07:33 Atlar çapyp barýar | |
ATLAR ÇAPYP BARÝAR
Edebi makalalar
(Şahyr Ilmät Gurbanyň edebi keşbine gysgajyk ştrihler) Her gezek Ilmät agam ýadyma düşende ak ümürsow säherde sähra-düzlerden çapyp gelýän bedewleriň keşbi göz öňümde janlanýar. Hemem hyýalymda Ilmät aga gargy tüýdügiň owazyna meňzeş ýakymly sesi bilen goşgy okap başlaýar. * * * Şahyr bu ýalançy atlandyrylan owadan dünýä täzelik we terlik bolup gelýär eken. Onuň dogluşy-döreýşi, ömrüniň dowamy, hatda jahandan geçip gidişi hem hiç kimkä meňzemeýän özboluşlylyk. Özgeleriň göz giderlik ykbaly ýok diýmekçi däl, emma şahyryň ykbaly öz iline bagyş edilen, sadaka berlen ömürden ybarat. Halk şahyrynyň setirlerinden ybratlyk bir paý alýar. Ozalam bir şahyryň aýdyşy ýaly “ Şahyryny söýýän iller beýikdir”. Käbir şahyrlar öz döwründe şol döwrüň agyrlygyna-ýeňilligine laýyklykda halk içinde tanalyp ýa-da tanalman, okalyp ýa-da okalman geçip gidýärler. Bu babatda şahyr Ilmät Gurban öz döwründe hem söýlüp okalan, okyjy tarapyndan hormat-sarpa mynasyp bolan ynsan. Şu wagt hem onuň eserleriniň gymmatyna düşünýän okyjylar az däl. Bu ýazgylarymda ähli resmiligi gapdala goýup, şahyr barada söhbet edesim gelýär. Çünki, gaty kän wagt dowam etmedigem bolsa Ilmät aga bilen gatnaşan döwrüm onuň resmilik diýen zady gaty bir gowy görüp barmaýandygyna göz ýetiripdim. * * * Ilmät aganyň döredijiligi bilen ilkinji gezek ýalňyşmasam 1996-njy ýylda tanşypdym. Şondan bäri hem onuň bilen tanşasym geldi ýördi. Emma nesibe diýen zadam bar ahyr. Welaýat gazetimizde Ilmät aganyň “Geçi”, “Watan”, “Söýgi hatyndan soňky oýlanmalar”, “Giderin men indi munda eglenmen” atly goşgulary berlen ekeni. Okadym, birki ýola gaýtalap okadym. Gazetde berlen beýleki awtorlaryň goşgulary ünsümi çekip bilmeýärdi. Ýöne entek hiç ýerde eşdilmedik aýdym eşidýän ýaly haýran galyp onuň setirlerinden ganyp bilemokdym. Gaýta-gaýta okaýardym. Häzir şol döwri ýatlanymda, ýetginjek wagtymyz soň ýigit çykanymyzdan soňam kem gaýdan ýerlerime göz ýetirýärin. Şol döwürler Ilmät agany agtaryp tapmaly ekenim. Ýöne biz muňa nesibe diýip başdan sowaýýarys. Arman... * * * Her bir şahyryň döredijiligi millilige ýugrulanda onuň eserleri ebedi halkyň aňynda we dilinde ýaşaýar. Bu meniň aýtmadyk paýhasym, emma ýeneki döwürlerde hem tekrar gaýtalanjak hakykat. Ilmät aganyň döredijiliginde merdana halkymyzyň gadymyýete şan beren taryhyndan söz açýan milli ruhly setirleri sanardan köp. Olary okanyňda halypanyň näderejede öz milli edebi gymmatlyklarymyza buýsanyny görmek bolýar. halypadan miras galan setirleri okap oturşyňa ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde bu eserleriň kyrk düýelik gymmatyna düşünýärsiň. * * * Ilmät halypanyň döredijilik mirasynda ähmiýetli tarapy ýagny millilik barada ýene bir zat aýtmaly bolsa ol hem şahyryň düýnki güne buýsanjy şu günki günüň ösüşleri bilen berk baglanyşyga eýe bolup ol hem eserlerinde şöhlelenýär. Şahyryň döredijiliginiň belli bir bölegini öz içine alýan gabaraly eserleri tutuş millilige ýugrulandyr. Bu babatda halypanyň “Ruhuňy şat eýläýin, Şeýdaýy” poemasy has-da tapawutlanýar. Poema tutuşlygyna Şeýdaýynyň ruhuna ýüzlenma ýaly bolup ýaňlanyp, olarda halkymyzyň geçmiş taryhy we şu günki eşretli zamananyň deňeşdirilmesi beýan edilýär. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri: Şeýdaýynyň 25 harpdan ybarat köne-oguz elipbiýi barada ýazan “Gözel ýigrim bäş” atly goşgusy bardyr. Ata Watanymyz şanly garaşsyzlyga eýe bolandan soň, latyn elipbiýiniň esasynda täze türkmen elipbiýi döredildi. Halkymyzyň bilim-sowadyň ýene bir basgançagyna galmagynda itergi boljak bu täzelik Ilmät halypanyň kalbynda guwançly goşgy setirlerine öwrülipdi. Edil bir täze kabul edilen türkmeniň täze elipbiýine buşluk bolup eşidilýän bu buýsançly setirleriniň sünnä hem kapyýalaryň sazlaşygy bilen, iň esasy hem ýokarda ady agzalan nusgawy şahyrymyzyň “Gözel ýigrim bäş” goşgusyna äheňdeş ýöne şeýle original ýazylmagy haýran galdyrýar. Akgynly okalýan poeamanyň “Owadan otuz” atly ikinji bölümini öwran-öwran okaýan, bu ýerde ýetmeýän zat ýok, ähli zat ýerbe-ýer, maňzyňa batyp dur. Ine, şahyryň belentligi, çuňlugy kämilligi. Hakykatdanam şahyr geçmişi gözleri bilen görüp, döwrüň gan damaryny yzlap, geljek hakda sözläp bilen kämil şahsyýet bolup hakydamyzda galýar. * * * Bu goşgy “Daşoguz habarlary” gazetine hemişe bolşy ýaly meň adyma geldi. Bölüme geçirdim. Soňra ol goşgyny baş redaktoryň ýörite tabşyrygy boýunça halypa žurnalist, şahyr Gazakbaý aga okady. Hatyra gününe bagyşlap çykarmaga niýet edilipdi. Soňra düzetmäge girişip, ýagny gazet sahypasyna bolar ýaly, lit gep tapmaz ýaly ýerlerini gyrkyp berjek boldy. Goşgynyň daşyna jellat bolup geçen Gazakbaý aganyň salkyn kabinetinde çaý süzüp gyýyk gözlerini süzgekledip oturşy henizem ýadymda. Onuň Ilmät halypanyň ajaýyp setirleriniň başyna itiň gününi salyp oturşyny görenimde durup bilmedim: -Gazakbaý aga, Ilmät halypa goşgyma düzediş girizjek bolsalar çykaryp oturmasynlar-diýip, maňa ýörite jaň edip aýtdy diýdim.-Onda-da şu goşga degmesinler diýdi. Gazakbaý aga ýüzüme dikanlap garady. Men elbetde Ilmät aganyň adyndan gürläp goýberipdim. Ýalanym ýüzümden bildiräýýärmikä diýip ýeňsämi gaşan boldum. Gazakbaý aga özi blen özüdi. Biraz dymyp oturandan soň uludan dem alyp: -Goşgy gowy eken-dä özi-diýdi-de endikli eli çilime uzady.-Ýöne ýokardaky agaň gelip barybir gyrkýar muny. Gazakbaý aga çilimini burugsadyp oturşyna: -Bolýa onda, degmeli däl bolsa, Ilmäde özüň düşündirip aýdarsyň-da-diýip, soňam ötünç soraýan ýaly ýüzüme garady. Şeýdip şol gezek Hatyra güni çap edilmeli goşgy çykman galdy. Ol şahyryň meşhur “Men kim” goşgusydy. * * * Güýz möwsümi. Pagta ýygylýan döwür. Aýböwür sebitlerine iş sapary bilen gitmeli bolduk. Ýanymda hem fotohabarçymyz Bazarbaý Tillaýew. Uzyn gün daýhan birleşikleriň ekin meýdanlarynda birgadir bilen iki-ýana selpedik. Ikindinara S.Türkmenbaşy şäheriniň awtomenzili diýilýän alaň açyk meýdana gelip daýandyk. Mundan soň welaýata aşmak mümkin däliň bäri ýanydy. Tillaýew “Silapberdi, hiç kysynma-diýip, boýnundan asylgy fotoapparadyny ykjamlady.-Ine şu ýakynda bir tanyş başlygym bar edi, tilifon etip göräli, mimançylykga ketemiz.” Men ondan öňürtiläp “Bazzy, bir minut, ine şujagaz ýerde meňem bir halypam bar-diýdim.-Şol näçe wagtdan bäri çagyryp otyrdy, etraba gelip habarlaşman gitgenimi eştip kalsa dym ýaman görädi”. Sözümiň soňuny horzmçeläberenimden soň Bazarbaý böwrüni diňlemeli boldy. Menem “Iltimas jora, bir jaň edip alaýyn” diýdim-de Ilmät aganyň telefon belgisine jaň etdim. Halypa etrapdadygymy bilen dessine, “Gowy geldiň, häzirjek täze jaýyň toý-sadakasyny sowup, myhmanlary ugradyp durşumdy-diýip begençli seslendi.- Sadaka kabul boljak bolsa, gaýypdan myhman gelermiş diýleni, eglenmän geliň.” Ol bize täze jaýnyň salgysyny berenine hem takat etmän bir köçe dagy ýöräp öňümizden çykdy. Gujaklaşyp gadyrly salamlaşdyk. Şu adamy men entek ýakyndan tanamaýarkam hem aýratyn görýärdim. Ýüz-keşbi, sözleýiş äheňi, gülküsi, garaýşy bilen hem ol beýlekilerden görnetin tapawutlanýardy. Ilmät agalarda myhman bolan gijämiz hiç ýadymdan çykmaýar. Onuň myhmandarçylyk edişi hem üýtgeşikdi. Fotahabarçy Bazarbaý Tillaýew bilen Ilmät aganyň hasam jyny alyşdy. Tillaýew hem içgini hünär edip içýänlerden, Ilmät aga-da geregi şol. Iki bolup süýjüdip arak içişlerini görüp, içimden “Häý, siziň bi keýp edip içişiňizi görse hut Hemingueýiň hem içi ýanardy” diýip içimden oýlanyp ýylgyrypdym. Indi şular ýaly gijäniň bolmajakdygyny duýan ýaly uzak gije Ilmät agadan gözümi aýryp bilmedim. Ol hem birhili bar zady gürrüň berip ýetişjek bolýan ýalydy. Şol gije giň saçagyň başynda Ilmät aga bize “Atlar çapyp barýary” okap beripdi. Bu meşhur goşgyny şahyryň hut özüniň agzyndan eşitmek täsindi, ýakymlydy. Gyryljykdan ýakymly sesi bilen “Joşa gelip ýüregimiň buýsanjy, çüwdürlip atylar:-E-he-heý atlar!” diýen setirleri okanda, asly özbek milletinden bolan Bazarbaý aga hem başyny ýaýkap, şahyryň yzyndan “E-he-heý atlar” diýip gaýtalap goýberenini duýman galypdy. Soňam “Dym ýagşy eken, bu şiir, huddy koşuk din aýtawermeli” diýip ýüzüme garapdy. Şol gije düşege geçenimizden soňam kän wagta çenli uklap bilmedik. Taňrynyň peşgeş beren bu gijesinde Ilmät aga Knut Gamsunyň döredijiligine goýýan sarpasyndan başlap, Bulgakowyň “Morfiý” powestini pul gerek bolup gyssagara itiň mugtuna terjime edişi barada, we ol terjimäniň başga bir ýazyjy bilen şärikdeş edilip çap edilişi barada janygyp gürrüň beripdi. Talyplyk ýyllary, şahyr Çary Ýegenmyrat bilen hakyky dostluk gatnaşyklary, hem ýene birtopr geldi-geçer dostlary barada gürrüň berdi. Şol wagt bu gürrüňler nämä gerekkä diýip oýlanýardym. Emma men bilmeýän ekenim, ol gürrüňler Ilmät aganyň ýeňişlerden köp ýeňlişli, ýalňyşly emma mert, sada ýaşalan ömrüniň menzilleri, durmuşynyň bir bölegi eken. * * * Her sapar şahyr Ilmät Gurban hakynda gürrüň edilse-de, ýa-da goşgularyny ele alsam-da, onuň keşbi hakydamda edil diri adam ýaly garşyma gelýär. Soňky sapar pahyryň aýdyp beren zatlaryny doly ýatlajak bolup azara galýan. Aýry-aýry adamlar hakda çintgäp aýdanlary hem gulagyma gelip giden ýaly bolýar. Şol gezek onuň mawy asman ýaly dury gözlerine seredip oturşyma hiç zada düşünmändigime indi düşünýärin. Ol sözler ömrüniň bir möwsümini hatda öz golaýyndaky ýakyn ynsanlara hem kalbyny düşündirip bilmedik, ýene-de birnäçe ýyllap sowuk ülkelerde ýaşap öz ýüregine kanagat terbiýesini berip bilen bu beýik ynsanyň wesýet-nesihatlary ýaly bir zat ekeni. Hyýalymda ak ümürsow säherde düz-sähradan çapyp gelýän bedewler. Olar edil ýer gyrytlap uçup gelýän guşlar ýaly. Ilmät aganyň gargy tüýdügiň owazyna meňzeş ýakymly sesi bolsa entek eşidilmedik aýdym mysaly ýüregimi tolgundyryp, kalbyňa tenekar bolýar. 16.10. 2021 Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |