýagşy isleg-arzuwlar amala aşýar. Agzybirlik bilen ýol almak ertekiniň baş ideýasy. Bi ideýa bilen müňlerçe adamlary terbiýeläp bolýar. 20 sahypalyk bu ertekini mirasgäre Hudaýguly Hoşly ogly aýdyp beripdir. Ata Çepowyň ady bolmasa-da 41 sahypalyk „Aby-Zem suwuny getiren“ atly erteki Ýasman salyk obaly Typyk Tulga oglunyň dilinden eşidilip,ýazylypdyr. Ertekide durmuşa pähimli gojalaryň zerurlygy garran atasyny dagdan aşyryp, zyňman gizläp ýaşadan ýigidiň üsti bilen beýan edilýär. Kyn-gyssaga düşende şol gojanyň beren nesihaty bilen maksadyna ýeten patyşa gojalary dagdan aşyrmagy gadagan edýär. Halk unamaýan zadyna çykalga tapyp, öz isleglerini ertekä geçirip, olaryň üsti bilen paýhasly pikirlerini ündäpdirler.
430-nji bukjada Alty Kulyýewiň „Şaapbas“, „Awçynyň enesi“, „Bir adamyň üç ogly“ we A.Çepowyň „Jöhüt“, „Leýlaç“, „Ogurlanan gelin“, „Mämmet ýandakçy“ atly ertekileri saklanylýar. Ertekileriň hemmesinde-de halkyň isleg-arzuwy beýan edilýär. Günde ýygan odunyny bir barla iki şaýa satýan ýandakçynyň, şol nyrham gymmat görüp, ony bir şaýa almak isleýän baýyň, niýeti başa barman, ertekide aňňalak gapyp galýar. Öýlerine myhmançylyga gelen täjirler, baýa ýandak elten, oglanyň geýindirilensoň bir görmegeý ýigideöwrülmegi bilen täjirleriň biriniň gözüne ilip, oňa gyzyny berýär. Täjirler gaýykly derýadan geçenlerinde, ýigit gitmän, derýanyň kenarynda galyp, bişiren palawyndan deňze oklap, balyklary naharlaýar. Bu ýagşylygy üçin balyklaryň şasy, ýigide deňziň içindäki gymmatbaha daşlary çykaryp berýär. Bu ýol bilen halkyň kyssa siňdiren arzuwy amala aşyp, ýigit baýap gidýär. Ertekini ýüpek fabriginiň işgäri (etraby näbelli) Zaman hazyna toplaýja 1938-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda aýdyp beripdir.
„Ogurlanan gelin“ atly ertekide körpe dogan, adamkärçiligi, mertligi, akyl-paýhasy, edermenligi bilen, daş ýürek, bigaýrat doganlaryň garşysyna goýulýar. Döwüň alyp giden gelinlerini agtarmaga ýola düşen doganlaryň häsiýetleri şol ýolda açylýar. Körpe dogan ýolda nirede düşlemeli, goş ýazdyrmaly, däl, bu meselede ata-pendini tutýar.
Emma iki uly dogan, atalarynyň pendine pitwa etmän, gedemlikleri üçin, diňe körpe doganyň kömegi bilen ölüm penjesini gerip gelen döwden halas bolýar. Emma tersine, ugur tapyp gelinlerinidöwüň elinden alyp gaýdan körpe doganyna ýene kast edip, ol geçjek bolanda gala direlen merdiwany aýyrýarlar. Halk bu ýagdaýdan çykalga agtaryp, ertekide öz gahrymanyny kepderiniň kömegi bilen halas edýär. Ertekide ähli kynçylyklary, horluklary başyndan geçiren körpe dogan ýagşy-gylyklary geçirimliligi, mertligi, gaýratlylygy bilen öz maksadyna ýetýär. Şol häsiýeti bilen näçe nesil terbiýelenýär. „Leýlaç“ atly ertekide ýaş ýigit ata pendini tutup, maksat-myrada ýetýär. Nähili adam bilen iş salyşmalydygyny, nähili we nirede dost tutunmalydygyny öwrenýär. „Ogurlanan gelin“ atly ertekini hazynatoplaýja aýdan Gumry Haşy, „Leýlajy“ 1938-nji ýylyň 6-njy ýanwaryndan gürrüň beren Kaka etrabyndan Öwez akka.
468-nji bukjada dilden ýazylyp alan „Üç adam“, „Bagban“, „Düýşünde aý gören“ we „Geldim obama“, „Bar eken“ ýaly goşgular saklanylýar. Düýşünde aý görüp, ony satan we satyn alan çopan ýigit hakyndaky erteki beýleki mirasgärleriň toplan mirasynda-da köp gabat gelýär. Beýlekilerde-de weziriň ogluna garaşyp, iki sany aty taýýarlap oturan şa gyzy weziriň ogly gijä galyp çopan ýigide nesip edýär. Bagty getiren çopan ýigit hem şa gyzyna hem juda akylly gyza öýlenip, ömründe görmedik derejesini görýär. Gyz ertekide juda akylly, ugurtapyjy zähmetsöýer edilip görkezilýär. Eserde gürrüň çopan hakynda gidýän ýalam bolsa, onda halk şa gyzynyň gylyk-häsiýetine, başarnygyna, akylyna aýratyn üns beripdir. Şa gyzy çopana öňi bilen adamlar bilen gatnaşyk etmegi ýagşyny, ýamany saýgarmagy, soň dünýäni piňine alman, ýaplanyp ýatanýalta ýigide zähmeti söýmegi, söwda etmegi öwredýär. Çopan kynçylyga-gyssaga düşende, oňa hem ruhy hem güýç kömegini berýär. Ol gyssap, zibil dökülýän ýeri arassaladyp, çopana şol ýerden köşk saldyrýar. Ýigide, şa gyzyna hile gurap, şaha ýamanlaýan päli düzüw bolmadyk wezir-wekilleriň özlerini masgara edýär.
Şeýlelikde, halk beýle ertekileriň üsti bilen durmuşda bagtly ýaşamagyň ýoluny salgy berýär. Halk mirasynyň gymmatam, olary toplaýjylaryň hyzmatlaram şu meseleler bilen baglylykda ýüze çykýar.
Bu bukjadaky „Çopan“ („Gül eken pikirli adam“) we „Üç adam“ atly ertekileri ýazan (ony kimiň dilinden ýazyp alany belli däl) Hally Hojamyrat ogly. Bu ertekileri A.Çepowyň instituta getirip tabşyran bolmagy mümkin. „Bagban“ ertekisini hakykatdan hem Hally Hojamyradyň özüniň ýazan bolmagy mümkin. Ol „Bagbanyň“ ertekidäki wakanyň ýazylan ýylyndan 100 ýyl öň bolup geçendigini nygtapdyr. Ertekide juda möhüm mesele gozgalýar. Bag ekip, çul ekip, bugdaý ekip, olary diňe bir ekilen ýerine däl, daş-töweregindäki patyşalara paýlamak, şol paýlanyşygyň üsti bilen töweregi baýatmak adamlary ysnyşdyrmak, birek-birek bilen dostlaşdyrmak we patyşalary birleşdirmek. Bagbanyň mekanyna öz mekanlaryny terk edip uzakdan-golaýdan guşlaryň uçup gemlegi-de çöl haýwanlaryň (keýikleriň) ol bagda göwünjeň mekan tutmagy-da bu žanr üçin täzelik.Toplanan ertekileriň arasynda heniz „Çopanyň“ mazmunyna gabat gelýän kyssa ýok. Onuň gahrymanlarynyň atlaram üýtgeşik. Dag, Bag, Birleşen, Azat we ş.m. Ertekä şalar, şagyzlary gatnaşsa-da onuň wakalary, hakykatdan hem, beýan edilen wagtyndan ýüz ýyl öň, ýagny, geçen asyrda bolup geçen wakalara meňzeýär.
Şirinjemal GELDIÝEWA.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly