02:25 ATSYZ GOŞGY | |
ATSYZ GOŞGY
Goşgular
Hasapsyz zat bolmaýarmyş dünýede, Çyn söýgiň üçinem bermeli jogap. Ertire bakmaly, ýöne düýnde-de, Bolanlygyň üçin etmeli togap. Bolanlygyň üçin etmeli togap, Ýakanlygyň üçin ýürekde yşgy. Edenligiň üçin şeýlekin sogap, Ýazanlygyň üçin ençeme goşgy. Ýazanlygyň üçin ençeme goşgy, Ýer alanyň üçin kalbyndan ýaryň. Çekenligiň üçin abrsyz keşgi, Ýaşamanyň üçin durmuşda ýarym. * * * Jigerme sünjüp hanjarňy, Sogurman saklapjyk dursuň, Beýle lezzet berýän bolsa, Aýyrma ýerinde dursun. Ahyr bir gün elleň ýadar, Ana, şonda nätjek gülüm, Bilmeseň özüm aýdaýyn, Diliň bilen etgin zulum. Ýöne, sözlerem gutarar, Hak ajala sabyr berse, Şonda Ezraýylny ibär, Meniň düşen halym görse, Näderin nebsiň agyrsa. | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 18 | 1 2 » | |||||||
| ||||||||
1-15 16-18 | ||||||||